UZAGA ÇEKEN OGLANLYK | Eserler | Ylýas Amangeldi

UZAGA ÇEKEN OGLANLYK

Esseler | 3 teswir | 1129 okalan

 

«Entek oglan bolýaň» diýseňem hakyň bar. Çünki, aklym kesýär, altmyş ýaşla-da oglan bolýaň diýse agasynyňky dogrudyr. Oglan diýmek beýle-de dursun, käýýemäge-de, urmaga-da, agamsyň hakyň bar. Saňa «siz» diýip ýüzlenip, garşyňa gitmejek boldum. Pikirimi aýdaryn, haçanda aýt diýseň, ýa-da seniň ýeriňe aga bolamda diýdim içimden. «Giç bolmazmy?» diýip, şeýtan böwrüme dürtekläbersin. «Hiçden giç ýagşy» diýilýär. Belki, irdenem giç ýagşydyr. «Keýmir kör iliniň öňüne düşüp, Nedir şaň ýanyna baranda ýigitdi» diýdiler. Ýigitdi, emma iliniň öňüne düşüp biljek ýigitdi. Iliniň öňüne düşüp biljegi bolsa, ýigikä-de diňlärler. Ýöne Keýmir körem ilki agalaryny diňländir, soň ýeri gelende sözländir.

Agalaryň öňünde sessiz oturmak dymmak däl, diňlemek. Içiňde gaýnap duran sözleriňi ýuwudyp, diňlemek. Agalaryň sözüni bölmezlik, agalaryň sarpasyny saklamak. «Ýaş beýni, belki bir üýtgeşik zat aýdar» diýip, seni diňlemäge duranlarynda tamany ödär ýaly, öz közüňe özüňi bişirmek diýip düşündim.

Bir gezek agam maňa: «Daşlary ýaryp, gaýnap çykgyn. Ýöne wulkan bolmagyn, tereň suwly çeşme bolgun» diýipdi. Şondan bärem bilip ýören zadyma – gany gyzmalyk etmegiň hiç kime peýdasynyň ýokdugyna has çuň göz ýetirdim. Arman...

Ýene bir gezek bir ýaşuly birine baha berende «Oglanka-da, atan kenegi boş geçmezdi» diýdi. Şondan bärem ilki «kenegimiň» boş geçmezliginiň pikirini etdim hem kakamyň «Gylguýruk geçensoň eliňdäki tüpeňiň peýdasy bolmaz» diýenini ýatladym ýördüm. Günler bolsa, gylguýrukdanam çalt uçýar. Ýene içimden: «Şu günki aýdylmaly sözüň şu gün aýdylmagy gerek. Ertir düýnüm hakynda armanly gürrüň edenimden, şu günüm hakynda armandan çykyp aýdasym gelýär» diýdim. Ýene-de tereň suwly çeşme ýadyma düşdi, içimde bolsa wulkan...

Agam, käýýeseňem hakyň bardyr, ursaňam. Patadan öň, Pirinden şarpyk almaga gelen, soň onuň hyrkasyny geýmäge mynasyp bolan mürit hakynda eşdipdim. Ol aňymdan çykanok hem öz-özüme sowal berýän, men haýsy halypamyň ýanyna ýaňagymy tutup bardym? Haýsy halypam dersini şarpykdan başlady, eger durmuşy hasap etmesem? Belki durmuşdan ýokarda halypa-da galan däldir? Depämden guş uçup gitse-de, yzyndan seredip galýan hem bir ýaşulyň «Göwnüňe zat getirme, oglum, uçan guşdan per azmaz» diýeni ýadyma düşýär. 

Bir günem büdredim. Burnum, eňegim, gaşlarymyň üsti gök-ala. Elime direnibem ýetişmedim. Büdrärin gorkymam ýokdy. Öňümde ýatan daşy görmändirin. Gelip ýerden galdyrdylar. Ýüzümi ýuwdum. Dişlerimiň döwülmänine şükür etdim, burnumyň süňkem abat. Gije çekdim azaryny. Ýüzüme seredip «Näme boldy?» diýenlere «Emgegimdir-dä, büdräýdim» diýdim. Büdremeýän barmy, büdremejek barmy? Özi gorasyn...

Agam şonda maňa näme diýdi, ýadymdan çykanok:

«Bu rowaýaty eşdenem, okanam bolmagyň mümkin. Möwlanaň mesnewisi. Bir şägirt halypasynyň ýanyna baryp:

-                               Maňa-da özüň ýaly guş-gurtlaryň, töwerekdäki janly-jandarlaryň diline düşmegi öwretsene.

-                               Ol saňa agyr geler, zyýana galarsyň.

-                               Bolmanda gapymdaky it bilen horazyň diline düşüner ýaly et, şunça ýyl şägirdiň boldum.

-                               Bolýar...

Ol gapysyndaky iti bilen horazynyň diline düşünip başlapdyr.

- Horaz dost, seniňki hezil, däne tapmasaň, daş çokýaň, petekäňe bir zatlar atýaň. 

- Ala köpek, senem zady gaýgy etme. Ertir hojaýynyň aty öljek, maslygyndan doýarsyň.

Muny eşden adam, derrew atyny bazara çykaryp, geçen ýerine satypdyr. Ertesi horaz bolýan zatlary geň görüpdir hem ýene ite göwünlik beripdir.   

- Ala köpek, bilmedim neler boldy? Ýöne sen zady gaýgy etme. Iki günden hojaýynyň gowy görýän gyrnagy öljek, sadakasynda doýarsyň.

Muny eşiden adam gyrnagynam, hernäçe gowy görse-de, bazara çykaryp satypdyr. Bolýan zatlara horaz has hem haýran galypdyr. Mundan öň maňa gelen habarlar ýalňyş bolmaýardy, bir üýtgeşikli-gä bar diýip içini gepledipdir. Barha hyňranmasy artýan köpegi ýene köşeşdiripdir:

- Men-ä näme diýjegimi bilemok. Ýöne sen gaharlanma. Ertit hojaýynyň özi öljek. Ogullary myrasyny paýlaşyp, uly sadaka berjekler. Senem aç garnyňy ýazarsyň – diýipdir.

Muny eşiden hojaýyn näme alaç etjegini bilmän piriniň ýanyna ylgapdyr. Pir:

- Bu ýerde mendenem, hiç kimdenem saňa kömek ýok. Atyň ölmelidi, sen ony satyp goýberdiň. Gyrnagyň ölmelidi, sen onuňam jynazasyny gapyňdan ugratmadyň. Atylan ok daşdan gaýtmaýar. Ertir ol ok saňa degjek. Atyňy satmadyk bolaňda, onuň ölmi soňky belalalary başyňdan sowjakdy. Gyrnagyň gapyňda ölenem bolsa, ajal oky esli salym senden sowa geçjekdi. Kiçijik belalaryň uly belalary dep edýändigini bilmeýärmidiň näme?..

Ine, şeýle inim. Ýykylanyňa gynanma, has uly belalar senden sowlandyr, inşallah...»

Men bu rowaýaty okapdymam, birnäçe gezek eşidipdimem. Emma, ol özüm hakyndadyr diýip pikirem etmändirin. Görsene, okamakdanam, eşitmekdenem peýda ýok eken. «Bu näme üçin beýle bolýar?» diýip soradym, agamdan. «Süýtde agzyň bişsedi, suwy üfläp içerdiň» diýdi agam. Men günleriň gylguýrukdanam çalt geçýänini aýtdym. Ol: «Şeýle bir mekana bararys, wagt bolmaz. Wagtyň bize geregem bolmaz. Bizem wagta gerek däldiris. Çünki biz onuň täsirinden çykandyrys. Soralar, jogap bermelidiris. Soralsa-da, hemmesi bellidir o ýerde. Bu, hasap soralmak däldir, edenleriňi boýnuňa goýmakdyr» diýdi.

Doly düşünmesemem sesimi çykarmadym. Bu düşünmeýäniň dymmagydy. Agamam sesini çykarmady. Soňundanam: «Tä düşünýänçäň sesiňi çykarma. Düşüneňsoň welin, özüňi diňletjek bol» diýdi.

Agam, bu gün ýeriňe aga boldum. Aýdanlaryňa-da düşündim. Arman, öz düşünenjelerimi düşündirmek maňa kyn düşýär.


Teswirler (3 sany)

mysapyr:
13 Fewral, 2012

AGALARYŇ AÝDAN DIÝENI BILEN BOLMAK BARADA GÜRRÜŇ BEREN ESSÄŇIZI OKADYM,AGAŇYZA BOLAN GYZYKLANMAM(IŇ ULUSY MEN BOLANYM ÜÇIN) GÜÝJEDI.
AGA BOLMAGYŇ ÝOLLARY:KITAPMY,YNANÇMY,KÖPÇÜLIKMI,HÖKMAN AGALY BOLMAKMY,MAŞGALAMY,BAŞA DÜŞEN KYNÇYLYKMY,BAGTLYLYKMY GARAZ NÄMÄNIŇ ÜSTÜNDEN GEÇÝÄR.BU GÜNKI GÜNDE WAWWALY MESELELERIŇ BIRI...

Ylýas:
25 Fewral, 2012

Mysapyr dost, gündelikerimiň birinde saňa jogap bripdim. Eger ol pozulan bolsa, özümde galan göçürmesini şu ýere goýaryn.

Ylýas:
25 Fewral, 2012

Uzaga ceken oglanlygy okap bir Mysapyr pikirini ýazypdyr. Uly aga bolmak nämeden geçýär diýip soraýar. Meniň özüm kakamyň iň körpesi. Iň uly agamyzam pahyr boldy. Ol biziň barymyzy gowy görerdi Biz erkek oglanlardan bäş dogan. Iki sanam aýal doganymyz bardy. Olaram aradan çykdy. Uly agam hemmämizi gowy görerdi, ýöne arasynda meni has gowy görerdi (Göwnüme bolmagam mümkin). Sebäbi beýleki doganlarymam arkaýyn "Ýok, meni has gowy görýärdi" diýip biler. Uly agaň birinji wezipesem şumyka diýýän. Gaty görende-de menden has gaty öýkelärdi. Bulam gaýta meni has gowy görýänligi üçin diýip düşünýärin. Menem agamyň ýanyna ylgar durardym. Uzakly günümizi aýrylyşman geçiren günümizem kändir. Görüşmän gezen günümiz, eger öýde bolsak, ýokdur. Gaharyny özüm ýazardym. Öz öýkäm içimde galardy. Bu bolsa körpäň borjy. Gynandyran gezeklerimi ýatlasam ýürekagyrym gozgaýar. Onsuz galan öýe barsamam şeýle. Ýüzümi ümdüzüne tutup, edil ýogalan günündäki ýaly aglasym geliberýär. Gaharyny getirenlerim üçin, begendiren, yzymda-ugrumda ylganlary üçin... Ýöne aglamakdan netije ýok. Uly gelnejem, agamyň aýaly, meniň ikinji ejem. Biz ekiz bolamyzsoň bir ene bizi kanagatlandyryp bilmändir. Gelnejemiňem şol wagtlar bir aýlyjak gyzy gujagynda eken. Gelnejem menem emdiripdir. Gyzynyň paýynam bizem beren bolmaly. Gyzy Annabibi ejemiziň beýleki çagalaryndan boýunyň pesiräkligem şondan bolsa gerek. Uly agaň gelnem şeýle bolmaly - adamsynyň jigilerini öz çagasyndan pes görmeli däl. Ýadyma düşýär. 1969-njy ýyldy. Men onunjy klasy gutarypdym. Kolhozyň sygyr howlusynda mallara gelen şulhany (pagta çigdiniň gabygy) düşürişýärdik. Nireden onuň içine düşüpdir bilmedim, şulhaň arasyndan bir gyzyl gran çykdy. Nikolaýdan galan, arassa altyn 10-lyk pul. Men ony getirip gelnejeme berdim. Gelnejem "Özüňde dursun ýa ýygnap goýaly, öýleneňde gelniňe berersiň" diýdi. Menem: "Oňa çenli ýene birini taparyn" diýdim. Gelnejem soň ol gyzyla diş salyndy. Menem hakykatdanam öýlenemde "Sowet edebiýaty" žurnalynda sonetler çemenim çap edildi. Şonuň gonararyny berdiler. Gonoraryma gelnim üçin (şol wagt ýaňy öýlenipdim) gyzyl ýüzük aldyk. Şonda gelnejemem ýanymdady.

Uzaga çeken oglanlykda men agalarymyň hemmesini göz öňünde tutupdym. Uly dogan jigilerini goýup ilki dünýeden ötmeli bolýar. Bu-da aga bolmagyň iň agyr derdi bolsa gerek. Ýöne jigileriňden soňa galmagyňam ajysy ondan pes däldir. Kakaň ýogalandan soň uly agaň kaka ornuna geçýär. Hem öz çagalaryňa kaka-ata bolmaly hem jigileriňe, hem jigileriň çagalaryna. Agam keselbentdi. Keselhanalarda köp ýatardy. Onuň yzyndan barmadyk ýeke günümiň bolmadyk wagtlaram bardy. Keselhanadaky medsestralar ogluňmy diýip sorar ekenler. Onuň näme jogap bereni ýadyma düşenok. Ýöne menden soran bolsalar, hawa kakam diýerdim. Ol kakamyňam iň gowy görýän ogludy. Uruş ýyllarynda on ýaşlyja. Öýüň erkek kişisi bolmaga çalşan. Şol ýaşyndan başlap, öýüň erkek kişisi bolubam ýaşady...

Indi öz ogullaryma seredýän. Olaram öz agalaryny biz ýaly gowy görýärmikäler diýýän. Daşyndan görmäge-hä edil beýle ölüp-öçübem baranoklar. Emma agalarynyň diýenini meňkiden gowy edýärler. Bu-da uly aga bolup bilmegiň bir şerti.

Indi dogan-dogana ýagy diýýänlerem bar. Eger şeýle bolsa bu ýerde uly aganyň sözüni diňletdirp bilmeýändigi, kiçileriňem ony diňlemeýändigi esasy sebäp ýaly. Ýöne munuň sebäbem, günäkärem ýok ýaly. Bu ýerde günäkäri kesgitlemek gaty kyn. Bu ýagdaý uly bir bela. Daş etsin diýip dileg edýän Alladan.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.