BAÝDAGYMYŇ SESI (sonetler çemeni) | Eserler | Ylýas Amangeldi

BAÝDAGYMYŇ SESI (sonetler çemeni)

Sonetler cemeni | 0 teswir | 1342 okalan

1.

 

Ýazyksyz agajy gyşda gar örten,

Bu gün ýaz şemaly yralap geçdi.

Guş sesi, maýyllyk süňňüne ýeten,

Şahalaryň garyn bogunlar içdi.

 

Watanym göterdi ilkinji Tugun,

Ilkinji azanyn aýydýar diller.

Ýaryl, ýaryl, ýaryl ýaşyl pyntygym,

Seniň ýarylarňa garaşýar iller.

 

Büren ýaşyl Baýdagymyň reňkine,

Ýaşyllyk dirilik, ýaşyllyk dowam.

Ýaz bilen ene ýer geler görküne,

Baýdagmyň mähri bar ýüzünde howaň.

 

Baýdakly ilimi bagtdan alamat,

Ýazda gujaklady ýaşyl dowamat.

 

2.

 

Ýazda gujaklady ýaşyl dowamat,

Ilimi aýlanyp çykdy öýme-öý.

Hem diýdi bu Baýdak saňa amanat,

Geljek üçin aýa, hem ýürekden söý.

 

Pyntyk gabygyny ýaran ýaş ýaprak,

Ala-bahar çekinmedi sowukdan.

Kyndy ondan geljek miwäni görmek,

Ol ýönekeý bir nyşandy gowlukdan.

 

Ol ýönekeý bir nyşandy, baýdakdy,

Pasyrdaýar ähli zatdan ýokarda.

Şeýle tämiz – gundagdaky bäbekdi,

Çaň-tozan, kir-kimir asla ýok onda.

 

Baýdagym halkymdan nur alan eken,

Ýaşyl Tugly bolmak bagtyna ýeten.

 

3.

 

Ýaşyl Tugly bolmak bagtyna ýeten,

Başym gurban sada, agras ilime.

Näme diýse diýibersin öňýeten,

Başyna ger gelenleri diline.

 

Il-günüň bolmasa, Aý-Günüň dogmaz,

Dogsa-da kyn bolar ýaşmasy olaň.

Şatlansaň şatlygyň ýürekden bolmaz,

Ýürekdendir diňe, gaýgy-gussalaň.

 

Hiç musulman ýolugmasyn bu derde,

Aglasa gözýaşy topragna damsyn.

Gülende gülksi durmasyn ýerde,

Öz iliniň Asmanyna ýaýrasyn.

 

Özüçe gussaly, hem özüçe şat,

Asuda, parahat biziň bu raýat.

 

4.

 

Asuda, parahat biziň bu raýat.

Dagy deý berkarar, çölleri deý giň.

Oňa goşulmaga ber maňa gaýrat,

Ilden üzňe gelse şatlygym – görgim.

 

Egsilmesin berekedi ilimiň,

Saçagymda türkmen çöregi bolsun.

Biribardan ilkinjisi dilegmiň,

Perzentlermiz türkmen gerçegi bolsun.

 

Bilsin, öz iliniň derdini bilsin,

Gözlemesin ýat illerden ryzkyny.

Iň ownuk ýetmezler gözüne ilsin

Ony gorkuzmasyn işleriň kyny.

 

Şol gerçekler ýaşyl Tuguň eýesi,

Hiç sese meňzänok Baýdagyň sesi.

 

5.

 

Hiç sese meňzänok Baýdagyň sesi,

Guşlar ganat kakýar oňa öýkünip.

Hol uzakda Sanjar begiň türbesi,

Aşykaýdyň pir oýandy silkinip.

 

Ygşyldaýar ol gadymy ak bugdaý,

Gökdepe galasy ýatarmy sessiz?

Bu ses – şaýat bolsun ýokarda Hudaý

Ýüregmiň töründe eşdilýän sesdir.

 

Sesidir ol bedew atlaň toýnagnyň,

Halyçy geliniň daragnyň sesi.

Bu türkmeniň ýaslarynyň-toýlarnyň,

Baýdagynda jemlenendir hemmesi.

 

Gelerine garaşylan asyrlap,

Galkyndy ol al howada pasyrdap.

 

6.

 

Galkyndy ol al howada pasyrdap,

Gökde Güneş diňledi oň aýdymyn.

Başymy sypady enem pyşyrdap,

Kalbymy sypady ýaşyl Baýdagym.

 

Ýaşyl Tugum – her sapagy bir türkmen,

Her erşi türkmeniň ýüregniň tary.

Örki tutulmyşdyr şeýle bir berkden,

Ýyldyzlary süýnmez, tutulmaz Aýy.

 

Daýhana maýsaly atyzy Baýdak,

Seýislere Baýdak seýislän aty.

Mährem enelere ak gyzy Baýdak,

Esgerleriň beren peýmany, ähdi...

 

Barmydyr dünýede mundan ötesi,

Tugumda ilimiň geljek ertesi.

 

7.

 

Tugumda ilimiň geljek ertesi,

Beýik bolsun haram eller ýeterden.

Her ile öz tugy tuglar seresi,

Hem ary-namysy göge göterlen.

 

Diňe dabaralaň bezegi däl ol,

Bir ädim ters bassam Baýdakda yzym.

Saňa, maňa, öz halkyna meňzär ol,

Derýam deý okgunly, çölüm deý gyzgyn.

 

Ýat illerde Baýdagyňdan tanarlar,

Baýdagnam tanatjak ýene il-halkdyr.

Geçmişimi bezäp otyr danalar,

Geljegimiň ýoly Aýdyňlyk, Hakdyr.

 

Ilimi kyn günde gelipdir gollap,

Ynanjy - daýanjy ençe asyrlap.

 

8.

 

Ynanjy - daýanjy ençe asyrlap,

Günä işden saklan, haramdan goran.

«Halalda hasap bar, haramda azap...»,

Muny ýazan türkmen türkmendir örän.

 

Başym gurban şol ärleriň ýoluna,

Başym gurban ynanjyna atalaň.

Pähim paýlap gezen sagy-soluna,

Azan bilen ak daňlaryn atyran.

 

Pyntyk ýaryp, baýdaklary galgadan,

Gadym ýeller wyždanymy oýarsyn.

Halal lebiz bilen urulsyn gadam,

Ýaş akyllar halallykda goýalsyn.

 

Baýdagym, sen meniň lebizim, sözüm,

Esger bolup epdim öňüňde dyzym.

 

9.

 

Esger bolup epdim öňüňde dyzym,

Wepalylyk kasamymy kabul et.

Sap tutar öňüňde oguldyr-gyzyň,

Şu günümden ertirimi kämil et.

 

Nämedir ol, köp dilenýän kämillik?

Köp ýurdy «ösüşi» eltdi duzaga.

Hakyň ýoly, Bitaraplyk, pespällik,

Alyp gitse gerek bizi uzaga.

 

Bu gün göge garap, bakyp Baýdaga,

Öz kalbyma bakýan, beýninimi dörýän?

Aýt Baýdagym, başym saňa sadaga,

Bolmaýyn men öz aýbyny görmeýän.

 

Agaram berme bu gün goşarma diňe,

Seni saýlap dikdim iň beýik diňe.

 

10.

 

Seni saýlap dikdim iň beýik diňe,

Nusga almak üçin tämizligiňden.

Hem özüme bakdym, seredip siňe,

Daşlaşýan bolmaýyn gönezligimden.

 

Tapylar «köneçil» diýenler maňa,

Gyzymyň köýnegni dilmäni üçin.

«Şol kösenip ýörsüň» diýdiler maňa,

Ýaranjaňlyk edip bilmänim üçin.

 

Maýyşgak bolýarmyş ösen düşünje,

Men beýle wyždana betbagt diýdim.

Ýeke ýazyk üçin çekilip künje,

Müň gezek, müň gezek özümi iýdim...

 

Meniň bar baýlygym päk ogul-gyzym,

Iň beýik gymmatym saçagym, duzum.

 

11.

 

Iň beýik gymmatym saçagym, duzum,

Onuň halallygy ýeterlik maňa.

Halal ogullarym, ahlakly gyzym,

Bilýärin ýetirer arzyly daňa.

 

Azman diýenleri azdyrma diýip,

Ak säherde çyn ýürekden dilärin.

Hem şükür ederin halaldan iýip,

Ilimde arkaýyn ýaşap bilýärin.

 

Döredip bilýärin, bilýärin gurup,

Orup bilýän, ekenimi atyza.

Ýitgilerem bardyr, sanalsa durup,

Ýöne ýitgim üçin dolanman yza.

 

Serim goýsam Garaşsyzlyk diňine,

Din-imanym hemem Tugum bar diňe.

 

12.

 

Din-imanym hemem Tugum bar diňe,

Gijämi ýagtyldan umydym, ýolum.

Olarsyz ýaşanlar ýetmez menzile,

Tanamaz dost-duşman, sagyn hem solun.

 

Baýdagym Watanym, iman – halallyk,

Maksadym – Watana halal hyzmatdyr.

Olarsyz durmuşym galar garalyp,

Depämde Güneş ýok, ömrüm zulmatdyr.

 

Säherde jahanyň ýagtylşy ýaly,

Kalbym ýagtylmasa ynanç nuruna.

Panylyk deňzinde ömrümiň saly,

Alyp gitse eger, islän ugruna,

 

Kim bilýär, çykarar, ol onsoň nirden?!

Sylynmaz hatamyz bu ene ýerden.

 

13.

 

Sylynmaz hatamyz bu ene ýerden,

Baş-başdaklyk bolsa, gidilse aşa.

Köňlüm haramlykdan, nebisden, şerden,

Tugum kimin bir gez ýokarda ýaşa.

 

Ýaz şemaly kimin şadyýan bol sen,

Tuglary pasyrdat, pyntyklary ýar.

Ýöne, bir watandaş aglaýan bolsa,

Munda her ildeşiň günä paýy bar.

 

Kime dagdan agyr, kime bir zerre,

Goňşusynyň ýatyrmaýan ünjüsi.

Maňa bagt, duwlanamda bu ýere,

Ilime bagş etsem ömrüm hünjüsin.

  

Aýdyň, bize kömek bolar nireden?

Ejiz gelsek Baýdagmyzy söýerden.

 

14.

 

Ejiz gelsek Baýdagmyzy söýerden.

Geljegiň öňünde günäkärdiris.

Hiç dilgir bolmasyn, „gitjek” „gelenden”,

Her säherde şuny diläp örýäris.

 

Ine şu maksady ýürekde besläp,

Bäbekhalaryň agzyn saklalyň.

Haramdan daş durup, halaly isläp,

Hakdan gelen duz-nygmaty haklalyň.

 

Watanymyň kalby bolup urýandyr,

Hiç ýatmaz baýdagmyň mukaddes sesi.

Ynanýaryn bu garaşsyz Diýaryň

Bu gününden zyýadadyr ertesi.

 

Misli ýasalypdyr, Watanmyň zerden,

Ýazyksyz agajy gyşda gar örten.

 

MAGISTRAL

 

Ýazyksyz agajy gyşda gar örten,

Ýazda gujaklady ýaşyl dowamat.

Ýaşyl Tugly bolmak bagtyna ýeten

Asuda, parahat biziň bu raýat.

 

Hiç sese meňzänok Baýdagyň sesi,

Galkyndy ol al howada pasyrdap.

Tugumda ilimiň geljek ertesi,

Ynanjy - daýanjy ençe asyrlap.

 

Esger bolup epdim öňüňde dyzym,

Seni saýlap dikdim iň beýik diňe.

Iň beýik gymmatym, saçagym, duzum,

Din-im

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.