| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Iýun 09, 2013 | 0 teswir | 775 okalan

Bu günem "Ýolbarsa" biraz degdim. Sözlemlerini işledim. Almazdan hekaýa baradaky ýazgysy geldi. Minnetdar. Onuň hasam "Esger ogluma hatlary" uzaga çekdirýändigim hakyndaky igenjine begendim. Dogrusy ol hatlary şu günki esgerlere däl, häzir aýak bitip ýörenjeler esger çykanlarynda-da okar ýaly edip ýazjak bolýan. Haçan tamamlamda-da giç bolmaz ýaly. Ýöne şu gün gutarsam şu günki esgerlerimize peýdasy degse eýýäm bir nesliň ondan peýdalanyp ýetişdigi boljak. Inşalla ýazaryn. Şu ýazgylarymy gutradygym şoňa girişmekçi.

"Ýolbarsda" "Adam bir ýalňyşsa aşagyndan çykmasy kyn bolýar" diýmek üçin şonça zady ýazmaly boldum. Bir görmäge şahyrlaň edişi ýaly bir goşga salaýmaly. Ýöne hekaýada gyzykly hem delillendirilen bolýarmyka diýýän. Ýogsa oglunyň adyna "Ýolbars" dakyp ýörenem ýok bolmagy mümkin. Gelinlerimizem çagasyna at dakylmaly bolanda aňsat-aňsat "Näme daksaňyzam bolýar" diýip duranok. Ogullarymyzam ejesini Duruna äkitjek bolup ony yrmaga dyrjaşyp ýörenok. Göräýmäge hekaýadaky zatlaryň bary ýasama, düzülen ýaly. Emma okany pikirlendirer ýaly etmek üçin men bu ýasamalyga gitdim. Olary ýsama bolmaz ýaly etmek üçinem gowja işlemeli boldy. Men bulary edebiýada ýalan sözlemek diýýänlere mysaly jogap hökmünde ýazýan. "Ýolbrsdaky" esasy çyn - adamyň bir ýalňyşsa aşagyndan çykmasynyň kyn bolýandygy. Şol çynam ähli ýüki göterýär... Edebiýatçy bolup-bolmazlygyň derdi maňa gatyrak degäýipdir öýdýän. Ýene bu barada ýazyberdim.

Ýaňy agtyjagymy kakasyndan alyp galdym. Ol kakasy maşynyny otladygy ondan galmasy gelýär. Ol nalaç galdy. Galmagynyň sebäpkärem men, meniň ony oňa-muňa güýmänim bolansoň, kakasy gidenden soň maňa gözüni alardýar. Edebiýatçylygam şeýle. Gowy niýet bilen adamy ýalňyşmakdan alyp galmak. Agtyjagym iki ýaşlarynda. Düýn toýa gidip kondisonerden üşäp gelipdir. Üsgürip uzak gije-de ýatmandyr. Häzir kakasam Gökdepä barýar. Alyp galmasam boljak däl. Aldap-ogşap alyp galdym. O welin häzirem menden tossarlyp otyr. Sebäbi giden kakasy, gezmek höwesi, gitse peýdasynamy, zyýanynamy düşünjegem bolanok. Durmuşda biz höweslerimiziň yzyna düşüp şol çagadanam beter bolýan ýerlerimiz bar. Ine şeýle ýalňyşlardan dürli ýol bilen bizi saklamak edebiýadyň wezipelerinden biri. Özem iň esasylaryndan biri bolsa gerek.

Bolýar, "Esgerimi" dowam etdirmekden ejizläp bärde takal okap oturmaýyn.    

  

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.