GÜNÜŇ DOGMAGY AŇSATMY? (Dowamy) | Eserler | Ylýas Amangeldi

GÜNÜŇ DOGMAGY AŇSATMY? (Dowamy)

Powestler | 0 teswir | 16324 okalan

SÖÝGÄ ERK EDÝÄN ÝOK SÖÝGÜDEN BAŞGA

            «Iki aýakly iki günde» diýleni. Düýn eljagazlaryndan tutulyp mekdebe getirlen çagalar belmän durkaň sesleri ýognap murtlary garalyp başlaýar. Bu tebigy ýagdaý. Beden ösüşi bilen birlikde çagada ruhy özgerişlikler hem bolup geçýär. Ýetginjegiň ýüregini açasy gelýän söhbetdeşligi aýyp görülse, bu meselä gadaganlyk goýlup, ony bozanlar utançsyz hasaplansa bu ýagdaý ýetginjegiň psihikasynda ters alamatlary emele getirmeýärmi?

            Bu sowaly men iň tejribeli mugallymlardan biri Ybraýym Polada berdim.

            «Men köplenç ýokary klaslylara klas ýolbaşçylyk edýän. Ýetginjeklik döwri adamyň dünýä garaýyşynda, durmuşa düşünişinde bir basgançak ýokary galýan döwrüdir. Käbir mugallym bu döwri okuwçynyň zaýalanýan döwri ýaly görýär. Emma hakykatda bu gül gunçalarynyň açylýan döwri ýaly bir pursatdyr. Bu pursady başyndan geçirýän ýetginjek mähremdir, özüne çekijidir, şadyýandyr hem gussalydyr. Bu döwrüň gussasam gazal ýalydyr. Ýetginjegiň duýguçyllygy şol döwürde ýiti ösüp, sähel bahana tapsa döwülibem bilýär. Şonuň üçin ýetginjekler bilen işlenende örän seresaply hem eserdeň bolmak gerek. Munuň bilen baglanşykly bolup geçen bir wakany gürrüň bereýin. Ýöne adam atlaryny tutmasak gowy bolar. Çünki ol gaty şahsy mesele.

Ýokary klasda okaýan oňat okuwçylardan biriniň gün-günden tertibiniň bozulýandygyny, sapaklaryna ünsüniň gaçýandygyny duýdum. Oňa sapak wagty edýän belliklerim hiç hili netije bermeýärdi. Onsaň iki-çäk, çaý başynda söhbet etdim. Okuwçym şonda maňa ýüregini açdy. Ol obalarynda bir gyza aşyk bolupdyr. Men muny adaty ýagdaý hökmünde kabul etdim. Çünki söýgä söýgüden başga buýrup biljek güýç ýok ahyryn. Ol mekdebiň kada-kanunyna-da, sapaklara oňat ýetişip, ýokary okuw mekdebine girmelidigiňe-de bakmaýar. Okuwçymdan: «Bu zatlardan gyzyň habary barmy?» diýip soradym. Gyzyň habary ýok eken. Okuwçymyň ähli derdem gyza habar edip bilmän ýörenliginde eken. Men gyza hat ýazmagy teklip etdim. Okuwçym beýle hatyň nähili ýazylýandygyny bilmeýänini, ýazjak bolup synanyşsa-da, başarmandygyny aýtdy. Oňa öz kömegimi teklip etdim. Takal okamaga derek, menden beýle teklibi eşidenini geň gördi. Näme diýjegini bilmedi. Ol hüşgärlik bilen bu meniň oýnummy ýa-da çynym şony kesgitlejek bolýardy. Men oňa çynymdygyny subut etmek üçin öz başymdan geçen wakalrymdan birini gürrüň berdim hem bu gürrüňleriň diňe ikimiziň aramyzda galmalydygyny aýtdym. Okuwçym özünden syryny gizlemeýän mugallymyna ynanmazçylyk edip bilmedi. Şondan soň oturyp söýgi hatyny ýazdyk. Her jüpüne düşen jümleden soň okuwçymyň ýüzi ýagtylyp gidýärdi. Ol şol hat ýazyşlygynda söýgi hakynada gaty köp bilmeýän zadyny öwrenen bolsa gerek. Haty ýazyp bolduk. Okuwçym gyz jigisiniň kömegi bilen haty ol gyza arkaýyn gowşuryp biljekdigini aýtdy. Biz ýene bir salym çaý içip oturdyk. Okuwçym haty alyp gitjek bolup durka saklap, ýene bir söýgi wakasyny gürrüň bereýin diýdim. Ol begenip ýakynymda oturdy. Men oňa bir dostumyň mekdepde okap ýörkä bir obadaşyna aşyk bolanyny, oňa öz söýgüsini duýduranyny, ol gyzdanam kanagatlanarly jogap alanyny aýdyp berdim. Emma soň dostumyň uniwersitete okuwa girip başga bir gowy gyza duşandygyny, ony has söýendigini, obaly bir gyza däl-de, özi bilen kärdeş, pikirdeş gyza öýlenesiniň gelendigini, şeýdibem obadaş gyzyndan ýüz öwürendigini gürrüň berdim. Okuwçym dostumy biwepalykda günäkärläp başlady. Men bolsa oňa obadaş gyza bolan söýgüsiniň ýaşlyk höwesidigini, uniwersitetdäki kursdaşyny bolsa hakykatdan söýenini aýtdym. Okuwçym näme diýjegini bilmedi. Men oňa dostumyň ýeke-täk ýalňyşynyň ýüreginde entek bişip ýetişmedik söýgüsini daşyna çykarmaga howlukmasydygyny düşündirdim. Soň bolsa okuwçyma: „Birden özüňem şeýle ýagdaýa düşäýme?“ diýdim. „Obadaş gyzy ýürekden söýýän bolsaň, oňam seni söýmegi üçin häzir saňa ýokary okuw jaýyna girmegiň gerek. Soň maşgala bolaňyzda-da seniň ýokary bilimiň bolsa, gowy aýlykly ýerde işläp bilersiň. Kynçylyk çekmersiňiz. Şonuň üçin häzir seniň esasy wezipäň obadaşyňa söýgiňi bildirmek däl. Üstesine-de gaty ir oýanan söýgiň seni ýalňyşdyrybam biler. Soň meniň dostum ýaly ahmyr etmegiňem mümkin“ diýdim. Okuwçym gözümiň içine seredip menden: „Onda bu haty ýyrtalymy?“ diýip sorady. Men: „Ýok“ diýdim. Eger ýyrtaly diýsem ol ähli gürrüňimi ýasamalyk diýip kabul edip biljekdi. „Ýyrtma. Sen ony özüňde sakla. Ine mekdebi tamamlarsyň. Uniwersitete gireresiň. Her hili gyzlara duşarsyň. Olaryň arasynda hiç birisi hakykatdanam obadaş gyzyň ýaly saňa mährem görünmese, hiç birisi obadaş gyzyň ýaly seniň göwnüňden turup bilmese, ýüregiňi gozgamasa, obadaşyňam hiç unudyp bilmeseň, onda hatyňy iber. Eger şonda gowy jogabam alyp bilseň, bagtly boljagyňyza ynanyp bilersiň“ diýdim. Okuwçym: “Oňa çenli obadaşym başga birine durmuşa çyksa näme?” diýip sorady. Menem: „Onda diýmek ol sendenem gowy oglana, nesibesindäkä duşandyr. Seňem nesibäňdäki başga gyzdyr“ diýdim. Okuwçymyň munuň bilen razylaşasy gelmeýändigi ýüzünden görnüp durdy. Men ýene gürrüň beren dostumy ýatlatdym. Onuň ökünji okuwçymyň doly göz öňüne geldi. Soňam: “Dogrudanam söýgi meselesinde howlukmaçlyk etmek gijä galmakdan gorkuly görünýär“ diýdi. Biz soňam kän gürrüň etdik. Gürrüňimiz mekdebi gutarmanka söýüşip durmuş gurýanlaryň ýalňyşmak ähtimallygynyň, biraz soňrak oýanan söýgiňkiden uludygy hakynda boldy. Okuwçym meniň bilen doly razylaşyp hatam ýyrtmady, ony obadaşyna-da ibermejekdigini aýtdy. Daşaryk çykdyk. Asmanda patrak ýaly ýyldyzlar bardy. Okuwçylaryň ýatýan jaýlarynyň çyralary bireýýäm öçüpdi. Diňe mugallymlaryň ýatýan otaglarynyň käbiriniň çyrasy şindem ýanyp durdy. Okuwçym penjiresinden çyraň yşygy görünýän mugallymynyň adyny tutup: „O hojamam ýatmandyr welin, meň ýaly biri bilen söýgiň gürrüňini edýärmikä?“ diýip güldi. Menem oňa goşulyp çalaja güldüm. Soňam: „Isleseň ertir klas sagadymyzda söýgi hakynda ýoldaşlaryňam diňläp bileris“ diýdim. Ol gorkan ýaly maňa tarap hyrra öwrüldi-de: „Gürrüňlerimiz diňe ikimiziň aramyzda galar diýmänmidik, hojam?“ diýdi. Menem: „Dagy näme. Hojaňdan arkaýyn bol, diline berkdir. Klasdaşlaryň bilen dostumyň eden hereketiniň dogry ýa-da ýalňyşdygy hakynda maslahatşarys. Senem şonda bu wakany ýaňy eşiden ýaly öz pikiriňi aýdarsyň“ diýdim. Oňa söýgi hakynda klasdaşlarynyň pikirini bilmegem gyzyklydy. Menem öz sözlerimden öz deň-duşlarynyň sözleriniň okuwçyma has täsirli boljakdygyny bilýärdim. Biz söýgi hakynda klas sagadyny geçirmegiň maslahadyny edibem aýrylyşdyk. Okuwçym klasdaşlarynyň arasyna, menem öz otagyma gitdim. Emma okuwçymyň ýüregi bilen ynanyp bakýan gara gözleri göz öňümden gitmän, meni uzak wagtlap ýatyrmady. Ertesi okuwçym: „Hojam, agşam siz meniň düýşüme giripsiňiz. Mekdebe ilki okuwa girjek bolup synaga gelşimmikäm diýýän. Sizem elimden tutup başymdan sypadyňyz. Tolgunma, synagdan geçersiň diýdiňiz. Synagyň geçiriljek klasyna giribem oýanypdyryn“ diýdi. Men hakykatdanam onuň elinden tutdym-da, başyndan sypadym. Hem „Tolgunma, synagdan geçersiň“ diýdim. Ol maňa bada-bat düşündi. Eýýäm boýy meniň bilen boýdaş bolan okuwçym gije ýatyrmadyk gözleri bilen maňa garap, ýylgyryp durdy.“

            Ibraýym Poladyň bu gürrüňini diňläp kärimiň mugallymçylyk däldigine, şeýle gözleriň özüme heniz bakmandygyna gynandym. Megerem käri mugallym bolubam şeýle garaýyşa mynasyp bolmadyklar mendenem beter gynanýandyrlar. Emma beýle ynama  mynasyp bolmak üçin Ibraýym Polat bolmaly.

 

UTANJYŇ GÜÝJI

   

            Ibraýym Polat mugallym bil oňurgasynda näsaglyk bolandanmy, ýa-da, häsiýetindenmi egilibiräge-de, mydama diýen ýaly ýere bakyp gezýär. Ol mydama okadýan sapagy bolan matematikadan meseleleri aňynda çözüp ýören ýaly. Emma kim bilýär ol aňynda okuwçylarynyň meselesini çözýändir? Onuň bir okuwçysyna çilimini goýdurşyny eşitdim. Waka Türkiýede bolup geçenem bolsa, onuň terbiýeçilik ähmiýeti bar. Onsoňam Ibraýym mugallymyň çilim çekýän okuwçysyny ýola getirişi örän geň.

            Ibraýym mugallymyň klasyndaky okuwçylardan biri bir-iki gezek eli çilimli tutulýar. Berk çäre görmegi halaýan mekdep müdiri ol okuwçyny mekdepden çykarylmakçy bolýar. Müdiri beýle etmekden diňe şol okuwçyň Ibraýym mugallymyň klasyndandygy saklaýar. Çünki, okuwçysynyň mekdepden çykarylmagyna Ibraýym mugallymyň örän gaty gynanjakdygyny bilýärdi. Şonuň üçin ol ilki Ibraýym mugallym bilen gürleşip görmegi ýüregine düwdi.

                Ibraýym beý, seniň şol okuwçyňy çilim çekip durka ýene-de tutdum. Çäresini görmeseňiz, indiki tutamda ony mekdepden çykarmaly bolaryn. Ol bütin mekdebi zaýalar.

                Bolýar, bir hepde wagt beriň, men oňa çilimini goýdurmaga synanyşyp göreýin. Eger başartmasa siziň diýeniňiz bolsun.

Ibraýym mugallymyň käýýemesine garaşyp ýören okuwçysy uzak garaşmaly bolmady. Mugallymy ony yzyna düşürip matematika otagyna alyp gitdi. Emma näme üçindir Ibraýym mugallymyň ýüzi gülüp durdy. Ol gaşlaryny çytmanam okuwçysyna ýüzlendi:

    Bilýäňmi näme, çilimiňi goýup bilmejegiň çynyň öýdýän?

    Goýup bilsem, hojam, size-de käýinç getirip ýörjek däl-ä. Gowusy men mekdepden gideýin.

    Onyň bolmaz. Gel, ikimiz bir maslahat edeli. Sen häzir ýanyňdaky çilimi maňa berýäň. Haçan çilim çekesiň gelse ýanyma gel, men saňa bir çilim, hem şu otagyň açaryny bereýin. Sen otagy içinden gulpla-da, penjiresinem açyp çilimiňi çek. Soň gideňde-de penjiräni ýap, gapynam gulpla-da açaryny maňa getir. Her çilimiňden soňam sakgyç çeýne. Bir ýyl şeýdip gaýrat etsek okuwyňy gutarýaň.

    Mugallym beýtsegem bir gün bolmasa bir gün bilerler. Bilinse size-de gowy bolmaz.

    Özüň diliňe berk bolsaň hiç kim bilmez. Kabinetdekäň biri gelip gapyny kakyp dursa, çilimiňi zyň-da penjiräni ýap. Soň bar-da açaý. Mugallym matematikadan taýýarlan diýip açary berdi diýersiň. Düşnüklimi. Menem çilim çek diýmedim, matematikaňa taýýarlan diýip açary berdim diýerin. Dagam çykalga göremok. Ýanyňdan çilim çykmasa, çilim çekip duranyňy hiç kim görmese, diliňe-de berk bolsaň saňa zat diýip bilmezler. Gürrüň gutardy, ber bärik çilimiňi. Men saňa şeýle ýagşylyk edýärkäm, daşarda-da çilim çekip tutulsaň özüňden görgün. Matematika otagymyzyň boş sagatlary çekinme-de geläý.

Okuwçy gidere ugur tapman çilimini mugallymyna beripdir. Soň bolsa gün içinde bäş gezek çilim sorap gelipdir. Ibraýym beý hem ozaldan gepleşişleri ýaly oňa çilimem, otagyň açarynam beripdir. Ikilenji güni okuwçy mugallymynyň ýanyna çilim sorap üç gezek gelipdir. Ybraýym beý okuwçy daşynda çilim çekýän bolaýmasyn diýip bildirmän ony garawullap görüpdir. Emma şol üç çilimden başga okuwçysynyň çilim çekenini görmändir. Okuwçy ýene iki gün üç çilimden çekip, soň mugallymynyň ýanyna çilim sorap gelmändir. Ibraýym beý okuwçysyny ýene ýanyna çagyrypdyr.

    Sen çilim çekmäge başga ýer tapyndyňmy?

    Ýok, hojam. Men çilimi taşladym.

    Aý, berekella! Nädip?

    Hojam sizden utanjyma taşladym. Matematika otagyňyzda her çeken çilimim maňa zäher boldy.

    Çilim şeýle-de zäher ahyryn. Ýöne, sylagyň üçin sag bol. Onda bu bir gap çilimi hapa gutusyna ataýýasmy?

    Ataly hojam.  

Şondan soň ol okuwçy hakykatdanam çilimini taşlapdyr. Ine Ibraýym Polat diýilýän nähili adam, nähili mugallym!

 

UTANJAŇLYGA BAŞGAÇA GARAÝYŞ

 

Utanmak, utanjaňlyk hakynda gürrüň gozgalan mahaly oglan-gyz utanjy biygtyýar ýadyňa düşýär. 1960-njy ýyllardaky mekdep döwrümi ýatlaýan. Ýokary klasda okaýardyk. Ol wagt gutardyş klasynda murtlarymyz gowy garalan ýigdekçelerdik. Gyzlarymyzam iki örüm saçly, başlary ýaglykly uly gyzlardy. Klas ýolbaşçymyz mekdebe barlagçy gelen mahaly bizi bir partada oglan-gyz edip oturdýardy. Biz mugallymymyzyň hatyrasyna, barlagçylar gidýänçä diýilenini edýärdik. Dogrusy, oglan bilen gyzyň bir partada oturmagy aýybam görülmezdi-de, özümiz islemezdik. Ýogsa klasymyz agzybirdi. Mydama oglanlar gyzlara arka çykardy. Gyzlaram bizi doganlary ýaly görýärdi. Şonda-da klasdaşlarymyzda türkmeniň göze görünip ugran uly gyzyndaky utanjaňlyk bardy. Bizem olaryň ýüzüne göni bakyp bilmezdik. Megerem, şonuň üçindir klasymyza edepli klas diýýärdiler.

Häzir döwür has özgerdi. Şonuň üçin bolmagam mümkin, türkmen-türk mekdeplerinde gyzlaryň bir mekdepde, oglanlaryň bir mekdepde okadylýandygyny ilki eşidemde-de içimden “gaty dogry edýärler” diýipdim. Soň özümiň mekdep ýyllarymy, klasdaş gyzlary ýatlap ýüregim jigläp gitdi. Gyzlaryň bir mekdepde, oglanlaryň başga bir mekdepde okadylmagy ýaşlygy bir gözelliginden mahrum etmek ýaly göründi.

Häzir kitap bahanasy bilen bu meselä has içgin aralaşmaga mümkinçiligiň döränine begendim. Bir binada ýerleşýän gyzlar hem-de başlangyç mekdeplere müdirlik eden Myrat Olukpynara sowal berdim.

    Gyzlar bilen oglanlaryň mekdepleriniň aýry bolmagy dogrumyka?

    Bu örän dogry edilen iş. Men muny size mysal bilen subut etjek bolaýyn. Siz göz öňüne getirip görüň mekdebiň koridoryndan 9-njy “A” klasda okaýan oglan okuwçynyň öňünden dokuzlaryň “B” klasynda okaýan gyz okuwçy gelýär. Ikinji bir ýagdaýda-da şol oglanyň öňünden “B” klasda okaýan oglan okuwçy gelýär. Mysallaryň ikisinde-de okuwçylar biri-birine biparh, ähmiýet bermän geçip gidip biler. Emma gyz bilen oglanyň garşylaşan mahaly olarda sähelçede bolsa duýgularynyň üýtgemegi bolup biläýjek zat. Eger şeýle üýtgeşme bolaýsa, ol ikisiniňem bilimine-de, terbiýesine-de zyýan berip biler.

    Belki oglan okuwçy, gyz okuwçyny görüp özüni tertibe salar? Özüne jogapkärli garar?

    Olam bolup biler, emma hakykatda şeýle bolýarmy? Oglanlar gyzlara derrew öwrenişýär. Olary özleri bilen deň görseler begenersiň, käbiri özüçe görmän, ýaşlyk edip, kelç-külç gürrüňlere başlaýar. Ýaman ýerem ösüşdäki, ýetginjeklik ýaşyndaky okuwça “beýle bolmaň” diýmegiň känbir peýdasam degmeýär. Kelç-külç gürrüň bolmadyk ýagdaýynda-da, oglanyň ýanynda gyz, gyzyň ýanynda-da oglan özüni arkaýyn duýup bilmeýär. Tebigatyň kanuny şeýle. Onsaň bu kanuna garşy hereket etjek bolmagyň bähbidi barmy? Men-ä şeýle bähbidi göremok. Belki siziň pikiriňiz başgadyr?

    Meniň pikirim ýönekeý ene-ataň pikiri bolýar. Ene-ataňam bar pikiri oglan bolsun gyz bolsun, perzendinden arkaýyn bolmagy gerek. Emma siz mugallym, ynsan psihologiýasyndan bize görä bilimli, tejribeli adam. Şonuň üçin bu ýerde siziň pikiriňiz has gymmatly. Gyzlaryň özbaşdak mekdebinde okuw nähili, çagalaryň bilim alyşy, edep-terbiýesi nähili? Olaryň oglanlardan aýratyn okaýandygyndan zyýan duýulýarmy?

    Ýok. Gaýta tersine. Türkmen gyzlaryna utanjaňlyk has mahsus bolansoň, biziň mekdebimizde olaryň ýygraragam özüni arkaýyn duýýar. Biziň mugallymlarymyzyňam esasy bölegi aýal mugallym. Olara syr alyp, syr berişmek aňsat düşýär. Sapak düşündirende-de, ahlak taýdan terbiýeçilik söhbeti geçirlende-de olaryň gowy düşünjekleri belli zat dälmi näme?! Hatda Ewropa döwletlerinde-de Gyzlar gimnaziýasynyň artykmaçlyklary hakynda häzirki döwürde köp çykyş edilýär. Biziň asyl maksadymyz näme? Ahlakly maşgalany döretmek, ahlakly maşgalaň köpelmegi bilen döwletimizi ahlak taýdan berkitmek. Terbiýäniň gowy ýerinde bilimem gowy bolýar. Gündogar şahyrlarynyň biri bilimi miwä, terbiýäni bolsa ony iýmitlendirip, saklap oturan agajyň şahasyna deňeýär. Şaha sagdyn bolmasa, miwesiniň hem sagat bolmajagy düşnükli zat.

    Utanjaňlyk meselesine siziň garaýyşyňyz nähili?

    Utanç bir başga, utanjaňlyk bir başga. Bilýän sapagyňy utanjaňlyk edip doly aýtmasaň, alan bahaň bilimiňe görä bolmaz. Ýa-da bilmeýän zadyňy utanjaňlyk edip soramasaň, ýene-de zyýana galarsyň. Bilim almak meselesinde çaga özüni erkin duýmalydyr. Maňa gülerler diýip bilmeýän zadyny soramaga çekinýän çaga-da bolýar. Aýratynam şeýle ýagdaýda oglan gyzlara, gyzam oglanlara gülki bolmakdan utanýar. Ine şu meselede-de oglanlar bilen gyzlaryň aýry-aýry mekdeplerde okadylmagynyň artykmaçlygy görnüp dur. Gyzlar diňe gyzlar bolup galanlarynda özlerini has arkaýyn duýýar. Oglanlaram şonuň ýaly.

Beýle diýsem biz gyzlarymyzy kapasada saklaýan ýaly saklaýandyrlar diýen netije-de çykaraýmaň. Biz oglanlaryň okaýan türkmen-türk mekdepleri bilen aragatnaşyk saklap durýas. Mysal üçin, geçen okuw ýylynyň ahyrynda türkmen türk mekdepleri boýunça dünýä taryhyna degişli stent taýýarlamak ýaryşy boldy. Şonda biziň mekdebimiziň gyzlarynyň taýýarlan stendi hem-de “Başkent” mekdebiniň oglanlarynyň taýýarlan stendi birinji orny paýlaşdylar. Ikinji orunam biziň gyzlar mekdebimiz bilen Baýramaly we Mary şäherlerindäki mekdeplerimiz özara paýlaşdylar. Bu ýaryşda üçünji orunam biziň gyzlarymyz eýelediler. Mekdeplerimiziň arasyndaky bilim bäsleşiklerinde-de, Türkmenistanyň Döwlet olimpiadalarynda-da gyzlarymyz ýyl-ýyldan oňat çykyş edip başladylar. Garaz, ähli mekdeplerdäki ýaly gyzlar mekdebinde-de durmuş öz aýratynlyklary bilen dowam edip dur.

 

KÖP OKAN ÇAGA GÖÝDÜK BOLÝARMY, ÝA-DA?..

 

                „Türkmen-türk mekdebinde gereginden artyk köp okadylyp, çaga göýdük edilýär“ diýýänlerem bar.

Gürrüňdeşim Mary şäherindäki türkmen-türk mekdebiniň iňlis dili mugallymy bolup işlän Atajan Berdiýew bu barada şeýle gürrüň berdi.

                Bu sözi maňa myhmançylykda otyrkam bir tanyşymam aýtdy. Bizde çagasy okap ýören başga bir tanyşymam şol ýerdedi. Ol aýdanlara garşy çykdy. Emma her kim öz pikirinde galyp, gürrüň jedelle ýazdyrylmady. Şondan soň aý aýlandy ýyllar geçdi. Bizde çagasy okaýanyň ogly Türkiýä okuwa girdi. Beýleki tanyşymam ogluny Aşgabada äkidip tanyş üsti bilenmi, ýa, başga bir ýol bilenmi ýokary okuw mekdepleriniň birine salyp gelipdir. Emma onuň ogly okuwyny eýgermän, asla okamak hem islemän bir ýyldan yzyna gaýdyp gelipdir. Bu wakalardan soň şol tanyşlarym bilen ýene bir ýerde gabat gelişdik. Ogluny göýdük etmejek bolup onuň bilime bolan höwesini öçüren tanyşym, uludan demini alyp ýalňyşanyny, häzir oglunyň okuwa-da, zähmede-de höwessiz entäp ýörenini gürrüň berdi. Soňundanam: “Men öz elim bilen çagamy göýdük etdim“ diýdi.

                Türkmen-türk mekdebinde çaga bilim-terbiýe bermekde ulanylýan usul nähili usul? Ol dünýäniň başga ýerlerinde-de ulanylýarmy? Ol dünýäde iň öňdebaryjy usulmy? Dünýäniň iň ösen ýurtlary çagany nähili usulda okadýar?

Bu sowallara Baş koordinator Seýit Embelden alan jogaplarym iň ygtybarlysy bolsa gerek. Ol biziň ýurdumyzda ulanylýan usul barada şeýle gürrüň berdi.

    Islendik ýurduň öz talabyna, halkynyň milli aýratynlygyna görä bilim beriş usuly bar. Mysal üçin, Amerkanyň mekdeplerinde ulanylýan bilim beriş usulyny Türkmenistanda ornaşdyrmakçy bolsak, ol ters netije berer. Bu ýerde mesele şol ýerde ulanylýan usulyň ösenliginde däl. Gaýta, tersine, ol ýerde bilim berilşi bärdäkiden pes bolmagy-da mümkin. Mysal üçin, olarda, hepdede, ýalňyşmaýan bolsam, bir gün ýaltalyk güni geçirilýär. Şol gün çagalar mekdebe hiç zat etmezlik üçin gelýär. Size bu barada biziň Amerikanyň mekdeplerinde bir ýyl okap gelen okuwçylarymyz gyzykly zatlary gürrüň berer. Men bolsa biziň çagalary terbiýelemekde ulanýan usulymyz hakynda aýdyp bereýin.

Türkmen halky halallygy gowy görýär. «Iýen duzuňy, emen süýdüňi halalla» ýa-da «halalyň bolsun» diýen sözlere, düşünjä bärde örän uly many berilýär. Ol edil Pifagoryň islän daýanç nokady ýaly. Halaly harama gatmajak bolup gelen türkmenleriň SSSR-iň dargamagynyň esasy sebäbinem syýasatda, ýolbaşçyda ýa başga bir zatda gözlemän, ýurtda halalyň azalyp haramlygyň köpelmegi bilen düşündirýänine kän gabat geldim. Bizem bilimde-de, terbiýede-de esasy köki halallykda görýäris. Çaga eneň-ataň, mugallymyň saňa edýän yhlasyny halallap oka diýseň ol bar başarnygyny okuwyna goýýar. Edep meselesinde-de iň edepli adam — iň halal adamdyr diýýäris. Olar hakykatdanam islendik biedepligiň haramlyga ýakynlaşdyrýandygy hakynda oýlanmaga başlaýar. Agzybir, asuda, hakyňa kaýyl ýaşamak, mekdebiňi, obaňy Watanyňy söýmek, olara hyýanat etmezlik bu halallyk dälmi eýsem? Bu ýörelge mysal üçin, Ýewropa ýurtlarynda geň görülip bilner. Biz okuwçylarymyzy Halkara ýaryşlaryna eltemizde, olaryň özlerini edepli alyp baryşlary, ilki bilen hemmeleriň ünsüni çekýär. Ýaryş başlanyp olaryň ýiti zehinlidikleri hem belli bolýar. Şonda bizden «Size çagany hem şeýle edepli, hem şeýle bilimli etmek nädip başardýar?» diýip soraýanlaram bolýar. Edep bilen bilim guşuň goşa ganaty mysaly. Olaryň biri beýlekisinden asgyn bolsa guşuňam uzak uçup bilmejegi belli. Biziň bu usulymyzy ýerli ilatam örän gowy kabul etdi. Her bir işde milliligi öňe sürmek işiň şowlamagynyň esasy bölegini eýýäm üpjün edýär. Çünki, halk öz aslyndan, däp-dessuryndan gelip çykýan ýörelgäni has janypkeşlik bilen ýöretmäge çalyşýar. Bu tebigy zat. Bizem çagalary okadamyzda-da, terbiýe beremizde-de türkmeniň asyl edep beriş, bilim beriş usulyny gaýtadan dikeltmäge çalyşýas. Kökümiz bir bolansoň bu bize onçakly kynam düşmeýär. Bizem başardygymyzça halaly harama gatmajak bolup ulaldyk. Bizem edil türkmenler ýaly ýaranjaňlygy, kelpeňligi, iki gepliligi halamaýas. Gorkut ata, Oguznama, Görogly, Magtymguly Pyragy, Ýunus Emre… ýaly Gündogaryň genji-hazynalary biziň iň üns berip, işimizde peýdalanyp okaýan we okadýan kitaplarymyz. 

    Gorkut atanyň, Magtymguly Pyragynyň wesýetlerine eýerip işlemek, şolaryň esasynda kompýuteriň „tagamyny“ alan çagalara terbiýe berjek bolmak, aňsad-a düşýän däldir.

    Ýok, bu meselede hiç bir kynçylyk çekmeýäris. Çünki herki işiň öz ugry bar. Mysal üçin, biz çagalaryň özlerine Magtymguly Pyraga we beýleki ruhy sütünlere bagyşlap kompýuterde internet sahypalaryny taýýarlamagy tabşyrýarys. Netijede çaga hem geçmiş taryhymyzy öwrenýär, hem döwrüň çylşyrymly tehnikasyna erk etmegi ele alýar…

Klaslary hatara goýlan kompýuterden doly türkmen-türk mekdepleri biziň öwrenşen zadymyz. Bu mekdeplerde hatda türkmen dili we edebiýaty, taryh ýaly sapaklarda-da kompýuterden peýdalanylýar. Internetiň kömegi bilen dünýä çykylýar. Sapaklar iňlis dilinde okadylýan mekdep barada Baş koordinatoryň halal-haram hakynda aýtmagy geň eşidilýär. Emma her bir edilýän işiň özenine seredeňde, mugallymçylyk bolsun, ýa, daýhançylyk halal bilen haram esasy mesele hökmünde öňde goýulmasa işiň netijeliligi bolmaýar. Hatda dünýäniň ösen döwletlerinde prezidentem ilkinji nobatda hallalygyna we ahlak taýdan arassalygyna garalyp saýlanýar.

 

INTERNET BIZI ÝAKYNLAŞDYRÝAR

 

Türkmen-türk mekdepleriniň islendik mugallymyndan, islendik ýolbaşçysyndan: „Häzire çenli siziň mekdepleriňizi gutaran okuwçylaryň arasynda iň tapawutlanany kim?“ diýip sorasaň säginmän „Kakajan Kömürow“ diýip jogap berer diýdiler. Ol hakykatdanam şeýle bolup çykypdy. Şol sebäpli Kakajan barada aýratyn gyzyklanyp görmegi ýüregime düwüpdüm. Arman ol Türkiýededi. Türkmenistana gelerine garaşsam wagt az. Netijede Kakajan bilen söhbetdeşligimiz internetde şu aşakdaky görnüşi aldy.      

 

 

Kakajan Kömürow:  "Ilkinji türkmen molekulýar biolog alymynyň dünýädäki üstünliklerini küýseýärin"

 

Kakajan Kömürow. Bu familiýa Türkmenistanyň döwlet, Marynyň welaýat gazetlerinde ýazylan, Türkiýäniň, Türkmenistanyň telewideniýesinde eşitdirilen familiýa. Olardan daşary mekdep okuwçylarynyň biologiýadan bilim olimpiadalary baradaky dünýäniň islendik ýerinde çap edilen habarlarda-da üç ýyllap Kakajan Kömürow — Türkmenistan diýlen ýazga duş gelse bolýar.  

Emma adamyň familiýasynyň tanalmagy esasy zat däl. Her kimiň bitiren hyzmaty bilen özüni tanatmagy gerek. Ýaşdygyna garamazdan Kakajan özüni tutuş iline tanatmaga çalarak ýetişen hem bolsa,  ony elbetde, islendik türkmen tanaýan däldir. Özüňi tanatmaga biz şeýle agram berýäris welin, belki ol hökmanam däldir? Köpçüligiň esasy bölegini köplenç diňe garyndaşlary, bile okan ýoldaşlary, işdeş ýoldaşlary, obadaşlarynyň belli bir bölegi tanaýar. Diňe maşgalasynyň çäginde tanalýanlar bilen maşgala düzülýän bolsa, tutuş iline tanalýanlardan şol iliň ýüzi emele gelýär. Maşgalasynyň, obasynyň içinde tanalýanlardan talabam maşgala, oba çäginden geçmeýär. Özüni iline tanadanlar bolsa iliň-ýurduň derejesindäki talaba jogap bermäge mejburdyr. Belki, şonuň üçinem Kakajan ýalylary öz ili tanamalydyr.

Kakajandana-da tanymallygyna görä talap bildirilýändir. Kim tarapyndan? Ilkinji nobatda özi tarapyndan. Hatda il-ýurduň talabynam, Kakajan özüne görä kesgitleýän bolsa gerek. Ol özünden näçe ýokary derejede talap edýän bolsa, şonça-da, onuň öz derejesi beýikdir. Häzir biz Kakajanyň tanymalygynyň üstüne ýene-de bir tanymallygy goşmakçy bolýarys. Biz ony internet sahypamyza çagyryp birnäçe sowallarymyza jogap bermegini haýyş etdik. Maksadymyz häzir hem-de geljekde il-ýurdunyň ýüzüni emele getirjekleriň „ýüzüni“ iline görkezmek. Siziň şu günki sahypamyzda görjek ýüzüňiz familiýasyna mynasyp, garaýagyz, türkmen ýigidi Kakajan Kömürow. Türkmeniň geljegini kimden talap etmelidigiňizi bilmän ýörmez ýaly tanaň we söýüň. Hawa, söýüň!

 

Söýüň meni — ýürek söýgi küýseýär,
Şeýle bir küýseýär — ýok çaky-çeni.
Ýekeje adama ýeterlik söýgi bilen

Bir pursatlyk söýüň siz meni.

Maňa kän zat,
Uly bir zat gerek däl,
Eliňizi ýüregňize goýuň siz:
Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem
Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz.

Söýüň meni
Ähli erki hem durky bilen

Size tarap ýollar çekeni.
Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam
Birazajyk agyr düşjek ekeni.

Söýüň meni — siziň sadyk guluňyz,
Soňra menden size galar şeýle paý.

Men size bahasyz serpaý ederin,
Şalaryň elinden gelmejek serpaý.

 

Elbetde Gurbannazar şahyryň goşgusyny tanansyňyz. Bu goşgy serpaý ýapyp biljekler barada. Şeýle serpaýy ýapmak Kakajanyňam nesibesinde bar bolsun hernä diýip ýagşy dileg bilen söhbetimize başlaýarys.         

- Kakajan, Watandan uzakda ýaşamagyň we Watanyň özünde ýaşamagyň arasynda nähili tapawutlary duýýaň? 

- Watandan uzakda ýaşamak elbetde kyn. Her näçe dil bilsemem, bu ýerdäki halk gowy hem bolsa, öz halkyň ýalysy ýokdur. Emma, biziň başga çärämiz ýok, okamaly.

- Mekdebi tamamlanyňdaky iň soňky jaň sesi we Bilkent uniwersitetiniň ilkinji sapagy..... Şol günlerde nähili täsirleri başdan geçirdiň?

- Mekdebi gutaran günümiz kän gynanmandym, näme ucindir. Edil biz (dostlar, mugallymlar) hic wagt biri birimizden aýrylmajak ýalydyk. Hemişe biri-birimizi göreris, bile bolarys diýen ynamym bardy. Emma, gynansamam beýle bolmaýan eken. Köp dostlarym bilen aragatnaşygymyz berk, inşalla hemiselik şeýle-de bolar. Olaryň köpüsi bilen internet arkaly hat alyşýas, bärdäkiler bilenem hemise görüşip durýas. Ýöne, mekdep mugallymlarym barada aýtsam, olaryň hersi bir ýerde. Indi kim bilýär, men haçan olary görerin.

Bilkente ilkini gezek gelemde örän geň galypdym. Men beýle okuw jaýyny öň görmändim, uniwersitet, emma kiçijek şäher ýaly. Örän gowy görüpdim. Sapaklara öwrenişmek kynrak boldy, has dogrusy bäriniň talyplaryna, esasanam okuw sistemasyna birbada öwrenşip bilmedim. Turkler beýle sistema öňden owrenişipdiler. Ýöne menem, Hudaýa şükür, çalt owrenişdim.

-Mugallymlara „Bilim atamyz“ hem diýilýär. Olary atamyzyň derejesine götermek dogrumyka? Seniň üçin „atalyk“ derejesine ýeten mugallymyň barmy?

-Mugallym bize bilim öwredýän bolsa, kellämizde bilimi dogurýar. Bu edil hakyky atamyzyň bizi dünýä indirişi ýaly. Onda, meniň pikirimçe, olara "Bilim atamyz" diýmek dogry bolar. Emma, hakyky atamyzyň derejesine götermek dogrumy? Ony bilmedim. Käbir mugallymym bardy, hakykatdanam meni täzeden dünýä inen ýaly etdiler. Ana, belki şol mugallymlar atamyz derejesindedir. Ýöne bu meselä her kimiň öz garaýyşynyň bar bolmagy mümkin. Meniň üçin „atam“ bolan mugallymym bardy.

-Mümkin bolsa olary atlandyraýsaň? Hem olar bilen baglanyşykly iň ýadyňda galan bir wakany gürrüň beräýseň. 

- Ilkinji nobatda, meniň durmuşyma uly täsir eden we maňa ýaşamagymyň idealyny saýlamagymda iň uly rol oýnan hormatly terbiýeçi mugallymym Sabri Bitirik. Ol maňa ynanjyň asyl manysyny öwretdi. Şu wagtky maňa güýç berýän ruhy energiýamyň, Watanyma, milletime we dinime gulluk etmek pikirimiň köki Sabri Bitirik bilen başlanýarmyka diýýän.

-Bilşimize görä sen „ruh inženerligini“ – genetika ylmyny öwrenmegi saýlap alypsyň. Näme üçin genetikany saýladyň?

- Genetika "Ruh inženerligi" diýmek dogry bolýarmy, ony bilemok. Genetikanyň ruha täsir edip biljekdigine ynanamok. Ýöne, meniň biologiýa öňräkden höwesim bardy. Şonuň üçin hem genetikany saýladym. Genetika barada okadygymça oňa bolan söýgim has hem artdy.
Keselleriň köpüsi genetiki näsazlyklardan bolýandygy belli. Men hem öz ömrümi genetika ylmyna bagş edip, keselleriň, esasan hem düwnük keseliniň garsysyna göreşmekçi. Düwnük genetiki keselleriň iň meşhury we her ýyl bir million adamyň ölümine sebap bolyan kesel. Men hem Allahyň kömegi bilen bu ugurda ylyma goşant gosup biljekdigime ynanýan.

-Seniň pikiriňçe adama iň ýakyn dost nähili häsiýetde bolmaly? Häzir sende şeýle dost barmy?

- Dostuň iň gymmatly häsiýeti oňa ynanyp bilmegiň bolaýmasa. Meniň hem Hudaýa şükür şeýle dostlarym az däl.

-Adamyň isleglerini material taýdan üpjün etmek mümkinmi?

- Adamyň özi doly material zat bolmany üçin, beýle zadyň mümkin bolmajakdygyna ynanýan. Adamyň bar islegi material zatlarda jemlenmän biler.

-Edebiýaty halaýaňmy? Iň gowy görýän şahyryň kim?

- Edebiýaty, elbette halaýan. Meniň ejem dil we edebiýat mugallymasy. Edebiýada bolan söýgim onuň bilen başlady, hormatly mugallymym Ata Akbäbäýew bilen hem iň ýokary derejesine ýetdi. Ol mugallym maňa edebiýaty we şygyry söýdüren adam. Goşgy okamagy örän gowy görýän. Ýadaw wagtlarym, dynç almak üçin goşgyny köp okaýan, köplenç ýatdan okaýan. Iň gowy görýän şahyrym klassiklerden elbetde Magtymgulydyr. Bilkentin kitaphanasyndan Magtymgulynyň kitaplaryny köp alýan.

-Durmuşda seniň üçin iň agyr düşen zat näme boldy? 

-Kän ýadyma düsenok, enşalla beýle zat bolmazam.

-Eger ylmyň ösmegi bilen her bir adama geçen günlerini ýeke-ýekeden tomaşa etmäge mümkinçilik döretseler seniň görkezilmegini islemejek günleriň, edil şonuň ýaly, höwes bilen, birnäçe gezek gaýtaladyp görjek günleriň barmy? Şol günlerden birini ýatlap bilemezmiň?

- Elbetde, hic wagt özümiň hem göresim gelmeýän günlerimem, gaýtalap-gaýtalap göresim gelýän günlerimem bar. Ýöne olary bärde agzasym gelenok, bagyslaň. 

-Men saňa düşünýän. Ol günleriň Magtymguly Pyragynyň „Yşka düşen günlerim“ diýýän günleri bolmagy mümkin. Umuman, yşk, söýgi meselesine nähili garaýaň, ýagny söýgi köplenç „gözli kör edýär“. Belki oňa derek, bu meselede ata-babalarymyzyň edişi ýaly aslyna çenli öwrenilip, tejribeli ýakynlaryň akyl eleginden geçiren kararlaryna gulak asmak dogrudyr?

- Ýok, ol günler yşk-söýgi bilen bagly däl. Menin ýatlasym gelmeýän gunlerim ejeme, kakama biedeplik we hormatsyzlyk eden günlerim, mugallymlaryma ýa-da ýoldaşlaryma garşy ýalňyş bir zat eden günlerim. Her ýatlamda ýüregim gysylýan ýaly bolýar, käşgä şol günler bolmasady diýýän, derrew ýadymdan çykarjak bolýan. Gaýtadan-gaýtadan göresim gelýän günlerim, Hudaýa şükür az däl. Ol günler biziň olimpiadadaky ýeňisli günlerimiz, Türkmenistanyň komandalaýyn birinji bolan günleri. Şol günleri köp ýatlaýan. Emma, men aslynda kän yza seredip, öten günleri ýatlap "ol günler nähili gowudy..." diýmäge garşy. Hemişe öňe seredýän, inşalla öňdäki günler has gowy, has uly ustünluk getirer diýip umyt edýän. Men aslynda gelejek günleri köp "ýatlaýan" diýsemem boljak. Ilkinji türkmen molekulýar biolog alymynyň dünýädäki üstünliklerini küýseýän. Seýlerak... Siz hem ýagsy dilegde boluň.