| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Maý 17, 2014 | 2 teswir | 982 okalan

Maýyň 5-nden bäri dynç alyşda. Gowy işlärmikäm diýýärdim. Ekzýuperiň terjimesini dowam etdirýän. Olam gaty kyn. Şony dynmanam başga zat etmäýin diýip dyzap otyryn. Ýogsa ol ýene galjak. Hydyr bilen täze ssenariýni bolduk etdik. Tudanalar bişdi. Her gün irden açöze iýýän welin derman bolaýýar. Limonlary bejerjek bolýan. Umuman fiziki işden elim çykypdyr. Şoňa dözmesem onda bolmaýar. Fiziki zähmetden galdygň ruhy işem çöker. Ikisini bile alyp gitmeli.

Howa gowy. Gije daşardaýatýan. Ir oýanýan. Ukymy alyp turýan. "Garagum" žurnalynyň 5-nji sany çykypdyr diýdiler. Onda spňky döwürde iň gowy eden işim hasap edip ýören zadymy çap etdiler. Magtymguly hakynda ulurak bir zada girişipdim. Şonuň bir bölegi.

Şu ýylyň awgustynda pensiýa ýaşym dolýar. Şondan soň ähli zady taşlap limonjyklarym bilen bolsammykamam diýýän. Bir göwnümem işi dowam etdirmek. Häzir belli karara gelip bilmän ýörün. Nesibäni görmeli. Umuman indi goşunlarym hüjüme geçmäge höwesli däl. Goranyşy alyp çyksalaram razy. Aktiwligim gün-günden peselýär. Ýaşym bildirip ugrady. Gynanaýan ýerim meniň ýalylaryň bir çökdügi soň galmasy kyn bolýar. Ýaşamagy inkär etmek duýgusynyň özümde dörärinden gorkýaryn. Hakyna seredeňde, ýaşamak diýip biz pany dünýä aldanmaga düşünýäs. Indi aldanyp ýörmegi goýmaga bir çen boldy öýdýän. Garran özüň bolma diýip gülüşerdik. Indi ony gussa bilen aýdýan. Kim bilýär ýene birnäçe ýyldan men ony agap aýtmaly bolaryn. Adamyň ölümini boýun almagy birtarapdan gowam. Arman... edilmedik işler galjak.  

Teswirler (2 sany)

Batyr:
18 Maý, 2014

Täze ssenariñiz näme hakda? Eger mümkin bolsa sahypañyzda eserleriñiziñ arasyna goýaýyñ?!

Yolagçy:
05 Iýun, 2014

Dogrusy, haýran galdym: gündeligi hemme okap bilýär?! :0

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.