*** | Eserler | Ylýas Amangeldi

***

Goşgular | 0 teswir | 915 okalan

 

 

Taýdym, büdredim, aýgym kürüme gitdi,

Gorkýaryn, bir ädim ätmäge.

Hetdim ýok, öňe däl, yza gitmäge.

Ýeňsämden itdimeseler razy,

Depämden basmasalar razy.

Men kime näme etdim, bilemok.

Ýa sowlup ýörmikä baharym-ýazym?

Men gyşa-da razy,

Ýöne itmäň ýeňsämden.

Gorkaýryn taýmakdan, büdüremekden,

Geçip gitmeýän emgekden.

 

Elimdäkimi size geregi?

Geliň, agzymdakynam bereýin.

Ýöne ýüregme degmäň,

Küregme degmäň

Ejem ogly diýiň,

Hawa, men ejemiň ogly.

Kakaň bilen adam ekeniň

Diýiberiň.

Hawa men kakam bilen adam.

Däli diýiň, Mejnun diýiň.

Dälini däli edenem sizsiňiz,

Mejnuny mejnun edenem sizsiňiz.

Razy etimi iýiň, süňküme deggmäň.

 

Bu dertlerimden ýaňa,

Erärin.

Garlar eremeýärmi näme?

Solaryn.

Güller solmaýarlarmy näme?

Ahyry bir gün ýaşaryn.

Günler ýaşmaýarlarmy näme...

 


Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.