| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Aprel 19, 2015 | 0 teswir | 1023 okalan

Aprelem tamamlanyp barýar. Günleriň at salaýşyny. Özümi olarda ýaşap etişmeýän ýaly duýýaryn. Ýokary tizlikde barýan metroň wagonlaryna özümi atmasyna atypdyryn emma bu tizlik... garaşan tizligim däl. Uçarda bolsaň tizlik hasam ýokary bolýar emma ony duýman otyrsyň. Bu ýerde welin ok ýaly uçup ahyrky duralga - düşmeli duralgaňa barýanymy özüm duýup durun. Hökman etmeli işlerime ýapyşýan. Ýöne olaryňam hökmanlygy şu günlükçe. Has uly hökmanlygy etmäge-de elim baranok. Ara şeýtan düşýär. Şeýtanyň üstüne atýan, günäň özümdedigine boýun alyk. Inşalla nesibeli gün bardyr-da diýip öz göwnüni aldap, bäş wagt parzyny berjaý etmeýänler ýadyma düşüp gitdi. Meniňem şolardan gowulygym ýok. Pensiýa çyksam diýýädim, oňa-da Alla ýetirdi. Indi näme bahanaň bar? Alla maňa bahanaňgalmasyn diýip ýaşadyp ýören ýaly. Men nämä ýaýdanýan. Ýüregimdäki edesim gelýänini edip ýörmäge maňa indi näme päsgel berýär? Edil öňe süşüp bilmez ýaly derejede ysmaz degene dönüp bir duran ýerimden gymyldap bilmän durun diýsem ýalançy. Ýöne şondan sähelçe gowy.

Magtymguly hakynda ýazýanym ýazylman ýatyr. Ynsanperwerligiň harplygyny elläbem bilemok. Ogluma hatlaram dur. Şu günler hekaýa-da ýazamok. Iküç goşgyny gazete berdim. Olaram hälki bir... Battutaň terjimesini zordan ýöredýän. Kinomyzam boş selpemek ýaly. Erbedeem bolanok, ýöne men o taýda beýle bir zeruram däl ýaly. Ýöne kino köpläp alynýan iş. Her kim goşantjygyny goşýar. Hany maýyň içinden kinodan dynsak, ýazmagy güýçlendirerin-dä. Esasy zat saglygym gowy. Çomuç gowy ýigdeltdi. Dogrusy, edebiýada häzirki düşünilşine geň galýan. Azajyk tapawutlyrak ýazsaň üşerlişip durlar. Pelsepede goýýan zatlarymy edil uçardaky bilediňi barlaýanlaryň ýazylan zady okap geçişi ýaly okap geçilýän ýaly duýgym bar. Ýalňyşýan bolmagymam ahmal. Ýöne olaryň dymyşyna haýran galýan. Ýusubyň hekýasy biraz ünsi çekdi. Günäni özümde gözlemeli. Kinodan dyndygym Garrygala gidip ýazýan zatlarymy gowy syntgylaryn-da.     

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.