| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Dekabr 16, 2014 | 0 teswir | 864 okalan

Sahypamyza käwagt biri giräýýär öýdýän. Köp wagtlap zat ýazmanymyzdan soň adamlara üýtgeýän zat ýokdur diýip gelmelerini goýandyr. Dogrusy, üýtgeýän, hatda üýtgejegem zat ýok. Dünýä ahyrete çenli şol bir akymynda geçip dur. Şujagaz çaga ulalanda nähili bolarka, ol ulalýança köp zat üýtär, özümem üýtgärin. Şonda nähili bolarkam diýýärdim. Şol çagajyk öýeräýmeli ýigit bolup ýetişdi. Ýöne menä üýtgän zady görmedim. Şo bir günler. Üýtgemek diýip men gaty uly zady göz öňünde tutýan bolaýmasam. Şol çagaň ulalyp adam bolmagy eýýäm üýtgeýiş dälmi näme? Demirgazyk ýyldyzy şolbir duran ýerinde. Beýleki ýyldyzlaram her ýyl şol bir düzgüne laýyklykda hereket edip aýlanyp durlar. Agalarym şol bir agalar, inilerim şolbir iniler. Ogullarymyň bir durky. Özümem hatda üýtgäsim gelse-de üýtgäp bilemok.

Gowsy ýene bir hekaýa goýaýyn.   

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.