| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Dekabr 12, 2012 | 5 teswir | 956 okalan

Ýene ýagyş ýagýar. Ýaňy Mämmetnazaryň goşgularyny okadym. Eger Gurbannazar bolmadyk bolsa, türkmeniň häzirki zamanşahyrlarynyň iň gowsy Mämmetnazar diýerdim. Arada Watan gazetinde-de gowy goşgulary çykypdy. Ne gözel şahyr. Ýitirilen, ýitirlip tapylan. Adamlarda geň ýagdaý bar. Ajy zadam süýjedip iýýärler. Gyzgyn çaýy sowatman içýärler. Suwy doňduryp diýen ýaly içýärler. Meniň özümem şeýle. Bir zada gara diýip halaman bolýar, başga bir zadam garaja diýip gowy görýäris. Adam ýaly geň haýwan ýok. Jek Londonyň "Ot" diýen hekaýasyny okadym. 70 gradus sowukda biriniň doňup ölüşini ýazýar. Haýran galmaly. Töweregimde bolup geçýän wakalara diň salýan, hem haýran galýan. Näme üçin biziň şeýdip ýaşaýanymyzy geň görýän. Kim kimi aldaýar? Kimiň çyny? Edil ýagyşa galan ýaly pikirlerimiň aşagynda galdym. Myžžyk boldum.

Ýene-de adamda nämedir bir zatlary etmeli diýip göz öňünde tutýanam gowy zat. Şol etmeli işleriňi edip günüňi geçirip, ýaşap ýörsüň. Ýaşamagyň özem etmeli işleriň biri ýaly. Ýene-de adam ýaşamakdan gorkman ölmekden gorkýar. Ölüm uzaga çekse 5 minut. Bolany. Agyryň-ynjyň, dert çekeniň, aladalaryň, iýeniň-içeniň, olary siňdirip bilmän ýörüşiň... bularyň hemmesi ýaşamak. Uzak gijänem, tükeniksiz gündizem ýaşamaly. Töweregiňde-de bir topar howp garaşýan ýaly.

Belki şol 5 minutdan soň has erbet boljakdyr? Näme bolsa-da, öz eliň bilen edeniň jezasyny almaly, ýa ýagşylyk eden bolsaň serpaýyny. Bu dünýede welin, hemme zat garym gatym. Dowzahda ýanýaňmy ýa-da jennetde gezip ýörmüň özüňem bileňok....

Gowsy bu samahyllylary goýaýyn. Agtyjagymyň ýanyna gideýin. Mämmetnazary göresim gelýär...        

Teswirler (5 sany)

Jan:
10 Ýanwar, 2013

"Adam ýaly geň haýwan ýok"

--
"haýwan" diýip "mahluk" diýjek bolduňyzmy?

begmyrat:
06 Fewral, 2013

Ahli adamlan adyndan dal-de oz adyndan gurlejek bolsana yazyjysumak

Ýusup:
25 Aprel, 2013

Begmyrat boş, güjük ýaly üýrme-ow! Mal eýesiz! Ulyny syla haramzada!!!

begmyrat:
02 Maý, 2013

Bor, Ýusup.

Merdan:
06 Iýun, 2013

Mammetnazar shahyryn familyasy nameka aydayyn?

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.