| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Mart 29, 2014 | 0 teswir | 978 okalan

Birki günlükde ýarawsyzyrak bir işdeş ýoldaşymdan "Nähili ýagdaýlaryň?" diýip soramda "Duşmanlarym gynanyp, dostlarym begener ýaly ýaşap ýörin" diýdi. Bir hili bolup gitdim. Ýogsa ertekilerimizde-de "Dostlary şat, duşmanlary mat" boldy diýilýär. Adam şeýle derejede biri-birine duşman bolup bilşine haýran galýan. Duşmançylyk diýilýän zat görmedik zadymam däl welin... biriň begenjine beýlekiň gynanmak, hiç akylyma syganok.

Ýaz çykdy. Bahym Hydyram gelmeli. Guma gidip bilsek diýip ýörin. Kelläme, pikirlerime dynç beresim gelýär. Garryň (ýaşulyň) başyndan geçirmeli zatlary başyma gelip ugrandan bolmagam mümkin. Garrylyk ýüküni çekmek diňe maddy, beden agyrylaryň kynçylygam däl eken. Ruhyňy gerek derejesinde saklamagam aňsat däl eken. Pensiýa çykmaly wagtymam golaýlap gelýär. Işdenem çyksam has beter basylmasamam biridir. Ýa ýüküm ýeňlärmikä? Görmeli-dä. Ýene bir hakaýa goýýan. On ýedi ýaşlylar hakynda...   

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.