GÜNÜŇ DOGMAGY AŇSATMY? (Dowamy) | Eserler | Ylýas Amangeldi

GÜNÜŇ DOGMAGY AŇSATMY? (Dowamy)

Powestler | 0 teswir | 1644 okalan

    Elbetde bar. Olar bilen häli-şindi görüşýän. Şonda men „Allajanlarym men Türkiýedemikäm ýa Türkmenistandamykam diýýän. Çünki türkmen çagalary şeýle bir türkçäni gowy gürleýärler, sähelçe-de tapawudy duýup bolanok. Edepleri, salamlary… Bärde „altyn“ sözüniň yzyna „nesil“ sözi tirkeldi. Netijede, Türkmenistanda iň gymmatly düşünjeleriň ýene-de biri emele geldi. Altyn nesil! Türkmenlerde biriniň gowy ogly bar bolsa „Gyzyl ýaly ogly bar“ diýilýär. Gyzyl ýaly oglum bolsa maňa başga hiç zat gerek däl. Ýüregiňdäki islegiňi aýt diýseň her kim şuny aýdar. Onsoň, göz öňüne getiriiň, ähli türkmeniň ogullary, gyzlary gyzyl ýaly bolsa nähili üýtgeşik gymmatlyk emele geler! Dünýäň ähli gymmatlyklaryny toplaňda-da onça bolmaz. Çünki Tuna agam Isgenderiň elini açyp gidişini mysal alanda gaty dogry aýtdy. Dünýede her kimden galjak zatlaryň nesilden başgasy wagtlaýyn. Çünki ynsan dünýeden ötenden soňam oňa sogap getirjek, adyna abraý goşjak her kimiň yzynda galan perzentleri. Ine şonuň üçin her kim çagasy üçin zadyny gaýgyrýan däldir. Eger zadyň, gazanjyň öz çagaňdan artýan bolsa, ony başganyň çagasyna sarp etmek has dogrudyr. Sebäbi seniň çagaň ulalyp adam bolanda onuň gowy dostlarynyň, işdeş ýoldaşlarynyň, watandaşlarynyň bolmagy zerur ahyryn. Diýmek, sen başgalaryň çagasynyň geljegine hemaýat etmäge çalyşýarkaňam öz çagaňa hemaýat etdigiň bolýar.

    Bagyşlaň, soragym şahsy durmuşyňyzdan. Özüňizde perzent barmydyr?

    Allaha şükür bir gyzymyz boldy, Türkmenistana gelenimizden soň. Biz oňa on alty ýyl dileg edip, garaşdyk.

„Ýaşy uzyn bolsyn“ diýip, gürrüňdeşimiň şatlygyny paýlaşdym. Ol bolsa ikinji gezek gaýtalaýanam bolsa „Hakykatdanam, Türkmenistan dilegleriň kabul bolýan ýurdy“ diýdi. Soň bolsa: „Türkmenistanda özüm ýaly daşary ýurtdan gelenleri köp synladym. Haýran galaýmaly bu ýurda gelip öz islegini kanagatlandyryp bilmän gidene duşmadym. Pul gazanaýyn diýip gelen pul gazandy, abraý gazanaýyn diýen abraý gazandy. Inşallah sogap gazanaýyn diýenlerem maksatlaryna ýetendirler“ diýip sözüni jemledi.  

 

MEKDEBIŇ DÖWÜK PENJIRESINI KIM SALMALY?

 

Emin Şeneriň „sogap gazanmak islegi“ hakyndaky aýdanlary meni oýa batyrdy. Bu islegini kanagatlandyrmak üçin ynsan diňe ýagşylyk etmeli. Mydama haýryň tarapynda durup şer işden çürt kesik elini çekmeli. Diňe öz çagaň, dogan-garyndaşlaryň çagasy hakynda-da däl, keseki biriniň çagasynyň aladasyny edip, onuň okuwyna-bilimine puluňy goýmaly. Arassa, päk ýürekli, ynsanperwer adam bolmaly. Muny islemeýän barmy näme? Emma…

Sadakalarda, toýlarda mesaýy gürrüňe gyzýan ildeşlerimiň atyň-u-itiň gürrüňini etselerem çaga terbiýesiniň üstünden barmadyk gezeklerine kän duşdym. Dogry, türkmeniň item gowy, bedewem üýtgeşik. Olar gürrüňi edilmäge-de mynasyp. Muňa düşünip dursamam, üýşmeleňlerde garagöz türkmen çagajyklarynyň gürrüňi gozgalsa, bu gürrüňi gozgan adamyň ýanyna, nädip alkymlap baranymy özüm bilmän galýan. Şonda çaga terbiýesiniň gürrüňi gozgalsa-da, ol köplenç ýaramaz endigiň çagalarymyzy ýoldan çykaryşy hakynda bolýar. Öz çagasy ýoldan çykan, bu gürrüňe goşulyp bilmän, ýer dyrmap otyr. Beýlekem janygyp gürledigiçe pitjiň atýan ýaly görnüp, şol bir aýdanyny ýanjap otyr. Ertir bu adamyňam ogly ýoldan çykaýsa, olam utanjyna sesini çykarman oturanlaryň hataryna geçer. Hiç kim bir oňat çaganyň oňat hereketini mysal alyp, onuň göreldesini ýaýratjak bolmaýar. Şeýdibem çaga terbiýesiniň gürrüňi uzaga çekmeýär. Bu meselede her kimiň dili gysga ýaly bolup dur. Onsaň köplenç gürrüň ortalyk bir gurama bolan mekdebe syrygyp gutarýar. Diňe bir gezek başgaça boldy. Şol üýşmeleňde orta ýaşdan geçen ýaşulyrak adam:

                Sakaldaşlar mekdep düzeläýse, mekdep düzeläýse diýýäs welin, aramyzda şony düzetjek bolup, ýatan çöpi galdyranymyz barmy? — diýip sorady.

Bu sowala hiç kim „hawa“ diýip jogap berip bilmedi. Her kim bir zat diýdi. Ýaňky adam oturanlara ýene-de sowal berdi:

                Sakaldaşlar, hol-ha beýlämizde mekdep. Onuň bir penjiresi döwüläýse şony men özüm salaýaýyn diýenimiz barmy? Ýa ony hökman, kim döwen bolsa şol, ýa-da, mekdep salmalymy? Penjiräň bir gözüne borluk aýna gymmat zadam däl, tapylmanam duranok. Özem öz okan mekdebiňe, çagalaň, agtyklaň okaýan mekdebine gerek zat.

    Aý, şolar ýaly zada kän ünsem berilenok-da.

                Bolýar bu ownuk zat eken. Aýdaly sadakamy, hüşür-zekadymy mekdebe bersem näder diýeniňiz barmy? Onuň kabul boljakdygy hakynda jedelem etmäň. Eger onda çiglik bar bolsa, obaň ymamyndan soraň düşündirip berer. Ýöne mekdebiň sadaka mätäçligi ýok, sadakany mekdep näme etsin diýseňiz bu başga mesele. Mekdep ony näme edip biler, sakaldaşlar?

Bu meseläni soraýanyň özünden gowy düşündirjegiň ýokdugyny märeke duýup otyrdy. Çünki olaryň arasynda beýle pikir hiçisiniň aňynda-da ýok bolmaga çemelidi.

                Özüm aýdaýaýynmy? Aýtsam, mekdebiň müdiri ony iň pukaraja çagaň ene-atasyna eltip berip biler. Bu bir. Ony pula öwürip mekdebe iň gerek zady satyn alyp biler, bu iki. Janlyny öldüräge-de zerur hasap eden iki-üç sany klasynyň ene-atalaryny nahara çagyryp biler. Ýöne ol meýlis bolmaz-da, müdir ony mekdebe, çagalaryň edep-terbiýesine peýdaly bolar ýaly gurap biler, bu-da üç. Başga-da peýdaly ýollar kändir. Mekdebi döwlet öz üpjünçiliginde saklaýar diýip oňsak ýalňyşýas. Mekdep hiç zada mätäç bolmadyk ýagdaýynda-da oba adamlary mekdebi mekdep hökmünde sylaýar diýilmegi uly zat. Ol mekdebiň mugallymlarynam tijendirer, bizem sadakamyzy eltýän ýerimizde, çagamyzyň has tertipli, sowatly bolmagyna üns ederis…

Bu wakaň yzy hemmeleri gyzyklandyran bolsa gerek. Arman onuňam soňy netijesiz. Çünki beýle gürrüňi men aňymda geçirýärin. Hakykatda welin, men heniz beýle waka gabat gelmändim…

Atamyrat şäherinde mekdebiň täze binasynyň salynmagyna näme kömek edip biljekdikleri hakynda her aýda bir gezek maslahata ýygnanyşýan ene-atalar hakynda gürrüň berip, Ferit beý meni şeýle adam bilen tanyşdyrmaga söz berdi. Soň meni mekdebiň ene-atalar guramasynyň ýolbaşçysy, medisina ylymlarynyň doktory Tagan Berdiýewiň ýanyna alyp gitdi. Biziň söhbedimiz ene-atalar bilen mekdebiň arasyndaky baglanyşyk hakynda boldy. Tagana aga gürrüňe şeýle başlady.

— Ene-atalaryň mekdebe kömek etmegini, gatnaşygyň ýakyndan bolmagyny gazanmak üçin ilki bilen ynam gerek. Mysal üçin, mende eden kömegimiň gylam gymyldadylman mekdebe, çagalara harçlanjakdygyna ynam bolmaly. Mekdepdäki mugallymlardan başlap, müdirine çenli, işgärleriň ahlagynyň arassadygyna, halaly haramy seljerýändigine, kişiň zadyna aç ölse-de, el urmajakdygyna, berlen kömegi tygşytly, diňe gerek ýerinde ulanjak, başarjaň adamlardygyna ynanmasa ene-ata mekdebe kömek etmez. Mysal üçin, bizem her aýda ýygnanşamyzda edilen kömekleriň nähili ulanylandygy hakynda mekdepden doly hasabat alýarys.

Ýene-de bir mesele, ol hem ene-ataň mekdebe bolan garaýyşy gaty jogapkärli bolamly. Olar mekdebe çagasynyň wagt geçirýän, uly adam bolýança gatnamaly bir jaýy hökmünde garamaly däl. Her obanyň mekdebi, hakyna seredeniňde, şol obanyň geljegidir. Geljekde obada düşünjeli, halal, arassa adamlaryň köpelmegi islenýän bolsa, obadaky mekdepde çagalaryň şeýle derejede-de terbiýelenmegini gazanmak gerek. Dogry, öýde-de çaganyň edep-terbiýesi, geljek üçin peýdaly adam bolar ýaly aladasy edilýär. Emma ene-atanyň bu ugurda çemçeläp ýygnanyny çaga köçede, iş göwnejaý guralmaýan bolsa mekdepde döküp biler. Onsaň ene-ata näme etsemem çagalaryma gerek terbiýäni berip bilmedim diýip zeýrenip oturmaly bolýar. Mekdep güýçli bolanda, köçede-de biedep azalýar. Öýde-de, mekdepde-de gowy görelde gören çagaň edepli bolmazlyga haky ýok. Çünki, çagaň ruhy taýdan ösüşiniň, göreldä görä bolýandygy jedelsiz zat. Eger Watany biz birnäçe halkalardan düzülen diýip hasap etsek, onuň iň esasy halkasynyň biri mekdepdir. Eger şol halkanyň sagdyn, berk bolmagyny gazanjak bolsak, ilkinji nobatda mekdebe ene-ataň garaýyşyny üýtgetmegimiz gerek. Mekdebiň iş netijesi oňa barýan ene-ataň sany bilenem kesgitlenilmelidir. Mekdepden, ondaky mugallymlaryň özlerini alyp baryşyndan, bilim derejesini ösdürişinden nägile ene-atany, ol ýere zor bilenem eltip bolmaz. Emma mekdep abraýly bolsa, ondaky adamlar ynamdar bolsa, ene-ata mekdebe kömek etmekden gaça durar öýdemok.

                Mekdebi abraýly etmek diýmek, işi biri-biriň üstüne atmagy ýada salýana däldir? Mekdep ene-atadan, ene-ata-da mekdepden kömege garaşyp duran ýaly. Bu işiň başyny kim başlamaly?  

                Bu meselede ene-ata köp zat bagly. Çünki mekdep bir kiçiräk kollektiw, ene-atalar bolsa tutuş oba. Emma mysal üçin, obasyndaky mekdebe göwni ýetmedik ene-ata çäresini tapyp bilse çagasyny şäherde okatjak bolýar. Goňşy obadaky mekdep gowurak bolsa, şoňa gatnatmanam kyn görenok. Şonuň üçin ilkinji özgerlişik mekdebiň öz içinde döremelimikä diýýärin. Soň ene-atadan kömege garaşsa bolar. Ine biz türkmen-türk mekdebine kömek edýäris. Ýöne hiç birimiz şu mekdebe näme kömek gerekkä diýip özümizden bilip onuň gapysyndan barmadyk. Mekdep bizi çaýa çagyrdy, mugallymlary öýmüze myhamançylyga geldi. Doly ynamymyzy gazandylar. Ynha indem biz mekdebe elimizden gelen kömegi edýäs. Mekdebiň haýyşyny, ýumuşyny bitirmegi biz indi borjumyz hasap edýäris. Asyl, mekdepsiz özümizi göz öňüne-de getirip bilemizok. Şu wagta çenli şeýle çuň, zerur meselä ýüzleý garap gelendigimize haýran galýan. Häzir wajyplygy bilen mekdep meniň öz kärime, keselhana bolan garaýyşymyň edil öňüne geçäýmese-de, söbügini basyp duran ýere öwrüldi. Häzir mende bir ýörelge bar, kimde kim «Men Türkmenistanyň, Garaşsyz ýurdumyň gelejegi üçin ýaşaýan, aladalanýan» diýse, ondan “Mekdep üçin näme etdiň?” diýip soraýan. Şoňa görä-de, ol adamyň ýurdumyza, geljegimize garaýyşyny kesgitleýän.

Tagan aga bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Hakykatdanam Watanymyzyň geljegini göresiň gelse, mekdebe baryp göräýmeli. Mekdeplerimiz, ondaky çagalarymyzyň edebi, başarjaňlygy, bilimi nähili bolsa biziň ertirimiz hem şonuň ýaly bolar.

                Tagan aga, mekdep bilen geljegimiz şeýle baglanyşykda bolsa, siz Türkmenistanyň ertiri hakynda nähili pikirde?

                Örän gowy pikirde. Döwletimiz bu işe uly üns berýär. Ähli ene-atalara görelde, Hormatly Prezidentimiz häli-şindi mekdepler hakynda mesele gozgap, olary ösdürmek üçin serişde baryny gaýgyrman, özi mekdepler açyp ýör.

Türkmen-türk mekdeplerinie baraňda-da hakyky altyn nesli görmek bolýar. Olar biziň ata-babalarymyz ýaly durmuşyň esasy sütünini halallykda, ruhubelentlikde, Watansöýüjilikde görýärler. Bilim babatda bolsa kompýuter, internet, daşary ýurt dillerini gowy bilmek, döwrebaplyk olara mahsus. Bu ikisiniň utgaşmagy örän uly, garaşylmadyk oňat netijeleri berip biler. Şäherlerdäki, etraplardaky beýleki mekdepleriň hem birnäçesini göremsoň bu mekdeplerde-de altyn nesil terbiýelenýär diýip çekinmän aýdyp biljek…

Mekdebe, mekdep durmuşyna Tagan aga ýaly ýürekden gyzygýanlaryň bar boluşy ýaly, aramyzda edep-terbiýe barada çuň oýlanmaýanlarymyzam gabat gelýär. «Iki aýakly iki günde» diýilse, çaga öz-özi ulalaýandyr diýip düşünýänem bar. Şeýle adamlara olar asla duşmadymyka? Ýa maňa şeýle adamlar hakynda gürrüň bermegi gelşiksiz hasaplaýarmykalar?   

 

DÜŞÜNIŞMEZLIKDEN BIR MYSAL

 

— Araňyzda düşünişmezlik bolan ene-ata-da duşduňyzmy? — diýip, Ferit beýden soradym.

                Düşünişmezligem käýarym bolýar. Biziň hemmämiz adam ahyryn. Bir gezek müdiriň otagynda däl-de, türk dilinden sapak geçemsoň türk dili otagynda işläp otyrdym. Birden bir galmagal eşidilip başlandy. Otagdan çyksam bir türkmen adamsy terbiýeçilerden biriniň adyny tutup, şony tapyp beriň diýip dyzap dur. Ony sen näme etjek diýselerem, tapyp beriň soň nätjegimi görersiňiz diýýär. Men ol adamy derrew müdiriň otagyna, ýagny, öz otagyma alyp bardym. Özümiň kimdigimi, terbiýeçi günäkär bolsa çäresini görjegimi aýtdym. Şondan soň ol biraz köşeşdi. Bolan waka — terbiýeçimiz onuň ogluna käýýände hapa sögenmiş. Terbiýeçilerimizi oňat tanamsoň onuň bu aýdýanynyň boş gürrüňdigine şo bada göz ýetirdim. Onda-da ene-ataň garşysyna gitmän, «käýýemän çaga terbiýelenmez, terbiýeçimiziň biraz gatyrak giden bolmagy mümkin. Emma onuň niýeti siziň çagaňyza edep bermekdir. Ogluňyz mekdebe ýaňyrak alynansoň bärdäki tertip-düzgüne entek öwrenşip bilýän däldir. Ine biraz wagt geçsin müdir hökmünde söz berýän şol terbiýeçini eliňize berip bir otagda ikiňizi iki-çäk goýup gideýin. Şonda siz oňa islän çäräňizi göräýiň» diýdim. Ol adam doly köşeşdi. Soň ony mekdebe, çagalaň ýatýan, naharlanýan, okaýan otaglaryna aýladym. Ol mekdepdäki tertip-düzgüni görüp hasam köşeşip, hoşal boldy. Myhmany ugradyp, gürrüňi edilýän terbiýeçini ýanyma çagyrdym. Onuň bilen esli oturyp terbiýe hakynda gürrüň etdik. Hapa söz aýtmasa-da, terbiýeçi garaşyşym ýaly şol diýilýän okuwça berk käýýän eken. Soň ol çagany özümem synlap gördüm. Hakykatdanam çagaň häsiýeti agyr eken. Kakasy ýaly gaharjaň, emma çaltam köşeşýän eken. Wagt geçdi, ol klasda gowy çagalaň biri boldy. Menem boýun alyşym ýaly onuň kakasyny terbiýeçä duýdurman bir otagda iki-çäk goýup çykyp ugradym. Niýetimden habarly ol adam meni saklap: «Sen gitme şaýat bol» diýdi. Men ol adamdan erbetlige garaşmasamam «şaýat bol» diýmesini halamadym. Üşerlip saklandym. Ýaňky adam birden terbiýeçini garsa gujaklap: „Hemmäňize taňryýalkasyn“ diýip gözüne ýaş aýlap dur. Soň ol oglunyň tanalmaz ýaly üýtgändigini, gaýta: „Gaharjaň bolmasana kaka“ diýip, özüne edep öwredýänini, utanç-haýadan, halal-haramdan, sylaşykdan edýän gürrüňlerini höwes edip diňläp: „Bu gürrüňleri saňa kim öwredýär?“ diýip soramda „Terbiýeçim“ diýende utanyp ýere girip bilmeýändigini aýdyp berdi. Bir wagtky gahary üçin ötünç sorady, özi bilen deň gaharjaňlyk etmänimize minnetdarlyk bildirdi.

Biziň işimiziň iň görnükli netijesi hökmünde köplenç Halkara bilim olimpiadalarynda gazanan üstünliklerimizi mysal alýarlar. Emma ene-atalaryň minnetdarlygy, olaryň bize bolan ynamy, hormaty islendik derejedäki altyn medaldanam gymmatlydyr. Men muny zehinli okuwçylaryň der döküp, erjellik görkezip alýan baýrakllarynyň ähmiýetini pese düşürmek üçin aýtmaýaryn. Boýnuňdan asyp bolmaýan, mekdebiň görnükli ýerinde ünsi çeker ýaly edip goýup bolmaýan, ene-ataň aýdan minnetdarlygynyň her biri bir ykbal, bir çaganyň, hatda maşgalanyň geljegi bilen baglanyşykly gymmatlykdyr. Şonuň üçin mekdepde sanaýmaly zehinli çagany has-da ösdürip dünýä derejesine çykarmakdan bir okuwçynam gözden salman hemmesiniň hakyky altyn nesil bolup ýetişmegi hakyndaky alada, meniň pikirimçe, has zerur.

 

HER GÜNÜMIZ BIR KERPIÇ

 

Bir okuwçy — bir ykbal. Munuň şeýledigine düşünmek bir başga, oňa göz ýetirmek bir başga. Türkmenabat şäherindäki türkmen-türk mekdebiň müdiri bolup işlän Kadyr Baljy degişip: „Gül ýaly çagalaryň arasynda balçy ary ýaly haýdap ýörüs“ diýdi. Onuň familiýasy bal aryçy diýmegi aňladýan eken. Hakykatdan-da her bir çaga güle sereden ýaly seretmeseň, Kadyr beýiň sözleri bilen aýtsam: „Çagalaryň, çagalaryň, diňe çagalaryň pikirini edip ýaşamasaň mugallym bolup bolmaz.“                 

                Siz olaryň geljegi hakynda köp aladalanýaňyzmy, ýa-da, şu güni hakynda?

                Meniň pikirimçe her kimiň geljegi şu günki gününden başlanýar. Eger adamyň ömrüni bir bina diýip göz öňüne getirsek, her ýaşalan gün onuň bir kerpijidir. Bir kerpiçiň hili pes, jaýryk ýa-da içi boş bolsa diwaryň şol ýeri deşik  ýa-da gowşak bolar. Aýratynam adam çagaka, ýaşka binanyň iň berk bolmaly böleginiň «kerpiçlerini» ýaşaýar. Şonuň üçin hem onuň her güni haýyrdan doly geçmelidir. Emma ynsan heniz çagadygy, ýaşdygy üçin muňa wagtynda düşünmeýär. Binaň boýy ýetip, üçegi ýapylansoň bolsa, ahmyr edip galýar. Adama şeýle ahmyrda galmazlygy üçin mugallym gerek. Diýmek, mugallym çagany geljege taýýarlaýan ussadyr. Şowlamadyk ömür ussasy duşmadyk bina ýalydyr.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bir psiholog mugallym täsin açyşyň üstünden barypdyr. Otuz ýyl mundan öň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen barlaglarda garyp hem ýetim garaýagyzlaryň ýaşaýan köçesi ýokary bilim aljaklaryň, ýurda meşhurlyk getirip biljek adamlaryň iň az çykjak ýeri diýen karara gelnipdir eken. Otuz ýyldan soň bu ylmy kararyň, kesgitlemäň üstünden baran psiholog onuň hakykata näçeräk gabat gelenini barlap görmek isläpdir. Emma aradan şonça ýyl geçensoň, amerkanlaryň ýaşaýan ýerini üýtgetmägi känbir kyn görüp durmaýandygyny hem nazarda tutsaň, ylmy işde ady geçýän, şol köçäň şol wagtky ýaşaýyjylaryny tapmak aňsat düşmändir. Her niçigem bolsa, alym olardan birini tapmagy başarypdyr. Soň onuň kömegi bilen beýleki klasdaşlary tapmak onçakly kyn bolmandyr. Şonda psiholog gözlerine ynanmandyr. Çünki, otuz ýyl mundan öň «pes netije berjekleriň» hatarynda goýlanlaryň iň pesi häzir meşhur uniwersitetleriň birinde mugallym bolup işleýän eken. Olaryň arasynda meşhur alym, ýazyjy, hatda döwletiň bir pudagyny dolandyrýan ýolbaşçy hem bar eken. Psiholog özleri barada otuz ýyl mundan öň çykarlan netijäň hakykatdan şeýle daş düşmeginiň sebäbini soranda, olar bir agyzdan: «Onuň günäkäri biziň klas ýolbaşçymyz boldy. Biz ony ýürekden söýdük, häzirem söýýäris. Biz şol mugallymymyzyň mekdepde iň gowy klas ýolbaşçy bolmagyny gazanmak üçin jan edip okadyk. Mekdebi oňat bahalar, esasanam güýçli bilim alyp gutardyk. Soň galany öz-özünden bolup gitdi. Uniwersitetlere girmek bize kyn düşmedi. Işlämizde-de yhlasly bolduk» diýip,  jogap beripdirler.

Ine şu mysaldaky ýaly, çaga ilki terbiýeçisini, soň mugallymyny, soň klas ýolbaşçysyny, soň bolsa tutuş mekdebini ýürekden söýüp, olaryň iň gowularyň hatarynda bolamygy üçin yhlas etse, haýran galdyryjy netijeleri gazanyp biler. Emma bu zynjyrda, mysal üçin, ýekeje terbiýeçi şeýle söýgä mynasyp bolup bilmese, netije pese gaçmak bilen bolýar. Onsaňam özüňe bolan söýgüni oýarmagam başarmak gerek. Bu seniň okadýan sapagyňa ussatlygyňa-da onçakly bagly däl. Söýgä gezek gelende, çaga örän jomardam bolsa, olaryň arasynda ýüreginiň jümmüşindäki iň pynhan söýgüsini, ynamyny hatda ene-atasyna-da bermeýäni bolýar. Bu hem esasan çagaň öz söýgüsini goramak instinkti bilen baglanyşykly bolsa gerek. Çünki çaga öz ynanan, söýen adamsynyň eden tamasyny ödemän biljekdiginden gorkýar. Özi bilmän gorkýar. Eger sen okuwça özüňi şol gorkusyny ýeňip geçip biler ýaly derejede söýdürip bilseň, onda çaga saňa doly baglanýar. Seni çaga şeýle söýenden soň, senem ony şeýele derejede söýmän durup bilmeýäň. Bu hakykat, emma oňa şeýle söýgä duçar bolan düşüner.

Bir mugallymym hakynda gülüşdirmek üçin şeýle bir wakany gürrüň berýärler. Oňa öýünde aýaly: «Seniň iki çagaň dört gözi mydama ýoluňa garap otyr. Öýüňe iriräk geleňde bolmaýarmy?“ diýip igenýärmiş. Onda ol: „Sen maňa iki çagamyň dört gözüniň gürrüňini edýäň. Mekdepde meniň ýoluma klasymdaky ýigrimi bäş okuwçyň elli gözi garap otyr. Olary taşlap men nädip ir geleýin?“ diýip jogap beripdir. Men ol mugallymymyň degişmä garyp aýtsa-da, bu sözüniň ýüreginden çykanyna ynanýan. Çünki ol mugallym çaga söýgüsi bilen ýesir alnan mugallym.

 

ÇAGA SÖÝGÜSINIŇ ÝESIRLERI

          

Turgut Ozal adyndaky mekdepde Myratberdi Musaýewiçe ýüzlenip şeýle sowal berdim.

                Kätibi şahyryň bir gowy setiri bar. Ol doly ýadyma düşenok welin, manysy „Bir uzak ýerden kesegi getirseň, kesek görmediklere ol zerdenem gymmat görner“ diýýär. Şol döwürde türkmen-türk mekdebiniň mugallymlary bärde şeýleräk täsiri döreden bolaýmasynlar?

                Ýok,  ol beýle däl. Ilki işleşip başlan mugallymlaryň täsirini men häli-häzirlerem ýatlap gezýän. Kadyr beýiň diýýän „çaga söýgüsine ýesir düşen mugallymlary“ türk kärdeşlerimiziň arasynda-da beýle köp däl. Dogry, olaryň arasynda kärine ussatlary, işine yhlasly ýapyşýanlary köp. Esasy zadam hemmesiniň niýeti çaga oňat terbiýe, bilim bermek. Emma Kadyr beýiň diýýän „ýesirlige düşen“ mugallymy başga bolýar. Dogrusy, men her dürli mugallymy gördüm. Meniň kakamam mugallym. Özümem mugallym. Emma men şu mekdepde işlän mugallymlaryň käbiri ýaly mugallymy görmedim. SSSR döwrüniň has hem soňky ýyllarynda bizde mugallymyň abraýy gaty pese düşüpdi. Özüňem ondan habarlysyň. Aýratynam oba mugallymlarynyň arasynda içegenlikde ýakasyny tanadyp, biri-biri bilen sapak sanlarynyň üstünde oňuşman, ýokara edaralara arza ýazyşyp ýörenler köp duşardy. Men iýen duzuma depmek islämok. Şol döwüriň mugallymlarynyň üstüne atanak çekmekçem bolamok. Eger olaryň üstünden atanak çeksem, öz üstümdenem atanak çekdigim bolar. Emma hakykaty ýaşyrmakdan uly hata ýokdur. Şonuň üçin dogrusyny boýun alaly. Garaşsyzlygymyzy alanymyz bäri, döwletimiz bilim meselesine ilkinji wajyp meseläniň biri hökmünde ünsi çekip gelýär. Bu tötänlik däl.

Türkmenbaşy şäherinde käri mugallym, rus aýaly Olga Iwanowna Akçurina bilen gürrüňdeş bolanymda ondanam: „Türkmen-türk mekdeplerinde işleýän mugallymlaryň biziň öwrenşip giden mugallymlarymyzdan tapawudy näme?“ diýip soradym.

„Bu mekdeleriň mugallymlary çagalaryň uçdan tutma hemmesini gowy görýärler. Gowy görýärler diýsemem bärden gaýdýan, çyn ýürekden söýýärler. Biz bolsak mekdepde aýry-aýry çagalary gowy görýäris. Olam, düşnükli zat, iň gowularyny gowy görýäris. Hakykatyna seredeňde gowy çagany hemmelerem gowy görýär, ony gowy görmezlik mümkinem däl. Emma olaryň arasyndaky edepsizini, ýörite içýakgyjyny söýjek bolup gör, bu aňsat başartmaýar. Mümkin söýülmeýändigi üçinem ol çagalar edepsizdir?! Türkmen-türk mekdeplerinde söýülmeýän çaga ýok. Dogry, olar mekdebe okuwçylary ýörite giriş synagyndan geçirip saýlap alýar, alyşlary ýalam hiç biriniň gymmatyny gaçyrman, birinem gözden salman, söýüp okadýarlar. Bu ýerdäki okaýan çagalar maşgalalarynda-da edep gören çagalar. Şonuň üçin olar mugallymlarynyň, terbiýeçileriniň söýgüsine söýgi bilenem jogap berýärler. Käbir adam „Türkmen-türk mekdeplerem biziňki ýaly çagalary uçdantutma birýandan alyp okatjak bolup görsediler, bizem görerdik olaryň näçeräk ussatdyklaryny“ diýýärr. Emma zeri zer gadyryny bilýäne bermek dogry dälmi näme? Onsaňam şeýle mekdepelriň barlygynyň ýurt üçin bähbidini göz öňüne getirmek gerek. Men şular ýaly mugallymlaryň hemmesi çagany, çagalaryňam hemmesi mugallymyny söýýän mekdebiň köp bolmagyny outryp-oturyp arzuw edýän. Bu bir bolup bilmejek zadam däl. Çünki, biziň şäherimiziň bary-ýogy elli okuwçysyna türkmen-türk mekdebine girmek nesip edýär. Emma biziň zehinli çagalarymyzyň sanynyň şol elli çagada gutarmaýany belli zat. Ikinji ellilikdenem gaty gowy mekdebi esaslandyrsa bolaýjak ýaly bolup dur.

Türkmen-türk mekdeplerinde işleýän mugallymlar gije-gündiz diýen ýaly çagalaryň arasynda bolsalaram ýadaw görünmeýärler. Olaryň köpüsiniň ýaşlardygy üçin şeýle bolsa-da bolýandyr. Aslynda olar biziň aňymyzda ornan mekdep mugallymyna meňzemeýärler. Biz mugallym diýilse agras, salyhatly, okuwçylary bilen känbir degişip-gülüşip ýörmeýän adamy göz öňüne getirýäs. Türk mugallymy bolsa düýbünden başga.

    Bir mysal aýdaýsaňyz.

                Mysal üçin, biziň şäherimizde täze açylan kurs merkeziniň müdiri Ýaşar Karaýunusogly. Men ony ilki göremde müdirdirem öýtmändirin. Şeýle pes päl. Mydam ýylgyryp duran ýüzi, mylaýym gepleýşi derrew göwnüňi awlaýar. Men onuň türk dilinden berýän kurslaryna gatnadym. Onuň häsiýedindäki ýumşaklygy okuwçysynyň ynamyny gazanmagyna kömek edýär. Onsaň okuwçy ony gynandyrmazlyga çalyşýar. Onuň „Men sizden hoşal“ diýen sözi başga mugallymyň žurnala goýýan bäşliginden has täsirli bolup çykýar. Kä sapaklarda onuň durmuş hakynda berýän gürrüňini diňläp haýran bolýas. Şol gürrüňler bilen gyzyklanyp sapak geçilýändirem öýtmeýäs. Göräýmäge-de ýaş oglan.

Biziň mekdebimiziň mugallymynyň uzakly günde alty sagat sapaga girip, öýüne gaýdyp barşyny göreňde nebsiň agyrýar. Ýüzi hyrsyz, ýadawlykdan kellesi ýarylaýjak bolýandyr. Şol sebäplem mugallym derrew saçy agaryp, keselbent bolup gidýär. Men türk mekdebine baramda sabyrlylyklaryna haýran galdym. Olar biziň gaharlanjak zadymyza ýylgyryp bakýar. Biziň janymyzy ýakyp käýýejek çagamyzyň başyny sypap, soň onuň bilen ýylgyryp gürrüň etmäge başlaýar. Men olaryň näme diýýändigine düşünemok, emma mugallymynyň aýdan sözlerinden utanýandygyny çaganyň ýüzi aýdyp dur…“

Dogrudanam olar käýinenlerinde çaga näme diýýärlerkä? Men bu sowaly „ýesirlige düşenleriň“ hatarynda görülýän Hasan Karakoça berdim.

                Biedeplik eden çaga käýýämizde ilki bilen biz onuň kimdigine seredýäs. Ýagny, ähli çaga deň käýýemek bolanok. Käýýemek diýmek, meniň pikirimçe çagany utandyrmak diýmegi aňladýar. Şonuň üçin eger çaga abraýly maşgaladan, kakasy edepliligi halaýan, maşgalasyny tertipli saklamaga ymtylýan bolsa biz şol çaga „Seni häzir kakaň görse näme diýerdi?“ diýen ýaly sowaldan başlaýas. Eger çaganyň häsiýetinde hiç kimden hiç zatda, hatda garagollyk etmekde-de yza galmazlyk bar bolsa biz oňa „Seniň bu boluşyň klasdaşlaryň arasynda abraýyňy gaçyrmazmy?“ diýen ýaly sowaly berýäris. Eger çaga dogumyna bäs gelip bilmän garagollyk etse, biz oňa „Sen geljekde aýratyn gowy adam bolup ýetişmeli. Ýöne güýjiňi, bar başarnygyňy biderek garagollyga harçlasaň, bary puç bolubam biler“ diýýäs. Mysal kän. Ýöne esasan çagada utanmak duýgusy bolmalydyr. Ol mugallymyny görende onuň edepliliginden, adamkärçiliginden, mylakatlylygyndan, dözümsizliginden utanmalydyr.

Hasan beýiň bu sözleri maňa eşiden başga bir wakamy ýatlatdy. Ony maňa gürrüň beren mugallym kitapda adynyň äşgär edilmezligini haýyş etdi. Dogrusy biziň gürrüňimizem terbiýeçilik meselesinde känbir dile alynmaýan, emma köpleri biynjalyk edýän mesele. Biz çagany eden ýaramaz hereketi üçin urmak, gorkuzmak, agladar ýaly derejede käýýemek hakynda aç-açan, özara gürrüň etdik. Bu meseläni kitapda gozgamak asla pikirimde-de ýokdy. Men söhbetdeşimden:

    Siziň käýýäp ýa-da utandyryp agladan çagaňyz bolupmydy? — diýip soradym. Olam öz başdan geçiren şu wakasyny gürrüň berdi.

„Balkanabatda işleýärkäm bir okuwçymyň diýenetmezekligi sebäpli öz aglanym ýadyma düşýär. Ol okuwçym bilen men her hili edip gürrüňler geçirip gördüm. Oňa men däl, ene-atasam täsir edip bilenokdy. Mekdebiň tertibini yzygider bozup gelýärdi. Ahyry bir gün men ony mekdebiň howlusyndanam daşaryk çykardym. Töwerekde adam-gara ýokdy. Elinden tutup durşyma: „Aýtsana, indi men seniň üçin näme etmeli? Näme et diýseň men taýýar…“ diýip, gepläp başladym welin, bokurdagym dolup, gözümden ýaş paýrap gitdi. Muny görüp çaga-da, meni gujaklap aglamaga başlady. Özümi saklajak boldugymça gaýta beter agym tutýardy. Okuwçyma güýçli täsir edýänimi duýup men soň özümi saklajagam bolmadym. Şeýdip ikimiz mekdebiň howlusynyň gyrasynda içimizi döküp agladyk. Soň elýaglygym bilen okuwçymyň ýüzünem, öz ýüzümem süpürişdirip, nepesimizi durlap mekdebe girdik. Şondan soň şol okuwçym biedeplik etmedi, gaýta mugallymlara iň gowy gulak asýan çaga öwrüldi. Men hem şonda çaga göz ýaşlarymdan utandy diýen netijä geldim.“

 

EDEP UTANÇDAN BAŞLANÝAR

    

Şu ýerde utanç-haýa hakynda Ferit  Büýükçelebiniň beren gürrüňini getiresim gelýär.

                Çaga mugallymyndan utanmasa edep gutarýar. Umuman utanç-haýanyň pese gaçan ýurdunda her hili biedepçilikleriň ýüze çykýandygyny dünýä habarlaryndan häli-şindi eşitse bolýar. Bizden „Näme üçin ogalan-gyzy garyp okatmaýarsyňyz?“ diýip soraýanam bar. Ynsanyň utanjy ýüzüniň perdesi ýaly bir zat. Şol perdäniň çagaka ýyrtylýany bar. Ýetginjekkä ýyrtylýäny bar. Öýli-işikli bolandan soň ýyrtylýany bar. Adamyň utanç perdesi näçe gaty ýyrtyldygyça şonça-da onuň ýüzüniň togaby, nury gaçýar. Oglan çaga, gyz çaga bilen bile oýnap biler. Emma olary bile ýatyrmak ýalňyşdyr. Men Türkmenistana gelenimden soň dünýä inen oglum Sanjary şu ýerde çagalar bagyna bermekçi boldum. Çagalar bagyna aýlanyp gördüm. Işgärleri bilen tanyşdym, nahar-çaýlaryny gördüm. Iň soňunda maňa çagalaryň günortan ýatýan ýerini görkezdiler. Oglan-gyz garyşyk ýatýan eken. Diňe şu sebäpli men oglumy çagalar bagyna bermedim. Çaga biziň pikir edişimizden ir aga-gara düşünip ugraýar. Durmuşdyr, çaganyň ýüzündäki örän ýukajyk, gaty seresaplylygy talap edýän utanç perdesi gezekli-gezegine ýyrtylybam biler. Emma olary öz elimiz bilen ýyrtsak, gödek ýalňyşlyk goýberdigimiz bolar.

    Şeýle utanjaňlyga bürelip terbiýelenen çaga soň ýygra bolup ýetişmezmi?

                Ilki bilen ýygralyk sözüniň manysyna düşüneli. Ol aýtjak sözüňi aýdyp bilmän ýygrylyp oturmakmy? Köpçülikden çekinip ýören garasöýmezlikmi? Dogumsyzlyk, lellimlikmi?

    Hawa, men şeýle ýygralygy göz öňünde tutdum.

                Siz biziň mekdep okuwçylarymyzyň taýýarlaýan baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa edip gördüňizmi? 

Men bir türkmen-türk mekdebinde ýokary klas okuwçylaryň baýramçylyk çykyşyna gatnaşanymy ýatladym. Şonda okuwçylaryň goýýan sahnajyklary meni hasam haýran galdyrypdy. Sahnada esasan mekdebiň mugallymlary, hatda mekdep müdiri hakynda-da şorta sözler aýdylýardy. Olaryň arasynda mende aýratyn täsir galdyran sahna ýadyma düşüp ýylgyrdym. Ol sahnada mekdebiň kompýuter mugallymy Zeki Durmazyň ilkinji gezek Türkmenistana gelip okuwçylaryň biriniň öýlerine myhmançylyga gidişi suratlandyrylýar. Şonda Zeki beý ýany bilen giden türk dili mugallymy Kämil Kyrla türkmenler bilen nähili gepleşjegini bilmeýändigini, türkmençä gowy düşünmeýändigini aýdyp, ondan maslahat soraýar. Kämil beý oýun etmegi halansoň, ýoldaşyna ýolda edil türkmenleriň aýdyşy ýaly „hawa“ diýmegi öwredýär. Soň bolsa: „Saňa näme gürrüň berseler başyňy at-da hawa diý-de dur“ diýýär. Zeki beý ýoldaşynyň aýdyşy ýaly edýär:

    Şu ýyl kän işim ugruna bolanok.

    Hawa-hawa.

    Komersiýa dükanym bardy, ýapmaly boldum.

    Hawa-hawa.

    Indem näme etjegimi bilemok, sygyrymyzy sataýmasak?!

    Hawa-hawa.

    Siz men näme diýsem „hawa-hawa“ diýip baş atyp dursuňyz welin, türkmençä gowy düşüneňizok öýdýän.

    Hawa-hawa…

Bu sahna tomaşa edende Zeki beýiň özi hem Türkmenistana ilki gelen günlerini ýatlap gülüp-gülüp içi gyrylypdyr. Bu wakany okuwçylara kimiň eşitdireniň pikirinem edenok. Gülüp: „Hawa-hawa-da. Okuwçylaryň sahna üçin gözleýänleri şular ýaly zat-da“ diýýär.  

  Ferit beý gürrüňini dowam etdirdi.

— Okuwçylaryň bular ýaly degişme sahnalarynda ady tutulmadygymyz ýok bolsa gerek. Şeýle sahnalary düzýän, sahnada goýýan çagalara ýygra diýip bolarmy? Ýa-da halkara olimpidasyna gidip ol ýerde altyn-kümüş medallary getiren çagalaryň känbir jikjermeýändigini görüp, olara ýygra diýmek ýalňyş bolar. Hakykatdanam, biziň okuwçylarymyzyň köpüsi ýüzüni ýerden galdyrmazak, utanjaň. Emma özüne degişli meselä gezek gelende olar hakyny gidirer öýdemok…

Mary şäherindäki türkmen-türk mekdebi bilen tanyşyp ýörkäm mekdebiň okuw işleri baradaky orunbasary bolup işlän Durdy Şamyradow okuwçylarynyň kätä ýalňyşyragam bolsa haklaryny gidirmejek bolup düşýän günlerinden şeýle wakany gürrüň berdi.

                Uçurymlaryndan iki okuwçym Sapaly Hommadow bilen Täçmyrat Nurlyýew okuwlaryny gutaryp, Türkmen Döwlet uniwersitetiniň hukuk bölümine girmekçi bolýandyklaryny gürrüň berdi. Menem bu bölüme adam az alynýandygyny, konkursyň uly bolýandygyny aýtdym. Olaram hany bagtymyzy synap göreli diýişdiler. Soň bu gürrüňdeşlik ýadymdan çykyp gidipdir. Bu okuwçylarymyz hakykatdanam şol ýyl isleg bildiren bölümlerine dokumentlerini tabşyryp, giriş ekzamenine giripdirler. Gynansagam geçip bilmändirler. Şonda ol okuwçylarymyz kabul ediş komissiýasynyň agzalary bilen jedele giripdirler. Olaryň kabul eden okuwçylary bilen bilimde ýaryşaslarynyň gelýändigini aýdypdyrlar. Özleriniň bilimleriniň olaryňkydan pes däldigine ynamlarynyň bardygyny aýdypdyrlar. Emma beýle jedeliň netije bermejegi öz-özünden düşnükli. Biziň bu bolup ýören zatlardan habarymyzam ýok. Ertesi welaýat bilim edarasyndan mekdebe jaň edip: „Okuwçylaryňyz biedeplik görkezdi, kabul ediş komissiýasynyň çykaran netijesi bilen ylalaşman galmagal etdiler. Şol iki okuwçynam alyp gelip, komissiýanyň agzalaryndan ötünç soraň“ diýdiler. Men gyssagly şol iki okuwçymy tapdym. Bolan waka çyn eken. Olary welaýat bilim bölümine alyp gelýärkäm, komissiýanyň agzalaryndan ötünç soramalydygyny aýtdym. Olar maňa çürt-kesik ýok diýip jogap berdiler. Özleriniňkini dogry hasap edýänlerini aýtdylar. Soň nalaç olaryň ýerine özüm ötünç soradym. Soň olaryň biri Täçmyrat Nurlyýew Ankara Unwresitetinde hukuk ugrundan, beýlekisem Aşgabatdaky Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölüminde okady. Men okuwçylarymyň şol gezekki eden hereketlerine düşünýän. Olar jedele girenlerinde-de gelişmejek sözleri aýtmandyrlar, seslerinem gataltmandyrlar. Diňe özleriniň talaplaryny bildiripdirler. Gynansagam olara gulak asylmandyr. Okuwçylarymyz bir okuw ýylyny ýitirdiler diýäýmeseň ýokary bilimsiz galmady.

Hajy Muammer Türkýylmaz bilen bolan gürrüňdeşligimizden ýene-de bir parçany getiresim gelýr.

„Durmuşda töweregimize ser salsak her dürli adam bar. Men milletlerini ýa-da dilini göz öňünde tutamok. Şol bir ýurtda, şol bir dilde gürleýän bir milletden bolan ynsanlaram örän dürli-dürli. Biz olary iki topara böleliň: ýagşy niýetli gowy adamlar, hemem kalby ters düşünjelerden doly adamlar. Ynsan nädip biri-birine gapma-garşy durar ýaly derejede tapawutlanyp bilýär? Munuň sebäbi nämede? Adamogly çagaka bigünä. Çagaka niýet, düşünje taýdan arassa. Nesilden-nesile geçýän ýaramaz gylyk-häsiýetlerem ynsanda bolsa bardyr welin, çaganyň güle deňelmegi, gül ýaly çaga diýilmegi gepiň gelşigine aýdylan däl. Şol çagalaryň soň biri hat ýazmagy, biri agaja çüý kakmagy, biri aýdym aýtmagy, ýene biri çilim çekmegi… öwrenýär. Biri hat ýazmagy öwrenip ejesine gutlag hatlaryny ýazsa, beýlekisi diwara bolgusyz zatlary ýazýar. Olaryň beýle dürli-dürli bolmagynyň sebäpkärleri kim? Elbetde, biz, ulular. Ene-atalar, mugallymlar, tanyşu-nätanyşlardan düzülen tutuş jemgyýet. Haýsy çaga nähili görüm-göreldäni alan bolsa şoňa görä bolýar. Biz çaga nämä höwes etdirip bilsek, çaga şol höwes eden zadyna ýetjek bolýar. Ol biziň berenimizi alýar, bermedigimizem, hatda bermejegimizem alýar. Biz öz aladmyzy edip halal, arassa ahlakly ýaşamaga yhlas edýärkäk, çagamyzyňam halal, arassa ahlakly bolmagyna tarap bir ädim öňe ätleýäris. Durmuşyň iň wajyp, onuň esasyny düzýän meselelerde göreldäni çagalar köplenç iň eziz görýänlerinden, oňa ýakyn durýanlardan alýar. Eger çaga öz ene-atasyndan ýüz tapmaýan bolsa, dürli dostlarynyň, köçäniň täsirine düşmegi aňsatdyr.“

 

 

SÖÝGÄ ERK EDÝÄN ÝOK SÖÝGÜDEN BAŞGA