WAGTA DÜŞÜNMEK | Eserler | Ylýas Amangeldi

WAGTA DÜŞÜNMEK

Hekaýalar | 0 teswir | 1274 okalan

 

 

„Wagt – gelerine howlugsaň köp garaşdyryp, gelende-de bilmänkäň gelip, geçende-de çalt geçdi diýdirýär.“ Bu sözlemi gündeligime ýazsamam, yzyndan wagtyň nämedigine düşünerden ýaş bolaýmaýyn diýip pikir etdim. On ýedi ýaşamsoňam, wagta düşünerden ýaşmykam? Beýle däldir. Ýa şeýlemikä?

Şeýlemi ýa şeýle dälmi, özüme belli jogap berip bilmän gündeligimi ýapyp, daşaryk çykdym. Ýaryş welosipedim gapyda diwara söýelgi durdy. Özem mydama bolşy ýaly: „Maňa münäýdä“ diýýäne meňzeýär. Ýogsa, ondan ýaňy düşdüm. Ýene özüme buýrup bilmän, oňa elimi ýetirdim hem ýuwaşjadan sürüp, howlymyzyň içinde aýlanmaga başladym.

Şu wagt Kuwwat näme işleýärkä? Olam welosipedine münendir. On iki ýaşlarymyzda „Biz haçan 17-18 ýaşarkak?“ diýerdik. Welosiped sürmäge-de biz „Şeýtsek çalt uly adam bolaýarys“ diýen pikir bilen başlapdyk. Oglandyk. Welosipedçi bolsak aýaklarymyz güýçlenip, derrewem uly adam bolarys öýdüpdik. Ondan bäri bäş ýyl geçipdir.

Bäş ýyl! Diliňde aňsat. „Esgerlik“ bary-ýogy iki ýyla çekjek welin, şolam uzak ýaly görünýär. Geler-geçerem welin, nädip geçeninem bilmän galarys. Welosipede gyzygyp geçiren bäş ýylymyz şeýle bolmadymy näme? Şu wagt gülkimem tutýar, eýerimizi iň pesinde goýamyzda aýagymyz pedala zordan ýetýärdi. Şol günler, dogrudanam, çalt ulaldyk.

Welosiped sürüp başlanymyza geçen bolsa bir aý geçendir, tälimçimiz ilkinj gezek bizi ýaryşdyrdy. Şonda dördünji boldum diýip Kuwwat aglapdam. Aglamaz ýalam däldi. Birinji-üçünji bolana tälimçimiz täzeje ýaryş welosipedlerini berjegini aýdypdy. O wagtlar ýaryş welosipediniň täzejesi biziň gözümize kakamyň daşary ýurt maşynyndan gowy bolup görünýärdi. Men-ä ozdum, arzuwyma ýetdim, Kuwwat ahmyrly galdy...

Kuwwatlar bizden daşda-da däl. Welosipedimi olara tarap sürdüm. Barsam ol öýlerinde ýok eken. „Aýlanjak“ diýip welosipedine münüp gidipdir. Bilýän obaň çetindäki ilerki ýoldadyr. Meniň gelerime garaşýandyr. Ol mydam şeýle. Häzir barmasamam näme üçin gelmediň diýer. „Men nä bileýin, seň welosiped sürmäge çykanyňy?“ diýsem, „Bilýäňä“ diýer. Onuňky dogry. Men onuň nirededigini mydam bilýän. Bilmejek ýerime gitjek bolsa, ol hökman el telefonyndan jaň eder. Jaň etmedimi, diýmek ilerdäki ýolda bolmaly. Diýşim ýaly-da.

-         Geldiňmaý.

-         Ýaňy öýňüze bardym.

Bar gürrüňimiz şunuň bilen gutardy. Kuwwada gündeligime ýaňky ýazan sözlemimi aýdasym geldi. Ýene akyllysyraýan ýaly görünäýmäýin diýip saklandym. Oňa derek bäş ýylmundan öňki, ilkinji ýaryşymyzy ýatlatdym.

Kuwwat „Ýadymda“ diýse-de, onuň gürüňini edesi gelmedi. Welosipedi köp sürseň, haýran galaýmaly, gözleriň şu gün bilen ýaşaýar – öňünden çala çukurjyk çyksa-da görüp, sowlup ýetişýäň – aňyň bolsa gör nirelerdedir. Häzirem Kuwwatdan bu gün maňa gürrüňdeş bolmajagyna gözüm ýetip, welosipedimiň desine agramymy atdym-da, özümi ýatlamalarymyň ygtyýaryna berdim.

Şol ýaryşamyzda ozanlara berilen üç welosipediň ýalpyldap durşy göz öňüme geldi. Şonda içimden: „Ölmeli welin, olaryň birini almaly“ diýipdim. Öýmüze türgenleşikden täzeje, ýaryş welosipedli gaýtsam, barybam öýlerindäkilere „Ozanym üçin türgenleşmäge berdiler“ diýip bilsem armanym ýokdy. Töweregimdäki deň-duşlarymam içlerinden şony diýendirler. Her kim dogumlanyp, biri-biriniň gözüniň içine seredýärdi. Kuwwadyň welin, gözünde howsala görüpdim. Ol heniz ýaryş başlamanka galaryn öýdüp gorkupdy. Hakykatdanam, ol baýraksyz galdy – dördünji boldy. Häzirem o gün hakyndaky gürrüňime goşulşasy gelmeýäni şol sebäpli bolmagam mümkin. Şonda ozaýan bolsa Kuwwadam häzir hezil edip ýatlamalaryny paýlaşardy. Menem ozmadyk bolsam o güni ýatlajak bolup durmazdym. Ýok, edil beýle-de däl.

Kuwwat şol gün hatda aglapdam. Ol şonda özüni hiç kim gören däldir öýdüpdi. Pellehanadan ýaňy geçipdik. Hakykatdanam, erbet bolýar – pellehana çenli belki, bolmanda üçünji bolaryn diýip gelýäň, geçýäňem welin, armanlysyň. Onsoň... o wagtlar-a çagadyk, häzirem armanly bolsaň bogazyň dolanyny bilmän galýaň. Kuwwat meniň yzyma gelýänimem görmedi, welosipediniň badyny ýatyrman köpçülikden saýlandy, aramyza hemmeden soň geldi. Rejep aga onuň arkasyna kakyp:

-         Gurbanow dördünji bolduň. O welosipedlerde seň nesibäň ýok eken, indiki gezek – diýipdi. Indki gezege umytlanyp Kuwwat:

-         Mugallym, indiki gezek haçan? – diýip sorapdy. Rejep aga gidip barşyna:

-         Haçan täze welosiped alsak şonda – diýip, jogap berende-de Kuwwat:

-         Haçan... – diýip galypdy. Onuň şondaky naýynjar seredişi hiç ýadymdan çykanok.

Ilkinji ýeňişim üçin berlen welosipedi  dostum bilen bile aldyk. Içimden: „Maňa berlip özüne berilmäni üçin Kuwwat tälimçiň ýanynda aglamasa-da biridir“ diýip barýardym. Bir tarapdanam oglan akylym bilen özümi hondan bärisi tutup, hil bir iş bitiren ýaly duýýardym hem göwnüme, häzir Kuwwat aglaýsa hezil boljak ýalydy. Kuwwat aglamady. Gaýta begenip „Abdylla, gutly bolsun!“ diýdi.

Soň öýe gelýärkäk, ýolda Kuwwat täze welosipedimi  sürüp göräýeýin diýipdi. Birbada bermändim. Soňam:

-         Ýykylaýmagyn, seresap sür – diýen bolupdym. Kuwwadyňam gahary gelip:

-         Ýykylasym ýok, bala döndürdiň-aý – diýipdi.

Şonda Kuwwada aglanyny görenimem tas aýdypdym. Hernä ol welosipedime münüp menden daşlaşyp ýetişdi. Şondan soň welosipedler köp-köpden geldi. Az salymdan hemmämiz täzeje welosipedli bolduk. Emma şol günki gomparlyşym ýadyma düşüp, häzirem ýere girip bilemok. Üstünden şonça ýyl geçmedik bolsa, men ony beýdip ýatlabam bilmezdim. Oglanlyk gowam diýýärler. Men welin öz oglanlygymy häzirem bagyşlap bilemok.

Kuwwat bir bagyşladymyka? Bagyşlandyr. Soň bilip galdym, biriniň öňünde bir gelşiksiz zat etseň, özüňe özüňi bagyşlamak kyn düşýän eken. Beýleki adam ýadyndan çykaryp gidýär, özüň welin... Ejem bilenem, kakam bilenem şeýle bolan gezekleri boldy. Olar näme edeinimi ýadyndan çykaryp gidipdirler, özüm welin oglanlykda eden etmişlerimi häzirem ýatlap ýörün...

Soň... soň ýyllardyr bile welosiped süremizsoň dogan ýaly bolup gitdik. Kim bilýär, dogandanam ýakyndyrys. Her gün görüşýänimizdenem beter, bize, uzak ýol gaty täsir eden bolsa gerek. Meniň göwnüme-hä şeýle. Ikiňem gara dere batyp barýansyň. Öňde bolsa geçilmedik ýene ep-esli ýol ýatandyr. Sen ýoldaşyň, ýoldaşyňam seniň ýadanyňy görüp dur. Biri-biriňe bakyp ýylgyran bolýaň, emma aýaklaryň zordan aýlanýar. Ahyram tälimçiň bellän geçmeli menzilini geçýäň welin, seniň görkezen gaýratyňa ýoldaşyň şaýat, senem onuňka. Begenip biri-biriňi gujaklaýasyň gelýär. Hasam ýaryşlarda geçilen ýol. Elleriň bilen welosipediň desini berk gysymlap, aýaklaryň bilenem bar güýjüňe pedallara basarsyň, gözüňem welosipediň aşagyndan geçip, akyp duran ýoldadyr. Ýol näçe çalt geçse, seňem şonça gaty sürdügiňdir. Soň yzyňa garanjaklarsyň. Yzyňdakylaram özüň ýalylar, olaryňam yza galasy gelenok. Şonda Kuwwat olaryň öňlerine geçip batlaryny ýatyrmaga çalşardy. Meni kowalap ýadasalaram yzlarynda, kükregiňden itýän şemaldan goranyp, yklarynda oturyp gelip Kuwwat ozardy. Ýöne köplenç Kuwwat bilen bile topardan gaçardyk. Yzdakylara ýetdirmejek bolup ikimizem biri-birimizden beter janymyzy goýup sürerdik. Pellehana gelemizde-de her gezek Kuwwat menden galardy.

Uly ýaryşlaryň birinde welin, ýagdaý başgaça boldy. Ozaldan belleşişimiz ýaly geçilmeli ýoluň ýarysy yzda galansoň, iki dost topardan bölünip öňe saýlandyk. Bar güýjümizi goýup gaçyp barşymyza yzdan hatara düzülip kowýanlardan ep-esli arany açdyk. Pellehana çenli bolaýsa on kilometr çemesi aralyk galypdy. Birdenem welosipedimiň tekeri ýaryldy. Yzymyzdan gelýän tehniki kömek maşynyndan teker alýançam bialaç gyra çekilip saklanmaly boldum. Görsem Kuwwadam gyra çykdy.

-         Kuwwat bas, sen nämä durýaň? – diýip, janym ýanyp duransoň oňa gygyrdym.  

Kuwwat „basmady“. Ol gyssanmaç saklandy-da welosipedini maňa uzatdy:

-         Sen bas. Meni ýetmekleri mümkin, seni ýetmezler.

Menem derrew Kuwwadyň welosipedine atlandym. Yzymdakylara ýetdirmänem pellehanadan birinji geçdim. Kuwwadam meniň welosipedimiň tekerini çalyşdyryp yzdan kowup gelýän topara goşulyp ýetişipdir. Esasy topar pellehadan geçende Kuwwadyň olaryň arasynda diňe birinden galanyny gördüm. Asyl ol onam ozsa ozaýmalydy. Öňündäkiden sähelçe galdy. Muny görüp Kuwwadyň özi gaçanam bolsa ýetdirmejek ekendigine düşündim. Bogazym dolup gitdi. Çala bahana bolsa, bir mahalky Kuwwadyňky ýaly boljakdy. Kuwwat bolsa ýylgyryp gelýär.

-         Ondan galmaly däldim, azajyk giç hereket edip başladym.

Men sesimi çykarman onuň gözüniň içine seredýärdim. Onuň näme üçin maňa welosipedini berenine düşünjek bolýardym.

-         Abdylla, gördüň gerek? Arslan pelehanadan zordan geçdi, meniň entegem badym bardy. Pellehana iki ädim aňyrda bolanam bolsa, men ony geçýärdim.

-         Sen birinji bolmalydyň.

-         Ýok-how ikinji.

-         Ikinji men bolmalydym.

Näme diýjek bolýanyma düşünip Kuwwat ýeňsesini gaşan boldy hem:

-         Aý, ýeterlermikä diýip gorkdum-da. Olaram halys ýadan eken – diýdi.

-         Sen bilip etdiň.

-         Nirden bileýin?

-         Özüňdäki güýji bilersiňä? Osoňam şunça kowup ýetip bilmänsoňlar indem ýetmejekleri bellidi.

-         Onda sen näme... Goýsanaý biderek gürrüňi.

-         Men samsyk bolupdyryn. Ozsam bolýar etdim. Galyp yzdakylara goşulan bolsam men olary arkaýynam ozardym. Men ikinji, birinjem sen bolardyň.

Kuwwat sesini çykarmady. Soňam gara çyny bilen:

-         Abdylla, birinji mydam sen bolmaly, düşünýäňmi?! – diýdi.

Biz ýaryşdan öýe çenli geplemän geldik. Mundan öňki ýaryşlarda şeýdip öýe gaýdyşymyz, gülüşip-degişişimiz, ýaryşda „Ony eýtmelidik, muny beýtmelidik“ diýip edýän dawamyz pelehanadan öň geçenimizdenem hezildi. Häzir welin ikimizdenem ses çykanokdy. Men bäş ýyl mundan öňki ýaryşymyzy ýatlap barýardym. Birdenem öz gözümden ýaş paýrap gitdi. Kuwwat göräýmesin diýibem, edil ýaryşda ýaly bar güýjüme pedala basdym...

 

*  *  *            

Kuwwat häzirem edil şol günki ýaly geplemän gelýär.  Olam öz ýanyndan bir topar zatlary ýatlaýandyr. On ýedi ýaşam geň ýaş – kämahal-a eňegiňe jaň dakylan ýaly gürläp-gürläp diňe diňleýäniň däl, öz ýüregiňe düşüp gidýäň. Kämahalam hiç gepläsiň gelenok. Biri bir zat diýse-de kakynyň tutýar. Häzir Kuwwadyňam şeýle ýagdaýdadygyny aňdym. Ýogsa, şu zatlaryň baryny oňa gürrüň berjekdim. Käşkä ol bu zatlary bilmeýän bolsa? Kuwwat welosipedi menden biraz gowşagyrak sürse-de, oňa derek menden kän akylly.

Onuň bilen el galdyryp hoşlaşyp öýe geldim. Gele-gelmänem gündeligimi elime aldym. Oňa ýazyp giden sözlemimi gaýtadan okadym...

 


Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.