"Men bir perde-de däl..." | Eserler | Ylýas Amangeldi

"Men bir perde-de däl..."

Goşgular | 0 teswir | 1237 okalan


***

Men bir perde-de däl,

Ýa düzülen goşa tar.

Nämüçin maňa basýarsyň?

Kakýarsyň maňa?

Elli bäş ýaşadym,

Şeýle-de dert kän.

 

Ýa sen,

Eger, gyş güni ölsem,

Tabydym üste ýagsa gar,

Meni guburyma äkitmän,

Ondanam islärmiň owaz?

 

Eşdilmedik, diňlenmedik owazy,

Aýazda açylan güli islärmiň?

Ejizje ýüregmi şunça ýyl,

Ezenim azmy?

Gyssaýarsyň, gyssaýarsyň, gyssaýaň,

Bar mülkümi dökmedimmi öňüňe?

Bu gün ony özümdenem gysganýaň.

Ejemiň gujagna gelemde aglap,

Başagalaryň emýän süýdüne derek,

Ýa berdiňmi maňa daňyň sazyny,

Şindem gideňok depämden.

Niçik-de bolsa ýegdirin,

Depeläriňden...

 

Elli bäş ýaşadym.

Tomusda, ýazda-da, gyş günler-ä has,

Uzady gijelem gündizlerimden,

Deňine göterip guşlaryň,

Okladyň-da gapmadyň,

Bolmasyn diýdiňmi halas –

Öňümdäki ak kagyzy ýapmadyň.

Men bolsa gorkýaryn, şeýle gorkýaryn,

Ters owazy çykarmakdan,

Bozuk düwmesi deý köne roýalyň.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.