| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Iýun 08, 2013 | 1 teswir | 924 okalan

Bu gün uzakly gün öýde boldum. Şol düýşüme giren hekaýany ýazdym. Almaz dostdan gowy hat gelen eken. Tertip-düzgünli ýaşamak her bir adamyňam arzuwy bolsa gerek. Arman köpümize ol başartmaýar. Dogrusy, mende tertip ýogam däl. Belli işleri belli wagtlarda edýän. Näme işlesemkäm diýip oturýan wagtym ýok diýsemem bolýar. Ýöne beýniň ýadawlygymy, ýa ýaltalykdanmy hiç zada elim barman oturýan wagtlarym bolýar. Ähli zat netijesiz ýaly. Diňe namaz-ybadat diýip oturýan. Oňa-da ýürekden ýapyşmaýan ýaly bolup durun. Emma şonda-da ýazmagymy goýup bilemok. Hekaýalar düýşüme girýär welin ýazdyrýar. Şeýtanyň işem bolsa bilemok. Ýöne ýazýan zatlarymda şeýtanyň halaýjak zadynyň kyrk menzilden ysy gelse-de sowulýan. Ýazmak özüňi açmak diýýärler. Mende özüňi ýapmaga meňzeýär. Ýazsam tutuklaşýan. Ozallar goşgy ýazamda keýpim açylardy. Indi tersine, keýpim däl-de, aýbym açylýan ýaly. Gaty güýçli ýazyjylary okamak hem ýazmagyňy kynlaşdyrýar, hem her ýazan zadyň özüňden gopýan ýaly bolýar. Edebiýady ýazmaly däl, onuň bilen ýaşamak gerek eken. Şu gezekki hekaýanyň gahrymany Ýolbars bilen kän bile gezdim. Hekaýa onuň bilen eden gürrüňlerimiziň 10-dan birem girmedi. Has çuň gürrüňlerimizi açyp bilmedim. Okasaňyz munça gürrüňi edilenine degmeýän hekaýa-da diýmegiňiz mümkin. Ýöne ol maňa ýene iküç hekaýalyk pikirleri berdi.

Hydyryň kakam hakynda ýazanlaryny haladym. Ýolbarsdaky Atamyradyň atasy hakyndaky garaýyşlaram şolar ýaly bolmalydy. Ýöne ol 4 kagyzlyk hekaýa sygjak zat däl. Kakalar we ogullar hakynda ýene birki hekaýany az wagtyň içinde ýazsam gerek.

Almaz dost, esgeriň hatlary 10 hat boldy. 20-sahypa çemesi. Belki häzirki ýazsam diýýän hekaýalarymyň ideýalaryny oňa siňdirerin, bilemok.

Ýolbarsy hekaýalarda goýýan. Pikirleriňize garaşýan.     

Teswirler (1 sany)

Almaz:
08 Iýun, 2013

Esgere hatyň sany 50-ä ýetende kitap çykarjak diýýädiňiz, diýmek ýene şunça garaşanymyzyň 5 essesini garaşmaly boljak. O wagta çenli esgerlerimizem gullugyny gutaryp gelse gerek. Ýeri bolýa, bu bir degişme, göwnüňize almaň.
Biziň aýbymyzy açjak ýazgylar diýipsiňiz. Olary öz ýanymdan şu kategoriýalara böldüm:
1. Garşymyzdakylaryň garaýşyna garaşyp ýazan ýazgylarymyz. Beýle ýazgylar aslynda ýazylmasa gowy. Çünki bu tamankinçilik biziň öwülmäge mätäçligimizden güýç alýandyr.
2. Özüňi perişde görkezmek, başgalaryny aýyply görkezmek maksady bilen ýazylan ýazgylar. Başgalarynyň aýbyny görüp bilýän bolsak, diýmek biz öz aýyplarymyza garşy kördüris, bu körlük bilen kör bolan wagtymyz bolsa biz hiç wagt kämilleşip bilmejekdiris.
3. Bilýändigimizi bildirmek maksady bilen ýazylan ýazgylar. Bu-da birinjä meňzeşräk bir zat. Bilýän adam diýip bilmeýändigini bilýän adama aýdylar. Bilýändigimizi görkezmek isleýän bolsak, diýmek bilýändigimize göwnümiz ýetýändir, bu-da munuň tersini subut eder.
4-nji 5-njisi hem bar, emma olary soňa goýalyň.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.