Ýolbars | Eserler | Ylýas Amangeldi

Ýolbars

Hekaýalar | 1 teswir | 1131 okalan

Tomsuň yssysy heniz beýle bir ýakyp baranokdy. Gaýta öz ýylysy bilen jana ýakymly ýalydy. Atamyrat aga tutudyň kölegesine keçe atyndy. Öýden agtyjaklaryndan biri çyksa, ýassygam aldyrjakdy. Emma olardan hiçisi görnenoky. Özi alyp çyksa-da boljakdy welin, bir oturansoň turasy gelmedi. „Hany çykarlar-la” diýdi-de oturberdi.  Bir ýerlerden salkyn şemal ösdi. Ol soňky döwür iň ýakyn hemrasyna öwrülen, altmyş ýaşynda sowgat berlen göterme radiosynyň düwmesine basdy. Ondan çykan ýakymly ses: „Aýdymy aýdan Giçgeldi Amanow” diýenden soň bagşy öz aýdymyna başlady. Halk aýdymynyň muşdagy Atamyrat agaň muňa hasam göwni açyldy. Giçgeldi bagşyň adyna ýylgyrdy. Öz ogluna at dakyşy hakydasyna geldi. Oglunyň ýaşy kyrka ýetip özi altmyşy arka atansoňam Atamyrat aga ogluna at dakmaly bolanda Ýolbars adynyň nirden kellesine gelenine häli-häzirem geň galyp otyrdy...

Atamyradyň ilkije ogly dünýä inipdi. Indem oňa gyssagly at dakmalydy. Garrylar dakar diýere-de ýagdaý bolmady. Atasy dünýeden ötüpdi, enesem Atamyratlara geljek bolsa poýezdli bir günlük ýol – başga şäherde, körpesi bilen ýaşaýardy. Nursoltan eje şonda-da, gara bagyr ogul agtygynyň bolan gününiň ertesi Aşgabada geldi. Ýöne „Adyny özüňiz dakyň” diýdi. Munuňam sebäbini Atamyrat gaty gowy bilýärdi. Içinden „Bolýar dakaýaryn” diýip içinden gaharly aýtsa-da, ejesine syr bermedi. Belki şol pursadam „Ilki oglum ýolbars ýaly ogul bolup ýetişsin-le” dien bolmagam mümkin.

Gelni Gülaýymam belli bir adyň üçtünde durmady. „Maksatmy, Merdanmy, Kuwwatmy, Guwançmy, Begençmi” näme diýse gowy at diýip durdy. Atamyrat „Ýolbars” adyny aýdanda welin, gelnem „Ýolbarsmy?” diýip ikirjiňledi. Soň oňa-da razy bolup „Ýolbarsam delje at” diýdi goýdy. Şol wagt ol ogly bolan gelinleň köpüsiniň edişi ýaly öz sözüniň ýöreýäninden hoşal bolmak üçinem: „ Goýsana. Ýolbarsdanam at bormy? Başga at gytmy? Gül ýaly çaga bir ýyrtyjyň adyny dakjakmy?” diýenem bolsa boljakdy. Ýöne Gülaýymda beýle häsiýet ýokdy.

Adyny „Gün-Aýym” diýip tutýan gelni entek ýüzünem durlanmadyk bäbejigini gundap otyrka Atamyrat olaryň ýanyna bardy. Oglunyň düwülgije ýumrujagyndan tutup „Ýolbarsjyk, ýolbarsym hany arla-da. Gün-Aýym galpajyklaryna seretsene, bujagazyň saçjagazyny! Dogrudanam Ýolbars diýseňem boljak şuňa” diýdi. Şonda belli karara gelse-de, baryp ejesine „Agtygyň adyna Ýolbars dakaýdym” diýende özüne garşy gidilerine garaşýan ýaly Atamyradyň sesi ynamsyz çykypdy. Emma Nursoltan eje garşy bolup durmady. Gaýta: „Şirgeldiň bir görnüşi-dä” diýen ýaly deliller tapyşdyryp adyna eýe bolsun diýdi. Ejesiniň „Adyna eýe bolsun, ýolbars ýaly ogul bolup ýetişer inşalla” diýeni Atamyradyň böwrüni diňletdi. Içinden: „Ýetişmese näme? Ýetişmesemi... Aý, meňem alada edýän zadymy, näme adyna Şamyrat dakylanlar şa bolaýýarmy?” diýdi.

O wagtlar heniz ýigrimi bäşem ýaşamadyk Atamyrat durmuşda adamyň diňe ýolbars bolup ýaşap bilmeýändigini başyndan geçirip görmändi. Bolsa-da ogly nalaçedeýin, lellim bir zat bolup ýetişmedi. Şir kimin başyny silkip gezmese-de, göreniň öňünde güjükläbem ýörmedi. Ýöne soň il-gün akylly eken. Oglunyň „Ýolbars” adyny „Ýolawa” öwürdi-de hemme zady ýerli-ýerinde goýdy oturberdi.

„Muňa-da şükür” diýip Atamyrat aga elini dyzyna ýetirdi. Soňky döwür dörän dyzlaryndaky agyry ýüregine batyp gitdi. Şol wagt ogly Ýolbarsam öýden çykdy. Kakasynyň kölegä atan keçesiniň gyrasyna baryp otyrdy. Atamyrat aga gobsundy-da:

-         Ýassyk diýäýjekdim. Gyzlaňam biri çykmady.

-         Aý, olar ejeleri bilen telewizora gyzdylar. Ýassygy özüm alaýaryn.

-         Gygyraýsana bolmasa...

Ýolbars eýýäm gapa ýetipdi. Ol salymyny bermän öýden iki sany ýassyk alyp çykdy. Känbir kakasynyň ýanynda oturmazak oglunyň ýassygyň ikisini alyp çykmasy Atamyrat agany çala geňirgendirdi. Ýöne bu oňa hälki şemalyň salkynlygy ýaly ýakymly täsir etdi. Ýolbars bolsun-bolmasyn ogluň bilen egin direşip oturmak ýaly dünýäň iň uly lezzetini Atamyrat aýdyp duran radiodanam gysganýan deý ony öçürdi. „Haý, ýöne uzak oturaýsa”.

Kakasynyň aňyndan beýle pikirleriň geçip duranyndan habarsyzam bolsa Ýolbars kakasyna näme üçindir üýtgeşik seretdi. Oglanjykka onuň gujagyna gysylyp oturşyny aňynda janlandyrasy geldi. Muňa ony ejesi gürrüň beripdi. Ýöne her gezek özüne derek kakasynyň gujagynda oturan ogly Nazarjyk bolýardy. Ol şonda içinden „Kakamyň gujagynda oturan suratymam ýok-da” diýerdi.

Adam ýazyksyzja çagalygyny çala ýadyna düşürip bilýär. Soň welin her pursat edil daşa ýazylan ýaly, hatda pozasyň gelenlerinem pozup bilmersiň.

Ýolbars bu gezek kakasyna adatdakysyndan ýakyn otyrdy. Şeýlebir ýakyn kakasy çala elini uzatsa başyny sypap biljekdi. Ýöne kakasy muny etmez. Kyrk ýaşan ogluňam başy sypalarmy? Eli bilen etmese-de Atamyrat aga muny dili, gözi, ýüregi bilen etdi:

-         Şeý-dä, Ýolbarsym, ýanymdajygam otyra.

-         Aý, kaka senem, Ýolbars adym nireden ýadyň düşdi.

-         Ýaňy radioda Giçgeldi Aman bagşyň aýdymyny berdiler. Ogluňa-da Giçgeldi diýip bolarmy, haçan gelse-de giç dälä. Ýa kakasy ýogalyp yzynda dünýä inäýdimikä?

Bu barada heý bir ýerde okapmydyň, ýa eşidipmidiň diýýän ýaly ogluna dikan seretdi. Oglundan jogap bolmansoň Atamyrat aga uludan demini alyp sözüni dowam etdi:

-         Muny pikirem etmändirin. Oguldyr döwletiň başy diýeniň ýöne-möne adam däldigine indi düşünýän.

Kakasynyň özüni göz öňünde tutup bu sözleri aýdýanyny göternip bilmejek bolýan ýaly Ýolbars çalaja egni gysyp bükütdi. Hany onsoň otur-da oturyp bilseň beýle kakaň ýanynda. Ýolbarsa mydamam süýji sözüň ýüki käýinçden-gahardan agyr gelerdi. Muňa belet, şu wagta çenli oglunyň käýideni ýadyna düşmeýän Atamyrat aga hezil edip onyň eginleriniň gysylşyny synlady. Soňam onuň adyny „Ýolbars” dakyp eden hatasy aňynda aýlandy.

-         Saňa Ýolbars diýmek nireden ýadyma düşüpdir.

Kakasynyň gürrüňi başga ýana sowanyna hezil eden Ýolbars muny alyp göterdi:

-         Hawa-laý kaka. Okuwa  girjek bolamda dagy dokument alyp oturan gyz adymy okap gülüp goýberdi welin, utanyp ýere girip bilmänim şindem ýadymdan çykanok. Kakamyň dakan ady-da nämä gülýäňiz diýipdim.

-         Kakaň dakany-ha çyndyr.

-         Ejemem aýtdy.

„Görsene, ejesindenem sorapdyr”. Ogluna söýünç bilen garap oturan Atamyrat aga aşak bakdy.

-         Aý, ýolbars ýaly oglumyz bolaýsyn diýdim-dä. Şonda oňarmnymy soň bildimem, adyňy täzeden dakjagam bolum. Onda-da ejeň göwnemedi. Adyny çalşyp ýörme diýdi. Adam bir ýalňyşsa aşagyndan çykmasy kyn bolýan eken.

Kakasynyň çynlakaý äheňi Ýolbarsa agyr täsir etdi. Kakasynyň sözüni böläýesi geldi. Bölen bolmagam mümkin, maý tapyp:

-         Atdyr-da. Dyz nädýär kaka? – diýip sorady.

-         Dyzam çalarak azara berýär.

-         Bolmasa Duruna gidäýeli. Ejem ikiňizi goýup gaýtsam. Gaty gowy şypahana diýýäler.

-         Şony etsegem kem ýaramazlygy mümkin.

-         Haçan diýseňiz kaka. Ejem bilen gürleşeýinmi?

-         Gürleşseň gürleş welin, göwnär öýdemok. Ol sizden bir günlügem aýrylşyp bilmez. Ýeke özüm gidemde-de o taýynyň nahar-şory özündendirä.

-         Hawa-la. Şonda-da ejeme-de gowy ýarar. Hany gepleşip göreýin.

         Ýolbars ýeňil turup öýe girip gitdi. Atamyrat aga „Men ejemi şeýdip Duruna äkitjek bolmandym” diýip, içinden ahmyr etdi. Dogrusy, onuň ejesi bilen gatnaşygy kakasy ýogalandan soň agyr geçipdi. Ol kakaçyl çagady. Kakasam ony ýanyndan aýyrmazdy. „Oglum, seň at dakylanyň Nyýaz zergärdir. Gaty ökde zergär bolan. Şonda-da enemiz pahyra üýtgeşik şaý-sep ýasap bermändir. Elbet, güzeranlary kynyrak bolandyr-da. Diňe şu tumary ýasap beripdir. Ýöne edilşi gaty üýtgeşikdir” diýip, atasynyň ýasan, ýüzüne gyzyl çaýylan kümüş tumaryny görkezerdi. Atamyradam aga-gara ýaňy düşünip ugran oglan bolsa-da, onuň gowy zatdygyny aňlapdy. Belki-de şol tumar sebäplidir, ol soň şäherlerinde täze açylan çeperçilik mekdebine gitdi. Ondanam Aşgabada sungat ugrundan okuwa girdi. Ýöne hernäçe höwes etse-de, zergär däl-de, nakgaş boldy. Zergärçilikden okadýan mugallymy oňa: „Sen suratatkeş bol, reňki gowy saýlap bilýäň” diýip, ugruny üýgetdiripdi. Suratkeşlige geçenem gowy bolan eken. „Gün-Aýyna-da” ol şol ýerde duşdy.

Atamyradyň ejesinden göwnüniň galmagyna-da şol tumar sebäp boldy. Kakasy ýogalandan soň, özem ýogalaryn öýtdimi nämemi ejesi öýdäki haly-düşege çenli köneden duran zatlary çagalaryna paýlady. Şonda hälki tumary ol körpesine, Atamyratdan kiçisi Durdymyrada berdi. Atamyrat ilki sesini çykarmady. Soňam:

-         Eje ol meň at dakylanymyň ýasany dälmi? Ony maňa beräýmelidiň – diýdi. Nursotan eje Atamyratdan bu gepe garaşyp oturan ýaly bada-bat jogap gaýtardy:

-         Atdakylanyň ýasanam bolsa, Durdymyrat körpäňiz. Aslynda men hiç zady paýlaman hemmesi şoňkudyr diýsemem bolýardy.

Şondan soň Atamyradam Aşgabada göçmäň pikirini edip ugrady. Asyl bu oňa kynam düşmedi. Bile okan dostunyň üsti bilen iş, jaý tapyndy. Bir hepdä ýetirmänem gelninem alyp göçüp gaýtdy. Ejesi: „Men öläýsem nätjek?” diýdi. Atamyrat gaty ýowuzlyk bilen: „Eje, gaýgy etme, entekler ýaşarsyň. Aşgabatdan poýezde münsem şo gün agşamsy gelýän” diýdi.

Şondan soň Nursoltan eje hakykatdanam uzak ýaşady. Tumarly meseläňem pikirini edere wagty boldy. Ýalňyşanyny bilip tumary Atamyrada getirdi. Ýöne bu gezek ony ogly almady. „Göwnüňden çykaryp beren ogluňda dursun. Inimde durdy näme, mende durdy näme?” diýdi. Nursoltan eje ýürejigindäkini aýtdy:

-         Menden gaty görme-dä. Men guraýyn. Yzyna tirkäp bir suratkeşi getirdi diýip gelniňe synym düşmän etdim. Indi seredip otyrynam welin şondan gowsy ýok eken. Men öläýsem Durdymyradyň gelni o tumary satar.

-         Eje alada etme, eger satmakçy bolsalar özüm iki bahasyna satyn aljakdygymy aýdaryn. Senem aýdyp goýaý. Ýöne olaram satmaz atamyzdan galan zady.

-         Satarlar oglum, satarlar. Sen göçüp gaýdaňsoň men olary gowja tanadym...

Nursoltan eje tä amanadyny tabşyrýança şol eden ýalňyşynyň aşagyndan nädip çykjagyny bilmedi. Aşgabadyň howasy maňa gowy ýaraýar diýip tas Atamyratlara göçübem gelipdi. Ýene bärde-de birden ýerlemesem yzyma nädip bararyn diýip göçüp gelmedi. Iň ýamanam, Gülaýym gelni oňa hernäçe mylakatly bolsa-da, edenimi ýadyndan çykaran däldir diýip onuň ýüzüne-de arkaýyn seredip bilmändi. Ýolbarsa ýňy aýak bitende Nursoltan eje birki aýlap Atamyradynyňkyda ýaşadam. Şonda öwrenişjek ýalam etdi, ýöne ýene durup bilmedi. Ölsemem dogduk depämde öleýin diýip zordan özüni yzyna atdy. Gitmänkä-de Atamyrada „Tumary özüň algyn. Ýogsa o dünýede kakaň pahyryň ýüzüne göni bakyp bilmen” diýip tabşyrdy. Hakykatdanam ejesi ýogalandan soň köp wagt geçmänkä Atamyrat şol tumary inisinden satyn almaly boldy...

Daşyndan görseň radiosyny diňläp oturan ýaly görünýän Atamyrat aga ýatlamalryna çümüp gidipdi. Ýolbarsam ejesiniň ýanyndan çykar ýerde çykmady. „Adam pahyr bir ýalňyşmasyn, ýalňyşsa aşagyndan çykmasy kyn...”

Ahyry gapy açylyp Ýolbarsam geldi.

-         Kaka ejemem gidýä. Özem häzir gitseňizem men taýýar diýýär.

-         Onda näme beýle eglendiň?

-         Aý, kaka, ejemi zordan yrdyma. Şu günjük ýöräliň, ýogsa ol ýene bir bahana tapar.

-         Saňa-da ýola düşmeli bolsa bolýar. Il-gün men däl, adyňa Ýolow dakyp ýalňyşmandyr.

-         Kaka „Gorkut ata-da” barmy ogul adyny özi gazanar diýip?..

Atamyrat ogluna jogap bermegiň ýerine radiýosyny gaýtadan aýtdyrmak üçin ýakynyna süýşürdi.

Teswirler (1 sany)

Almaz:
08 Iýun, 2013

Hekaýa meni hem radionyň gapdalynda duýgularyna çümen Atamyrat aganyňky ýaly duýgular älemine äkitdi. Hekaýanyň başyndan başlap men öz çagalarymyň terbiýesi hakynda pikirlendim, olary adam edip ýetişdirip bilermikäm, bizden öňki atalarymyzyň bize beren terbiýesi ýaly terbiýe berip biljek ata bolup bilermikäm diýip oýa batdym. Pikirlemde çagalarymy otuz-kyrk ýaşadyp gördüm, maňa soňra eýe çykarlarmyka, olaryň maňa eýe çykmalary üçin şu wagtdan nämeler etmelikäm diýip pikir ýöredip otyrkam birdenem pikirlerimiň ugry üýtgedi. Atamyrat aganyň ejesi hakyndaky pikirleri meni hem ejem hakda pikirlendirdi. Hakykatdanam men çagalarymyň gelejekde maňa eýe çykjakdyklary hakynda oýlanmagym gerek ekeni, çünki men öz ejeme-kakama eýe çykyp bilmedim. Ene-ataňyza näme çekdirseňiz çagalaryňyzdanam şony çekersiňiz diýilmeýärmi näme. Hekaýadaky Ýolbars ýaly olary durmuşyň kynçylyklaryndan gorap bilmedim. Dogan-garyndaşlary bilen gatnaşdyrjak, ýa-da hassalanan wagty hassahanalara gatnadan Ýollaw bolup bilmedim.

Gyzykly hekaýa eken.
Oýlandyryjy hekaýa..

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.