ASUDA GÜN | Eserler | Ylýas Amangeldi

ASUDA GÜN

Hekaýalar | 0 teswir | 1194 okalan


 Bu günki howaň ýüzi göwnaçyk, mylaýym adamyň  ýüzüne meňzeýärdi. Ol günüň gününe beýle bolup durmaýardy. Yssy tomusdan soň güýz bilen gelen salkynlyk, mylaýym ösýän şemal özüne bendi edip barýar. Gyzgylt sary öwüsýän ýapraklar ýumşak şemala şahalardan peýwagtyna, parahat, hersi öz nobatynda gaçyp durdy. Iki-ýeke ýaş-ýeleňler bolaýmasa her kim salyhatly geýnipdir. Tomusdaky ýaly ne ýuka, ne-de gyşdaky ýaly galyň. Dünýe süýt kölüne batan ýaly asudalygyň kölüne çümene meňzeýär. Onda uly utuşy gazananyň begenji, gursagyňa sygmajak bolýan şatlygam ýok, üstüne garyny kepen ýaly örtünen gyşyň ümsüm tukatlygam. Hemme zat jana rahat, beýik asudalygyň ygtyýaryna berlipdir.

Bu asudalyga has ýiti öwüşgin berip uzakdan iki adam gol tutuşyp gelýärdi. Olaryň bolup gelşi adaty däldi. Ýuwaşdy, seresaplydy, ýazyksyzdy. Töweregiň asudalygynyň täsirine has beter düşendikleri mese-mälim görnüp durdy. Kime-kime, bu iki adama asudalyk iň uly baýlykdy. Şol asudalygy bozmajak bolýan ýaly deňlerinden geçende beýleki adamlaryň çala bolsa-da ädimlerini gowşadýandyklaryny, gaty bir gürrüňe gyzanlary bolaýmasa seslerinem peseldýändiklerini olar aňmaýardylar. Garşylaryndan gelýänler öňüräginden aladalanyp, sowulyp olara ýol berýärdiler. Göni ýüzlerine seredip bilmän aşak bakýardylar. Ol iki adama aňsat-aňsat tanyşlary duşmaýardy, hiç kim olary saklamaýardy. Emma gerek bolsa her kim olara hossar çykýardy. Olaryň ikisem batyldy. Biri sokur, beýlekisi çala görýän, şowa kördi.

Biri uzynakdy, beýlekisi kelte boýly. Gören görgüleri, görmedik Günleri olaryň ýüzüni ýaşyna görä däl, has gaty garradypdyr, ýygyrtlary, gasynlary has köp goýupdyr. Şonuň üçin daşlaryndan görmäge ýaşlary kyrkdan geçendirler diýdirse-de, hakykatda uzyny Çerkez otuz üç, keltesi Geldimyrat otuz bir ýaşyndady. Çerkeziň elinde boýundan sähel gysga, ak, ýeňil metaldan edilen taýajygy bardy. Ol ony öňünde çalaja bulap ýöreýärdi. Taýagyň ujy pyýada ýoluň gyrasyna guýulan betona her degende „şyrk-şyrk“ ses edýärdi. Manysyz bolansoň daş-töweregine kän garanjaklamaýan Çerkeziň ädimlerem pesaýdan agrasdy. Onuň ýöreýişi güýzüň ýakymly howasynyň lezzetine siňip gidip barýana meňzeýärdi.

Geldimyradyň elinde-de hasasy bardy. Emma ol has gysgady hem eýesi känbir bulaýlamansoň ondan eşidilip duran ses çykmaýardy. Oňa derek Geldimyrat ýoldaşyna görä köp gepleýärdi. Onuň sesiniň gelip durmasa galaýsa, Çerkez edil elindäki hasasynyň şyrkyldysy kesileni ýaly üşerlerdi. Häzir welin ol salkyn şemalamy, daş-töwerekden gelýän beýleki sesleremi ünsüni böldürip Geldimyradyň näme diýenine düşünmedi.

-         Düşünmedim, dogrymy aýtsam diňlemändirin, gaýtalasana.

-         Aý. Sen meni diňlemekden bizar bolupsyň-a. Menem bir biçäre, gürlän bolup barýan-da. 

-         Beý diýmesene.

-         Aý, bor. Bilýärmiň näme diýjek boldum, şepe. Biz göremizok. Ýöne görýänlerem görenok.

Açan gürrüňiniň täsirini görjek bolýan ýaly ol çalaja açylýan gözlerini gyrp-gyrp edip ýoldaşyna seretdi.

-         O nähili?

-         Uzynyň akyly giç gelýär-dä. Boý bilen akyl ikisinde-de hökman bir baglanşyk bardyr, ýogsa bu gep tapylmazdy.

-         Görýän diýdiň, görmeýän diýdiň. Uzyn diýdiň, akyl diýdiň, nämäň gürrüňini edýäň, halypa?

-         Gulak as, heý görmän ýaşap bolarmy? Gözüň ýumuk bolsa-da, kör bolsaňam senem bir zatlar görýänsiň ahyryn? Meniňkiçe bolmasa-da, görýänsiň. Hany aýt, şu wagt nämäni görýäň? Gözüň öňünde näme bar?

Uzyn taýajygyny şyrkyldatmasyny goýan Çerkez ýoldaşynam saklap:

-         Çynymy aýdaýynmy? – diýdi.

-         Dagy näme, çynyňy aýt.

-         Garaňkyň içinden seň sesiň gelýär – diýip, Çerkez beren jogabyndan hoşal, ýoluny dowam etdirdi. Geldimyrat ýoldaşynyň goltugyndan geçiren goluny çykarman, ony çala silteledi.

-         Men saňa näme eşidýäň diýemok. Näme görýäň diýip soraýan. Näme görünýär? Aýagyň basýan ýapraklaryny görýäňmi?

Ýoluň her ýerinde, her ýerinde agaçlardan dökülen ýapraklar körleriň seresaply basýan aýagynyň astynda ynjaman ýatyrdylar. Gaty gurap ýetişmänkäler süpürlip duransoň, täze gaçan ýapraklar ýumşakdy. Solgun hem çygdylar.

- Ýaprakmy? Ýaprak... Täsin zat. Gowy ýatlatdyň, men olardan birini alaýyn-la, kitabyma goýaýyn – diýen Çerkez aşak çommaldy, höwes bilen egilip ýeri sermeleşdirdi. Çyg ýapraklar eline ýakymly degdi. Şol ýakymy uzaga çekdirjek bolup elini bir-iki sapar eýläk-beýläk gezdirdi. Geldimyradam durup bilmän çommalyp ýapraklara elini ýetirdi. Çerkez ýerden alan ýapragyny eline, jübüsine deňeýärdi. El ýaly ýapraklar jübä salardan uly gelýärdi. Ondan kiçisinem Çerkez almajak bolýardy. Ýapraklary sermäp oturşyna ýoldaşyna-da jogap berýärdi.

-         Men bu sowalyň jogabyny bilýärin. Elime meňzeýär gerek?! Häzir deňäp diýemok. Çagakam olary kän oýnapdym. Näme üçin olar aýaga däl-de, ele meňzeýärkäler, sen şony aýtsana, halypa?  Gaýga-da meňzeýärler.

-         Bilmedim. Näme üçin gaýga meňzedeniňem bilmedim, ýöne olaň arasynda gaýyga meňzeýänleri bar. Ýa gaýyk diýjek bolduňmy? Çagalaryň oýnawaç gaýyklaryndanam kiçijik gaýyjyklara. Ýöne dogry aýydýaň, köpüsi ele meňzeýär, göremogam diýýäň!

-         Men olary çagakam ýapdan akdyrasym gelýärdi. Arman, ýapdan suwuň nädip akýanynam bilemok. Ýaprak suwuň ýüzünde towsup-towsup akýar diýýärler. Sen görensiň.

-         Gördüm. Ýapragy tolkunlar towusdyrýar. Owadan bolýar. Gaýyklaram suwda, ýöne uly suwda, deňizde, derýada ýaprak ýaly ýüzýär. Inşallasa men seni bir gün Awaza äkiderin, gaýyga-da mündürerin.    

Çerkez ahyry bir ýapragy saýlap aldy-da ýerinden turdy. Ýoldaşynyň Awaza gitmek hakynda aýdanlaryny eşitmedik ýaly:

-         Gaýyk diýmedim, gaýgy diýdim – diýdi.

Geldimyrat aýdan teklibini ýoldaşy halamady diýip düşündi. Çerkeziň eline alan ýapragyny sypaşdyryp, emaý bilen jübüsine salşyna seredip durdy.

-         Görýäňmi sen olary nähili gowy görýäň! Gözlüler bolsa olary görselerem seň ýaly gowy görenoklar. Arkaýyn basalap ýörler.

-         Bizem basalaýas-a.

-         Biziň basalanymyzyň aýby ýok. Görsedik... Sowlup bilenlerimizden sowlup-sowlup ýörärdik. Men görýänler görýänleriniň gadyryny görmeýänleriçe bilmeýär diýjek bolýan. Özüň diýmeýämidiň „Ejem ýogaldy welin, ol maňa üýtgeşik adam ýaly bolaýdy“ diýip.

-         Onyň-a dogry. Çynymy aýtsam, meni kör dogrupdyr diýip dirikä ejemi günäkärlärdimem – diýip, Çerkez ýene durdy. Köneje sokmasyny çykaryp kellesini eli bilen sypalaşdyrdy.

Geldimyrat onuň bu bolşy bilenem öwrenşip giden bolmaga çemeli. Dosty sokmasyny geýip ýoluny dowam etdirýänçä garaşdy. Gözlerini gyrp-gyrp edip ýoldaşynyň ýüzüne bakdy. Emma sokur gözler bilen hernäçe öwrenşenem bolsa, derrew olardan gözüni aýyrdy. Aýtmakçy bolýan zatlaryny aňynda jemledi. Ýoluny dowam etdirenleri bilen sözünem dowam etdirdi.   

-         Gözlülerem şeýle. Olaryň käbiri ýaşaýşy günäkärleýär.

-         Ýaşaýşy näme üçin günäkärleýärler?

-         Şeýle-dä. Ikimiz ýaly bolsadylar, günäkärlemezdiler, görmäge höwes ederdiler. Dogrusy höwes edere-de zat ýok welin, günäkärläre-de zat ýok.

-         Geldimyrat diýýän-ä, birden bizem gözlüler ýaly göräýsek, görýän zatlarymyzyň gadyryny bilmän ýörenlerden bolaýarmykak?

Geldimyrat ýoldaşynyň göwnünden turan gürrüňi tapanyna begendi – ýogsa ol onuň adyny tutmazdy. Uzakly günüň dowamynda, gaty zerur bolanda-da „Halypa“ diýip ýüzlenýän ýoldaşynyň diňe göwni açylanda „Geldimyrat“ diýmek häsiýetiniň bardygyny ol bilýärdi.   

-         Şeýle bolarsyň diýseler, eger çynym, görjegem boljak däl, maňa şu görşümem besdir.

-         Aý, halypa soňuny bulaşdyrdyň. Bu gürrüňiň aýagy ýere degmedi. Senmi şu görüşim besdir diýjek?

-         Ýo, şu görüp ýörenler ýaly görjek bolsam diýdim.

-         Görüp ýörenleň näme kemi barmyş? Olardan başgaça nähili görjek?

-         Başgaçamy... Aý, sen düşünmersiň.  

Körleriň arasyna dymyşyklyk düşdi. Geldimyradyň hiç zat birahat etmese-de, geplemesini goýandygyny ýoldaşy ädim ädişinden bilip barýardy. Ýoldaşyny gynandyrandyryn öýden Çerkeziň özi gürläp başlady.             

-         Geldimyrat, seňkem ugrundan barýar. Ynha, men mydam garaňkylygy görüp ýöremsoň ol maňa boldam bir, bolmadam. Bilemok, gijä gowy diýýärler, maňa galsa-ha, toba estagfyryllah, maňa galmawersin, özüm üçin gijäň geregi ýok diýjek boldum.

-         Maňa-da şeýle. Gün ýaşdygy sussum basylaýýar. Ýatybam rahatlanyp bilemok. Gaýta Gün dogup aýak üstüne galamsoň dynjymy almaga başlaýan.

-         Geldimyrat, şonda-da, bilip goý, sen nähili bagtly, Günüň doganyny bilýäň, ýaşanyny bilýäň. Maňa-da aýdyp dursuň. Menem seň arkaňdan bagtly. Seň ýaly ýoldaşy ýoklaram aramyzda kän-ä. Menden hiç zady gaty görme. Şu idekläp ýörşüň beýlede dursun, her gün irden, „Gün dogdy“ diýip aýdyp duranyň üçinem, ömrüm ötünçä hyzmatyňda durmaga taýýar. Ýöne men pahyr saňa kätä igenäýýänem.

Çerkeziň kör gözleriniň owasyna ýaş ýygnanyny görmäge gözüniň ýitiligi ýetmese-de, sesiniň üýtgeýşinden ýoldaşynyň halyna Geldimyrat  bada-bat düşündi. Gürrüňi başga terze gönükdirdi.   

-         Maňa „hä“ berip ýörseň bor, gözüm-gaşym ýük, ýöne seň igeneniň ýük däl. Bir gezek men iki sany gözliň süsüşenini gördüm.

Geldimyrat gara çyny bilen kikirdäp gülmäge başlady. Onuň iliňkä meňzemeýän geň gülküsi bardy. Uzaga çekmese-de, gaty aňyrdan çykansoň eşideni ýylgyrdardy. Çerkezem „Dünýede iň gowy görýän zadyň näme?“ diýip sorasalar säginmän „Geldimyradyň gülküsi“ diýse gerek.   

-         Süsüşdiler-de, bilýäňmi biri-birlerine näme diýýärler, gözüň ýokmy diýýärler. Ýogsa... ýogsa  ikisem görüp dur, gözleriniň bardygyny. Soň ikisem maňa seredişdiler-de gaşlaryny çytyşyp gidiberdiler.

Gülüp gürläp barýan Geldimyradyň birden ýüzi agraldy. „Ýa olaň çakyşanyna  men sebäp boldum, bilmedim?“ diýdi-de, ol aýagynyň burnuna bakdy. Eslije wagt sesini çykarmady.

-         Geldimyrat, gep haltaň boşaýdymy, näme dymdyň?

-         Çynymy aýtsam, soňky döwür kän öňkülem ýaly gürläsim gelenok. Gürläp-gürläp diňlemekden galýan ýaly bolup duryn.

-         Oňarsaň diňleme. Diňlemek ýüregiňi gysdyrar.

-         Onda näme özüň ýol boýy, işde-de, öýde-de, käwagt bir zat diýäýmeseň, şo meni diňläp ýörsüň. Näme seň ýüregiň iliňkiden üýtgeşikmi?

-         Dagy näme! Meň ýüregim gysyp gysyp gysmazy çykan ýürek. Sen arkaýyn gürläber. Mundan artyk gysjak aladasy ýok. Ýöne senden ýekeje zady haýyş etjek. Öňem bir aňdyranam bolmagym ahmal, sen nämäň gürrüňini etseň et welin dünýä at dakyp, gözlülere dodak çöwürme. Beý diýsem gaty göräýme. Geldimyrat, men çynymy aýdýan. Dünýä maňa gaty üýtgeşik ýaly bolup dur.

-         Çalaja-da bolsa görýän men şu dünýäni, onda ýütgeşik zat ýok.

-         Çalaja görýäniňdendir, doly göräýseň beýdiýmezdiň. O hakda... bilýäňmi... o hakda edilen ýakymsyz gürrüň maňa öýlenjek bolup duran oglanyň aljak gyzyna at dakýanyň gepi ýaly bolup eşdilýär.

Geldimyrat ýene kikir-kikir güldi.   

-         Öýlenýän oglan senmi?

Çerkeziňem bu gülkä, özüne berlen sowala ýüzi açyldy. Öýlenýän oglan ýaly dylym-dylym etdi. Soňam bolşundan utanyp: - Sen gowsy meni gepletmesene – diýdi. 

-         Gaýta sen gowy gürrüňler tapýaň. Şu wagt toýuň boljak bolup ýören bolaýsa...

Bu gezek Geldimyradyň gülküsi öňküsünden uzagrak boldy. Birdenem ol sakga durdy-da töweregine seredişdirdi.

-         Näme durduň, ýa bir zat gördüňmi?

-         Ýok, hiç zat göremok. Arkaýyn ýöräber. Nireden sowulmalydygymyza seretdim. Her näme diýsegem meniň çalaja görýänim gowy zat.

Körler uly ýoly kesip geçmelidiler. Swetaforyň ýaşyl yşygy ýanýardy. Geldimyrat ýaşyl yşygy gözüniň bir çeti bilen görmek üçin ýüzüni ýokary tutmaly bolýardy. Onuň bolup barşy dünýä göwni ýetmeýäne meňzeýärdi. Hakykatda bolsa  ol ýaşyl yşyk öçmänkä ýoldan geçmegiň aladasyndady. Ýeňil-u agyr maşynlaryň bolup duruşy bolsa, körleri geçirýändiklerine busanýan ýaly, şol bir wagtyň özünde-de özleri üçin ýaşyl yşygyň ýanaryna howlugýan ýalydylar. Körler geçdi, maşynlaram ugradylar.

Ýene pyýada ýola düşen körler arkaýynlaşdylar. Niresinde daş bar, niresinde çukur - olar bu ýollara gözlülerden beter beletdiler. „Ýene biraz ýöresek duralga-da ýeteris. Soňam „11“-lige münüp öýmüziň deňinde düşeris. Geldimyrat gapyny açar, ýerlerimize geçip oturarys, ýapyragymy kitabyň baş sahypasyna goýaryn, ýylydynyp agşamlygymyzam iýeris. Ertesi ir bilenem Geldimyrat „Tur, Çerkez, Gün dogdy“ diýer. Menem muny ýene bir gaýtalatmak üçin ýörite uklan bolup ýataryn. Bu ony bilýär. Geldimyradyň bilmeýän zady barmy! Iki däl üç gezek gaýtalatsaňam ol hökman „Çerkez, Gün dogdy“ diýer. Emma häzir duralga ýetmeli, galany soň, öz nobatyna görä geliberer. Ertirem şu günki gün ýaly howa gowy bolarmyka? “.

Bu pikirleri kellesinde aýlanam şoldy welin, Çerkez kimidir biri bilen çakyşan ýaly boldy. Büdüräp gitdi. Elindäki hasasy zyňylyp gitdi, başyndaky sokmasy gaçdy, özi zordan ýykylman saklandy.

-         Sen ýene dodagyňy  çöwürme diýýäň...

-         Bagyşlaň, bagyşlaň...

-         Bular nireden çykdy, hä? Ähli düşürenimiz biderek boldy. Edýän işiňz ýok. Aňkow ýaly aňkarlyşyp dursuňyz.

-         Özüňiz aýtdyňyz-a töwerek boşlaw bolmasyn diýip.

-         Gözli adam gapyşdymy, hä?

-         Biz olary ýörite goýbermedik. Özleri gelýärdiler.

-         Indi nämä sömelşip dursuňyz, biçäreleri aýyryň ahyryn kadrdan. 

Uzyn saçlarynyň üstünden gaýyş papak geýen adam ýanyndaky ber-başagaý üç-dört adama ellerini galgadyşdyryp ýene bir zatlar gygyrdy. Soň birden „Gözli adam“ diýende öte geçenini aňyp gyzardy. Utansa-da, içinden „Näme üçin biz gözli bolubam, körleriň ýanynda dili gysgakak? Bu pikir  gaty gowy filme özen bolup biler“ diýip, çete çekildi.   

-         Bolan zat ýok gerek? Hiç ýeriňiz agyrmady dämi?

-         Ýok, ýok – diýip, Çerkez  hasasyz ellerini iki-ýana sermenekletdi. 

-         Agalar, bärde kino alýas. Öz işimiz bilen başagaý bolup sizi görmändiris. 

Kinoçylaryň biri, nämä-de bolsa bir zada daýanjak bolup ellerini hereketlendirýän Çerkeze ýerde ýatan uzyn ak taýagyny äberjek boldy. Geldimyrat ony çalaja itekläp taýagy özi alyp ýoldaşynyň eline tutdurdy. Geldimyradyň bilip iteklemesini ol adam atdanlykda bolan zatdyr öýdüp düşündimi, ýüzüne-de almady. Taýagy eline berlenden soň Çerkeziň biraz göwni giňedi. Ýykylarly ýagdaý dörese, ähli körler ýaly olam ilki elinden hasasyny gaçyrmajak bolupdy. Soňam jübüsindäki zatlaryň aladasyny edip bir eli bilen jübüsini daşyndanam bolsa gysymlapdy. Dogrusy onuň jübüsinde aladasyny eder ýaly zadam ýokdy – bir-iki sany ilik, gözüni süpürýän matajygy, haçandyr bir wagtlar iýen hurmasynyň Käbede bitýän agaçdan diýip yrym edip saklap ýören şänikleri, bäş-üç manat puljagazy bardy. Hemem hälki ýerden alan ýapragy. Elini daşyndan tutsa-da penjesi jübsündäki ýapragyny gowy ezipdi. Muny duýan Çerkeziň bir hili endamy dyglap gitdi.

Ýerde ýatan sokmany kakyşdyryp Çerkeziň kellesine geýdirdiler. Ol bolsa henizem elini jübsüne sokup, ýapragyny sermeleşdirýärdi.

Bu garaşylmadyk garjaşyklykdan ýoldaşyna görä çalt baş çykaran Geldimyrat ýoldaşynyň goltugyndan tutdy-da: -Ýör, Çerkez ýör. Gatyrak ýöräli. Bärde kino düşürýärler öýdýän. Birden bizem düşäýmäli – diýip, ony alyp ugrady. Çerkez ýuwaşlyk bilen:  

-         Ýapragymy owradypdyryn – diýdi.

-         Ýaprak hiç. Ýaprak kän, başgasyny alarys...

Iki kör bir-birini idekläp, kadrdan çykyp gitdiler. Kinoçylaryň öňki başagaýlyklary dowam etdi...

Bu günki howaň ýüzi göwnaçyk, mylaýym adamyň  ýüzüne meňzeýärdi. Ol günüň gününe beýle bolup durmaýar. Yssy tomusdan soň güýz bilen gelen salkynlyk, mylaýym ösýän şemal özüne bendi edip barýardy. Gyzgylt sary öwüsýän ýapraklar ýumşak şemala şahalardan peýwagtyna, parahat, hersi öz nobatynda gaçyp durdy.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.