Kitaphaberden Şeniz Aýaz bilen söhbetdeşlik | Eserler | Ylýas Amangeldi

Kitaphaberden Şeniz Aýaz bilen söhbetdeşlik

Interwýular | 0 teswir | 1689 okalan


 

Söz konusu Türkmen Edebiyatı olunca akla ilk gelen düşünce, edebiyatın sınır tanımaz bir yapısı olduğudur. Türkiye'de belli bir okur kitlesine sahip olan değerli yazarımıza bu bağlamda yönelteceğimiz ilk soru: İlyas Amangeldi Türkiye ile nasıl tanıştı?

 

 Türkiýe bilen mekdebi tamamlap, Oba hojalyk institunyň talyby bolan döwürlerimde 1970-nji ýyllarda gyzyklanmaga başladym. Dogrusy, bu hyýaly gyzyklanmady. Türk estrada aýdymlary, Çingiz Aýtmatowyň „Elwan ýaglykly serwim” eseri esasynda alnan türk filmi, Ystambulyň üýtgeşik şäherdigi hakyndaky aýdylýanlar, Eziz Nesiniň ýumoreskalary, Nazym Hikmetiň rus diline geçirlen goşgulary... Türkiýe hakynda bar gören-eşidenim şulardy. Soň, agamyň ogullaryndan Türkiýä okuwa gaýdanlary boldy. Olar kanikula gelende ilki gyzyklanýan zadym, türk edebiýadydy. Türklerde edebiýat gazeti ýok diýip eşidemde haýran galypdym. Bizde „Edebiýat we sungat” diýip gazet bar. Şol ýyllarda – Türkmenistanyň garaşsyzlygy yglan edilmänkä – çaphanalar ýaramazdy. Žurnallar wagtynda çykmaýardy. Gazet bolsa, yzygider çykardy. Mümkin şonuň üçindir, şol döwürler edebiýat gazeti halkyň arasynda edebiýada bolan söýgüni ösdürýän esasy güýçleriň biridi. „O taýda edebiýat gazeti ýok” diýlende meniň göwnüme „şol güýjem” ýok ýaly geldi. Dogrusy, Türkiýede okaýan ogullarymyz „Ine şu türk edebiýady gazeti” diýip öňümde gazet goýanda-da, ony okap düşünip biljek däldim. Meniňki diňe hyýaly gyzyklanmady. Gelýän netijelerim, pikirlerimem hyýalylykdan saýlanmandy.

Bu hyýaly gyzyklanma Türkmenistanda türkmen-türk mekdepleriniň açylmagy bilen hakykylaşyp başlady. Öz oglum ol mekdebe okuwa girdi. Türk mugallymlary bilen tanyşdym. Olaryň arasyndan ýene-de edebiýatçylaryny gözleýärdim. Ahyrynda öz isleýänime duşdum. Hudaýy Jan diýip gözi äýnekli, sada, çaga ýaly gülýän, paýhasly ýaşulylar ýaly pikirlenip bilýän, türkmenler bilen gatyşyp-garyşyp gitmegä höwes edýän ýigit. Goşgy ýazýan eken. Türkmençäni ýoldaşlaryna garanyňda has gowy bilýärdi. Meniň bir goşgymy türk diline terjime edip ýurduna gidende alyp gitdi. Ony „Türk edebiýaty” žurnalyna beren eken. Kanikuldan yzyna gelende goşgymyň çap edilen žurnalyny alyp geldi. „Beýle çalt çap ediler diýip garaşmaýardym” diýip ýene çaga ýaly begenip güldi. Şol günlerden bäri eýýäm on bäş ýyldanam köp wagt geçipdir. Şondan bärem türk edebiýady bilen gatnaşyp ýörün. Nejip Fazyl, Mehmet Akif, Sezaýi Karakoç... ýaly şahyrlaryň goşgularyny Hudaýi beý bilen hezil edip okardyk. Türkiýe bilen tanyşlygym şeýdip bir adamyň wesilesi bilen başlandy. Munuň üçin Hudaýi beýe men baky minnetdar.

 

Hocam Ziraat Fakültesi mezunusunuz ve edebiyatla iç içesiniz. Klasik bir soru olacak ama ziraat ve edebiyat zıt kutuplar olduğu için sormak istiyorum. Edebiyata merakınız ne zaman ve nasıl başladı?

 

Edebiýat bilen daýhançylyk bir-birine garşy diýýärsiňiz. Mümkin şeýledirem. Mellek ýerimde kämahal öz wagtynda edilmeli işler gyssansoň ýazmagymy ertire goýan gezeklerim bolardy. Emma, Mehmet Akifem, Çingiz Aýtmatowam oba hojalykçylar. Bir ekini öz eliň bilen ösdürip ýetişdirmegiň, miwesini görmegiň öz “edebiýady” bar. Topragyň ysyny kitaplardan okaman özüň kükregiňe sormak, duýdansyz bir kem tapylyp ýapragy saralan agajyňa gynanmak, käbir agajyň özi göterip bilmez ýaly derejede miweläp şahasynyň döwülşine nebsiň agyrmak ... bularyň adamda hiç hili duýgy oýarmazlygy mümkin däl. Üstesine-de men limon agaçlaryny ýetişdirýarin. Limon biziň ýurdumyzyň agajy däl. Türkmenistanda howa şertleri sebäpli limonlar özbaşyna bitmeýär. Olary teplissada ýetişdirmeli bolýar.  Gapyňda limonyň gülüniň, miwesiniň ysy gelip durmagy täsin, ekzotika. Edebiýadymy ýa-da daýhançylygy saýlamaly diýen mesele mende ýaşkamam bolmandy, häzirem ýok. Çünki, edebiýat adamsy diýlende meniň göz öňüme köplenç eli çalgyly, daýhanlary bilen ot ýatyryp ýören Lew Tolstoý gelýär. Beýle ýazyjylarda ýasama edebiýat bolmaýar. Olar sada daýhan ýaly eden işini ýürekden edýär. Hatda işiniň netijesine-de gyzygmaýar. Edil daýhan ýaly “Men elimden gelenini etdim, netijesi Alla bilen” diýen düşünjä uýýarlar. Daýhanyňam ekininiň hasyly diňe özüne bagly däl. Howa şertleri, tohum, hatda, biwagt ösen gyzgyn ýelem bar hasylyňy reýgan edip bilýär. Edebiýatda-da şeýle. Ýazan eseriň kitabam bolup çykyp biler, okyjyňam taparsyň, emma ýazan zadyň hakyky eser bolupmy ýa-da dälmi üstünden döwür geçensoň belli bolýar.    

Dogrusy, edebiýada höwes edip başlamda men onda beýle-beýle häsiýetleriň bardygynam bilemokdym, gapymda limonamýokdy, topragyň ysynam almandym. On dört-on bäş ýaşly ýetginjekdim. Edebiýadyň welin tagamyny alypdym. Agam Hydyr bilen biz ekiz dogan. Bäş ogul, iki gyzly uly maşgalamyzda biz körpelerdik. Türkmenlerde körpeleri has gowy görýärler. Bizem üstesine-de bir-birinden aýryp bolmaýan meňzeş ekizler bolamyzsoň söýülip ulaldyldyk. Bäş ýaşymyzda okamagy öwrendik. Gyz doganlarymyza “Leýli Mejnun”, “Şasenem Garyp” ýaly dessanlary okap bererdik. Kakamyz Magtymgulyň goşgularyny bize okadyp diňlemegi gowy görerdi. Bir gezek bir myhmanyň: “Ogullaryň heniz beýle goşgulary okardan ýaş. Sen Magtymgulyny okadyp olaryň beýnisine agram salýarsyň” diýeni ýadymda. Kakam ol maslahata gulagam asmady. “Bolgusyz zatlary okanyndan gowy bolar” diýdi. Soň Gurbannazar Ezizowy gördük. Bu bolsa hakyky, diri şahyry, belki-de aýak üstündäki “edebiýady”  gözüň bilen görmekdi. Çünki,  onuň şygyr ýaly ýürgi bardy, şygyrlary ýaly ýumşaklygy, dünýä edebiýadyndan ummasyz bilimi bardy. Onuň “Gargalaryny” haýran galyp, öz agzyndan diňläpdik hem gaýtalap-gaýtalap ýat tutupdyk. 

“Gara, gara gargalar gara gargaýar...”

Gurbannazary gaýtalamak, oňa öýkünmek däl-de, hut onuň özi bolmak höwesi bilenem ilkinji goşgularymy 7-8 klaslarda ýazypdym. Gurbannazaryň hem-de onuň ýakyn dosty, agam Baýramguly Amangeldiýewiň kömegi bilen edebiýada düşündim we ony söýdüm.  Men geljegim üçin kär saýlamakda indi ikirjiňlejek

däldim. Ikirjiňlemedimem – edebiýady saýladym.

 

Sizi yeni tanıyan dostlarımız için sormak istiyorum. Kaç kitabınız bulunmakta?

 

Türkiýede üç kitabym çykdy. „Üç nokadyň biri”, „Kalar dudaklarda şarkymyz”, „Önсe kalp ölür”. Türkmen atlary hakynda agam Hydyr bilen taýýarlan ýygyndymyz „ Behişdi bedewler” Moskwada iki gezek neşir edildi. Türkmenistanda bir kitabym çykdy. „Üç nokadyň biri”.

Şu ýerde bu sowalyň jogabyny gutardym etsemem bolardy. Ýöne, näme üçindir böwrümi diňleýän. Näçe çagaň bar diýip soralsa, ýaýdanyşyň ýaly. Her çagaň göz öňüne gelip gidýär. Ýogsa, parhsyz, 3 bolsa 3, 5 bolsa 5 diýip goýbermeli. Şeýle edýänlerem köp. Men welin diňşirgenýän. Çagalarymyň sanynyň, şükür, köpdügi üçinem däl. Dogrusy, beýle köpem däl üç ogul, üç gyz. Ýöne olaryň hersi bir adam. Hersiniň dünýä inmeginde menem sebäpkär. Birinden-biri ters hereket edäýse, kimiň çagasy diýiljek. Menem meniňki diýip jogap bermeli. Ýalňyşmaýanam adam ýok.

Kitaplaram şeýle. Hiç kemi bolmadyk ýeke kitap – Kur’an bar. Onsaň ýazan kitaplaryň kemine jogap bermekden kim seni boşadar? Hiç kim. Beýle bolsa, olaryň köp bolandan az bolmagy gowy ýaly. Arman, olam öz eliňde däl. Ýazyjy bolmak – ýazmak borjum diýen düşünjä ýetmekmikä diýýän. Öýlenmek ýaşyna ýetmek ýaly... Köpem bolsa, azam bolsa, menem ýazýan hem Alladan ýazýan kitaplarymyň az bolmagy üçin kömek et diýip dileg edýän. 

 

Şiir yazdığınızı biliyorum. Herhangi bir şiir kitabınız veya çıkarmayı düşündüğünüz bir şiir kitabınız var mı?

 

Şygyr kitabym ýok. Munuň sebäbini düşündirmek üçin ýokardaky jogabyň döredip biljek soragyna-da jogap bermeli bolýan. Näme üçin Türkmenistanda ýeke kitabym çykdy? Bizde kitap çykarmak işi döwlet tarapyndan, planly alnyp barylýar. Mysal üçin, Türkiýede ähli kitaplar bir neşirýatdan çykarylmaly edilse nähili kynçylyklar döräp biler? Ilkinji kynçylyk çykmaly kitaby şol bir adamlar saýlar we olaryň göwnünden turmadyk kitap çykarylman galar. Neşirýadyň göwnünden turýan ýazyjylaryň kitaplary bolsa yz-yza çykar. Gynansakda, bizde kitabyň ykbalyny okyjy däl-de neşirýat kesgitleýär. Bu meselede üýtgeşiklik bolaryna garaşyp ýöris. Bizde-de hususy neşirýatlar dörese, çykarylýan kitaplaryň sany artsa gerek. 

Meniň şygyrlarymyň aglabasy ak goşgy. Bizde ak goşgy formasy giň ýaýran däl. Şol sebäpli goşgularymy hatda metbugata-da hödürlämok. Türkiýede, daşary ýurtlarda şygyrýet ösen. Eger terjime etjek tapylsa, goşgular kitabymy türkçe höwes bilen çykarardym. Dogrusy, goşgy ýazmaga prozadan has köp höwes edýärin. Emma, olaryň okyja ýetmesi kyn bolansoň, kän ýazman ýörün.    

 

Eserlerinizde kültürünüzü başarıyla yansıtıyorsunuz. Eserlerinizdeki kahramanları kendi yaşamınızdan veya çevrenizden mi seçmektesiniz?

 

Henize çenli öz durmuşymy alyp ýazan eserim ýok. Ýöne kimdir biriniň anyk durmuşyny beýan edibem ýazmadym. Diňe „Kalar dudaklarda şarkymyz” anyk adamlaryň anyk başdan geçirenleri. Şonuň üçin men ony edebi eserem hasap etmeýärin. Ol anyk wakalaryň beýany. Men öz eşiden, gören zatlarymy onda çeper söz bilen beýan etmäge çalyşdym. Atla hakyndaky ýygyndymyzda ýerleşdirilen makalalarymam anyk adamlar, anyk wakalar. Ýöne bu iki kitap anyk gören eşidenlerim bolsa-da, özüm hakynda däl. Emma, ýazyjy her eserinde özüni ýazýar diýýärler. Munuň bilen ylalaşýaryn. „Üç nokadyň birinde” wakalaryň müň ýyl myndan öň bolup geçýändigine garamazdan, baş gahrymanyň ýassygy beýan edilýär. Şol ýassyk meniň bäbekkäm kellämiň aşagynda goýlan ýassyk. Ejem  ony yrym edip ýygnap, saklap gelipdir. Soň ol ýassygy meniň çagalarym ýassanyp ulaldy. Häzirem agtyjaklarym ýassanýar. Menem ony saklap ýörün. Özümden soňkulara-da saklaň diýip goýup gitmekçi. Çaga ýassyjagy – bu mukaddes zat.

Çeper romanlarymdaky gahrymanlaryň hiç biri durmuşda ýok. Ýöne, hemmesem durmuşda bar. Bar diýýänim, eger ýok bolsadylar, olar ýasama bolardylar, okyjam olara ynanmazdy. Ýok diýýänimem men olary durmuşda birini göz öňünde tutup ýazmadym. Onsoňam eser gahrymanlardan düzülmeýärmikä diýýän. Gahrymanlar eserde aýdyljak bolunýan zady açmak üçin ulanylan şahsalar. Meniň aýtjak bolýan zadym durmuşdan üzňe bolsady, ýa-da gerekmejek bir zatlar bolsa, gahrymanlarym hiç zat bolup galarlar. Aýtjak bolýanym, hiç wagt gahrymanlarymy suratlandyraýyn diýip ýazmadym. Gahrymanlarymy açyp görkezmek maksady mende ikinji planda durýar. Ýöne gahrymansyz eser ýok, hatda goşgyňam öz liriki gahrymany bolýar. Goşgularymdaky anyk – ol özüm.       

 

 Her şeye rağmen çalışmanız, sürekli yeni eserler vermeniz çok güzel. Daha az yazmak isteyişiniz bambaşka bir bakış açısı. Herhalde yazar olmanın güzelliği burda olmalı. Yazmaya meraklı başka kardeşlerinizin olması da ailede bu merakın olduğunun en güzel göstergesi. Hıdır Amangeldi' de okuduğumuz yazarlardan. Peki ya Türkiye'deki okurlarınıza yeni sürprizleriniz, yeni çalışmalarınız olacak mı?

 

Dogrusy, höwesim az däl-de, köp ýazmakda. Ýazmak derdiňi paýlaşmak ýaly bir zat. Derdi çekmek agyr, onuň agyrysy bar. Dertde süýjülik bar bolsa, olam paýlaşmakda bolsa gerek. Biziň ýaşuly, merhum şahyrlarymyzdan biri “Men şahyrlyga belet, käte boşan höwürtgedir ýüregiň” diýýärdi. Hakykatdanam, bir eseri ýazyp gutaranyňdan soň ýüregiň boşan ýaly bolmaly. Mende welin, tersine, iki setir goşgy ýazaýyn ýa-da iki ýüz sahypalyk roman, tapawudy ýok, içime hyjuw girýär. Ýazyp bilenimiň keýpi däl-de, ýazmalydygymyň duýgusy artýar. Ýazman gezip ýörsem, käteler ýazmak nämä gerek, ondan oglum bilen manylyja özara gürrüň edenim gowy diýýän gezeklerimem bolýar. Ýazmagyň gözelligi seni ýazmaga borjuňy artdyrýandygynda bolsa gerek. Bir gowy kitaby okap bolanyňdan soň kitaba hormatyň, höwesiň artyşy ýaly, öz göwnüňe jaý, okanlar tarapyndanam gowy garşylanan bir zady ýazsaň, ýazmaga höwesiň artýar. Şol pursady sypdyrsaň, ýene ýazmagyň derdi üstüňi basýar hem bu dertden gaça duranyňy kem görmän başlaýaň. “Ýazýanym üçin ýazýan” diýýänlerem bar. Men welin, ýazandygym üçin ýazýan.

Türk okyjylaryna täze surpriz diýipsiňiz... Göwnüme bolmasa, türk okyjysy ähli surprizleri gören bolaýmasa. Edgar Po-dan başlap  Möwlananyň Mesnewilerine çenli dürli kitaplar tekjesinde durýan, olaryň arasynda okamadygy az okyjyny nädip haýran etjek? Ýöne okasalaram, başgaça aýtsak, myhman sylagyny edip kitabymy ellerine alsalaram, sag bolsunlar. Edebiýat häzirki döwürde şeýle bir derejä bardy, onda özüňi okatdyrmagam uly zat. Kinoda effektler täze bir ösüşi getirdi, edebiýatda welin, edilmedik, aýdylmadyk zat galmadymyka diýýän. Şonuň üçin, surpiriz däl-de, ýüregiňdäkini aýdyp, okyjy  bilen dertleşmek iň dogrusymyka diýýän. Dertleşmegem hil-hil bolýar. Meniň diýýänim “Mende şeýle agyry bar, senem ony oka, derdiň ýeňlär” däl. Tersine, “Sende şeýle agyry bar, oka, derdiňi ýeňlet” diýmek gerek. Adamlaryň el zähmedi ýeňilleşdigiçe, dertleri artýan ýaly. Göwnüme bolmasa, hiç kime görünmän aglaýanlar aramyzda barha köpelýär. On sekiz ýaşly oglan “Maňa düşünenoklar” diýip gözüne ýaş aýlaýar.  Ýetmişden geçen garram “Maňa düşünmediler. Özümi düşündirip bilmedim” diýip gamgyn. (Eger ýalňyşýan bolsam, meni bagyşlasynlar, ýalňyşanyma begenjek.)

Ýakynda Eýranda täsin ykbal hakynda eşitdim. Abdurahman Jamynyň ata-babalaryndan Ahmet Jamy hakynda. Ol ilki on sekiz ýyl, soňam arasyna wagt salyp, ýene alty ýyl ýeke özi gowakda ýaşapdyr. Rowaýata görä, ol soň gowakdan çykyp obasyna gaýdanda, oňa höwrügen dag, ondan aýrylşasy gelmän ýerinden süýşip, onuň yzy bilen gaýdypdyr. Dagyň yzyndan süýşüp gelýänini görüp Ahmet Jamy ellerini ýokary göterip “Bes” diýip dagy saklapdyr. Ahmet Jamynyň guburynyň golaýyndaky dagyň ady häzirem “Bes” dagy. Göräýmäge ertekä meňzeş bir rowaýat. Emma, meniň özümem dag eteginde, göçülip gidilen bir öýde ýigrimi güne golaý ýeke özüm ýaşap gördüm. Şonda özümiň daga edil höwrüm ýaly garaýşyma geň galypdym. Dag diri ýalydy...  Şu duýgulary kagyza geçirmegiň aladasynda gezýärin. Tamamlan günüm höwes bilen özümiň iň ýakyn okyjylarym hasaplaýan türk okyjylaryma ýetirerin.             

 

Bu sorumu tüm yazarlara sormak istiyorum. Size de sorayım. Yazmaya merakı olan genç yazarlara önerileriniz nelerdir?

 

Ýazasy gelýän ýaş ýazyjy... Käte özümem şolardan biri ýaly bolup durun. Ýaşlyk geçýär, ýöne ýazyjylykda öwrenjelik duýgym hiç aýrylmaýar. Özüme bolan ynamym, ýa-da ýüregimdäkini kagyza geçirmekde tehniki ýalňyşlar goýbererin diýen gorky däl-de, artistleriň kamera bilen öwrenşip gidişleri ýaly ak kagyz bilen öwrenşip gitmek aňsat düşmeýär. Ýazyjylygyň artistlik däldigi üçin şeýle bolýan bolmagam mümkin. Şonuň üçin, ilkinji nobatda ýazýan zadyňdan, ak kagyzdan basylmazlyk gerek. Soňam ýazýan zadyňy başga biriniň roluny ýerine ýetiren ýaly däl-de, ýürekden ýazmak gerek. Artist kameranyň öňünden aýrylandan soň öz hakyky durmuşyna gaýdyp gelýär. Emma, ýazyjy beýle däl. Müň ýyl mundan öň bolan wakalary ýazýarka-da, şu gününden aýrylyp bilmeýär. Özümden mysal alýan, meniň ýazan zadymyň ruhy dünýäsi – öz ruhy dünýäm. Mümkin artsitlerem hakyky artistlige ýetenlerinde başga bir gahrymanyň roluny ýerine ýetirselerem, öz ruhy dünýälerini açmaga çalyşýandyrlar. Edebiýatda-ha bu şeýle...

Şemsitdin Töwrizi Möwlana duşandan soň kitaplaryny onuň elinden alýandyr. Okap däl-de, oýlanyp Haka düşünmegi maslahat berýändir. Okamak, barýan ugruňdaky birnäçe ýollary görkezýär, oýlanmak öz ýoluňy tapmaga mejbur edýär. Ýaş ýazyja okamak wajypmy ýa-da özbaşyňa oýlanmak diýseler, bir okamak, iki oýlanmak diýerdim. Okanyňa iki esse oýlanmak gerek. Ýene Möwlanaň sözi bilen aýtsam, Alla käbir adama ýetmiş ýyl ýaşap düşünjek zadyny, ýedi ýaşyndaka-da berip bilýär. Emma, köplenç bu beýle bolmaýar. Ýaş tejribesi ýazyjylykda köp zatlary berýär. Ýigrimi dokuz ýaşap, dünýä belli şahyr bolan Şandor Petefini mysal alsak, başgaça-da bolup bilýändigini görýäris. Diýmek, şu gün sende nähili düşünje bar bolsa, bu ýazýanlarym meniň ýaşyma gelşenok diýip ýazmakdan çekinmeli däl. Umuman, ýazyjynyň eserinden onuň ýaşyny kesgitlemek kyn bolsa gerek. Mysal üçin, Gurbannazar Ezizowyň goşgularyny okap onuň otuz bäş ýaşda ýogalandygyna ynanasyň gelenok. Bu ýerde Allanyň beren talanty möhüm.  Zähmet soň gelýär. Emma, şonda-da, pursady sypdyrmazlyk, zähmetinden gaçmazlyk meseläni çözýär durberýär.

 

Gurnan söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň. Beren soraglaryňyzy özüm-özümden sorap, jogabynam özüme beren ýaly bolup durun. Okanlara peýdasy degermi, bilmedim. Peýdasy degse, men şat.

 

(Kitaphaber internet saýtynyň guran söhbetdeşligi. Saýtda söhbetdeşligi türk dilinde okap bilersiňiz. (kitaphaber.com)

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.