ILKI ÝÜREK ÖLÝÄR | Eserler | Ylýas Amangeldi

ILKI ÝÜREK ÖLÝÄR

Powestler | 0 teswir | 1526 okalan

                                              

Öten agşam ir ýatan Ol adam irem oýandy. Özüni duýuşy gaty geňdi. Birbada nämäň nämedigine düşünmedi. Onda uly haýranlyk duýgusy bardy. Goşa nil maňlaýyna direlip atylyp, ýene ölmän galanyň haýranlygyndanam beter haýranlygy başdan geçirýärdi. Ilki sereden ýeri penjiresi boldy. Dünýe bir ýerindemi? Penjireden dünýäň diňe bir çetjagazy akjarýar. Tomsuň petiş günleriniň daňdany, heniz günem dogmansoň, ak öwsüp dur. Men oňa:  

- On alty gatlyk binanyň ýedinji gatynda penjireden aşak seredäýmeseň, başga näme görner öýdýäň? – diýdim.

Ol maňa diýýäňmem diýmedi. Çünki häzir Ol adama ak säher, penjirä ýelimlenen uly ak kagyzdan enaýy däldi. Turup aşak, agaçlara, eýýämden iňläp aýlanmaga başlan awtobuslara, işine ir barmaly bolansoňlarmy, ýa başga bir sebäpden köçä çykan adamlara seredesi geldi. Emma, ýene ýatan ýerinden jaýyň boş diwarlaryna nazaryny aýlady. Çala titireýän barmaklary bilen boýunlaryny basyşdyrdy. Elini owkalaşdyrdy. Maňlaýyndaky burçak-burçak derini syldy. Ahyry aňynda «Bu näme dirikäň ölmekmi?» diýip dikeldi.

Her kim bedeniň doludygyny, üns bermese-de duýýandyr. Ol adam welin bu gün irden muny duýmady. Göwresindäki boşluk, aşgazanyň ajygaňdaky boşlugyndanam başgarak. Durky boş. Eli döşüne bardy. Ýüreginiň urgusynyňam ýokdugyny syzanda süňňi gowşap gitdi. Dem alýany bildirip dur, emma ýüregi uranokdy.

Ol adam ilki goşaryndaky, soň boýnundaky, soň ýene goşaryndaky damar urgusyny gözlände hereketlerem özüniňki däl ýaly boldy. Oňa haýran bolup aňalyp galdym. Ol elinem özi galdyrmaýan,  dikelende-de özi dikelmän, ýerinden turup penjirä garşy ýörände ädiminem özi ätmeýän ýalydy. Ýa bu-da Parkinsonyň keseli ýaly bir keselmikä? Emma, ýüregiň urýany bildirmeýän bir kesel barmy? Käşkä semiz göwre, ýüreginiň daşyny ýag alyp gürsüldisem duýulmaz ýaly edendir diýseň, o-da däl.

-         Tiz kömege jaň et.

-         „Näme bolýar?“ diýseler „Ýüregim uranok“ diýeýinmi? – diýip, güldi.

            Onuň bu gülküsi erniniň gyşarmasy bolup daşyna çykdy. Ýene ýerine geçip süýndi. Bu bir, wagtlaýyn zatdyr, ine geçer diýip, uklajak boldy. Bir gowy zat, hiç ýerinde agyry ýokdy, güýji-gurbady ýerindedi.

Hernäçe jan etse-de, Ol adam bedeniniň boşlugyndan ünsüni sowup bilmedi. Bir zatlar ýuwutsam, bir käse suw içsem näderkä diýdi. Turup suw içip gördi. Üýtgän zat bolmady. Içen suwy hamynyň aşagyndan görünäýjek ýaly garnyna – gün degmänsoň akjaryp duran bedenine seretdi. Menem seretdim. Daşyndan gülkünç ýalydy, emma gülki ýadyňa düşer ýaly däldi. Ol adam maňa bakyp ýylgyrdy. Gahary gelip ýylgyrdymy, gorkup ýylgyrdymy, ýa-da hakykatdanam bolup durşuny gülkünç görüp ýylgyrdymy, ýene ernini gyşartdy. Bu bolup duran zatlara ynanmady.

«Agşam oňat ýatdym. Basyrganmadym. Ukymy alyp oýandym. Bir hepde bolandyr oturlyşyga gitmänime-de... Men...».

Ol adam ýuwaşjadan, seresaply oturyp-turmaga başlady. Içinden bir-iki diýip sanaýardy. Otuz bäşe ýetdi. Ýene-de bäşini oturyp-turdy, mundan artygyny başarmady. Ýöne kyrka ýetdi ahyryn! Bu golaýda munça gezek oturyp-turany ýadyna düşmese-de, Ol adam her gün irden ýeňiljek maşk edip, soňam ylgardy. Ol bedenterbiýäniň gudratyna ynanýardy.

„Altmyş ýaşda kyrk gezek oturyp-turmak az zat däl-ä? Ýa azmyka?..“ „Oglumdan sorasamam az däl diýer“. Ogly Saha jaň etdi. Kakasynyň sowalyna ogly:

-         Özüň üçin soraýan bolsaň, az däl. Bu zatlar her kimiň bedenine görä-dä. Daýaw, eti-gany ýerindäki adam elli gezegem arakýyn oturyp-turar – diýip jogap berdi.

-         Ýüregiň oňa dahylly ýeri barmy?

-         Ýüregem sagat bolmaly. Kaka bu zatlary näme üçin soraýaň? Özüň menden gowy bilýänsiň-ä?

-         Bilýänem-le. Bolýa sag bol. Gelniňi alyp öýe gelmäňem-ä azaltdyň?...

-         Barasym-a gelýär. Bararyn, kaka.

-         Bor-da, sag bol onda.

-         Sag bol.

„Kyrk gezek oturyp-turmaga gurbatym çatýan bolsa, diýmek men entejik ýaşaryn“.

Başyndan ölüm howpy aýrylan ýaly Ol adam arkaýynlaşdy. Elleri welin gaýta-gaýta ýüregini barlaýardy. Ol uraýjak ýalydy, dogrusy, uraýmalydy. Emma üýtgeýän zat ýok hem ähli zadam üýtgäpdi. Damarlarymda gan bir aýlanýarmyka, o barmyka beri diýip, aşhanadan pyçak alyp, teniniň bir ýerini kesip görmek pikiri kellesine gelende Ol adam özünden gorkdy. Hat-peteklerini toplap işine ugrady. Daşary çyksam bar zat ýerli ýerine geler diýdi. Bir uly şäherde başyň aýlanyp, azaşsaň, belet ymaradyňa gözüň düşende hemmesi ýerli ýerine gelmeýärmi näme? 

Daşary çykany bilenem üýtgän zat bolmady. Maşynlar deňinden wazlap geçip dur. Adamlaryňam elleri-aýaklary hereket edýär, ýüz-gözlerem öňküsi ýaly. Her kimiň öz aladasy özüne ýetik, böwürlerini diňleşip barýarlar. Hiç kimiň hiç kim bilen işi ýok, her kim deňinden geçene «Muňam ýüregi ýerinde ýokmuka?» diýýän ýaly gözüniň gytagyny aýlap galýar. Ol adamam deňinden geçene göz gytagyny aýlady. Emma dura-bara ýüzüni galdyrasy gelmedi. Diňe bir özi palak ýumurtga ýalydy. Hiç kim meni görmese, menem hiç kimi görmesedim diýdi. Şeýle bir geň, gyşyň güni köýnekçe köçä çykan mysaly. Ýok, şol köýnegem egniňde ýok, hemme kişem paltoly-zatly. Iň erbet ýerem, ýalaňaç däl-de, hemmeler ýaly bolan bolup barmak ol adama agyr degýärdi. Digdenekleýärdi, üşeýärdi, egninde köýneginiňem ýokdugyny bilip durdy, şonda-da ýyly demini daşyna üflän bolup, hamala yssylaýan kişilerden bolmaly, öz palaklygyňy bildirmeli däl. Ol adamyň aňyndan gyşyň bir güni geçse-de, hakykatda howa tüp yssydy.

Iş ýeri – Botanika instituty öýüne golaýdy.

«Köp okanymdan, ylymdan bolaýmasyn? Aklyňa urar ýaly bärde ylym barmy? Şol bir bilinýän zat, Günüň şöhlesinden ýapraklardaky öýjükler ýaşyl reňk alýar...

Ýürek diýilýän mende ýogam eken-dä. Bolman geçsin. Kelläm bar, garnym bar. Elim bar, aýagym bar. Özüme borluk güýjüm bar. Besdir. Häzir içine käkilik oty atylanja çaý içeris».

Öňünden ilki çykan ýaş işgär bilen, kimi görse gaşyny çytyp, özüne agras, işi başyndan agdyk, dünýäň şu gününiňem, ertiriniňem aladasyndaky hakyky alym adam diýdirjek bolup ýöreniň biri bilen elleşip görüşdi.

-         Eliňiziň sowukdygyny, kondensonerli maşynda gelipsiňiz öýdýän?

Ol adam oňa jogabam berjek bolmady. Ýylgyrdy. Ýalandanmy, çyndanmy parhy ýok, ýylgyrdy. Hernä ýaş işgär hiç zady aňmagy, gepem uzaltmady. 

«Dogrudanam sowap ýörmükäm? Gör näme üçin men gyşyň pikirini edipdrin».

Iş otagyna girişine termometri gözlemäge başlady. Onda her dürli termometrler bardy. Howanyň çyglylygyny görkezýän gural bilen bile çatylanyna çenli bardy, emma lukmanlaryň ulanýan ýönekeýje termometri welin ýokdy. Suwuň, topragyň gyzgynlygyny ölçeýäni bardy, olam goltugyňa salardan uludy, gödensidi. Her nähili bolsa-da, ony tapdy. Gutyň içinde ýatan termometriň ýogyn, gyzyl simap sütüni mese-mälim ýigrimi bäş gradusy görkezýärdi. Ol adam ony silkişdirip nola düşürjegem bolup durmady. Üýtgeşik bir zat ýaly, aşakdaky gyzylja simaby garbap gysymlady. Iki gözi gyzyl sütündedi. Sütünjik gözüniň alnynda ýokary galmaga derek, aşak inmäge başlady. Ýigrimä golaýlap durdy. Ol adam bu gezek termometri silkişdirip sütünjigi nola düşürdi. Hernäçe ulam bolsa, ony goltugyna salasy geldi. Goltuk el däl, ýylydyr. Kabinetiniň gapysyny içinden gulplap, köýneginiň iliklerini ýazdyryşdyrdy. Kiçisi bolmanda näme? Hemmesem şol bir termometr. Esasy zat onuň näme görkezjeginde. Gyzyl sütün ýuwaş-ýuwaş galyp ugrady. On, on bäş, on sekiz, ýigrimi, ýigrimi iki. Sütünjik togtady. Ol adam termometri gymyldaşdyrdy, has ykjam gysdy. Emma, gyzyl sütün ýeten ýerinde doňup durdy. Ýigrimi iki gradus...

Suwlyganlaryň, süýrenjileriň bedeniniň ýylysam mundan biraz ýokary bolmaly. Şolaňky näçedikä? Kellesine gelen bu pikire ol adam darykdy. Indi gör näçe ýyldyr darykmadyk ol adamyň, çytylmak diýen zady unudaňkyrlan gaşlary çytyldy.

Bu bolup biljek zat däl. Keselländirin. Beýle keseliňem bar bolmagy mümkin, men lukman däl-ä.

Telefony alyp tiz kömegi aýlady. Aňyrdan: «Tiz kömegiň nobatçy lukmany Berdiýewa diňleýär» diýleni bilen ol adamyň ýüzüne adaty ýylgyryşly keşbi dolanyp geldi.

-         Bagyşlaň, maňa bir zada bolýar.

-         Näme bolýar?

-         Bilemok, bir zada bolýar.

-         Gyzgynyňyz barmy?

-         Ýok.

-         Başyňyz aýlanýarmy?

-         Ýok.

-         Onda näme, ýaşuly?

-         Bilemok, bir hili... ýüregim...

-         Ýüregiňiz agyrýarmy?

-         Ýok.

-         Näme diýseňizläň, aragy azyrak içmeli. Sowujak duş alyňda, ajyja çaý içiň. Aýalyňyza burçly unaş bişirdiň. Ýagdaýyňyz gowlaşmasa ýene bir jaň edäýiň.

-         Bor-da, gyzym...

«Şeýle bolarmyka-da diýýädim-le. Halyňa düşünjek barmy?» diýip, telefony itip özünden daşlaşdyrdy. «He-he» diýip çalaja gülüp goýberdi. «Bu-da içi ýananyň gülküsimi? Käşgä ýanar ýaly içiň bolsa? Gowy däl, gowy däl. Häzir gapydan biri giräýse eliňi uzatmanam-a bolmaz. Gowsy men gideýin».

Termometri ýygnaşdyryp, kilkinem açmadyk portfelini alyp goltugyna gysdy. Kabinetiň gapysynyň gulpludygyny görüp alniçigsi boldy. Soň özüniň gulplany ýadyna düşdi. Gyssanyp jübsüni sermeşdirdi. Öz-özüne «Pekge» diýip jübsündäki açaryny çykardy. Gara der. Bir elinde açar, bir elinde portfeli, hem üşüdýärdi, hem derini sylmagyň alajyny tapanokdy. Hem agysy tutýardy, hem gülküsi. Ahyry gapyny açdy. Çykyp, ony ýene täzeden gulplamaly. Owf...

Bu «owfuldy» ol adama gelişjek zat däldi. Ol çykyp barşyna açyk gapylaryň birinden boýnuny uzatdy:

-         Ýaramajak bolýan öýdýän, sorasalar öýe jaň edäýsinler.

-         Bolmasa, düşürip geläýeýin.

-         Ýok-la. Özüm giderin. Siz işläň...

Öýlerine geldi. Ýene ýedinji gata çykmaly. Hernä lift köp garaşdyrmady. Aýaly Maýsa pahyr ýogalanda tabydyň lifte sygmaýyşy, tabydy basganjaklardan aýlabam düşürip bolmaýyşy edil häzir bolup duran ýaly gözüne görnüp gitdi. Bu hasam süňňüni gowşatdy. Gelşine diwanyna süýndi.

Ölüp ýörmükäm? Ölýändirin. Başgalar ýaly däl, aýak üstünde ölýändirin. Şu ýatyşyma jan beräýsem meňem jesedimi aşak düşürip bilmän kösenerler. Daşarda ölsemem ýene öýe salarlar. Ýuwjak diýerler, kepene dolajak diýerler... Eýesiz it ýaly köçede ölüpdirem diýerler.

Özi üçin getirlen tabyt gapdalynda goýlan ýaly bolan ol adam çalt dikeldi. Wraçlardan ýekeje tanyşy M. bardy, olam jynsy keseller ugrundan. Öň kömek edenem bolsa, häzir ondan ýeke aşyklygam peýda ýok. Dostlary, bile okan wraçlary bardyr diýip çagyrsa-da bolardy ýöne, ol adamyň onda-da häzir, M.-iň ýüzüni göresi gelmedi. Maňa bakdy.

-         Ogluňy çagyr.

-         Olam «Kakam bolaýýaň» diýşi ýaly bir zadyny diýse. Magazinçi ülpet bolmaly.

-         Olam gelmez. Söwdasy bardyr. Gelse-de agşam geler.

-         Kim bar, kim bar? «Ýokardakam» işde.

-         Işde bolmanda-da şony çagyrjakmy?! Adam nämäňe gerek?! Başujuňda aglanlaryny isleýäňmi? Şeýle-de aglarlar. Sen kim bolaý, ölseň aglan tapylar.

Şol wagt telefon jyňňyrdady.

-         Hawa.

-         Salam.

-         Hä, bu senmiň, salam-salam.

-         Ýaňy işiňe jaň etdim. Ýaraman gaýtdy diýdiler. Nämbolýa?

-         Aý... dynç alaýyn diýdim.

-         Şeýlemikä-de öýtdüm-le. Saňa dümewem degenog-a.

-         Hawa, diňleýän.

-         Krosword çözüp otyryn. Rus kompozitory. Çaýkowskiý diýsem bir harpy köp. Skrýabinem gysga, başgasam ýadyma düşenok.

-         Rahmaninow bolaýmasa?

-         Rahman.... Edil özi. Alym adam-da, bir gezekde biläýýär.

-         ...

-         Näme keýpiň ýok? Bolmasa baraýaýyn?

-         Agşam köp oturypdyrys, ýadaw, ýataýmasam.

-         Bor-da onda, ukyňdan goýmaýyn.

-         Öýkeleme. Ertir özüm jaň ederin.

-         Biz nire, öýkelemek nire, çao.

-         Çao, janyçkam.

Telefony goýup ýene maňa bakdy. Onuň göwnüne bar zada men günäkär ýalydym.

-         Öljek bolup ýatyrkamam «janyçka» diýmesem ýagşydyr.

-         Hernä ony çagyrmadyň.

-         Ony nämäme çagyraýyn? Buz ýaly bolup ýatjakmy ýanynda?

            Men gapdalda ýatan ruçkany alyp Kagyzyň ýüzüne ilki „Çaýkowskiý“, soňundanam „Rahmaninow“ diýip ýazdym. Harplaryny sanadym. Ikisem deň çykdy.

-         Ikisem on harp bolýar-a?

-         Nämäň ikisem?

-         Çaýkowskiý, Rahmaninow? Sana-da göräý.

-         Senem bir işini tükeden. Näme ol krosword üçin jaň edýändir öýdýäňmi?

            Men heniz köpi görmedik oglan ýaly utanyp gitdim.

Ol adam çaý gaýnadyndy. Saçagyň başyna geçdi. Gulagyna, endige görä, köp gaýtalaýan heňi geldi: «Ýok, ýok, bolmaz diýdi,

            Emma özi ýylgyrýar». 

-         Bu gün dünýäniň ilkinji ýüreksiz adamy bir bölek çörege çalyp bilen mesgesini çalyp, üstünem mürepbe bilen ýetirip ertirlik edinýär. Işdäsi gaty gowy. Ýaz ýazyjym! Nämä meni geň gören bolýaň? Gözüm çaşarmandyr, eňegim gyşarmandyr. Ýa pis açamok. Şo bendelerem ýaşap, işläp ýörä? He-he...

-         Ýüregiň ýok halyňa, özüňi biri bilen deňeýäňem!?

-         Näme deňemän?! Pisaçan elinden-ýüzünden utanýar. Men utanjagam bolsam, ilki utanyp, soňam nämeden utanýaň diýenlerinde ýüregim ýok şondan utanýan diýäýmesem? He-he-he... Endamymyň sowugy aýrylaýsa gül ýaly adamdyryn-da...

...Ýok, ýok, bolmaz diýdi,

Emma özi ýylgyrýar... O! Arak! Arak içsem gyzaryn-a!

Men jogap bermän durup bilmedim:

- Ölseň, agzyňdanam aragyň ysy gelip dursa?

- Rahmaninow ýadyma düşýän bolsa ölesim ýok. Arak! Arak!

Ol adam açylmadyk çüýşäni şkafdan çykardy. Şol bir aýdymyna hiňlenjiräp iki sany ýumurtga çakyndy. Bir gaba pomidor, hyýar, sogan dograşdyrdy. Elli gram guýunmanka sakga durdy. Hasyr-husur geýindi. Meni gün şöhlesiniň radiasiýasy urup ýören bolaýmasyn diýip, biretkasynam kellesine sokdy.

Ädimleri näçe özüniňki däl ýalam bolsa, ylgawyny ýazman diýen ýaly dermanhana bardy. Derman ýasalýan otlaryň ysy burnuna urup, göwni açylyp gitdi. «Narpyzyň ysyny! Ýowşanyňam ysy bar. Ýüregimi barlasam, häzir gürsüldäp durandyr...» Elini usullyk bilen döşüne ýetirdi. Dym-dyrslyk. Elini döşüne goýmanda-da bellidi. Özüni köşeşdirip, ýürek dermanlaryndanam alaýyn diýdi. 

-         Gyzym şu ýürek diňlenýän zadyňyzdan...

-         Fonodoskopmy?

-         Hawa, hawa fonodoskop.

Ady dagy nähilaý. Hernä name etjek diýip soramaýanlaram gowy zat.

-         Birem termometr, ýürek dermanyndanam birini berseňiz.

-         Haýsysyndan?

-         Oňadyndan, güýçlüsinden.

-         Karwalol beräýeýinmi?

-         Beräý-beräý.

Satyjy gyz gözleri elek-çelek alyjysyna “Ýene näme gerek?“ diýýän ýaly diňkesini dikip durdy.

-         Sag bol gyzym.

Satyjy gyz bir müşderiden dyndym diýip, ähli ünsüni indiki alyja gönükdirdi. 

Puluny töläp gelensoň, alan zatlary eline berlende, ol adamyň bir hili duluklarynyň eti çekilip-çekilip gitdi. Şeýle-de çümre geýen, gulaksyz-guýruksyz biretkasyny aşak çekişdirip, dermanhanadan çalt çykdy.

Münen liftini dördünji gatda sakladylar. Dört-bäş ýaşlaryndaky ýaňy aglap diňen gyzjagazyny yzyna tirkäp lifte giren gelni ol tanaýardy. Dördünji gatda gaýny, altynjy gatda-da özi ýaşaýar. Lifte girip barşyna ol ýaşynjak ýaly etdi. Ýok, ýaşynjak bolmaýan eken. Endigine görä gyňajyny düzedişdiren gelin soň,  gaşyny çytdy-da durberdi. O barmana doly diňmedik çaga hynçgyrdy.

-         Hynçgyran bolma, nätseňem eneňlerde galaňok.

-         Enesini gowy görýändir-dä, saryja gyz.

-