| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 14, 2014 | 0 teswir | 680 okalan

Bu günler dury pikirlenip, laýyk hereket etmegiň aladasynda gezýän. Hemem gybatdan. Gybat esasan işim bilen baglanşykly. Işde ýüzüne aýdylmaly zatlary aýdyp bolanok. Öýkeleşmejek bolunýar. Soňam içiň ýangyjynda gaharyňy getiren adamyň gybatyny edýäň. Diňe edebi gahrymanlarym bilen ýaşasamdiýýän. Parhaýda 20 günläp ýatyşym ýaly ýatyp işlesem. Hekaýalar tirkeş-tirkeş gelýär. Ýazylman ýatyr. Goşgy ýazan ýaly ony derrew içiňdenem çykaryp beýläk atyp bolanok. Dümtünip işlemeli, wagt sarp etmeli. Magtymgulyny diňe wagtymyň ýokdugy sebäpli goýup otyryn. Bir göräýmäge-de wagtym känem ýaly. Emma edebiýat üçin 1-2 sagatlyk wagt 1-2 sekunt ýaly. Gün içinde ýarym sagat, bir sagat hakyky ýazyp bilseň armanyň ýok. Galan wagtyň hemmesi şol ýarym sagada taýýarlyk ýaly gidýär. Ruhuňy taýýarlamaly bolýar. Taýýar bolaňsoňam hiç kim seni şol ýagdaýyňdan çykarmaly däl. Derrew geçip ýazmaly. Bu mende häzir boluberenok. Işdäki geçirmeli materilllarym köp wagtymy alýar. Üstesine-de daşyndan kino diýýäň ýene diýýäň iş bilen bolup bileňok. Ýöne inşallasa marta çenli hemme zat ýerli-ýerine barar. Ekzýuperiden ýitiren terjimelerimi täzeden edip şonuň kelle agyrsyndan dynmaly. Oňa girişmek üçinem işiň materiallaryny geçirip gor edinmeli. Şu aýda Magtymguly on günümi azyndan alandyr. Şeýdip her aý on gün gaýrat etsem netije bolar. Öýde işlemäge indi sowuklar geçdi, işden gün ýaşmanka gelinýär. Öýde işleýişim güýçlenip gidip otyr. Gündeligem şoňa köme bolsun diýip ýazýan. Ýöne häzirä olam diňe wagtymy alýar. Dogrusy ondan eýýäm sowap ugradym. Näme üçin ýazaňok diýýärler. Näme üçin ýazaýyn? Näme üçin ýazmaly, şu gündeligi? Edýän işlerimi düzgüne salmak üçin, özümi biraz guramaçylykly alyp barmak üçin. Olam başardanok. Ertir öýde. Sungada bir hekaýa başlapdym, şony dynmaly. Limonlaryň kesmelileri bar oňa girmeli. Magtymgulyň dowamyny ýazmagyň pikirini bişirmeli. Inşalla, ýuwaş-ýuwaş belli bolar.  

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.