WELOSIPEDÇILER MAŞGALASY | Eserler | Ylýas Amangeldi

WELOSIPEDÇILER MAŞGALASY

Esseler | 1 teswir | 1542 okalan

 

(oçerk)

Türkmenistanda welosipedçileriň arasynda ilkinji çempionlaryň biri kakam Amangeldi Hangeldiýew agaç tekerli tigirlerem sürüpdir. Soň, 1930-njy ýyllarda süren welosipedleri içgili-daşgyly demir tekerleriň ýaňy çykan döwri eken. Şol ýyllary göz öňüne getiriň. Häzirki ýaly asfalt köçeler ýok, gumak ýollar. Käýerde bir oba. Atly arabalar esasy ulag. Şol arabalaryň geçen ýoly at toýnagyndan ýaňa küpürsär ýatar eken. Şeýle ýollarda-da welosiped ýaryşlary guralar eken. Şeýle ýaryşlaryň birinde Arçmandan Aşgabada ugramankalar kakam welosepediniň tekerinden içkisini aýyrýar-da, iki gat daşky dakýar. Tekeriň agyr aýlanjagy belli, ýöne oňa derek ol çöp-çalama ýarylmaz. Beýleki garşydaşlary ýoldan çykamaga çekinşip, guma bulaşyp gelýärkäler, ol ýoldan çykyp haýdaberipdir. Bu-da ony ýeňişe ýetiren sebäpleriň biri bolupdyr.

Kakamyň bile welosiped süren ýakyn dosty bardy. Ol hem kakam ýaly uzak ýaşapdy. Öýmüze kän gelerdi. Iki goja oturyp ýaşlyklaryny, geçen ýaryşlaryny ýatlardylar. „Welosiped sürenimizdenmikä biziň sagdynlygymyz? Beýleki deň-duşlara seredýän welin, köpüsi ýogaldy, dirilerem iç-daşa zordan ýaraýarlar” diýşerdiler.

Bir ýaryşda kakam dostuny ýykmaly bolupdyr. Emma, bir-birlerinde kineleri ýokdy, ömürleriniň soňky günlerine çenli wepaly dost bolup ýaşapdylar. Kakamdan dostuny näme üçin ýykanynam soramda: „Maňa mekirlik etjek bolýar. Iki bolup esasy topardan gaçdyk. Indi, bir-biregiň ygynda gezekleşip oturyp, haýdamak gerek. Deňje haýdap gelip, pellehanada güýjüňi görkezip ozmaly. Beýtse galjagyny bilip dur. „Haýdaly, gezekleşip işläli, öňe geç” diýsem edenok, ygyma düşüp gelýär. Şeýdip pellehana ýadaman baryp meni ozmakçy. Menem ony etdiräýýänmi. Çemine geldi welin welosipedimi bulap goýberdim. Ýaşlyk-da. Ýöne, bile işleşip gelen bolsa, menden galaýanda-da ikinji boljakdy. Köpbilmişlik edip ikinji orunam alyp bilmedi. Özüniň günäkärdigini bilip durandyr. Ýaryş-da. „Dostum ozsun, men galaýynam” diýip bolanok. Ýöne o-da gowy sürerdi...” diýip gürrüň beripdi.  

 Kakam 1939-njy ýylda Moskwada Halk hojalygynyň gazananlarynyň bütinsoýuz sergisiniň açylyş dabarasyna bagyşlanyp geçirilen uly ýaryşda Türkmenistandan baranlaryň arasynda 1-nji, soýuz boýunça 7-nji orny eýeläpdir.

Maşgalamyzda kakamyň sport ýoluny ilkinji dowam etdiren agam Baýramguly boldy. Baýramguly welosiped ýaryşlaryna gatnaşyp başlan ilkinji ýyllaryndan, heniz mekdep okuwçysyka – 1958-1959-1960-njy ýyllarda üç gezek bassyr Aşgabat şäheriniň hem Türkmenistanyň çempiony bolýar. Kakamyzyň ýaşlykda welosiped sürenini köp eşitsegem, onuň şeýle gyzykly sportdugyny maşgalamyza tanadan, Amangeldiýewlere welosipedi söýdüren agam Baýramgulydy. Ondan kiçi agamyz Soltanmyrat hem mekdepde okaýan döwürlerinden, welosipetçi hökmünde dile düşüp ugraýar. Ol ýetginjekleriň, ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolup ýörkä, uly ýaşlylar bilen, agasy Baýramgulyň yzyndan galman bile türgenleşipdir. Türgenleşik mahaly özara ýayşlarda-da ol özünden ululary yzda galdyrar eken.

Öňki SSSR-e girýän döwletleriň arasynda howanyň iň ir maýlaýan, gara ýollaryň iň ir guraýan şäherleriniň biri Aşgabat welosiped ýaryşlaryny geçirmek üçin örän oňaýlydy. SSSR-iň welosiped sportunyň federasiýasy 1965-nji ýylda Bütinsoýuz „Dostluk” köpgünlük ýaryşyny Aşgabatda geçirmegi karar edýär. Şol wagt ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony agam Soltanmyrat ýer eýeleriniň iň güýçli welosipedçisidi. Welosiped sportunda güýçlülerden biridigiň bilinse, hemme garşydaşlaryň ünsi sende bolýar. Seni taşlap gaçmaga synanyşýarlar. Garşydaş topardakylar agyz birikdirip seniň öňe geçmegiňe päsgel berýärler, badyňy gaçyrmaga çalyşýarlar. Bu emeller welosiped sporty bilen az-da-kände habarly bolanlar üçin tanyşdyr. Agam Baýramguly ulularyň arasynda bütinsoýuz ýaryşlara gatnaşyp ýörensoň, ýaryşa geljek respublikalarda welosiped sortunyň ýagdaýyndan habarlydy. Esasan Gazagystandan hem-de Orsýetden geljek welosipedçileriň güýçlüdikleri bilinýärdi. Şu ýerde Soltanmyradyň ýaryşa geýip çykjak maýkasyny gelnejemiň tikip berenini ýatlasym gelýär. Welosipedçileriň maýkasynyň biçüwi futbolçylaryňkydan ýa-da tennisçileriňkiden başgarak. Ol şemala pasyrdamaly däl hem welosipedçi egilende bili açylmaz ýaly uzyn bolmalydy. Üstesine-de, bir reňk däl-de, reňkdar matalardan bolsa owadan görünýärdi. Gelnejem bir gijede şeýle bir owadan maýka tikdi, häzirem göz öňümde, agam ony höwes bilen ýaryşa geýdi. Ol Soltanmyrada düşümlem boldy. Ýaryşyň birinji gününde agam öňe saýlandy hem öňdeli elden bermän ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Ýaryş gutaran badyna Gazagystanyň ýygyndy toparynyň tälimçisi Soltanmyrady öz ýygyndysyna çagyrdy. Agamy ýokary okuw mekdebinde okatjakdyklaryna, hiç zatdan hor etmän uly ýaryşlara taýýarlajakdyklaryna söz berýärdiler. Gazagystanyň ýygyndysynyň tälimçisi dünýäde tanalýan tälimçidi. Ondan beýle çakylygy almak uly zatdy. Emma, Soltanmyradam, öýdäkilerem muňa göwnemediler.

Öňde Minskide geçiriljek SSSR-iň çempionaty bardy. Şol ýaryş Soltanmyrat üçin belki-de ömür ýoluny kesgitlejek ýaryş bolmalydy. Garşydaşlary Türkmenistana gelen şol bir welosipedçiler diýen ýaly, emma ýaryş öz ýurduňda däl – tanamaýan, bilmeýän ýollaryňda geçjek. Soltanmyrat bolsa, heniz Türkmenistanyň çägindenem çykyp görmändi. Netijede, tejribesizligi zerarly ýaryşda ýokary netijäni gazanyp bilmän geldi. Ol ýerde ýaryşyň ilkinji güni garma-gürmelige düşenini, birnäçe welosipedçiň esasy topardan arany açyp gidendigini, soň olary kowup ýetenlerinde-de, „Bu barýanlar olar däldir. Bulardanam öňde topar bardyr” diýip çak edip, topary ozjagam bolmandygyny gürrüň berdi. Ahmyrlyja galypdyr. Emma şeýdip ahmyr etmek Soltanmyradyň sport ýolunda gör, näçe gezek bolandyr. Türkmenistanda özüne taý tapylmasa-da, Ýerewanda hem Simferopolda diňe säwlik sebäpli ol birinji däl-de, ikinji orun bilen oňmaly bolupdy. Iň esasy ahmyryny bolsa, ýaryşda-da däl, öz ýurdundan daşarda-da däl, Aşgabatda çekmeli boldy. Ol asfaltyň çukanak ýerinden welosipedini bökdürip geçmekçi bolanda welosipediň öň tekeri sypyp erbet ýykylýar. Kellesi sarsyp bir aý hassahanada ýatmaly bolýar. Bir ýyllap diýen ýaly türgenleşige çykyp bilmeýär. Öňem bir serkerde „Bir çüý bir naly, bir nal bir atyň toýnagyny, bir toýnak bir aty, bir at bir serkerdäni, bir serkerde tutuş goşuny harap edip biler” diýen eken. Köçedäki bir çukanak, welosipedindäki ýeke çüýüň näsazlygy Soltanmyradyň ykbalyna täsir etdi. Ol şondan soňam Türkmenistanda-da, onuň çäginden daşarda-da birnäçe gezek ýeňiji boldy, emma öňküligini tapmady.

Soltanmyrat ogullaryny güýçli welosipedçiler edip ýetişdirip ahmyrdan çykmagy niýetine düwdi. Ogullaryny mekdep ýaşyndan ýaryş welosipedine mündürdi. Olardan uly ogly Kerimgeldi Aşgabadyň, şeýle hem ýygyndy topryň düzüminde Türkmenistanyň çempiony boldy. Şol döwürlerde-de SSSR-iň durgunlyk döwri başlandy. Welosiped, welosipede gerekli şaýlar beýle-de dursun, azyk dükanlary boşap ugrady. Soltanmyrat ýene-de ahmyrly galdy.

1991-nji ýylda Watanymyz Garaşsyzlygyny alanda, hemmeler bilen birlikde Soltanmyradyňam begenjiniň çägi bolmandy. Ol: „Indi bizde-de sport öser. Ýollarda welosipedçiler görünmäge başlar” diýýärdi. Emma ol bu günlere çenli 20 ýyldanam köp garaşmaly boldy.

Hormatly Prezidentimiz milli buýsanjymyz bolan ahal-teke bedewine atlanmagynyň yzysüre, welosipede hem mündi. Oňa ak ýol açdy. Welosiped ýaryşlary geçirilýän ýörite trek stadionyny gurulyp ýör. Aşgabadyň, Türkmenistanyň çempionatlary geçirlip ugrady. Indi gezek agtyklaryňkydy. Eger kakamdan alyp gaýtsak, gezek onuň çowluklarynyňkydy. Kerimgeldiň uly ogly Röwşen orta mekdebiň soňky synplarynda okaýardy. Kakasy oňa ýaryş welosipedini alyp berdi, atasy türgenleşdirmäge başlady. Jigilerimiz Röwşen, Döwlet, Allanur... welosiped sportuna gyzykdylar. Olar indi Hormatly Prezidentimiziň sowgat beren welosipedlerinde türgenleşýärdiler. Röwşen Amangeldiýew – Amangeldiýewleriň dördünji arkasy hem Türkmenistanyň çempiony boldy.

Türkmenistanda çempion bolmak, entek ilkinji ädim. Öňde uly ýaryşlar Ýaşyl Tugumyzyň abraýyny daşary ýurtlarda goramak garaşýar. Baýramuly agam: „Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda welosipet sportyny ösdürmek barada ýörite karara  gol çekmegi uly waka. Biziň döwrümizde welosipet sporty halk içinde näçe söýülse-de ýurdumyzda häzirki ýaly ýollaram, welosipedlerem ýokdy. Röwşeniň gursagyna dakylgy kemeri görýärmiň? Ol kemer welosipedçi welosiped sürüp barýarka damarynyň urgusynyň sanyny, gan basyşyny, görýän agramynyň näçeräkdigini, mundanam gaty agram görüp biljekdigini ýa-da bilmejekdigini görkezýär. Münüp ýören welosipedine, aýagyndaky spot köwşüne seret. Biziň döwrümizde olar dünýäň men diýen welosipedçilerinde bardy. Bu biziň ýurdumyzda welosiped sportuna,welosipedçilere berilýän ünsi görkezýär.  Ýadyma düşýär, mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolanymdan soň Gazakstan we Orta Aziýa döwletleriniň Daşkentde geçirlen çempionatyna gatnaşdym. Özümi şeýle gowy duýýardym. Ozaýmalydym. Emma ýaryşyň pellehanasynyň töweregine dikilen baýdaklary görüp, pelehana golaýlandyr öýdüpdirin. Bar güýjümi goýup öňe okduryldym. Pellehana ýeter ýerde ýetip bilemok. Ahyry pelehana-da ýeteňkirledim. Emma badym gowy gowşapdy. Özbekstandan iki sany ors doganlar deňimden geçdiler. Şeýdip üçünji boldum. Şol wagt pellehanaň niredediginem bilmändirin. „Wah” diýip, hyrçymy dişläp galdym. Bu zatlary bize öwretmeli baş tälimçimiz bizi taşlap gidipdi. Onuň ýerine galan, welosipedlerimiziň abatlygyna seredýänem biz bilen däldi. Hamala türkmenistanlylar ozmaly däl ýalydy.

Hydyr Hojamyradow diýip gaty güýçli, obadaş welosipedçimiz bardy. Şol bir gezek Moskwada geçirilen ýaryşda ýaryşa ugralmazynyň öň ýany, „Meni Saýhudjin çagyrdy” (Gaýnan Saýhudjin SSSR-de tanymal welosipedçi, birnäçe Halkara ýaryşlaryň ýeňijisi) diýip, öňdäki hatarlara geçipdi. Ýogsa Türkmenistanyň welosipedçileri iliň soňundan ugramaly. Ýaryşa bolsa gatnaşyjylaryň sany gaty kän. Ýaryş başlandan soň öňe geçjek bolsaň, iki esse güýç goýmaly bolýaň. Şonda-da öňe saýlanyp bilseň, seniňkiň ugruna boldugy. Hydyr Hojamyradow şonda öňdäki hatardan ugrap, SSSR-de birinji 10-luga düşmegi başarypdy. Ýaryşda ozmak türgene-de bagly welin, ondan çözülmeýän zatlaram kän bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türgenlerimiz ýaryşlara hiç kime garaşly bolman gatnaşyp, sportuň dürli ugurlaryndan ýeňiş gazanýarlar. Hormatly Prezidentimiz welosiped sporty boýunça dünýä çempionatynyň Türkmenistanda geçiriljekdigini aýtdy. Bu örän uly waka bolar. Türkmen türgenleriniň bu ýaryşa öz gözleri bilen tomaşa etmeklerem uly mekdep. Belki, bizden oňa gatnaşjagam çykar. Ýagşy niýet ýarym döwlet” diýip, öz türgenlik döwrüni hem-de häzirki döwri deňeşdirip gürrüň berdi.  Amangeldiýewleriň täze çempionyny ony diňläp otyrdy. Bu gürrüňlerden onuň nähili netije çykaranyny bolsa, wagt görkezmeli.

Teswirler (1 sany)

Begmyrat :
13 Sentýabr, 2013

Hormatly Prezidentimizing welosiped we welosipedchiler barada edyan aladalaryny nepislik bilen ocerkde agzap halka yetirmegingiz ayratyn ahmiyetli doredijilik ishi bolup taryhyng sahypalarynda bellige alyndy. Berkararlyk dowruning bagtyyarlyk zamanasynda alyp baryan ishleringizde size rowachlygyng yar we yaran boljagy gorunip dur. Men shonda-da size rowachlyk we bir ugurda rowanalyk arzuw edyarin!!! Ishingiz ileri!!!

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.