DAG | Eserler | Ylýas Amangeldi

DAG

Goşgular | 0 teswir | 978 okalan

* * * Dag aňyrsyndaky dostlaryma Ýüreklerde dag bar, Arada-da dag. Siz daglardan aňyrda mensiz, Men bärde sizsiz Sessiz. Diňe köňül serhetsiz. Käte gulagym şyňlanda, Diýýärin: „Bu sizsiňiz, siz, siz!” Ýogsa, gün-güzeran, derdiň agdyk başyňdan, Daglar başynda-da gubar. Bu daglar armandyr, armandyr bu dag, Gyýçakdyr daşlary, gyýçak, Gaýasy dilim-dilim. Armanda dilim. Sähel zada gyýyljak, Ýürek neneň çydaýar? Bilmedim. Bilebilmedim. Uça bilsedim, Siz sary uçjak. Soň siz bilen kybla. Kybla... kybla...

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.