| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Mart 17, 2015 | 0 teswir | 867 okalan

Ýazyň gellmegi mundan öň mende beýle duýgulary oýarmaýardy. Bir hili maşyn sürüp bilmeýän halyma ýokary tizlikde gidýän maşynyň ruluna geçip, onam bilmeýän, görmedik ýollarymdan sürüp barýan ýaly bolup durun. Öňümde bolsa maňa nämedir bir zada urulmak garaşýan ýaly. Emma gijelerine kä gün bolaýmasa köplenç rahat ýatýan. Birine gaharym gelip gaty söz aýdamok. Hiç kimi ynjytmajak bolýan. Göwnüme bolmasa baryp uruljak zadym - biriniň göwnüne degmek ýaly bolup dur. Howaň ýüzem açylanok. Ýa bulutlar täsir edýär.

Birki günlükde bir ýigit bilen tanyşdym. Kimdigi özümde galsyn. Entek ýüzbe-ýüz görüşemizogam. Ýazýan hatlary göwnümden turdy. Dogrusy, men muny şol ýigit bilen haçan tanyşandygymy ýazga geçirmek üçin ýazyp otyryn. Onuň başgalara häzirlikçe hiç bir ähmiýeti ýok..

Hepdäň aýagynda çöle - çomuja gitmegi planlaşdyrýas. Bu eýýäm ýalňyşmasam bäşinji gezek gidişimiz bolýar. Bu ýyl hasam gidesim gelip dur. Çölem ýyl ygallyk bolansoň gaty gowy diýýärler. Babaly Taýmaz hakyndaky filmimizi-de çomuçdan gelip düşürmäge başlabermeli.

Özüme serenjam beresim gelýär. Bir hili akyma görä ýaşap ýörün. Tertibe girip bilemok. Ýaş ýigitler ýaly göwnüme gelşine görä günümi geçirýän. Wargas Lýosanyň "Güjükler" diýip powestini okadym. Gowy eser. Ýazylyşam başga, waka-da.

Özüm täze bir ulurak işe başladym. Ýöne dowam etdirip bilemok. Ol-bu ara düşüp dur. Hemmesem tertipsiz ýaşaýanymdan. Özüme zor edip düzgüne girmäge-de ýüregimden gorkýan. Ýuwaş-ýuwaşdan göneljek bolmaly-da. Durmuşda peýwagtyňa, öz raýyňa gitmek gaty aňsat, ýöne soň gerek bolanda düzelmek kyn. Dogrusy düzgünli ýaşamak elmydamam gerek. Arasynda dynç alaýyn diýilen bolunaýýar. Ýa başga sebäp tapylýar. Ynha indem kösenip ýörün.

Seýisler at seýislänlerinde hiç wagt aty bir gün köp münüp ertesi dynç ýatyrmaýarlar. Atlaryň dynç ýatyrylýan wagtlary aýlaw gutarandan soň. Güýzki çapyşyklardan soň gyş, ýazky çapyşyklardan soňam tomus. Bolmanda bir aý belli tertipde ýaşap bolsa soň dowam etdirmek kyn düşmez. Hany gaýrat edeýin.      

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.