DAÝHAN | Eserler | Ylýas Amangeldi

DAÝHAN

Hekaýalar | 1 teswir | 1241 okalan

 

Gün ýaňy dogupdy. Ýolda adam-gara ýok diýen ýalydy. Altmyşyny arka atan Myratdurdy nädip munça ýaşanyna haýran hem „bärden aňryň” has ýakyn gelendiginiň ünjüsi aňynda çala oýanyp, öýünden çykypdy. Ol her günküsi ýaly bu günem daýhançylygyny dowam etdirmäge barýardy. Ine-de, bir öwrmde mekdepde bile okan deň-duşlaryndan biri gapdalyndan çykdy.

-         Bohow, Garaja senmidiň?

-         Men-men. Salowmaleýkim.

-         Waleýkiessalam. Iki aýjyk kiçi bolsaňam ömürboýy salam berip ýörmelidä sen maňa.

Myratdurdy Garajaň elini goýberesi gelmedi. Emma, her zadyň öz gelşigi bar. Oglanlykdaky ýaly häzir eliňem dostuň egnine atjak gümanyň ýok. Atsaň atarsyňam ýöne ol şol döwürlerdäki ýaly lezzeti bermez.

-         Myratdurdy, sen tüweleme gidişýäňaý şu ýeke gulak pil bilen.

-         Aý, daýhançylyk-da...

Myratdurdyň oglanlykdan bileni biteni daýhançylykdy. Atasy pahyryň: „Oglum daýhan bolar” diýende dilegi kabul bolandyr-da. Mekdebi gutaranda, deň-duşlary – Garaja dagy Aşgabada okuwa girmäge gitjek diýşip şaýlananlarynda, ol göwni bir ýaly eline pilini alypdy. Şondan bärem birnäçe kolhoz başlyklaryny, brigadirleri gördi. Kolhozyň dargap daýhan birleşigine öwrüleniniň şaýady boldy. Obada ilkinji kärendeçi, soň mülkdar. Ady gazetlere çykdy. Güzerany kä ýyllar biraz kem-käsliräk bolsa-da, umuman hojalygy gurgundy. Çagalrynyň ulularyny – iki gyzyny durmuşa çykarypdy, öýeräýmeli iki oglunam daýhançylygynyň hasabyna daşary ýurtda okadyp ýördi.

-         ...Senem şol taksiň bilenmi?

-         Hawa, ýöne, maşynlaň bu köplügi bilen taksiň keýpi galmady.

-         Şonda-da bäş şaýy görmeseň sen otaýda durmarsyň.

-         Adamyňky şodur-da. Bäş günlük ömrüni bäş şaýyň ugrunda entär-entär geçirer. Bir günem ýa men, ýa sen gelip jynazama durarsyň, bolany. Orslar aýtmyşlaýyn „Wsýo”.

-         „Wsýo” bolsa „wsýo” bor-da. Gitmejek ýok. Bolmasa taksiňi taşla-da gel, daýhançylyk edeli.

-         Näme daýhan bolsaň, bu bolanakmy?

Garaja „wsýo” diýşindäki ýaly ýene iki elini biri-birine kakyşdyrdy.

-         Aý, giň meýdan, göwnüň açylar. Beýdip ir ertirden eliňi bir-birine kakyba ýörmersiň.  

-         Seniňki ýaly mülk alyp bolsa boljagam.

-         Mülkem alarsyň. Ýöne mülkdarlygam üýtgeşik zat dyr öýtme. Kärendeçem daýhan  menem. Olam tabşyran hasylynyň puluny alýar, menem. Bar tapawut, ýer özümki, ogullaryma galyp biljek. Ýöne olaňam daýhaçylyk etjegi ýok.

-         Aý, hawa, soňy şoňa barýar-da. Indiki ýaşlaň daýhançylyk edäýesi gelenok. Meň-ä özümem, oglanlykdan maşynyň-demriň höwesindedim, çagalarymam şoň ýaly.

Gürrüňdeşleriň hersi öz ogullaryny göz öňüne getirdilermi, ara dymyşyklyk düşdi. Ýene dymyşyklygy Myratdurdy bozdy:  

-         Häzir pyýadalapsyň-la?

-         Maşyny bejertmäge berdim. Men-ä şu taýda awtobusa garaşmaly.

-         Bor-da. Öýe-de geläýeňok.

-         Daýhan adamdyr, meýdandadyr diýýän-de oňaýýan. Ýogsa barasym gelýär.

-         Goýsana, özüň il ýatyp, it uklaýança rulda oturýan bolaýma?

-         Kä günä şeýle-de bolýar. Hany maşyny çykaraýyn ýörite bararyn.

-         Bolýar, hoş onda häzirlikçe.

-         Hoş, sag-aman işle.

-         Mülk ýerimä bilýäň, günortan meýdan düşelgä barsaňam çaýlaşara ýagdaý tapylar.

-         Nesip bolsa...

Myratdurdy bu gürrüňlerini içinden dowam etdirdi. „Dogrudanam mülki menem birine goýmaly-ha bolaryn. Ogullarymdan kiçisiniň eli pile gelşip dur welin, ol okuwyna-da agasyndan ökdeje diýýäler. Oňa okan ugruňy taşla-da, ýere eýe bol diýmäge neneň diliň barjak? Be-e, şu wagta çenli munuň pikirini etmändirin-aýt...”

Ol özüne mülk diýlip berlen ýere köp zähmet siňdiripdi. Gyşyna beýleki daýhanlaryň kän öýünden çykmaýan wagtam ol meýdan ýerinden çykmandy. Oba gelýän ýolbaşçylary onuň ýerini görkezmäge aýlardylar. Mülkdarlary köpeltseň hemme ekin ýerler şeýle düzgünli bolaýjak ýalydy. Emma, beýle bolmaýardy. Çünki, onuň üçin Myratdurdyňky ýaly gyşyn-ýazyn özüňe dözmek, işiňe janyň bilen ýapyşmak gerekdi. Ol bu ekin meýdanyny ýaşaýan öýündenem gowy görýärdi. Käteler öýünde içi gysyp durup bilmese, meýdan düşelgesine tarap gaýdardy. Edere iş goýmadygam bolsa, ekininiň başynda otursa, şo-da ýeterlikdi.

Bu gün welin bärde iş bardy. Ýerleri tagt etmelidi, sürüme taýýarlamalydy. Şol işem ony ünjä goýan pikirden halas etdi. Üstesine, edil gapdalyndaky 10 gektar ýeri üçe bölüp, täze kärendeçilere paýlapdylar. Olaram ýerlerini suwarmaly, suwy paýlaşmaly, garaz iş ýetik boljak.

Myratdurda goňşy bolup gelenlerem öz obasynyň adamlary – üç dogandy. Doganlaryň iň ulusy Garly ozal mal fermada kärendeçidi. Elbet, işi ugrugan däldir-dä, indem ýer alyp daýhançylyk etmäge gelipdir. Iki inisinem ýanyna alypdyr. Inilerini Myratdurdy gowy tanamaýardy. Özler-ä bilimli-sowatly ýigitler bolmaly. Bu gün näme üçin pile ýapyşypdyrlar? Geçen ýyl bugdaý gowy bitip daýhanyň gazanjy mese-mälim artdy. Belki şol olary daýhançylyga höweslendirendir?

Myratdurdy, dogrusy, adamlaryň näme edip, näme goýýanyndan bihabar bolmak üçin daýhaçylygy özüne kär edinen ýalydy. Hiç haçanam, hiç kim bilen işi bolmandy. Gepden, gürrüňden daşda bolanyny kem görmezdi. Ýogsa, ozalky goňşusy Nury bilen üç ýyl basalyk ekin ekdiler. Birdenem ol ýerini taşlady-da gidiberdi. Myratdurdy onuň nämeden beýdeninem bilmän galdy. Hoşlaşanda „Bizden bir öýke-kine etmediň dälmi?” diýip sorady. Nuram üç ýylyň içinde kösenen ýerinde goldap, elinden gelen kömegini beren Myratdurda diňe taňryýalkasyn aýdyp gidipdi.

Täze küýzäň suwy sowuk. Täze ýer alanlar ekin ýerlerine Myratdurdan öň geipdirler. Myratdurdyňky ýaly 10 gektarlyk ýeri üç paýlaşypdyrlar. Suwy ikä paýlap – ýarsyny öz ýerlerine tutmaga alyp, ýarsynam aradan geçýän ene ýaba akdyrypdyrlar. Myratdurdam goňşulary bilen salamlaşyp, ýeriňiz düşümli bolsun diýip, ene ýaby böwetläp suw paýyny aldy.

Suwy ýeriňe alaňsoň ol seni peýwagtyňa işletmeýär. Gerek ýeriniň böwedini açyp, gerek ýerine böwet basyp birsalym haýdamaly edýär. Myratdurdy bu işlere werzişdi. Ol az salymyň içinde suwy düzgüne saldy. Emma goňşulary başagaýdylar. Üçüsi üç ýerden haýdasalaram, suwa diýenlerini etdirip bilmeýärdiler. Suw bir ýerde agyp ýatsa, bir ýere-de çykmajak bolýardy. Doganlar ýer düz däl diýip bir çykdylar, suwuň aňyrsy güýçli bolýar diýişdiler. Bir-birlerine janlyrak bolsana diýmäge çenli baryp ýetdiler.

Myratdurdy bu zatlardan bihabardy. Dogrusy, ýaşynyň altmyşa ýetip mülk ýerini kime goýmaly boljagynyň pikiri sussuny basdymy boýnuny uzadyp, goňşularyna „Armaňam” diýmegem ýadyna düşmedi. Onuň öz işi bilen bolup, üç adamy aljyradýan suwuň öňünde ýeke özüniň durup bilşi doganlarda biraz görübilmezçilik oýardy. Körpeleri Atajan içer ýaly suw soramak bahanasy bilen aradaky ýapdan towsup geçip, Myratdurdyň ýerine geldi. „Bassyrmaň aşagynda bardyr” diýlen Atajan joýalara düzlen suwuň endigan akyp barşyna haýran galyp seretdi. Düşelgä baryp suwdan ik-üç owurt owurtlady-da agalarynyň ýanyna gelip görenlerini gürrüň berdi.

Garly:

-         Kyrk ýyl bäri daýhançylyk edip ýör, ýogsa biz ýaly bolar öýtdüňmi? – diýdi.

Ortanjylary Keýmir:

-         Kyrk ýylmy? – diýip haýran galdy.

-         Ondanam kän bolmagy mümkin. Atam bar wagty ýanynda kömekçi bolupdyr. Olaň atalaram daýhan adam eken.

Atajan ýeňsesini gaşap:

-         Kyrk ýyllap pilden başga zady bilmän işlän bolsa, o nähili adamkaraý? – diýip geň galyp doganlaryna bakdy. Onuň soragyna Garlyň hasam gahary geldi:

-         Ikimizden gowudyr. Suwuňa seret hol beýläň agdy.

Atajan gyssanyp agan suwuň öňüne gum atjak boldy. Emma oklany ýa bäri düşýärdi, ýa aňry. Suw bolsa muňa hasam çaýkanyp, ep-esli ýeri dilip suw alynmadyk joýa geçip ugruny üýtgetdi. Atajan suwuň sowulan ýerine ýakynyrak barmasa boljak däldi. Şol ýere tarap ik-üç ädim ädenem şoldy welin, aýagy palçyga gitdi. Ädigini palçykda galdryp, zordan gury ýere çykdy. Gahryna:

-         Bu nä ejirimizaý, ýok bolsunlaý – diýdi. Gowy surnugan Atajan ädigini palçykda galdyranyna içiniň ýangyjyna indi eline pil aljaga meňzänokdy. Tossarlyp esli oturdy. Ahyry inisiniň bolşuny halamadyk Keýmir:

-         Hany tur gaýrat et, planylaň gektar alyşlary ýaly diýen gürrüňe galmaly – diýip, ony köşeşdirmäge çalyşdy...

Gün günorta golaýlady. Häzir yzyndan aýaly Abat naharyny getirmelidi. Aýalynyň gelerine garaşsa-da, Myratdurdy içinden oňa-da käýindi: „Aýdyp-diýip düşündirip bilmedim. Yzymdan naharymy daşap ýörme baryp iýerin diýsemem edenok. Gaýta, „Menden düşelgäňi gysganýaňmy?” diýýär. Ýa öýden çykmanka öňürdip baraýsammykam? Aý, ýok, bärsini taşlap gitsem bolmaz. Barsamam, gelenime iýgenip öýläňem mazasyny gaçyrar. Hany gelsin, bir salym gümür ýamyr ederis-dä.”

Onýança goňşularam çaýa çykarman boldular. Ýanlarynda ýeňil maşynlary bar, öýe gidip-gelmek olara mesele däldi. Myratdurdy aga-da „Ýör öýüňe düşüreli, gaýdyşynam alyp geçeris” diýdiler. Ýöne Myratdurdy aýalyna garaşmagy, aňyndaky ünjüni meýdanda aýaly bilen paýlaşmagy ýüregine düwüpdi. Myratdurdy olara:

-         Siz ýöräberiň, oglanlar. Keýwany bilen ýolumyz sowaşyk düşäýmesin – diýdi.

Myratdurdyň iň ýakynynda duran Atajan:

-         Bolmasa, ertir bile gidip, bile geleliň, maşynda ýer bar – diýdi.

-         Hany ertire bir çykalyň. Tüweleme Orazmyrat aga meňzäp dursuň, soraman kimlerdendigiňi aýdyp oturmaly.

Garly:

-         Atamyzyň at dakylanydyr ol – diýdi.

Myratdurdy Atajana hasam mähir bilen bakyp:

-         Tüweleme, şeýdiýsene. Ataň pahyr bilen 5-6 ýyl bile işläpdim. Asyl şody meni meýdana höwrükdiren. Gyzyl ýaly adamdy, hany indi olar ýaly adam galdymy?!

Atajan ýüzüne gülüp bakylandan boldumy, ýa hakykatdanam Myratdurdyň 40 ýyl başga kär etmän diňe daýhançylyk edenini halandan boldumy ýüzi açylyp:

-         Siz bar ahyryn – diýdi. Muňa agalary gülüşdiler. Myratdurdy Atajanyň sözüne utanyp aşak bakdy, soňam ýylgyryp jogap berdi:

-         Bizmi? Biz öňküler bilen deňeşdireniňde ýylana goýlandyrys.

-         Beý diýmäň, Myratdurdy aga, bizä siz ýaly bolup bolaýsa diýişdik.

-         Biz ýalymy? – diýip, Myratdurdy loh-loh güldi. Soňam gürrüňi başga ýana sowdy:

-         Suwy nätdiňiz, ugrukdyryp bildiňizmi?

Maşyna münmäge hyýallanyp duran Garly açan agpysyny ýapyp, Myratdurdyň ýanyna golaý geldi.

-         Aý, eýgertmedi. Ýarsyny ene ýaba sowduk. Galan ýarsyny zordan düzdük. Nahardan soňam bir synanaýmasak.

-         Bolar, Garly jan. Suw diýeniň ýetginjek oglan ýaly-da. Käýerinde ugruna sürmeli, kä ýerinde jylawyndan çekip, öňüne böwet atmaly. Bolmasa buýrdurmaz. Nahardan geliň, özümem kömekleşäýerin.

-         Kömek diýip size azar bolmaly. Siz bolmaýan ýerlerini görkezseňiz bor. Ýer bijaýrak öýdýän?

-         Ýerem gowy düzlemediler. Bir alajy tapylar-la.

Garly dagy ýola düşeni bilen Abadam nahary alyp geldi.

-         Täze goňşulaňmy ýaňkylar?

-         Hawa.

-         Ýurtlary garşy alsyn. Her kim Myratdurdy bolaýjakdyr welin, aňsad-a däldir.

-         Ony saňa kim diýdi?

-         Diýme gerekmi?

-         Gepiň çyn bolsa, çöregi uzat.

Abat gelin bolup geleli bäri adamym halar-u halamaz diýip durman göwnndäkini aýdyp gelen aýaldy. Gaýny pahyram oňa bu häsiýetini goýdurdyp bilmändi. Goňşy-golamlarynyň gybatkeşiräkleri „Abadyň dilinden gaçyp Myratdurdy meýdanda ýatyp turýamyşam” diýip çykypdylar.          

Aýalynyň uzadan çöregini „Bismilla” diýip eline alan Myratdurdy sözüni parahat dowam etdirdi.

-         Seň adamyňam ilden artyk däldir.

-         Artykmyň-kemmiň il görýär.

-         Bor hany goý, şo gürrüňi. Ogullaňdan jaň edeni beýlekisi bolmadymy?

-         Körpäň ýene jaň etdi. Kakama salam aýt, gowudyrys diýýä.

-         Iberen getiren sag bolsun.

Myratdurdy howlukman naharyny iýdi. Içinden welin gozgasy gelýän gürrüňini gozgamaň ugruny tapmaýardy. Ahyry ýaryldy:

-         Abat diýýänä, ýaşam altmyşa ýetipdir, bi mülki kime goýmaly bolarka?

-         Muň gaýgy edýän zadyny?

-         Beý diýme – diýip, Myrtadurdy gaty çynlakaý gürrüň edýänini bildirip janygdy: – Näme ýyl galdy? Ýa men ýetmişde-de şeýder pil göterer ýörer öýdýäňmi? O ýaşa baranlary görýäňä, toýa-ýasa zordan görünýärler.

Abat adamsynyň bu howsalasyna geň galdy. Ony arkaýynlatmak üçin parahat jogap berdi:

-         Ogullaň geler-dä.

-         Haý, olar geleni bilen daýhançylyk eder öýdýäňmi?

-         Etmänlerinde näme? Bir daýhany hakyna tutarlar-da.

-         Ýok-la, o bolmaz. Kişiň eli bilen ot gorsap ýylynasyň ýok.

-         Ýogsa-da seňki ýaly bolmaz. Senem başlarynda durarysyň.

-         Sen-ä aňsatjak etdiň oturberdiň. Hökümet näme saňa bu ýeri talaban tutun diýip berdimi?

-         Etdirmeseler biljek däl... Sen bu mülküň aladasyny etmesene...

Myratdurdy aýalynyň näme diýjek bolýanyna düşündi. Ýöne oňam jogabyny Abatdan eşidesi geldi:

-         Hawa, eýläk näme mülk äkideris?

-         Oňam pikirini erkekler etsin. Biziň jogabymyz „çagajygym-balajygymdan” aňry geçmez.

Myratdurdy has agraslandy. Biriniň öňünde hasabat berýän ýaly sanap ugrady:

-         Aý, näme, kişä ýamanlyk eden ýerimiz ýok. Halal iýdik, halal geýdik. Iki gyzy abraý bilen durmuşa çykardyk. Şolar üç bolan bolsa, has sogaplymyş diýip eşidipdim, nesibedir-dä.  Ogullaryňam Alla ýol berse öýli-işikli ederis. Ybadatlarymam geçirenim ýadyma düşenok. Boldugy bor-da. Ýöne, şu ýere gatyrak yhlas edäýdim öýdýän. Şony bar zatdan öňde goýan ýaly bolup durun. Indi-hä bilinýärem-le bu dünýäň geçegçidigine.

-         Yhlas etseň, arassaja zähmetiňe yhlas etdiň, o-da bir ybadat.

-         Ybadat kem-ä ýokdur-la, ýöne şu ýaplaň gyrasyna gawun-köwerjik ekip, gelene-geçene hödür edip bilmedim-dä.

-         Bu zamanyň adamsy seň hödüriňe bakmaz. Olar ýaly zadyň bardygyny bilse, ýeriňi tows göteräýerler.

-         Menem seň şu aýal düşünjäňe eýerdim-dä. Täze ýyl bir ekeýin.

-         Ek ekseň. Men-ä ýörejek. Seň bilen sakyrdaşyp oturmaga ýagdaýym ýok.

-         Bor-da. Suwy täze aldyk, bu gün gijiräge galmagymam ahmal.

-         Gijiräge galmaýan günüň barmy seň. Wiý, bu goňşulaň kimler, maşynlaryndanam tanamadym?

-         Orazmyrat agaň agtyklary, gyrlardan.

-         Wiý, hä tanadym. Men gelmänkäm, bir döwür, siz olar bilen goňşy oturypsyňyzam dälmi?

-         Edil özi, şolar. Seň tanamajagyň barmy?

Myratdurdy ýene göwnaçyk, daýhan gülküsini etdi. Abat oňa çala elini salgady-da, oba tarap ýola düşdi.

   

             

Teswirler (1 sany)

Ankow:
20 Iýul, 2015

Bet ekenaý

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.