| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 09, 2014 | 0 teswir | 703 okalan


Gündelikleri okamaga 4 adam giripdir. Şolar meni çyndan yzarlaýanlardymyka, ýa ygyp-sagyp düşenlerdimikä? Kim bolsalaram begendirdiler.

Düýn gündeligi ýazyp bolup ýatmakçydym. Ýene ýazmaga oturdym. Bir sagat çemesi işläpdirin. Magtymgulyny gutaraýjak bolýan. Bu gün gündizem işledim. Erbet gidenok. Ýöne birden köp pikir edip işlemäge kelläm öwrenşip bilenok. emasam agyr, jogapkärli. Onda-da ýazýan. Ertir işde azajyk degsem soň okap gözden geçirmeli.

Bu gün Heserlini Baýramguly agam, Soltanmyrat agam, Atabaý, Çary, Agajan, Kerim, Allanazar, Çarynyýaz, Abdylla, gellejelerim bolup üýşüp gördük. Gowy gördüler. Hasam Baý agam gowy gördi. Umuman hemmesem haladylar. Ol bizden gowy ýadygärlik bolup galsa gerek. Öňki kinolarymyzdan ýoluk gowy. Indiki kinonam şonuň ýaly gowy edip bolaýsa. Heserlinem başlanlarynda şeýle şowly bolar öýdemizokdyk. Soňundan goşulanymyz gowy etdi. Tekst öňki ýaly ugur-utgasyz däl. Umuman Allaň özi ugruna etdi. Belki indikem şeýle bolar.

Men häzir gündelige kän güýmenmän Magtymgulyny ýazmaga girişeýin. Soň arkaýynçylykda uzagyragam ýazaryn. 4 okyjma aýratyn salam iberýän.  

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.