GÜNÜŇ DOGMAGY AŇSATMY? (Dowamy) | Eserler | Ylýas Amangeldi

GÜNÜŇ DOGMAGY AŇSATMY? (Dowamy)

Powestler | 1 teswir | 2363 okalan


Biziň göwnümize bu meseläni oglanyň özi çözmeli ýalydy hem okuwa barmanlygy üçinem öz ýanymyzdan ony günäkärleýärdik. Oglan «Näme üçin mekdebe baraňok?» diýen sowalymyza ýere bakyp, jogap berip bilmän durdy. Kakasy ara goşuldy: „Ony men okuwa goýbermedim». Biz: „O nämüçin?“ diýip, geň galdyk. Oglanyň kakasy ýüzüni kese sowdy-da: „Häzir oglumy Könä ugradyp okatmaga ýagdýym ýok“ diýip jogap berdi. Biz oglanyň ýiti zehininden söz açdyk. Emma öý eýesi: „Ýagdaýym ýok“ diýip, bir depen ýerini depip durdy. Şonda Ferit beý: „Siz zady gaýgy etmäň. Ogluňyzyň okuwa gitmegine razylyk berseňiz, ýagdaýyny özümiz taparys“ diýdi. Emma munuň bilenem ol adam razy bolmady. Ýogsa olar biziň gelenimize begendiler. Myhman aldylar. Duz-çörek iýdik. Oglan mekdebe gitmäge hernäçe höwesli bolsa-da, kakasy razy bolmasa gidip biljek däldi. Biz yzymyza gaýtdyk. Bir-iki gün oglan geler diýip garaşdyk. Emma ol gelmedi. Ferit beý onuň yzyndan ýene-de gitdi. Köneürgençden azyndan kyrk kilometr uzaklykda çöl içinde ýerleşýän şol oba gumak ýol bilen gidip geläýmek aňsat däldi. Üstesine-de işiň bitjeginden bitmezi ýakyndy. Hakykatdanam Ferit beýiň ikinji gezek gitmesem netije bermedi. Emma ol üçünji gezek gitdi. Şol gezegem oglany ýany bilen alyp geldi. Ferit beýiň azaby ýerine düşdi. Ol çaga klaslarynda iň oňat okuwçylaryň hatarynda mekdebi tamamlady. Oňa Tagandurdy Tekemädow diýýärler. Soň Türkiýäniň Konýa şäherindäki Seljuk uniwersitetinde okady. Tagandurdynyň mekdepde okan ýyllarynda birnäçe gezek kakasam, ejesem mekdebe gelipdir. Öýlerine barsak Ferit beýe şeýle hormat edip nirede oturjaklaryny bilmeýän bu maşgala, mugallymlar bolup birnäçe gezek bizem myhmançylyga gidipdik. Her baramyzda olar bize alkyş baryny aýdardylar.

Arda beýiň gürrüň berýän oglany Tagandurdyny men tanamaýaryn. Olam ýurdumyň ýaşlaryndan biridir. Konýa ýaly meşhur şäheriň uly uniwersitetinde okany üçin özüni bagtyýar duýýandyr. Mugallymlaryna — Ferit beý, Arda beý ýaly adamlara duşmagyň nesibesinde bolandygyna şükür edýändir, hem olara baky minnetdardyr. Belki onuň şolardan öňürti minnetdarlyk aýtjak adamsam ýokdur.

Hajy Muammer Türkýylmazyň mekdep açyşlary baradaky gürrüňinden ýene bir parça:

„Biziň Türkiýede ilkinji hususy mekdebi açmagymyza bir geň waka sebäp bolupdyr. Bizde Amerkianyň Birleşen Ştatlaryndan gelip mekdep açanlar hem bar. Şol mekdepleriň birinde okaýan oglanjykdan: „Okuw gowumy?“ diýip sorapdyrlar. Olaryň arasynda şeýleräk gürrüňdeşlik bolup geçipdir.

    Hawa gowy.

    Mugallymlaryňam gowumy?

    Hawa.

    Mekdebiňem gowumy?

    Gaty gowy.

    Sen mugallymlaryňy gowy görýärmiň?

    Elbetde, gowy görýän.

    Nähili gowy görýäň?

    Nahilimi?! Mugallymlarym kakaňy ur diýseler uraryn.

    Çynyňmy?

— Eger çynym. Çünki kakam men ýatyrkam işden gelýär, turmankamam işe gidýär. Dynç günlerem dostlarynyňka, ýa-da balyk tutmaga, awa-şikara diýip çykyp gidýär. Maňa barmysyňam deýenok. Emma mugallymlarym mydam ýanymda. Okuw okadýarlar. Erbet baha alsam „Zyýany ýok, gowja taýýarlansaň bahalaryň gowlanar“ diýip, maňa göwünlik berýärler. Gowy baha alsam „Berekellamy“ ýetirip meniň bilen oturyp şokaladly çaý içýärler. Mugallymlarym meni kakamdanam gowy görýär. Onsaň näme üçin men olaryň ur diýenini urmaýyn…

Ine şu gürrüňdeşlikden soň ol adam Türkiýede türkleriň özleriniň şeýle mekdepleri açmalydygyna göz ýetiripdir. Şeýdibem türk hususy mekdepleri açylypdyr.

Amerikanlaryň açan mekdeplerinde zehini ýiti, aýratyn tapawutlanyp okan okuwçylar soň Amerika okuwa gidip, şol ýerde-de galypdyrlar. Muňa dünýäde zehinlileriň göçüp gitmegi diýýärler. Bizde welin beýle niýet ýok. Türkmen çagalaryna Watany söýmegi, onuň Prezidentine wepaly bolmagy ilkinji günlerden öwretmäge başlaýarys. Ene-atalar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarys. Hakykatdan-da biziň mekdebimizi türkmenleriň iň zehinli çagalary okap gutarýar. Olaryň ilkinji toparlary dünýäniň dürli künjeklerinde bilimlerini ýokarlandyryp öz Watanlaryna gaýdyp geldiler. Bu ýagdaý göz öňünde tutulyp, düýnki okuwçylarymyzdan düzülen mugallymlara aýratyn mekdep bölünip berilse, olaryň näderejede Watansöýüji, nä derejede başarnykly bolup ýetişendigi iş ýüzünde görünerdi. Men şeýle günleri görmegiň arzuwyny köp edipdim. Allaha şükür o günlerem gelip ýetdi…“ 

            Gadymy Merwiň ylym ojaklaryny ýatladýan Mary şäherindäki türkmen-türk mekdebine aýlanyp ýörüs. Asmanda aý dogup, ýyldyzlar patrak ýaly bolupdyr. Mekdep welin henizem hereketde. Çagalara agşamky taýýarlyk sapaklary berilýär. Olaryň iki-ýeke öňümizden çykany edep bilen salam berip gyra çekilýärler. Ýumşak, mylaýym sesli, alňasaman gürrüňini dowam etdirip gelýän müdir Arda beý çagalaryň salamyna baş atyp jogap bermegem unutmaýar. Olam içinden edil hajy Muammer aga ýaly öz elinden uçurym bolan okuwçylarynyň bu günler ýokary bilimli, berdaşly ýigitler bolup Watana gaýdyp gelip başlanyna begenýärdi, şükür edýärdi. Hemem olaryň arasynda halanmaýanlarynyň bolmazlygyny dileg edýärdi. Biz türkmen-türk mekdepleriň açylan ilkinji ýyllaryny, Arda beýiň Köneürgençde işlän döwürlerini ýatlap dowam etdirdik. Men oňa Ferit beýiň beren gürrüňini ýatlatdym.

— Ferit beýem siz barada bir wakany gürrüň berdi. Dogrusy ynanar ýalam däl. Köneürgençde gyrasyny syçan deşen gutulardaky miwe suwuny dökmäge dözmeýşiňiz hakynda.

— Hä-ä. Şeýle waka bolupdy. Türkmenistana ýaňy gelen döwürlerimizdi-dä. Köneürgenjiň suwuny duzly görüp içip bilemokdym. Şonda müdirimiz Kayr Baljyň Aşgabatdan getiren miwe suwlary hezil beripdi. Ol kagyz gutujyklardaky miwe suwlaryny hemmämize deň paýlap berdi. Her kim paýyny ýaşaýan otagyna äkidip islän wagty alyp içýärdi. Men ol wagtlar taryh mugallymy, degişmäni halaýan Ýusuf Karakaş bilen bile ýaşaýardym. Syçan deşen miwe suwly gutularam şoňky bolmaly.  Ol miwe suwlaryny az-azdan tygşytly içýän eken. Men öz paýymy sanaýmaly günüň içinde içip gutaryp onuňkydan haýyş etmäge başladym. Ol maňa öz paýyndan bermedi. Hakyňa kaýyl bol dost diýdi. Menem ilki bolýar diýdim. Emma bir-iki günden ýene dilenip ugradym. Olam maňa ýekejesini bermäge razy boldy. Miwe suwlaryny ol ýatýan krowadynyň aşagynda uly kagyz çelekde saklardy. Biz çelegi çekip çykaryp gösek içi gök suw. Içindäki miwe suwly gutujyklary syçan deşipdir. Aşagyndan deşilen gutujyklar boşapdyr. Bilinden deşilenleri ýarty. Depesinden deşilenlerem bar. Garaz özümiziň gysganyp, içmäge dözmän ýören suwlarymyzy syçanlar paýhyn edipdir. Biz derrew içinde miwe suwy dökülmän galan gutujyklary penjiräň öňüne düzüp goýduk. Akanlaryny daşaryk zyňdyk. Ikimiziňem gözümiz syçan degen gutujyklarda. Näme etmeli? Olaram zyňmalymy? Syçandan keseliňem geçip biljekdigi ikimizede belli. Emma şonda-da negözel miwe suwlaryny daşaryk dökmäge dözmedik. Ilki men birini içdim. Soň ýoldaşymam içdi. Hernä ikimize-de zat bolmady. Häzir o wakalara ynanar ýalam däl. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynyň gytçylyklaryny bizem gördük. Häzir bolsa bazara çyksaň islän zadyň bar. Ýene-de on ýyldan dagy Türkmenistan gör nähili bolar! Şonda biziň mekdeplerimizi tamamlan okuwçylarymyzyň hersi bir käriň eýesi bolar. Şonda olaram edil ikimiz ýaly hem buýsanç, hem azajyk gussa bilen geçenleri ýatlasa gerek…

   

ATA WATANY GÖRMEK HÖWESI

 

Öz Watanynda dünýä inip, onuň duzuny iýip, suwuny içip ýaşap ýörenler üçin indiki wakamyz has hem gyzykly bolsa gerek. Ony maňa Daşoguz türkmen-türk mekdebinde müdiriň orunbasary bolup işlän Mehmet Sukas gürrüň berdi.

«1996-njy ýylyň iýul aýynyň ilkinji günleridi. Biz täze işe durýan mugallymlary kämilleşdiriş seminarlaryna ýaňy başlapdyk. Tejribeli mugallymlar biziň bilen dürli ugurlardan sapak geçýärdi, tejribelerini paýlaşýardy. Şeýle sapaklaryň birinde Hasan Jandan diýen mugallymymyz dersimize girip: «Orta Aziýa işe ibermek üçin mugallym toplanýar» diýip bildiriş aýtdy we ol ýurtlar hakynda gysgajyk gürrüň berdi. Hasan beý gürrüňini soňlap-soňlamanka ýoldaşlarymyzyň bir topary gürre örüp «Agam, meniň adymy ýazyň» diýip biri-birini öňürtjek bolýardy. Men olaryň bu bolşuna haýran galdym. Bu ne beýle hyjuw, ne beýle höwes? Içimden «Menem gidäýsem näderkä?» diýdim. Ýanymda oturan ýoldaşym Şeref Koýunja ýüzlenip içimdäkini daşyma çykardym. Ol meni bu pikirden dändirer öýdüpdim. Emma olam «Gitseň gaty gowy bolar» diýdi.

Daş ýurtlary görmek, ol ýerlerde işlemek höwesi kalbymy heýjana salmaga başlady. «Meniňem adymy ýazyň» diýip nädip elimi galdyranymy bilmedim. Adyny ýazdyranlar sapakdan soň bir ýere toplandylar. Adyny ýazdyrmaga gelýänler şindem tapylyp durdy. Şol iki arada biri: “Meniň adymy çyzsaňyzlaň. Gitmegime enem-atam razy däl“ diýdi. „Öýňüzdäkiler garşy bolsalar bolmaýar“ diýip, onuň adyny sanawdan öçürdiler. Meniňem öýmüzdäkileriň gitmegime garşy boljaklary gürrüňsizdi. Şol sebäpli adymyň sanawdan öçürilmegini menem haýyş etdim. Şol wagt kimdir biri ara goşuldy. Men haýyşymy ýene bir gezek gaýtaladym. Emma meni diňlän bolmady. „Aý, bähbitlisi bolsun-la“ diýip men soň adymy çyzdyrjak bolup yzyna düşüp ýörmedim. Biz – adyny ýazdyranlar uzak ýollary aşyp nirädir bir ýerlere gitmegiň, henize çenli görmedik ýerlerimizi görmegiň keýpine düşüpdik. Şol keýp bilenem goş-golamlarymyzy alyp Şirinewden Kadyköýe ýola düşdük.

Bizi Kadyköýde örän mährem garşyladylar. Ol ýerde aýdylan göwnüňi göteriji sözler, güler ýüzler uzak ýurda gitmegiň ilkinji tolgunmalaryny el bilen syrylan ýaly etdi. Dürli çäreleri öz içine alýan tutumly seminar başlandy. Wagtyň nähili geçýäni bildirmeýärdi. Öýmüzdäkileriň welin bu zatlardan habary ýokdy. Ahyry bir gün maý tapyp kakama telefon etdim. Niýetimi, ýagdaýlarymy gürrüň berdim. Ol ilkinji sözünden maňa garşy çykdy. Düşünişmäge başladyk. Hernä ýuwaş-ýuwaş onuň kalby ýumşady. Meniň niýetimden dönmejekdigime öýmüzdäkileriň hemmesi düşündi. Olarda meniň bilen baglanyşykly tolgundyryjy hem özleri üçin täsin başdan geçirmelere garaşmakdan başga alaç galmady. Günler geldi geçdi – biziň alys ýurtlara ugrajak wagtymyzam gelip ýetdi.

Awgust aýynyň soňky günleridi. Kyrk bäş gün seminarda bir dogan ýaly bolup giden ýoldaşlarymyň hersi bir ýurda gidýärdi. Men Aşgabada – Türkmenistana gitmegi ýüregime düwenimden soň, demim gursagyma dolup, özümi türkmen iline düşen ýaly duýmaga başladym. Özümi aslyma tarap uçup barýan, ýa-da, aslym meni özüne tarap sorup-çekip barýan ýaly boldy. Bu üýtgeşik, ýazyp beýan edip bolmajak bir duýgudy.

Türkmenisatana gitjegimi öýmüzdäkilere habar edemde olaram mençe begendiler. Her kim Türkmenistan, Aşgabat diýşip Ata Watan hakynda bilýänjelerini gürrüň berjek bolýardy, bilmeýänler bolsa kartalary, kitaplary agdaryşdyryp üýtgeşik gyzykly zatlaryň üstünden barmaga çalyşýardylar. Indi Türkmenistan hakynda aýdylan her bir söz maňa has ýakyn, özüme degişli ýaly eşidilýärdi.

Biz gije sagat on ikide Ankara, ertesi günem ol ýerden Aşgabada ugramalydyk. Oňa çenli öňde tutuş ýarym gün bilen ýarym gije ýatyrdy. Şol wagt ol maňa bir ýyl ýaly uzak göründi. Wagtymy geçirmek hem-de „Asla senden aýrylman“ diýýän Ystambulym bilen hoşlaşmak üçin şähere çykdym. Öz ýanymdan mähriban şäherime „Seni gaýdyp görmezligimem mümkindir“ diýip bozuldym. Şäherimi, önüp-ösenje ýerlerimi aýlanyp daru-giň köçelerden, dükanu-bazarlardan, metjitdir ýadygärliklerden, özboluşly, esasan goňras ystambullylaryň ýüzlerinden edil suwdan ganan ýaly ganasym gelýärdi. Emma hernäçe aýlansamam bu mümkin däl eken. Aýlanyp-aýlanyp ýene öýmüze bardym. Öýde goşlarymy ýygnamaga oturdym. Kakamyň ýaňy satyn alyp gelen goş sumkasyna doganlarymyň ütükläp taýýarlan egin-eşiklerimi salyşdyrdym. Bir zady alsam başga bir gerekli zadym galyp barýan ýalydy. Kakam ýumşak oturgyja çümüp, gamgyn gözleri bilen meniň hereketlerimi sypdyrman synlap otyrdy. Ejemem şähere diýip çykan eken. Ol heniz gelmändi. Telefonyň jyňňyrdysy bizi aýralyk hakyndaky oý pikirlerden oýardy. Men telefony aldym.

    Hawa.

    Fatma Sukaslaryň öýümi?

    Hawa.

    Siz onuň nämesi bolarsyňyz?

    Men ogly. Muny näme üçin soradyňyz?

    Ejeňizi maşyn kakdy. Häzir ol Göztepe keselhanasynda. Ýanynda gyzjagazam bar.

    Ejemiň ýagdaýlary nähili, ýagdaýlary nähili? Çaltyrak aýtsaňyzlaň.

    Howply bir zat ýok, ýöne gyssagly geliň.

Meniň sesimi eşidip oturan kakam oňlulyk däldigini aňyp zöwwe ýerinden galdy.

    Kimdir biri ejeňi maşyn kakdy diýýär, Göztepe keselhenesyna äkidenmişler.

Bu aýdanlarymy eşidip kakam doňup galdy. Gyz doganym aglaýardy. Men bolsa aljyrap, näme edýänimem bilemokdym. Birden kelläme „Ejeme hiç zat bolan däldir. Agşam Ankara ugramaly wagtym gelinçä, hemme zat gowulyk bolup gider. Aljyramaly däl“ diýen düşünje aýlandy. Özüme geldim. Ýüki öz üstüme almalydygyma düşündim. Gyz doganyma azymly ses bilen: “Näme bolanyny bilemizok, nämä aglaýaň? Derrew kakama suw ber” diýdim. Kakam özüni dürseýänçä men çalt geýindim. Kakama “galaý” diýsem boljak däldi. Olam geýindi. “Aýşe siz Emine bilen öýde galyň” diýýänçäm Emine-de aşhanadan geldi. Ol bolan wakany eşidip özünden gidip çaşdy. Emma oňa güýmenmäge bizde wagt ýokdy. Uýasyna Aýşe kömek etmäge durdy. Men ätýaçdan ýüzugra goňşularymyzyň gapysyny kakyp bolan wakany aýtdym hem öýdäkilere göz-gulak bolmaklaryny haýyş etdim.

Kakam bilen keselhana gyssanyp taksili barýarkak men içimden ejeme zat bolmazlygynyň hem Türkmenistandan galmaly bolmazlygymyň dilegini edýärdim. Kakam welin offuldap birden-birden uludan dem alýardy. Men sagadyma seretdim. On ikä çenli entek maý bardy. Biz on bäş minudyň içinde keselhana geldik. Ejemiň eltilen palatasyna tarap kakamyň öňüne düşüp ylgap barýardym. Içimdenem dilegimi gaýtalaýardym. Birden ejemiň ýanyndaky jigimiň aglaýany eşidildi. Emma ol hopukdyryjy agy däldi. Ýüregim düşüşse-de, agy sesiniň gelýän otagyna tarap ylgawymy ýazdyrman bardym. Otagyň gapysyny açamda, Hudaýa şükür, ejemiň tagta diwanda oturanyna, onuň öňünde aglamjyrap dik duran jigime, hem onuň eňeginiň çapylan ýerini çatyp duran iki doktor bilen bir şepagat uýsyna gözüm düşdi. Kakamam yzymdan ýetip geldi. Gorkanymyzy görüp ejem: „Bize bolan zat ýok. Hilal jigiň eňegi çapylypdyr. Onam häzir tikerler. Gorkmaň, bolan zat ýok“ diýip, biziň aladamyzy edýärdi.

Kakamy otagda galdyryp men telefonly ýere ugradym. Öýe telefon edip, maňa birbada ynanmajak bolan doganlarymy köşeşdirdim. Çöregimiz bitin eken. Ýene-de bir gezek Hudaýa şükür etdim. Sagadyma seretdim. Sagat ýaňy bäş bolupdyr. Doktorlar jigimiň ýarasyny derrew tikdiler, dermanlap daňdylar. Emma keselhanadan çykan mahalyň doldurmaly kagyz işleriniň bir topar hysyrdysy bardy. Ejemi kakdyran maşynyň sürüjisem biziň geljek kararymyza garaşyp oturan eken. Men onuň bilen wakanyň bolan ýerine gidip gelmeli boldum. Sürüjiniň uly bir günäsi ýok eken. Ejem Türkmenistana gitmänkä oglum bilen biraz köpräk otursam bir peýdam diýip, ýoluň beýleki tarapynda saklanan awtobusa ýetişmäge  howlugyp çepinden maşynyň ýetip gelýänini görmändir. Hernä Hudaý sowupdyr. Aňyrdan gelýän maşynyň sürüjisi maşynynyň badyny ýatyrmaga ýetişipdir. Wakanyň bolan ýerinden keselhana gaýdyp gelsem kakam sürüjini „Gözüň gapykmydy?“ diýip gyssap otyr. Sürüjiniň haly teňdi.

    Kaka, wakaň bolan ýerini görüp geldim. Sürüjide känbir günä ýok. Azar berme gitsin. Bize öýde-de garaşýandyrlar.

    Oglum, emma… bolmaz-a…

    Bolar, kaka.

    Sen onda bu gije gidýärmiň?

   

Ejem bilini agyrdan eken. Doktorlar oňa-da däri derman etdiler. Şeýde-şeýde gije onuň ýary töwereginde biz öýe bardyk. Aýdyşym ýaly Ystambulda ýaşaýan garyndaşlarymyzdan eşideni kimsi öýe barypdyr, kimisi keselhana. Olaryň arasynda bu bolan wakadan habarsyz meni ugratmaga gelenleri hem bardy. Içeri girdik. Gijä galan agşamlyk naharymyzy köpçülik bolup iýdik. Nahar soňy çaý başyndaky hoşlaşyk söhbetine ýazyp gitdi. Ejemiň şähere çykmanka taýýarlan süýji tagamlaryny hem iýip on bir otuzda hemmeler bilen hoşlaşyp öýden aýryldym. Yzymdan näme gürrüňlerimi etdiler, maňa nähili düşündiler, bilmedim.

Emma men ýolumdan alyp galmadyk, niýetimi böldürmedik Hudaýa şükürler edýärdim. Yzymda galan gözi ýaşly ejemi, duýgularyny daşyna çykarmajak bolup özüni horlaýan kakamy, gözleri bilen „Bizi taşlap gidiberjekmi?“ diýýän uýalarymy Allaha tabşyryp, aladalaryndan ýaňa biraz egni gysyk, biraz gussaly ýolagçylygymy dowam edip, kepemeýän höwes, öçmeýän hyjuw bilen nirdesiň Ata Watan diýip gidip barýardym…      

Bu ýazgylary okap çykanymdan soň „Hernä ýalňyşmansyň dälmi?“ diýen soragly nazaryma Mehmet: „Şeýle hyjuw, şeýle höwes bilen gelen ýurduňda ýüzüňe urulman ähli yhlasyňy goýara ýagdaý tapylyp zähmet çekmegiň herkese-herkese ýetdirmeýän bagtdygyna düşünip, şükürler edip ýörenime eýýäm bäş ýyl bolupdyr“ diýip jogap berdi. Gürrüňdeşimiň söýünçli sözlerinden soň sesimi çykarman durmajak bolup menem: “Wagt çalt geçýär” diýdim. Hakykatdanam, işi, ömri şowuna adamlara wagt çalt geçýär.

 

UÇMAGA HÖWESLI GUŞLAR

 

Marydaky türkmen-türk mekdebiniň müdiri Myrat Öztürk bilen agşamara çagalaryň «ýurduna» aýlanyp ýörüs. Türk dilinde umumyýaşaýyş jaýyna «ýurt» diýilýän eken. Hakykatdanam çagalaryň okuwdan soň ýatýan, dynjyny alýan iki gat krowatlary düzüm-düzüm goýulan otglar çagalar ýurdudy. Ol otaglaryň howasynyň ysam başgady. Okuwçylar boýunlaryndan galstuklaryny aýyrypdyrlar, ütüklengije balaklar şifonerlerden asylypdyr. Ýeňiljek, öýlerindäki ýaly geýinen çagalar ýeňilem gopýarlar. Emma mekdebiň müdiri görnenden olaryň sesleri pesaýlady, oturanlar ör turup salamlaşdylar. Müdir beý ýekelikde berlen salamlara ýeke-ýeke jogap berip soň bolsa her otagda ýaşaýanlar bilen umumy salamlaşdy. Müdir beýiň salamyna oglanlaryň hemmesi birden, edil harby gullukdaky ýaly «salam» diýip jogap gaýtardylar. Müdir beý degişip: „Näme sesiňiz çala çykýar? Ýa okuwda ýadadyňyzmy?“ diýenden çagalar bilelikde has batly ses bilen „salam“ diýdiler. Bu „salamlaşmadan“ hoşal bolan Myrat beý hal-ahwal soraşdy. Soň beýleki klasyň otagyna, soň ýene bir klasyň otagyna, şeýdip ähli otaglara aýlanyp çykdyk. Her baran ýerimizde-de ýokardaky ýaly salamlaşyk, hal-ahwal soraşmak gaýtalanýardy. Men Myrat beýden çagalary şeýle tertiplilige ýetirmek kyn düşenokmy diýip soradym.

„Ýok. Türkmen çagalarynyň asly edepli. Men saňa aýtsam, Türkiýede-de Ýewropaň täsiri bilen çagalaryň edebi bärdäki ýaly däl. Üns beren bolsaň çagalar uly adamlary görseler ýerlerinden turup salam bermek bilen oňman iň bärkisi, edip oturan özara gürrüňlerinem goýýarlar. Men ilki-ilkiler olara näme ýaşyryn gürrüňiňiz barmy diýerdim. Asyl görüp otursam, türkmenlerde bu-da bir edep eken.

Ýene-de bir ýagdaý, bu çagalar döwlet mekdepleriniň iň saýlama okuwçylary. Ilkinji bäş klasda dogry edep alan, bilim almagyňam zerurlygyna düşünen çagalar. Öýlerinde ene-atalaram çagasynyň gowy okamygynyň aladasyny edýän adamlar. Onsaň bize biraz yhlas etmek ýeterlik. Guşuň uçmagy üçin näme gerek? Berk ganatlaryndan başga-da özüniň guşdugyny bilmegi gerek. Uçup biljekdigine ynamy bolmaly. Bizem okuwçylarymyzda bilimde halkara ýaryşlaryna gatnaşyp altyn medal almaga çenli ýetip biljekdiklerine ynamy döredýäs. Sapaklaryň iňlisçe geçilýändigi, kompýuter, uzakly günüň dowamynda esasan okuw bilen ýaşaýandyklary olarda şeýle ynamyň döremegine kömek edýär. Olar hakykatdanam derrew „uçamaga“ taýýarlanyp başlaýarlar.

Özara ýaryşlarda eňişiň süýji, ýeňilmegiň ajy tagamyny alýarlar. Onsaň gaýraty, zehini deň-duşlaryndan biraz ýokarrak bolan süriň öňüni çekip ugraýar. Olar onsoň durna ýaly düzülip uçup barýandyrlar. Durnalaryň hatara düzülip uçup baryşy her göreňde täsirlidir. Biziň okuwçylarymyzyňam okuwa yhlasyny, köpçülikdäki edebini görüp hemmeler haýran galýar. Biz bolsa olaryň ilkinji okan mekdepleriniň müdirlerine, mugallymlaryna, ene-atalaryna çuň ýürekden minnetdarlyk aýdýarys.“

Ýaşyl baýdagyň öňünde oňa togap etmek üçin düzülen, birmeňzeş geýinen okuwçylaryň hatary hakykatdanam Myrat beýiň aýdyşy ýaly alyslara uçup barýan durnalaryň hataryny ýatladýardy. Ilki ýokary klaslylar, soň olaryň aşak ýanyndakylar, soň olardanam kiçiler klas-klas düzülipdirler. Olaryň hersi bir umyt, hersi bir buýsanç, guwanç, söýgi. Bulary tanasaň, gürleşseň, edep-terbiýe berseň, hatda häzir meniňki ýaly keselerinden synlap otursaňam göwnüň galkynýar. Hersiniň gursagynda hrustaldan ýasalan ýaly zarňyldap duran ýürekleri bardyr. Garaluw ýaly garaja gözler, gussa ýakyn goýun gözler, uçganaklap duran mawyja gözler… Hersi bir dünýä tarap açylan penjire. Olaryň bary birden saňa tarap dikilende parahat durmak mümkin däl. Ýigrimi-otuz sany hrustal bulgurlary alyp ýüz ädim beýleräk äkit diýseler, içinde birini döwäýmäýin diýip uly alada galarsyň. Müdir beýiň garamatynda bolsa, ýigrimi-otuz däl iki ýüz-üç ýüz «hrustal ýürekler». Birem jaýrylmaly-döwülmeli däl, hatda olary kirletmegem bolanok. Üstesine müdir beý öz ýurdunda-da däl. Sähelçe ýalňyşlygyň uly bir waka öwrülmek howpam bar.

Meniň näme sorajak bolýanyma düşünen Myrat beý gürrüňini dowam etdirdi:

«Bir gezek ene-atalaryň birinde myhmançylykdakak obaň ýakasyna gezmäge çykdyk. Öňümizden eýesiz gezip ýören it çykdy. Öý eýesi ondan bizi goraglap: „Häzir şu it siziň birňizi ýaraýsa, meniň dat günüme. „Türk myhmanlaryny ite ýardyrypdyr“ diýerler“ diýdi. Biz gülüşdik. Ol it adam ýarjak it däl eken, selkilläp başga ýana gitdi. Emma men içimden köp zatlaryň pikirini etdim. Öý eýesiniň bizi goraýyşy ýaly, bizem olaryň çagalaryny ähli zatdan goramaly. Eger çagalaryň biri ters ýola düşäýse, özüne gerek bilim-terbiýäni alman galaýsa biziň günämiz has uly görler. „Türkmen-türk mekdebine beren çagamyz şeýle boldy“ diýler.  Hemmesi dogry.“

    Ol çagalar biziň iň parlak çagalarymyz.

— Pikir etseňiz, bu ýagdaý biziň jogapkärçiligimizi has-da artdyrýar. Çagalaryň köpüsi on iki-on üç ýaşyna çenli terbiýeli çaga bolýar. Oňa çenli çagaň eden garagollygam beýle bir çökder görülmeýär. Soň ulalyp ugransoň çaga öz ýoluny tapyp bilmän azaşyp başlaýar.

    Onuň sebäbi nämekä?

— Uly bolsun, çaga bolsun hemmämizi ilki bilen edýän işimiziň netijesi gyzyklandyrýandyr. Mekdep okuwçysynam dokuz ýyl mekdebe gatnamasynyň berjek netijesi On iki-on üç ýaşdan soň aýratyn gyzyklandyryp başlaýar. Bu meselede aýdylýan gep-gürrüňleri olar heniz bekemedik akyllary bilen kän saldarlap görýär. Ahyrynda-da köplenç „Puluň bolmasa bilimiňden peýda ýok“ diýen netijä gelýärler. Olaryň şeýle netijä gelmegi bu hapa ýoldan ýöreýänleriň işini hasam ýeňilleşdirýär. Çünki şeýle netijä gelen çagaň bilime höwesi gaçýar. Onsoň ene-ataňam pula daýanyp hereket edäýmese başga alajy galmaýar. Çaga bilimsiz, ene-ata-da nalaç bolanda hapa işler ýol almak bilen. Bu işiň öňüni almakçy bolýanlaryň, olar bilen birlikde mugallymlaryňam işi hasam kynlaşýar. Biziň esasy aladamyz çagalary şol gybatlardan gorap saklamak. Ýeterlik bilim alyp bilseler dünýäniň iň oňat ýokary okuw jaýlarynda okap biljeklerine ynam döretmek…

„Hrustal ýürekleriň“ jogapkärçiligi maňa başga bir wakany ýatlatdy. Baýramalyň mekdebiniň ilkinji müdiri Eýýup Tok bilen bolan wakany. 

 

HERNÄ ÖZ ÇAGAM EKEN

 

Etrap bilim bölümine bir iş bilen çykan müdir Eýýup Toka onuň ýolbaşçylyk edýän türkmen-türk mekdebinden biriniň çagasy jaýdan ýykylypdyr diýen habar eşitdirilýär. Täze mekdebiň açylanyna heniz salymam geçenok. Ine-de ol ýerden ajy habar. Bir çaganyň jaýdan ýykylmagy ol ýerde tertibiň gowşaklygyndan habar berip dur. Bu nähili beýle bolduka? Terbiýeçiler nirä seretdilerkä? Gündiziň günortany mugallymlaram aýak üstünde bolmaly. Eýýup Tok bar işi taşlap mekdebe garşy ugraýar.

Mekdep adaty bir gününi ýaşaýardy. Her kimiň öz aladasy — ulynyň uly aladasy, kiçiniň kiçi aladasy — bu ýeri jaýdan çaga ýykylana meňzemeýärdi. Eýýup beý maşynyň aýnasyndan boýnuny uzadyp ilki gözüne kaklyşan garawuldan: “Hemme zat ýerbe-ýermi?“ diýip sorady. Garawul öz işi barada soralýandyr öýdüp: ”Hawa, hemme zat ýerbe-ýer“ diýip jogap berdi. „Biri boş gybat ýaýradaýdymyka ýa-da meni birden gynandyrmajak bolup bolan wakany aýtman ýörmikäler?“ diýip, oýlanyp barýan müdir öňünden çykan orunbasarynyň ýüzüniň salyk, aladalydygyny görüp bir ýakymsyz wakaň bolandygyny aňdy.

— Hany gizleme-de näme bolan bolsa aýt. Mekdebimizde bir çaga jaýdan ýykylypdyr diýip eşitdim, men dogry düşünipdirinmi?

— Ýok hojam, mekdebimizde däl, siziň öýňüzde, gyzjagazyňyz ýykylypdyr. Biz ony ýaňja keselhana ýerleşdirdik. Men size habar edeýin diýip o taýdan ýaňy gaýtdym.

    Allaha şükür, öz çagam eken…

Kalbynda ynsanlygy bar adama „Bal süýji, baldanam bala süýji“. Eýýup beý üçinem, elbetde, bu şeýle. Emma onuň mekdepdäki okuwçylardan biri däl-de, öz çagasynyň jaýyň ikinji gatyndan ýykylmagyna şükür etmegini, bu adamyň müdir bolmagyň jogapkärçiligine şeýle çuň düşünýänligi bilen düşündirilip bilner. Eýýup beýiň ýagdaýyna has gowy göz ýetirmek üçin Nyzam al-Mülküň „Syýasatnama“ kitabyndan bir hekaýaty mysal getiresim gelýär.

ROWAÝAT. Aýtmaklaryna görä, Omar al-Hattabyň ogly Abdyllah — olaryň ikisine-de Allahyň keremi düşsün — şu dünýe bilen hoşlaşýan kakasyndan: „Kaka, men seni haçan görerkäm?“ diýip sorapdyr. Kakasam: „O dünýede görersiň“ diýipdir. Ogly: “Basymrak göresim gelýär“ diýipdir. Onda atasy: „Birinji, ikinji ýa üçünji gije düýşüňde görersiň“ diýip jogap beripdir. Emma ogly alty aý geçipdir, atasyny düýşünde görmändir. Alty aýdan soň ony düýşünde görüp atasyndan: „Eý ata, sen birinji, ikinji ýa üçünji gije meni düýşüňde görersiň“ diýmänmidiň näme?“ diýip sorapdyr. Atasy: “Meniň elim degmedi. Bagdadyň golaýynda köpri könelipdi, meniň gözegçilerimem oňa baş galdyrmandyrlar. Bir gün ol köprüden bir süri goýun geçende goýunlaryň biriniň aýagy köprüniň jaýrygyna gidip, döwlen ekeni, ine onsoň men şu çaka çenli şoň jogabyny bermeli boldum“ diýipdir.

Bu rowaýatdaky ýaly sen sebäpli bir goýnuň aýagyny döwdürmeginiň alty aýlap hasaby soraljak bolsa, bir çaganyň hasaby gör nähilidir?

Jaýyň ikinji gatyndan ýykylsa-da, Eýýup beýiň gyzjagazynyň çöregi bitin eken. Ol häzir jany sag, oýnapjyk ýör. Emma aýak üstüne galmagy üçin kakasy ony Aşgabatdaky keselhana ýerleşdrip, özi hem Aşgabada işe geçmeli bolupdyr.

Bu täsin adamyň Türkmenistanda açylan türkmen-türk mekdeplerine işe gelişem täsin. Onuň Türkmenistana gitjekdigine kakasy pahyr ilki ynanmandy. „Oglum öýli-işikli adam, käri bar, işi bar, ýurtdan çykyp gidesi ýok-la“ diýendir-dä. Obasyndan-ýurdundan çykyp gidýänlere ol öz ilinde güzeranyny aýlap bilmeýänler diýip düşünýärdi. Ogluny ýanyna çagyryp: „Sen näme üçin bärlerden gitjek bolýaň? Näme oňňudyň kynlaşdymy?“ diýip soradam. Eýýup beý kakasyna Türkmenistanda täze türkmen-türk mekdepleriniň açylýandygyny, ol ýere gidip ata Watanyň çagalaryna bilim öwretse haýyrly iş etdigi boljakdygyny düşündirjek boldy. Kakasy onuň sözüni kesip: „Bu ýerde edýäniň näme haýyr iş dälmi?“ diýdi. Kakasyna jogap berse, ýagdaýyň has-da çylşyrymlaşyp, öňküsiçe-de bolmajagyna düşünen Eýýup beý sesini çykarmady. Ogly jedelleşen bolsa belki atasy şol jedelde öz ýanyndan üstün çykyp, gepimi düşündirdim diýip rahatlansa-da rahatlanardy. Emma jedelem bolmady, uzak gürrüňem. Saklanyp bilmän kakasy soňky sözüni aýtdy: “Hany git, menem seň gidişiňi göreýin” diýdi.

Ertesi Eýýup beýiň ýola düşmeli wagty kakasy öýdäki tüpeňini eline aldy-da çykalganyň agzynda aýlanyberdi. Onuň aýratynam agtyklaryndan, has gowy görýän uluja agtygy Abdullahdan aýrylşasy gelmeýärdi. Häzir eline alan ýaragyna ok sürüp durşy onuň edip biljek iň soňky çäresidi. Eýýup beýi ugratmaga gelen ýoldaşlary onuň kakasynyň bolup duruşyny halamadylar.

“Kakaň näme beýle gaharly?” “Gitmegime göwnänok.” “Elindäki ýaragy näme?” “Menem şoňa näme diýjegimi bilemok.” “Gidiberseň yzyňdan ataýjakmyka?”  “Agtyklaryny ýetim goýmajak bolup, meni atmasa gerek. Men kakama belet. Etse-de özüne birzat eder öýdüp gorkýan.” “Olar ýaly bolsa, gitme.” “Gowsy siz gidiň. Kakam maňa galandyr öýdüp köşeşer. Soň yzyňyzdan taksili bararyn”.

Şeýleräk gürrüňdeşlikden soň Eýýup beýiň ýoldaşlary ugrady. Emma goja welin köşeşer ýaly däldi. Ol golaýda ýerleşýän çaýhana bardy-da çaý içip, özi ýaly ýaşulular bilen gürleşen bolup oturberdi. Çaýhanadan öýleriniň gapysy görünip durdy. Ol şeýdip, öýünde bolýan girim-çykymlardan gözüni aýyrman bir sagat çemesi güýmendi. Ahyrynda-da, öz ýanyndan: „Uçaryň uçjak wagty geçdi. Oglum pikirinden dändi” diýip, sumkasyny alyp bazara garşy ugrady. Kakasynyň çaýhanada öýünden gözüni aýyrman oturyşyny, soň bazara gidişini penjireden ogrynça görüp oturan Eýýup beý hem gyssanmaç ýola çykdy. Dostlarynyň yzyndan ýetdi. Uçara-da soňky minutlarda ýetişdi. Yzynda kakasy ogluny tapmasa-da, agtyklaryna gözi düşüp köşeşer diýen karara geldi. Türkmenistana sary uçdy.

Eýýup beý “kakam köşeşer” diýip ýalňyşmanlygyna on bäş günden yzyna Türkiýä gelende göz ýetirdi. Kaka kaka bolýar. Ol içinde kinesi bolsa-da, ogluna gujak açman bilmeýär. Eýýup beý bu gezek kakasynyň garrap ugran göwresini gujaklanda özüniň bagyşlanandygyna hem-de kakasy bilen düşünişip biljekdigine ynandy. Emma bu düşünişmek “Çagalaryňy bärde taşlap ýat illere gitmek saňa gelişýärmi?” ýaly ýowuz soraglardan başlanypdy. Eýýup beý kakasynyň gaharly soraglaryna giňlik bilen jogap berdi. Soňra Türkmenistan, onuň taryhy, Ärtogrul Gazynyň Anadola gelişinden başlap dil birligi, din birligi, millet birligi, ynsanlaryň, nesilleriň, milletleriň, ýurtlaryň sap ýürekli adamlarynyň biri-biriniň öňündäki borçlary hakynda gürrüň berdi. Eýýup beý kakasynyň razylygyny almak üçin bu gürrüňleri gozgadymy ýa-da öz herektlerini çuňňur yzarlap kalbyndaky niçikde bolsa ýalňyşýan bolaýmaýyn diýen ünjüsini öçürmek isledimi aýtmak kyndy. Kakasy ogluny ahyryna çenli sesini çykarman diňledi. Soňra bolsa uludan demini alyp: „Bolýar, gitmeli diýip hasap edýän bolsaň, git. Seniň aýdýanlaryňam dogry. Türkmenler biziň doganlarymyzdyr. Olar bilen biz diňe dulumyzdaky unumyzy däl, aň-düşünjelerimizi paýlaşmaga-da borçludyrys… …Abdyllamy alyp galardym, onam ejesinden aýyrmaga dözemok. Gezen ýerleriňizde aman-sag geziň. Ýöne, seret, çagalary hor edäýmegin. Ýylda bir gezek gelip-gitjek bolsaň, bolýar“ diýdi.

Bu wakalardan soň bäş ýyl geçdi. Şol bäş ýylyň içinde her ýyl kakasy Eýýup beýi gujak açyp, gülüp garşylap, gülübem ugratdy. Şeýle oglunyň bardygyna indi ol buýsanýardy. Ataly ogul biri-birine düşünipdiler. Arman bu süýji gatnaşyk uzaga çekmedi. Eýýup beýiň kakasy agyr kesele uçrady. Düwnük keseli ony barha aljyratmaga başlady. Eýýup beý perzentlik borjuny berjaý edip, ähli işini bir ýana goýup, kakasynyň derdi beterläli ýanyndan aýrylmady. Olaryň özara gürrüňleri Türkmenistandan, Eýýup beýiň iş-aladalaryndan sowulyp geçmeýärdi. Basym Türkiýä Türkmenistandan Turgut Ozal adyndaky mekdepden okuwçylar, ene-atalar uly topar bolup gelmelidi. Olar Ankarada cykyş etmelidi, duşuşyklara gatnaşmalydy. Eýýup beýiň olaryň arasynda bolmagy zerurdy. Emma kakaňy bu halda goýup gidip boljakmy? Eýýup beý bu barada dilem ýarmaýardy. Kakasy oglunyň birzatdan biynjalyk bolýanyny welin aňdy. Birdenem onuň Türkmenistandan Türkiýä geljek myhmanlar hakynda mundan on-onbäş gün öň eden gürrüňleri ýadyna düşdi. Oglundan myhmanlaryň geljek gününi anyk sorady. Eýýup beý: „Ertir geljekler. Olary alada etmäli kaka, gelerlerem, giderlerem“ diýip, giňlige salyp jogap berdi. „Ýok, oglum, olaryň aladasyny etmän kimiň aladasyny edeli. Sen olaryň arasynda bol“. Kakasyndan beýle sözlere garaşmadyk Eýýup beý: „Ýok-ýok kaka, men seni goýup hiç ýere gitjek däl“ diýip ör-gökden geldi. Kakasy welin ýeň berer ýaly däldi: „Bolmanda iki-üç günlük, Ankaradaky duşuşyklar geçýänçä gidäý, meni gaýgy etme. Görýäňä şu günler gowlaşyp barýan“. Türkmenistandan geljekleri Türkiýäniň iş adamlary bilen duşurmak, mekdepleri hemaýatçylar bilen tanyşdyrmak ýaly zerur işleriň başynda durmagynyň gerekdigini göz öňüne getirse-de, Eýýup beý häzir kakasynyň ýanyndan bir ädimem aýryljak däldi. Ýene kakasy çuňňur gynanç, iki damja gözýaş bilen ölüminiň uzaga çekip özüniň ogluna ýük bolýandygyny ýaňzytdy. „Kaka beýle sözleri aýtma, Allahyň entek seni ýaşatjak günleri bardyr. Ine gutularsyň, Abdullahyň toýuny bile tutarys“ diýip, kakasyna göwünlik berjek boldy. Kakasy: „Gepiňde gutularsyň diýýärsiň, özüňem meni goýup zeruryňa-da gidip bileňok“ diýdi. Eýýup beýe: „Giderin, kaka, giderin“ diýmekden başga alaç galmady. Häzir bu kaka bäş ýyl mundan öň Türkmenistana gitjek bolanda ýanyndan goýbermejek bolup öňünde eli ýaragly duran kakadyr diýer ýaly däldi. Oglunyň bitirýän hyzmatyna ýürekden uly ähmiýet berip, onuň manysyna şeýle çuň düşünmeýän bolanda, heý soňky demini sanap ýatan ata-da ogluny ýanyndan goýberermi? Eýýup beý hem muňa begenip, hem kakasynyň halyna gynanyp Ankara ugrady. Ol ýerde Türkmenistandan gelen myhmanlar bilen bir gün bolandan soň häli-şindi öýüne telefon edip duran Eýýup beý kakasynyň derdiniň has agyrlaşandygy hakyndaky habary aldy…

Bu wakalary gözüne ýaş aýlap ýatlap oturan Eýýup agamyz: „Şeýdip, kakamyň soňky deminde ýanynda bolubam bilmedim, ýöne şükür jynazasyna ýetişdim“ diýdi.             

Bu adamlaryň “türkmen doganlarymyz, türkmeniň geljek nesliniň edebi, bilimi” diýip düşüp ýören günlerini diňläp, olar hakynda çuň pikir etdim. Beýik Magtymguly Pyragynyň:     

„Obada ülpüldäp gezen pişikler,

Dogany, gardaşy, ýady näbilsin“ diýen setırlerı biygtyýar aňyma geldi.

Türkmenistanyň günbatar çetlerinde ýerleşýän, ýurduň paýtagtyndan 400 kilometr töweregi daşlykdaky welaýat merkezi Nebitdaga, häzirki Balkanabat şäherine gelip, türkleriň türkmenler bilen birlikde täze mekdebi açyşlary hakynda bu işlere ilki şäher bilim bölüminiň işgäri, soň bolsa mekdebiň müdiriniň orunbasary bolup gatnaşan Kadyr Hajyýewden şol günleri ýatlap gürrüň bermegini soradym.

„Türk doganlarymyz işden ýadadyk diýmezler. Hatda ilki gelenlerinde ýaga gowrulan kortoşkadan, badamjandan, sogandan başga zat iýmedigem bolsalar, iýmitdenem kösendik diýmezler. Olary esasy kösän zat biziň şol döwürdäki, bar zady umumylaşdyrmagy söýen soýuzyň birnäçe deşikli umumy hajathanalary boldy. Olar hajathana ýeke-ýekeden girerdiler. Iki sanysam „O ýerde adam bar“ diýip daşyny garawullardy. Bularyň utanç meselesini birinji derejede goýýandyklaryna men şonda göz ýetirdim. Gurulmagyna m

Teswirler (1 sany)

Ylýas:
10 Mart, 2012

Näme üçindir hemmesini goýup bilmedim. Ýuwaş-ýuwaşdan dowamynam goýaýmasam.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.