| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Iýun 20, 2013 | 0 teswir | 862 okalan

Bu gün kakam dagy hakynda welosipedçiler maşgalasy diýip bir zat ýazydym şony "Edebiýat we Sungat" gazetinde çap edipdirler. Sähelçe üýtgedipdirler. Olam makalaň zyýanyna däl. Onuň çap edilenine begendim. Kakamyň agamayň suratam bar. Baga zadymy okamasalaram dogan-garyndaşlarym ony soň-soňlaram biri-birine görkezişip okasalar gerek. Hydyryň maşgala ýatlamalaram şonuň ýaly bolar. Bu gowy iş. Bu gün Wampilowyň "Uly ogul" spektaklyny görmäge gitsek diýýäs. Gowy diýip öwýärler. Puşkin teatrynda. Biziň beýleki teatrlarymyzdan ýolukgowy diýýärler. Munam biziňkileriň gowşaklygyndan, rus milletiniň ösenliginden görýärler. Ýok bu biziň medeniýet-sungat adamlarymyzyň elujundan, harsal işleýändikleriniň netijesi. Olar gowşak eseri ile hödürlemegiň nähili aýypdygyny bilmeýäne meňzeýärler. Umuman öz derejelerini pesde goýýarlar. Mysal üçin, türkmene şolam bolýar diýýän ýaly. Ruslar welin, rus tomaşaçysyna biderek zady hödürlemäge ynsaplary çatanok. Has inçe zatlar hem bar bolmagy mümkin. Ýöne men muňa milletimiziň pese gaçmagy diýip düşünesim gelenok. Türkmen intelligensiýasynyň pese gaçmagam däl. Biz özümizden talaby güýçlendirmeli. Bize şol ýetenok.     

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.