| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Oktýabr 07, 2012 | 0 teswir | 854 okalan

Köpden bäri hiç zat ýazamok. Elbetde, şu ýere girip gündelik ýazamok. Welosipedçiler hakynda bir ssenariň üstünde işläp ýörün. Bir hekaýa ýazdym. Ýene atlar, seýisler barada. Kakamy ýatlap bir kiçiräk ýazgy ýazdym. Bulardan hekaýa bilen kakam hakyndaky ýazgymy saýtda goýmakçy. Umuman günümiň geçişi erbedem däl. Ýazara-da zat kän. Ýöne ýaşap başyňdan geçiren zadyňy gündelige ýazsaň bir hili tramwaýda bir zadyňy galdyran ýaly bolýar. Öz içimde galsa-da ýadymda gowy duranok welin, paýlaşsam şol günümden hoşal ýaly bolýan. Hakykatda il bilen paýlaşar ýaly gün geçiremok. Pikirlerimi edebiýadyma siňdirmäge çalyşýan. Kitap sergisi boldy. Gowy ýazyjy bilen tanyşdym diýen ýaly zatlary ýazmagyňam manysy näme? Gündeligi men işlemegime, tijenmegime kömek eder diýip ýöretmekçidim. Emma kömegi uzak degmedi. Adamlardan göwnümiň geçişini, ýa-da olara minnetdarlygymy ýazmagam meniň üçin gyzyksyz. Okan, eşiden, aňymdan geçen gowy zatlary ýazsam boljak. Oňa-da wagt ýitiresim gelenok. Başarsam hekaýa, goşgy... ýaly zatlary ýazmaga çalyşýan. Belki bir gün gündeligem ýazasym geler şonda çynym bilen dowam etdirerin. Häzirlikçe menden aýp etmäň. Ýöne hekaýa beýleki ýazsam paýlaşyp duraryn.  

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.