ATDAŞLAR | Eserler | Ylýas Amangeldi

ATDAŞLAR

Hekaýalar | 2 teswir | 1108 okalan

Myratly oglanka aýlawa kän gelerdi. Şeýle bir aty, aýlawy gowy görerdi, esli wagt çapyksuwar bolmagyň arzuwynda-da gezdi. Athana-da baryp gördi. Emma çapyksuwar bolardan boýy uzyn geldi. Soň mekdebi tamamlap, daşary ýurda okuwa gitdi. Şol ýerlerde-de, bir gezek, baran ýurdunyň aýlawyna gidip gördi. Emma, näme üçindir garaşan keýpini alyp bilmedi. Ol ýerdäkileriň at çapyşyklaryna tomaşa edişlerem başgady. Içgysgynçdy. Göwnüne töweregindäkiler üçin at ýaryşdam bir, it ýaryşdam bir ýaly boldy. Atlaryň owadanlygyndan, gujur-gaýratyndan lezzet alynmaýana meňzeýärdi. Çünki aýlawa, at çapyşygyna mahsus göçgünlilik ol ýerde ýok diseňem boljakdy. Mümkin, edil beýle-de däldir. Ýat ýurtda öz iliňdäki ýaly bolanok, islendik zatdanam lezzet almak kyn düşýär. Myratly muňa beletdi. Okuwyň arasynda öýlerine dynç alyşa dolananda-da ejesine: „Eje o taýda näme iýsemem, bärde seň bişren naharyňdan doýuşym ýaly hezil edip bilemok. Ýogsa, özüm bişiribem iýip gördüm” diýerdi. O günlerem geçdi. Myratly okuwundan dynyp ýurduna dolandy, öýlendi, işe durdy.

Şeýde-şeýde aýlawdanam, atdanam arasy üzülip gitdi. Oglanlykda aty gowy gördüm diýip, aýlawa gelinmeýär. Hatda kämahallar özüne: „Oglankam at çapyşygyna-da gyzygyp ýörüpdirin” diýen gezeklerem boldy.  Bu günem onuň aýlaw görmek niýetinde ýokdy. Iş bilen oňa biri şu ýerde görüşmegi belläpdi. Görüşjegi atyň janköýeri eken. Aýlawa geläýsene diýip halys goýmady. Iş meselesini gürleşenlerinden soň ol adam: „Men-ä athana gitmekçi. Öz atlarymyň ýanyragynda bolýan. Çapuwlaram şo taýdan göräýýän. Isleseň gideli” diýdi. Myratly onuň bilen bagly işlerinden dynansoň, bile tirkeşip ýörmegi gelşiksiz gördi. „Ýok, dost, saňa azar bolmaýyn” diýip, sypaýçylyk bilen ondan aýryldy.

Çapyşyklaryň başlaryna-da wagt az galypdy. Içinden: „Aty düýşümizde görsegem bagta ýorýas. Hany oglanlygy ýatlap, birki çapuw göreli” diýip, Myratly boş oturgyçlaryň birine geçip oturdy. Jaň kakyldy. Bedewler toýhanadan ýola düşdüler. Myratly gapdalyndaky oturgyçda oturan 13-15 ýaşly oglanyň edil şol atlaryň biriniň üstünde oturan ýaly, bir ýerde oturmak beýle-de dursun, dik durmaga-da kararynyň ýetmeýäni görüp ýylgyrdy. Oglan çapyşyga goşulan atlardan biriniň adyny tutup gygyrýardy. „Ýeri, haýda” diýmäni oňa kim öwredipdir? Ululardan eşiden bolsa gerek. Ine-de atlar pellehenadan geçdiler. Myratly gözüniň gytagyny oglandan aýyrman oturansoň birinji çapyşygyň känbir mazasyny alyp bilmedi. Üstesine ol oglanyň bellän aty birinjem geçmedi. Myratly:

  Näme, bar gygyranyň biderek bolaýdymy? Bellän atyň sesiňi eşiden däldir. Eşiden bolsa hökman ozardy – diýip, onuň çetine degdi. Oglan gaty görjek ýaly etdi. Myratly içinden „Nähak ýere oglanyň göwnüni ýykdym. Özüm oglankam gygyrmaýarmydym?! Onda-da nähili gygyrardym! Sesim gyrlyp giderdi”. Üstünden 30 ýyl töweregi geçip giden günleri ýadyna düşen Myratlyň şol wagtlar gygyran atlary ýadyna düşüp gitdi. „Kiçidag, Gindiguş...”

Myratly ýanynda, atlaryň sanawy ýazylan kitapça güýmenip oturan oglanyň egnine elini goýdu-da „Gel, bile belläli” diýdi. Oglan möle gözlerini Myratla dikdi. Ol: „Agam, seňem atdan başyň çykýarmy?” diýýýäne meňzeýärdi. Myratly derrew: „Herimiz birini däl, iki bolup birini belläli” diýdi. Oglan göwünli-göwünsiz indiki çapyljak atlaryň sanawyna seretdi. Myratly:

       5-nji belgi näder öýdýäň? – diýdi.

       Ýok, 4-lük ondan güýçlüdir, Akmaýaň galan gezegi ýok – diýdi.

Soň atlar tomaşaçylaryň öňünden geçmäge başladylar. Dogrudanam, Akmaýa garşydaşlaryndan has gujurly görünýärdi. Myratly oglan bilen razylaşdy.

Ine-de, jaň kakyldy, atlar ýaryşa goşuldylar. Myratly süňňüniň galpyldap ugranyny syzdy. Arasynda ýylgyran bolsa-da, gözüni çapuwa goşulan atlardan aýryp bilenokdy. Oglan „Akmaýa” diýip gygyrmaga başlady. Myratlam tas oňa goşulşypdy. Töwereginden çekindi. Çagaly-çugaly, ullakan adam... Oglanyň welin, töweregi bilen işi ýok. Hatda oňa töweregi ýok ýalydy. Bellän atyndan başga hiç zat onuň gözüne görnenokdy.

Öňde 5-nji belgidäki at barýar. Akmaýa toplumyň içinde. 4-nji belgidäki atyň yzyndan 7-nji belgidäki at ýetdi. Akmaýa 3-nji oruna geçdi. Atlar iň soňky öwrüme ýakynlap barýarlar. Akmaýa iň öňdäki 7-lik bilen burun-burna. Oglan aýlawy göçüräýjek bolýardy. Akmaýa azajyk öňe saýlandy. Myratlam gygyryp ugrady. Öwrümden öwrülenlerinde atlar deňleşen ýaly göründi. Myratlam indi bar zady unudypdy. Edil at gamçylaýan ýaly ellerini galgadyşdyryp, gyssanyp ugrady. Ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy. 7-nji belgidäki ýene öňe saýlanjak ýaly edýär. „Bol-a, janawar. Hany, haýda”.

Barynyň höwesi ozmakda bolan atlaryň boýunlary has uzan ýalydy. Çapyksuwarlar ala köýnekleri bilen güle gonan kebelekleri ýatladýardylar. Emma, hiç kimiň ýadyna kebelek düşenokdy. Pellehana ýene 100 metr galdy. „Gaýrat et. Öňe geç ahyryn. Berekella, berkella. Gowşama. Haýda, ýeri, ýeri, ýeri” Akmaýa her gezek öň aýaklaryny ýerden üzende Myratlam bärden „Ýeri” diýip gygyrýardy. Olar bile goşulşan ýalydylar. „50, 30... Indi 7-lige eýgertmeýäs. Ozduk, ozduk”.  Myratly ýanyndaky deň gygyryşan oglany gujaklady. Oglanam ony. Ikisi iki ýerden „Ozduk” diýip gygyrýardy... Birdenem Myratly özüne geldi. Oglanam ýuwaşady. Ozanlaram, galanlaram ýuwaşadylar. Töwerekde eýýäm indiki çapuwyň gürrüňi gidýärdi. Ýyljyraklap, erni gulagyna ýetäýjek bolýan möle gözli oglan: „Agam, indi haýsyny belleýäs?” diýdi. Myratly ýylgyryp oňaýdy. Ol özüni başga dünýäden gaýdyp gelen ýaly duýýardy. Ýyllar yzyna serpilip, oglanlygyna dolanypdy. Az salymlyk. Bir minut 10 sekunt. Bu ýaňky atlaryň müň metr aralygy geçmek üçin sarp eden wagtydy...

Indiki çapyşyga goşuljak atlar tomaşaçylaryň öňüne geldiler. Oglan ýene Myratla gözüniň gytagyny aýlady. Myratly: „2-nji belgi” diýenini bilmän galdy. Oglanam şony diýdi. Soňky çapyşyklaryň birinde welin, oglan ikisiniň arasyna jedel düşdi. Hersi bir aty belledi. Myratlam, oglanam ýeň bererli däldi. Oglanyň: „Agam, ýaşňyşýaň-how. Şol atyň ozjak gümany ýok” diýip janygmasyna, Myratly özüne „agam” diýilýänini eşitmeýän ýaly, ondanam beter janygyp jogap berýärdi: „Men bu atyň atasynyň çapanyny görüpdim. Oň ýaly ýyndam at ýokdy. Taýam edil özi, seret, how”.

Atlar goşuldylar. Bu gezek Myratlyň zowzullaýyşy öňküleriniňem çeni bolmady. Dünýesinde diňe atlar çapýardy. Bellän aty ozaýmalydy. Emma ol, topardan saýlanyp çykybermeýärdi. Atasy beýdip çapanokdy ahyryn?! Turuwbaşdan gaçar, yzyna at eýgermezdi. Myratly şoňa garaşypdy. Atlar öwrümden öwrülensoň Myratlyň bellän aty bat alyp ugrady. Ol öňünden barýan atlaryň ýeke-ýeke deňinden geçmäge başlady. Myratly bellän aty her garşydaşyny geçende „jana” diýip gygyrýarmydy „haýda” diýip gygyrýarmydy – sesini has batlandyrýardy. Pellehanadan geçenlerinde öňde ýekeje at galdy. Olam oglanyň bellän atydy. Oglanyň içi gülýärdi. „Agam, gördüň gerek?” „Çapyksuwar ýalňyşdy. Başdan goýbermelidi. Giç sürdi...”      

Şeýdip Myratly birinde ozdy, birinde galdy. Ozsa-da, galsa-da gygyrman, „Hany, haýda” diýip ellerini galgatman, bir çapuwam geçirmedi. Her çapuwda atlar, misli Myratlyň oglanlykdan bäri geçen ýyllaryny yzyny külterlemek üçin wagtyň tersine çapýan ýalydylar. Sekuntlaryň, minutlaryň däl, ýyllaryň tersine... Olar Myratlyny her gezek oglanlygyna doladylar. Birdenem aýlaw gutardy. Myratly sähel salymda şu günki gününe – 45 ýaşyna dolanyp geldi.

Märeke dagap barýardy. Tegelek gözli oglanjygam hoşlaşyp gitdi. Myratly onuň adynam soramandyr. Içinden: „Adyň bärde nämä geregi bar – iki bolup janköýerlik etdik bolany” diýdi. „Bolany... bolany...” diýip, pyşyrdady. Myratlyň göwnüne ýüreginden bir zatlar sogurlyp giden ýalydy. Ýa oglanlygy ýaňkyja oglan bilen bile gidäýdimikä? Ömri gaýtadan ýaşap bolanok diýýärler. Myratly bu gün şol kadadan çykyp gördi. Kemerine dakylgy öýjükli telefony hernäçe „saz” çalsa-da, oňa elini ýetiresi gelmedi. Dünýesi düýş ýalydy.

Birdenem biri arkasyndan gelip egnine elini ýetirdi. Myratly alniçigsi bolup yzyna gaňryldy. Görse hälki, adynam sorap ýetişmedik oglany dur.

-         Agam indiki aýlawa-da gelýäňizmi?

-         Bilmedim-dä... Hä, näme?

-         Gelseňiz men şu günki oturan ýerimizde boljakdygymy aýdaýaýyn diýdim.

-         Hä...

Oglan mundan soň gidiberjek boldy. Myratly özüni dürsäp ony saklady.

-         Adyňam aýtmadyň-a sen maňa?

-         Myratly...

-         Myratlymy? Oýun edýänä dälsiň?

Oglan Myratla düşünmän gözüni tegeläp durdy. Myratly onuň egninden gysdy.

-         Ikimiz atdaş ekenigä! Menem Myratly.

Myratly oglana öýňüze düşüreýin diýen bolmaga çemeli. Biri on bäş, biri kyrk bäş ýaşlaryndaky iki Myratly tirkeşip, maşynyna tarap ýöräp ugradylar. Belki-de olaryň ikisiniňem ýaşy on bäşdir...

 

 


Teswirler (2 sany)

Алп Арслан Түркмен:
02 Maý, 2012

Эдебиятыңыза телпек гойдум. Хер сетиринде өзүми гөрдүм. Гөзлериме яшлар айланды. Ине сизиң уссат ишиңиз!
15-инде атдан доймадык Мыратлы 45-инде атхана эдинип кино дүшмесе-де бири... ;)

Gochyigit:
06 Oktýabr, 2012

tuweleme gaty gowy hekaya devamini dilerim

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.