| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 18, 2014 | 0 teswir | 920 okalan

Hekaýany geçen dynç günleri ýazyp boldum. Umuman bir zady ýazmak niýetine düşemsoň ýazylýar. Ýene bir powest ýatyr şonam bir ýaňalyk etmeli. Magtymguly hakynda pikir edip ýörin. Ony ýazmagymy goýdum. Bir kara gelsem oturyp ýazaýjak welin, ýalňyşmakdan çekinýän. Üstesine-de köp meseleler jedelli. Magtymgulyň adamlar bilen gatnaşygy meselesi kyn. Hiç çözgüdini tapamok. Ony damlaryň arasynda görüp bilemok. Derwişler bilen, dag-daşlaň arasynda, çölde-düzde Magtymguly düşnükli, Allaň gudratyna sygynyp, beren nygmatlaryna şükür edip ýör. Ýöne adamlaryň arasynda "Kim don tapmaz geýmäge, kim ýer tapmaz goýmaga, kim tirme-şaly gözlär" diýip ýazýarka şol wakalar gözi bilen gören etseň, onda goşgyny gaýtalaýaň. O forma aňsat hem lenç edilen. Ýa adamlaryň arasyndaky geň wakalary Magtymgulysyz beýan edip soň ony başyny tutup oturan etmelimi? O döwürler bilen baglanşykly aýylganç wakalary ýazsa bolar. Ýöne onda-da maksadyň ownaýar. Hany pikirlenerin-dä. Ýöne uzaga çekdirsem sowarmykam diýibem gorkýan. Öňümizdäki dynç günler tigir ýaryşy boljak, oňa giderin. Ertirem boş, ýöne limonlarym bilen bolmakçy.

Hydyr bilen täze ssenariň pikirini edýzs. Bu meselede-de belli bir karara gelip bilemizok. Umuman gyşyň aýagy, ýazyňam başy. Ähli işlere birden jan girse gerek inşalla. Hekaýany eserlere goýýaryn. Okap pikirini aýtjaklara häzirden uly sag bolsun. Dogrusy, ýazyjy bilen onuň ýazan zady hakynda pikir alyşyp ýakynlyk gurup bolýar. Menem ýazan bolup ýöremsoň, olary okaýanlar bilen ýakynlaşasym gelýr. Ýöne iç ýakgyç, hötjetler bilen däl. Gynansagam oalaram aramyzda bar.   

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.