| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Iýun 05, 2013 | 3 teswir | 835 okalan

Näme üçin gündeligini ýazmasyny goýduka diýýänlerem bardyr welin, bu barada özümem köp pikirlendim. Esasan käbir ýoknasyzlar sebäpli. Gündelik diýilýän zatda esasan özüň hakynda ýazýaň. Ýazgylaryň "baş gahrymany" özüň. Onsoň oňa barmak çommaltsalar agyr degýär. Hekaýadaky gahrymana biri düşünip biler, biri düşünmän, emma özüňe düşünmeseler, senem düşünmeseňizem men şeýle diýip ýazyp otursaň, bulam boljak welin... eliň sowaýýar. Dogrusy ýazmak eken. Kim nähili düşünende näme? Durmuşda-da bu şeýle ahyry. Biri maňa ýarym sözde düşünýär, beýlekisi elli iki aýtsamam düşünenok. Men düşünýänler üçin ýazýan. Düşünýänlerimem okaýan Elbetde käbir jedelli meslelerde düşünşibem bolar. Ýöne bir-biregi äsgermezçilik etmezden. 

Bu günler žurnalyň işi köpräk. Bir italýan ýazyjysynyň eseriniň terjimesini işleýän. Ony bir italýança bilýän talyp sözme-söz terjime edip getirdi. Eser gaty göwnüme ýaransoň menem üstünde işlemegi boýnuma aldym. Çyksa işallasa okarsyňyz. Öten agşam ýatyp bilmän bir hekaýaň sýužetini düzdüm. Onam ýazmakçy. "Esger ogluma hatlary" kitaba niýetläp gaýtadan işleýän. Bir kakaň gulluga giden ogluna ýazýan hatlary. Durmuş hakynda, esgerlik hakynda umuman göwnüne näme gelse, ogluna nämäni ýazmagy, aýtmagy, düşündirmegi zerur görse şonam ýazýar. Gulluk gutarýança eslije hat ýygnanmaly. Ýöne ol içgysgynç bolarmyka diýibem aladalanýan. 

Hydyryň Wýetnama gitmesi maňa-da täsir eden ýaly boldy. Menem özümi öz "Wýetnamymda" görýän. Töweregimde dilime (ýüregimdäkä) düşünmeýän, hyýalymdaka gülýän, etsem-petsemime garşylyk görkezýän, özümi haýran edýän, şu ýerler meniň ýurdummyka beri diýdirýän zatlar. Argentinaly bir şahyryň aýdyşy ýaly "Ýüzleýlik şeýle bir ýadaty, uçudyň çuňlugyna özümi oklap dynç alasym gelýär".  

Durmuşda iň erbet zat nadanlyk bilen ýaltalykdyr diýip Ymam Gazaly hezretleri aýdypdyr. Okap başymy tutdum. Bu örän gorkunç zat. Gaty anyk berlen kesgitleme. Nadanyk bilen ýaltalyk. Adam nadan bolany üçin ýaltalyk edýär. Ýalta bolany üçinem barha nadanlaşýar. Bu beladan bizi Alla gorasyn. Ymam Gazalynyň sözlerini özüme aýdylan ýaly göremsoň ol maňa gaty täsir etdi. Nadanlaşmazlyk üçin ýaltalyk etmelidäl. Ýaltalyk etmezlik üçin nadanlaşmak bolmaýar. Ýalta bolsaň, diýmek nadansyň, hasam nadanlaşmak howpam başyňdadyr.

Gündeligiň ýene bir maňa ýaramaýan tarapy bar. Olam bir zady gündeligimde ýazsam özümçe ony özleşdirdimmikäm, özüme siňdirdimmikäm diýýän. Hakykatda welin köp zat diňe bir günüň, bir gündelik ýazgyň meselesi däl.Köp zat hakynda ýazmaly däl-de pikirlenmeli, ony pikiriňde saklamaly. Olary ýazsaň ýuwudan ýaly, ýa-da daşyna çykaryp birine beren ýaly bolýaň. Men pikiriňi paýlaşmak hakynda aýdamok. Olar pikirem däl. Olar bilen özüňi tämizlemeli, kämilleşdirmeli. Olar hususy sabynyň, diş çotgaň ýaly bir zatlar. Çeper eserde ýazylýan zatlar - ine paýlaşylýan zatlar. Bu ýazgylar bolsa... Belki ýalňyşýandyryn?         

Teswirler (3 sany)

Hydyr Amangeldiyev:
06 Iýun, 2013

Gündeligiňi ýazmaga başlanyňa begendim. Men her gezek "ekizlere" giremde bir aýagymy süýräp alýan ýaly duýgyny ýaşaýardym, emma şonda-da seň ýene başlajagyňy bilýärdim. Ýazyber, il bilen näme işiň. Ýekeje adam okasa, hatda olam okamasa-da özi bilsin, ýamaňy goýmaly däl. Ýazmak - bir göwünden başga bir göwne barýan ýoly gözlemek. Gözleýän wagtyň tapma bilersiň, bu tebigy ýagdaý.

Ylýas:
08 Iýun, 2013

Hydyr, ýazgylarym uzak gidermikä, şondan gorkýan.

Nurnazar:
23 Iýun, 2013

Essalawmaleykim..
Menem yazyp bashlanynyza gaty begendim, uysup bir "Ylyas aga gayrat et yazay" diymage adam gozlap yordum. Kabiri il ucin yazyar, kabiri ozi ucin yazyar, "Gundelik" ozun ucin yazylyanlardan "oydyan".. "Birden edepsizlik edaymeli" diyip kan teswir hem yazyp bilemzok, yone okayas, owrenyas, begenyas, gynanyas yazyanlarynyza.. Turkmeni-turkmenciligi yazyp duran, yatladyp duran yasulylar entek bize gerek.. Gayrat edin, dowam edin..

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.