HYŞY-WYŞY | Eserler | Ylýas Amangeldi

HYŞY-WYŞY

Goşgular | 0 teswir | 926 okalan


 

Hyşy-wyşy, hyşy-wyşy...

Lenç etdi gyşy.

Gyş, hamala, tomsy söýenmiş.

Emma, ara düşenmiş ýaz.

Şondan bärem gyşy,

Buz örtüp doňmuş.

Hem ondan gelýärmiş aýazly owaz.

„Bu baharjyk kimmiş, ýazjagaz kimmiş”

 

Gyşyň „ýazjagaz” diýýäni ýumşajyk ýagyş,

Garlary erdeýän, buzlary ýarýan.

Egni gyrmyzdonly ala-ýaz ýigit,

Bilbilleri hoş owazly saýraýan.

Desse-desse güllerini

Sowgat edýän tomusa...

„Ýazjagaz” diýibersin

Bularyň barysy gyş üçin gussa.

 

Hyşy-wyşy, hyşy-wyşy.

Tomusda galňan ýapraklar pyşyrdap,

Hyşyda-wyşy.

Hamana tomus ýat edip gyşy,

Ýanýarmyş .

Käteler öýlänçi gelip, şybbyrdap,

Ýagyş ýagýarmyş.

Ýöne ol asla ýagyş däl,

Tomsuň döken gözýaşymyş...

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.