| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 05, 2012 | 1 teswir | 911 okalan

Agtyjak gutuluşdy. Çagaň gutulmasam aňsat.

Gündelikde wagtymy kesesinden synlasym gelýärdi. Emma, bu başardybam baranok. Uzyn gün boş geçiren wagtym ýok diýen ýaly. Emma... Uzyn gün boş geçdi. Biraz 1-2 sahypa töweregi terjime etdim. Lermontowdan bir goşgy göwnüme ýarady-da ondanam bir küpledini terjime etdim. Ertirlere girdim. Känem eglenmedim. Şonda-da wagtymy aldy. Akdaşaýga gitdik, limonçy dostum Baýramyň ýanyna. Limonlary görüp gitdi. Haýran galaýmaly, ýör diýibilsem boldugy, , hiç ýok diýenok. Umuman limonlarymyzy halady. Gowy maslahatlar berdi. Dogrusy ertiriň aladasyny köp etdim. Ertir redaksiýada ýygnak. Adaty her hepdäň duşenbe güni bolýan ýygnak. Ýöne redaktor iş hakynda pikirleriňi aýt diýdi, bäşinji gün. Men oňa uly göwrümli, çagalar edebiýadyny az bereliň diýdim. Sebäbi göwnüme bolmasa olar hiç kimi gyzyklandyrmaýar diýen ýaly... Garaz işdä.

Işimiz hakynda giňişleýin ýazmagy kän dogry hasap etmeýärin. Sebäbi bu gündelik her kimiň okap biljek gündeligi. Şonuň üçin işiň kuhniýasy açmak gelşiksiz. Emma, işde edilmeli iş gaty kän.

Wagt hakynda şeýleräk pikirlerem kelläme geldi. Wagtyňy ýitirmejek bolup, wagtyňy ýitirýän halatlaryňam bolýar. Ýoluňy gysgaltja bolup, azaşyp has köp ýolam geçýäris. Çaga ýanynda biriniň bolanyny gowy görýär. Ýagny wagtyna biriniň şärik bolmagy oňa hökman. Oglankaň wagtyňy biri bilen paýlaşasyň, dostlaşasyň gelýär. Aşykkaň wagtyňy diňe birine bagyş edýäň. Öýlenoňsaň wagtyňy senden çagalaryň, maşgalaň zor edip almaga başlaýar. Elli ýaşa ýeteňsoň wagtyň özüňkidigine, hem paýlaşardan has gymmat zat ekendigine düşünýäň. Segsende ýene bäbekligiňdäki ýaly, wagtyňa biriniň şärik bolanyny isleýäň... Soňam wagt gutarýar... Men häzir wagtymy gysganç kempirdenem beter berk saklasym gelýär. Diňe zerur zada harçlasym gelýär. Ol bolsa, suw ýaly elimden akyp gidýär... Şu meseläni çözmäge Alladan medet dileýän...   


Teswirler (1 sany)

mergen:
05 Fewral, 2012

"wagt" puldan gymmatlydygyna gynansagam gaty az adam dushunyar.dushunendirin oydyanlerem,yuzley dushunyar.gaty jaydar menzetme,gysganch kempir yal seretmek wagta gezek gelende.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.