| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Dekabr 12, 2014 | 0 teswir | 957 okalan

Meniňki gündelik däl, hepdeligem däl, aýlyk ýazgylara meňzeýär. Ýadyma düşen wagty ýazyp duran ýaly. Edil beýle-de däl welin, daşyndan olşeýle. Ine bu günem bir zatlar ýazaýyn diýdim. Içime sygmanam däl, siziň ünsüňizi özüme çekmek üçinem däl. Köne ýazgylaryma girdim welin okaýan gaty kän eken. Onsoň olar bilen gysgajyk wagtlyk söhbete gireýin diýdim. Oba hojalyk institutynda bile okan kursdaşlarymy ýatladym. Olaryň ýarsyndanam köpüsi ýogalypdyr. Imanly bolsunlar. Ýene sanaýmaly ýyldan meňem galmazlygym mümkin. Olar maňa adamyň ölýändigini anyk aýdyp duran ýaly. Adamyň diýip ýalňyşdym, özümiň öljekdigimi aýdyp dur. Diri gezip ýören kursdaşlarymyňam hemmesinde şeýle duýgy barmyka? Atuw jezasy berleniň ertirki dogjak güne ölümini getirjek gün diýip garaýyşy ýaly her gelen güne şeýle howp bilen bakýarmykalar? Birazajyk öte geçýän ýalam bolup durun. Emma bu hakykat. Altmyşdan soňam öz ölümiňi ýatlaman gezýän bolsaň ýa sen aşa akylly, ýa-da gaty samsyk. Şu duýgy meniň elimden, dilimden çekýär. Özüme indikiň näme diýýän. Emma haýran galaýmaly. Alla adamyny garradygyça geplemsek edýär. Belki derdini ýeňil geçirsin diýýändir-dä...

Täze ýazan hekaýalarymy goýanym bu gürrüňlerden has peýdaly bolsa gerek.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.