| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 08, 2014 | 0 teswir | 692 okalan


Bu gün işler oňuna boldy, şükür. Kinoçylara diýen zatlaryny tapyp berdik. Filmiň esasy surata düşüriljek ýerleri - howludaky, jaýyň içindäki hem meýdandaky ýerleri belli etdik. Garaz olar hoşal bolup gtdiler. Ýöne Magtymguly hakynda ýazýanymy dowam etdirip bilmedim. Kellede köp zatlary işledim. Ertir irden ýazyp başlamakçy. Inşalla bolar. Şu gün ýazyp bilen bolsam has gowy boljakdy. Emma teý, gitmedi. Olam materialyň çigliginden. Ýöne onuň "Garagum" üçin bir bölegini taýýarlap soň ýene dowam etdiräýmesem. Garaz işdä. Bir-de ýag ýaly akyp gidýär, birdenem durberýär. Sowuk limonlara az-owlak zyýan edipdir. Rahymyň limonyna. Tomus onuň ýyladylşyny täzeden etmeli. Onuň edilşi ýalňyş. Haýran galýan zadym, Rahym dagy şony näme üçin bilmedilerkä? Bärik gelse maslahatlaşyp onsoň ederindä. Bir hepde iş berdi. Şonda-da sowuk çalarak degdi. Nesibedir-dä. Heserliň ertir elimize gelmegem ahmal. Ol gowy bolan bolsa gerek.    

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.