| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Iýun 18, 2013 | 0 teswir | 813 okalan

Düýn "Eneleri" biraz işledim. üýtgedilen warianty bilen ýňkini çalşyraryn. Welosipedçiler hakyndaky makalamyň çykjagyna begendim. Çykýança ynamam ýokdur welin...

Düýn Tokar neressäň eli bilen ýazan bir ýazgysyny gördüm. Hajy diýip bir hudožnik  "Ömür kitaby" diýen ýaly bir kitap tutunypdyr Öýünemuhman bolan, göwni ýetýän adamlaryna ýazgy ýazdyrýan eken. Şondan Tokaryň ýazgysyny okap berdi.  Dünýä bakyp ses edip aglasym gelýär. Dünýä meni eşider ýaly çöle çykyp, çölüňem iň beýik ýerine dyrmaşyp şo taýda agalasym gelýär diýýär. Bir hili bolup gitdim. Bu ýazgyny ýazyp oturan Tokary göz öňüme getirdim. Şeýle zähmetsýöer, şeýle köp işleri goýup giden adam, şonda-da ýüregini egsip bilmändir. Soň Hajy maňa-da ýaz diýdi. Menem äýnegimiň ýoklugyny bahana edip ýazmadym. Ýogsa çynymy aýtsam näme ýazjagymam aňymdan geçirip ýetişdim. Men oňa "Dünýede ýagdaýa görä hereket etmek, ýaşamak hemem hakykata görä hereket etmek, ýaşamak bar. Adamyň derejesi şol ikisinden haýsysyny köp edýändigi bilen kesgitlenýän bolsa gerek. Gynansakda, köpümiz, köplenç ýagdaýa görä hereket edýäris, ýagdaýa görä ýaşaýarys." diýip ýazjakdym. Bu meniň şu günler iň köp aňymdan geçýän zat. Başardygymdan hakykata görä hereket etmäge çalyşýaryn. Töweregim, köne endiklerim bolsa meni ýagdaýa görä bolmaga itekleýär. Allaň özi abraý bersin.    

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.