UKLA | Eserler | Ylýas Amangeldi

UKLA

Goşgular | 0 teswir | 839 okalan

 

 

Bir kyn güne galan deý,

Günä galan deý,

Gyzaryp,

Gutardy gündiz.

Ýaşdy güneş.

Misli netije –

Geldi asuda gije.

 

Dolandy guşlaram höwürtgesine.

Ýyldyzlar meňzäp hünjä,

Döküldi gögüň göwsüne.

Ýer ýokdy ünjä.

 

Gözler görmekden ýadapdyr,

Sözden ýadapdyr gulaklar.

Aladalaryň bary dargapdyr,

Ýer berip uka.

Dünýäni bimaza edip,

Itler nämä ürýärkä?

 

Asmanda aýyň şöhlesi,

Ýüpekden ýuka.

Oýalykda gapyl gezen eý, adam,

Bir pursat ukla.

Uzaklaş şerden.

Goý, dynjyny alsyn aýaklaryňdan,

Ýer hem.

Eý, ADAM, ukla.


Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.