Direg, "Miwe köp bolsa eger..." | Eserler | Ylýas Amangeldi

Direg, "Miwe köp bolsa eger..."

Esseler | 1 teswir | 1237 okalan

            Dünýäni saklaýan zat ölümdir öýderdim. Dogrusy ilki başda, ýaňy dünýä diýlen şäheriň gyrasyndan girip ugramda "Munuň diregi söýgi" diýipdim. Soň söýgüden, şo ýyllardaky düşünýän söýgümden daşlaşyp, ol direg ynamdyr diýen karara geldim. Emma dil bilen näçe düşündirilse-de, edil "Ussasyny" düşündirip bolmaýşy ýaly, düşündirip bolmaýan "şäheriň" öwrümli köçelerinde entedigimçe ynamyň direg derejesinden ejizdigi, ynamam saklaýan bir diregiň bardygy barada oýlanyp ugradym. Ýogsa ynam uly güýç, gaýrat, kuwwat çeşmesi. Bu çeşme saňa tarap bir akyp başlasa, seni joşup duran derýa öwürýär, ylham ganatlary bilen ganatlandyrýar. "Emma ynamlaňňam synýany üçin..."

            Birdenem o diregi gördüm. Ol çabyrap, alawlap ýanýan ýalyndan gyzgyn, Demirgazykbuzly ummanyň aýsberglerinden sowuk.

            Ol direg utanç-haýa eken.

            Maşgalaň abatlygyny bilesiň gelse, termometre bakan ýaly içeriňdäki utanjyň derejesine seredäýmeli eken. Eger muny etmäge gaýratyň çatsa. Obaň abadanlygam seni gozgaýan bolsa, ýene obaňdaky utanç-haýaň azalyp-azalmaýandygyna üns beräýmeli eken. Eger synçy nazaryň ýetse. Şäheriň, ýurduň, soň tutuş dünýäň durkunyň sagdynlygyna göz ýetiresiň gelse ýene-de adamlaryň, milletiň, halkyň, adamzadyň utanç-haýa derejesini yzarlaýmaly eken. Elbetde, muňa-da paýhasyň ýetse.

            Gaýrat, synçylyk, paýhas - bular her kime ýetdirip duran zatlaram däl. Ýöne özümizdäki utanjymyzy bilmek üçin beýle köp zat gerek däl ýaly. Onuň üçin diňe Alla tarapyn kapyra-musulmana berlen ýeke zat - wyždan ýeterlik.

            Kuranda iň köp duş gelen sowalym "düşünmeýärmisiňiz?", "oýlanmaýarmysyňyz?" diýen manydaky sowallar boldy. Bu sowallar Allanyň ynsana beren sowaly. Allanyň kitabynda haýyr bilen şer, hak bilen ýalan, egri bilen dogry Ýer togalagynda bolup geçen juda köp dürli hadysalar, wakalar mysal getirilip çintgelenip-çintgelenip, şeýle düşnükli edilip düşündirilýär. Soňam "düşünmeýärmisiňiz?", "oýlanmaýarmysyňyz?" diýlip soralýar. Bu sowallary her gezek okanyňda şol ýalyn bilen buz birden başyňa gelýär. Hem derläp hem üşüdýändigiňi duýýaň.

            Emma şonda-da düşünýän däldirin, ýogsa, özümi otdan alyp buza, buzdan alyp ýalyna oklap oturmazdym. Ýa-da şol otdan hem buzdan gorkyma düşünmekden aýak aldygyna gaçýarmykam?!

             Ýekeje zat gynandyrýar. Näme üçin adam dünýesini dikeltjek direg - utanç-haýany duýmagy başarýan wyždanyndan gaçyp durmuşyny gowlajak bolýarka? Diregi aýrylan zadyň ýykylýandygyny her birimiz göre-göre gelýäris ahyryn.

            "Şükür bagşy" kinosynda maslahat gidip durka bir ýaşuly ýerinden turup: "A-how, ýigitler, utanaňyzokmaýt?" diýýändir. Bu sowala ýüregi tisginmedigimiz ýok bolsa gerek. Her kim türkmeniň milliligini bir zatda görýär. Kim şaý-sepinde, kim atynda, kim itinde. Bu pikirleriň hiç birine-de ýalňyş diýemok, ýöne utanjy süňňi bilen duýmak türkmene aşa mahsus bir häsiýetmikä diýýän. Gaýry milletden bolan biri: "Ertir bilen ýassy namazyny okamak kyn. Birini daň atandan Gün dogmanka turup okamaly, beýlekisini okažak bolsaňam ukudan galyp garaşmaly. Üstesine-de ony okaýanyňy-okamaýanyňy hiç kim görmeýär. Şonuň üçin mynapyklar - ikiýüzliler şu namazlary okamaz ekenler. Türkmenleriň arasynda welin, beýlekileri okap bilmeselerem, ertir bilen ýassy namazlary okaýan köp" diýdi.

            Hawa, ertir bilen ýassy namazy ilden däl, Alladan utanjyňa okalýan namaz. Alladan utanmak duýgusyna bolsa şeýhler sopylar, tarykat ärleri gijeler ýatman tagat ybadat edip, zikir çekip ýetipdirler. Bu duýgy Ymam Agzamyň duýgusy, Ybraýym Edhemiň, Zunnun Müsriň... ýeten derejesi.

            Pygamberleriň, Dört Çaryýarlaryň, ulamalaryň, şeýhleriň, pirleriň başynyň bezegi utanç - seni ömrümiňem, ölümimiňem, söýgümiňem, ynamymyňam diregisiň öýtmändirin. Sen hakynda pikir etmänim üçin, senden otdan-buzdan gaçan ýaly gaçanym üçin, seniň gadyr-gymmatyňy bilmänim üçin men bihaýany bagyşla. Öten-geçenlerimiň, kimiň oglusyň diýlende adyny tutýan kakamyň hatyrasyna bagyşla...

Ýekeje belligim hem dilegim, gaýry ýurtlyň aýdanlaryny okap, diňe ertirini okaýanlar göwünlerini rahatlandyrmasadylar. Eger bize şeýle utançly millet diýýän bolsalar, bäşiň diňe birini ýa-da ikisini berjaý edýändigimize utansak has gelişmezmi? Emma utanç hakynda söz açyp, diňe diniň, namazyň gürrüňini etmek hem islemändim. Galany hakynda oýlanmak özüň bilen.

 

 "Miwe köp bolsa eger..."

 

            "Ber, berekediň artsyn!" bu kakamyň köp gaýtalaýan, gowy görýän düşünjelerinden biridi. Emma men bu pikire garşy gidip bilmesemem içimde bir çiglik duýýardym. Beýle bir gysganyç bolmasamam, eli açyklardanam däldigimi bilýän. Hawa, il-güne berip bilseň oňa ýetesi zat barmy, ýöne beriberseň zadyň artman kemeljegi görnüp durmanmy? Matematika ylymynda-da bir zady köpeltjek bolsaň goşmagy ulanmaly, aýyrmak hemişe düýp sany azaltmak bilen bolýar. Bu hemmämize mälim, üýtgewsiz kanun. Onda näme üçin bermeli?! "Bereket" diýilýän zady aýyrmak-goşmak ýaly anyk görüp bolanok. Bu ýerde gep owadanlamak, adamlary adamkärçilige, jomartlyga çagyrýan şygar mysaly bir öwrümjik bar ýaly. Türküräk, sadarak bolsaň, bu gepe-de aldansaň gazananjaňy ile paýlar ýörersiň-dä. Berekedem bereketdir, welin, onyň-onyňa zordan ýetip durbermese?

            Göwnüme bolmasa, bu pikirim bilen köp kişi razylaşaýjak ýaly. Razylaşýanlar, geliň, bu pikirimi köre-körlük bilen, bereniňden alanyň has ýakymly bolany üçin kabul etmäliň-de, ýene azajyk aňňyrrak seretjek bolup göreliň.

            Gapymyzda bir erik agajy bar. Ekilenine 5-6 ýyl bolansoň aşagynda gowy kölegeläýmeli daragty bar. Ýöne oturdylany bäri hiç miwe berenok. Her ýyl ak patrak ýaly gülleýär, "Şu ýyl-a çaglara erik dadyrsa gerek" diýdirýär-de, soňam gülüni dökýär durberýär. Aşagyna ak düşek düşelen ýaly bolup görünýän güllere nebsiň agyrýar. Belki, biri-ikisi galandyr diýip şahalaryň uçlaryna seredýäň - ýekejesi dagy bolsun-la. Indi şol erigi çapyp aýyraýmasam, alaç galmady. Çapmaga-da dözer ýaly däl.

            Bermezek ynsanam şu erige meňzeýän-ä däldir?

            Ýok, biz gysganyç däl, ýagdaýymyz boldugyndan töweregimize peýda-da etjek bolýas. Ýöne hasylynyň agyrlygyndan şahasy ýere degjek bolup duran, aşagyna paýa etmeseň miwesini göterip bilmän şartyldap döwülýän, göreňde gözüň gidýän agaja meňzeýärismi?!

            Aý, ol her kime başrdaýýamy? Başardanok. Başarmak üçin "Ber, berekediň artsyn!" diýen düşünjä doly düşünip, oňa eýeren gerek.

            Ýöne bereket üçin, zadyňy öňküsindenem artdyrjak bolup, maksatly bermek dogrumyka? Meň-ä  ýeňip bilmesemem ýigrenýän zadym - hantamaçylyk. Birhili beýle niýetli bermek biriňi iki etjek bolup söwdagärlik eden ýaly görünýä. Ýalňyşmasam, beýle niýet bilen uzak beribem bilmersiň. Bahym berekediň artmaýan ýaly, bereniň iki bolup yzyna dolanyp gelmeýän ýaly boluberse gerek. Diýmek, berekediň artmagy üçin bereňde "goşmak", "aýyrmak" pelsepesini unutmaly. Bermän bilmeli däl. Munuň üçin ýregiňde şol miwesini göterip bilmeýän agaja bolan söýgüň aňyrdan bolmaly ýaly görünýär.

            Kämahal köwşümi bejerdýän. Ädikçi ussa yhlas bilen kiçijik kulbesinde, çekijini gaýgyrman urup köneje köwşümi täzä berimsiz etmäge çalyşýar. Edil Gurbannazaryň "Asatur agasy" ýaly. Ussa işini bitirdim edip, nyrhyny aýdýar. Onuň bilen hasaplaşyp öýüme barşyma "Aý, ýaňky ussa bäş-üç müň manat artyk beräýmelidim" diýip ökünip gidýän. Birnäçe günläp her gezek irden täze bejerden köwşümi geýjek bolamda-da şol ökünjim beýnimiň bir ýerlerine sanjylyp gidýär. "Bäş-üç müň manadyň çykmaýan ýeri barmy" diýýän.

            Ýok, tarhandökerlik, pullysyramak höwesim ýok. Höwesim şol miwesi ýere degjek bolup duran agaçda.

            Bu ýerde "ber" sözüniň aňyrsynda diňe zady, baýlygy göz öňünde tutmadym. Söýüň, söýgüňiz artar. Alla ýöne ýere "Maňa ýönelip bir ädim ädene tarap men on ädim äderin" diýmeýän eken. Utanyň, utanjyňyz artar, mertebäňiz beýgeler. Ömrüňizi beriň, ömrüňiz artar.

 

Teswirler (1 sany)

Алп Арслан Түркмен:
02 Maý, 2012

Хорматлы аудитория! Авторың белләп гечен диреглериң әхлисинде әгирт улы гүйч ятыр. Йөне, булар асыл дирег дәл, оларың өзи диреге мәтәч. Автор бу барада-да гизлин белләп гечипдир.
Сөйги – онда шейле бир кувват бар, эмма, эгер-де пулы сөйсең ол гутаряр, гызы сөйсең ол гарраяр, дүнйәни сөйсең ол сени теркедйәр, гуйжи сөйсең ол сыняр...
Ынам – муңа дең гелжек гүйч ёк, эмма адама ынансаң адам башы өлүмли, дүнйә ынансаң онуң достлугы габыр гапысына ченли, өзүңе ынансаң сен эжиз...
Хая – онда әхли диреглере дирег болуп билжек гүйч бар, эмма, какаңдан утансаң какаң сени нобатында терк эдйәр, илиңден утансаң гараңкы гатлышанда сен илиңи теркедип, түнегиңе йыгнаняң, түнегиңдәкилерден хая этсең оларың аркасындан вежералык эдип йөрен аз дәл, түркменлигиңден утансаң Лас Вегаса дүшеңде кимден утанжак...
Авторың атландырмасына лайыклыкда бу «диреглере» ве мундан башга энчеме «диреглере» сынмаз, өлмез, йитмез, солмаз... ДИРЕГ герек.
«Хая имандандыр» хадысы шерифинде шу маны ятыр. Түркмен иманлы болансоң хаялы болды. Иманыны йитирен гүни оның хаясыны хич бир гүйч саклап билмез. Иман сөзүниң ичинде гаты гиң маны ятыр. Ынам ондакы маныны бермейәр. Аңымызда орун тутан көп сөзлериң олары дүзйән маныдан такырадылышы ялы «иман» сөзүниң хем мазмуны такырадылыпдыр.
«Дост ислесең Алла етер,
Яран ислесең Куран етер,
Мал ислесең канагат етер,
Душман ислесең небис етер,
Несихат ислесең өлүм етер.»

«Мал эеси, мүлк эеси,
Ханы мунуң илки ЭЕСИ»

"Ber, berekediň artsyn!" шыгары үстүнде кән дуруп ишленмели меселелериң бири. Бу сөзде социал адалат ятыр. Гүнбатарың «капитализм» дийип атландырян базар ыкдысадыетинде гарып билен байың арасындакы учурымы япып билжек гүйч бар мунда... Аллаху Тагала ылмы исләне берермиш, мүлки исланине диййәрлер. Гелиң хас дүшнүкли болар ялы метафор уланалың. Айдалың бир ерде ер титрәпдир. Сиз хем шол ере ынсанперверлик көмегини угратмак ислейәрсиңиз. Йүки пайламак үчин эли ачык жомарда уградарсыңызмы я-да «Раббенә, хеммеси маңа» рухлы гысганча?
Ынха, ондакы берекет жомартлыкда ятыр. «Жомартлык женнете узалан бир шахадыр, жомарт имансызам болса женнете гирер...» хадысы гөр нәхили маныдар. Малың азалмагы барада гүррүң хем болуп билмез. «Мал эеси, мүлк эеси, ханы мунуң илки Эеси». Хазынасы соңсуз Мәлигиң мүлки түкенмез. «Эгер, Алла бу дүнйе ныгматына зеррече гыммат берен болса, Өзүне иман этмедик капыра бир овурт сув хем овуртлатмазды.» Хезрети Эбубекир р.а. «Мә әхлемеке Я Раббенә» диййәр. Базар ыкдысадыетине әдимләп барян шу гүнлеримизде бу меселәң үстүнде энтек дурарсыңыз диен умыдым бар.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.