TABAKDAŞ | Eserler | Ylýas Amangeldi

TABAKDAŞ

Hekaýalar | 1 teswir | 1123 okalan


 

Atajan Gurbangeldilere bir iş bilen barmaly boldy. Gurbangeldiler onuň barman ýören öýi däl, iş diýýänem gündelik aladalardan biri. Mesele başga zatda. Onuň Gurbangeldilere baran wagty günorta naharyna gabat boldy. Atajan muny göwnüne-de getirmedi.

-         Gurbangeldi öýdemiň?

-         Gel, dost, öýdedirin.

Gurbangeldiň naharyň başyndan turup gaýdany bildirip durdy. Atajan ýaýdanybyrak oňa haýyşyny aýtdy. Gurbangeldem ony bitirermen boldy.

-         Bolýar, onda gaýrat edersiň-dä.

-         Arkaýyn bol. Näme içeri girjek dälmiň?

-         Öýe baraýyn.

-         Bibigülem-ä bir zatlar bişiripdir.

-         Bereket bersin. Ýene bir gün, arkaýynçylykda.

Atajan gidenden soň Gurbangeldi ýene naharynyň başyna geçdi. Ol Atajanyň içeri girmän gaýdanyna bir hili boldy. Dogrusy, özüniňem öýünde oturtjak bolşy ýabygorlurak bolaýdy öýdýän.

„Haýyşyň bitdi, boldugy bor-da. Biriniň öýünde oýkanjyrap oturjakmy ýogsa? Nähili geň, muny aklabam bolýär. Atajanam gelşiksiz boldy diýýän däldir. Belki çyny bilen „Hany öýe girmän gitmesene, nahar guýuldy, duz dadyp git” diýse Atajan oturmajagam bolsa oturardy. Ýa adamyň göwnüne „Otur-otur diýibem şumy öňümde goýýan naharyň?” diýiläýjek ýaly bolýarmy, ýa başga bir bolgusyz pikirler aslyşýarmy? Ýogsa hiç kimem hiç kimden artyk ýa kem saçak ýazanok. Şükür bol-elinçilik. Ýörite myhman çagyrmaga, ýa-da daş ýerden gelen myhmany öýüniň töründe oturdyp hezzet-hormat etmäge her kimem ilgezik. Hiç bir içeriniň myhmansöýerligine at dakar ýaly däl. Ýöne häli-şindi görşüp ýörenleriňe gezek gelýär welin...

Atajan içerik girmän gidenini medenýetlilik etdim diýip hasap edýän bolmagam ahmal. Ýogsa niräň medeniýetliligi? Hödür-keremden çekilip gaýdarsyň-da ondanam medeniýetlilik bolarmy? Her kimiň işi bitse bolýar. Täze çykan haryt satýan budkalara baryp köpügiňi jaýrykdan goýberýäň, harydyňy alybam gaýdyberýäň...”.

Gurbangeldi aňyna uran bu pikirlerini sadalaşdyryp gördi. „Näme, Atajana haýyş etmäge gelibem, öýe-de girmän gitdi diýip hondanbärsirejek bolýaňmy? Ýa özüňe "Haýyşyňy aýtdyň gidiber diýen ýaly edip, naharyň üstüne gelen adamam öýe salmadyň" diýjek bolýarmy? Bularyň haýsy biri bolanda-da Gurbangeli özüni günäkär saýdy. Pikirlerine başagaý, naharyny nädip iýenini bilmedi.

Atajan welin, haýyşynyň bitjegine begenip, bular ýaly ýok zatlary göwnüne-de getirmän, köneje emma sygyrlarynyň, itleriniň, horazlarynyň sesi bilen özüne ýakymly obasynyň boşlaw köçesini syryp öýlerine tarap ugrady.

Atajan ýoluň ugrundaky dükana sowlup, şireli suw aldy. Dükançy bilen hasaplaşyp çykyberjek bolanda bir nätanyş ses ony saklady.

-         Bolubilseň, Ýagşymyrat agaň agtygy bolsaň gerek.

Atajan sesiň gelen tarapyna bakdy. Atasynyň adyny aýdyp duran nätanyş adamyň ýüzüne geňirgenip seretdi. Soň ýaşuly adama beýdip seredip durmajak bolup:

-         Salowmaleýkim – diýdi.

-         Waleýkim. Ýa ýalňyşaýdymmy? Bir döwürler Ýagşymyrat agalar bilen goňşy ýaşapdyk. Şolardansyň öýtdüm.

-         Ýalňyşmadyňyz agam, men atamyň at dakylany.

Ýaşuly ulagly eken. Ol ýoguna bakman Atajany öýlerine eltdi. Atajanam ony „Öýden oturalyň” diýip maşyndan düşmäge razy etdi.

Ýaşula Abyl aga diýýän ekenler. Atajan heniz dünýä inmänkä bu obadan göçüp gidipdir. Atajanlaryň gabat garşysynda, ýoluň ileri ýüzündäki mellekde ýaşapdyrlar.

-         Abyl aga, o wagtlar siz näçe ýaşlaryňyzdadyňyz?

-         Bolsam seň ýalydyryn-da, hany göreli, laýyk otuz ýyl mundan öň bolýar, menem şol wagt otuz bir ýaşymda ekenim. Sen otuza ýetdiňmi?

-         Iki ýylym bar.

-         Ýyllaň geçäýşini, Ýagşymyrat aga bilen şeýdip oturanymyz göwnüme düýn ýaly. Şol wagtlar sekizinji onlukdan alyp ýördi, biz göçemizden soň ataň uzak ýaşamady. Gaty gowy adamdy. Ýüz keşbi edil sen. Asyl sesiňem meňzäp dur.

Atasynyň bütin ömrüni batyl geçirendigini köp adamdan eşiden Atajan, häzir Abyl aga-da gulagyna ýakymsyz degýän şol gürrüňleri tekrarlar öýdüp geçmişleri hakynda gyzyklanyp durmady. Onýança nahar aldylar. Naharyň aýry-aýry tabaklara guýulman äberlenine Abyl aga ýylgyrdy.

-         Gelin ine, muny oňardy. Kä içerä barýaň welin her kime özbaşyna bir tabaga nahar guýup berýärler. Şeýdilse gowudyram. Ýöne biz çagalykda maşgalamyz bolup bir tabakdan nahar iýip ulalamyzsoň, ýüregiň könäni küsäýýär.

Myhman aýtmadyk bolanda Atajan muňa ünsem bermese bermezdi, emma häzir ol dogrudanam, aýalynyň nahary bir tabaga guýup äbermesine geň galdy. Abyl aga nahary işdämen iýip oturşyna gürrüňini dowam etdirdi:

-         Bilýänsiň, türkmen tabakdaş diýýändir. Ýadyňa salsaň tabakdaş bolanlaryň bir hili gözüňe yssy geläýýändir. Çöregiňi paýlaşyp iýen ýaly bir zatda.

Gurbangeldilerden çykyp gaýdyşy Atajanyň gysgajyk aňyna gelip gitdi. Onuň bilen şu wagta çenli tabakdaş bolmandygynyň pikirini etdi. Asyl onuň tabakdaş bolany bir barmy? Atajan syr bermejek bolsa-da, Abyl aga onuň ýagdaýyny aňan ýaly:

-         Siz ýaşlaryň kän bir tabakdaş bolmak häsiýetiňizem ýogurak. Ýöne ata-baba gelýän däbiň bihaly bolmaýar. Ataň pahyr gözi görmänsoň naharyny özbaşyna bir tabakda iýmeli bolardy. Şonda-da ýeke özüniň nahar öňüne alanyny men-ä görmändim. Eneňe: „Köçä seret, kim bar bolsa çagyr” diýerdi. Dagy adam tapmasa meni gygyrardy. Men ilki badalar oglanjykdym. Ataň: „Abyl jan ikimiz tabakdaş bolsagam bor-la” diýip, öz tabagyny öňüme süýşürerdi. Ol meni ogly ýaly görerdi. Kakaň bilenem dogan ýalydyk...

„Ine, indi ikimizem tabakdaş bolduk” diýip nahardan çekilen Abyl aga soň turarman boldy. Atajan:

-         Abyl aga, barmaly ýeriňiz ýok bolsa, çaý içip gidiň – diýip, myhmanyny ugradasy gelmedi.

-         Barjak ýerimiz-ä öýmüz-le. Çaýa-da ýöne biraz maý bereli. Ataň pahyr öwrederdi, nahardan soň ara wagt salyp soň çaý içseň gowy bolar diýerdi. Sen-ä, tüweleme, kakaňa çekmänsiň, kakaň pahyr garasöýmeziräkdi. 

Atajan töwürden soň gap-gaçlary aşhanadaky aýalyna uzadyp gelip Abyl agaň ýanynda jaýlaşykly oturdy. Hakykatdanam öýüne ilkinji gezek gelýänem bolsa, bu myhmany bilen arasynda dörän ruhy ýakynlyga Atajan ýylgyrdy. Abyl aga onuň ýylgyryp duran ýüzüne bakdy-da:

-         Hany otyr, men saňa ataň hakynda gürrüň bereýin – diýdi.

Soňam bu gürrüňi diňlemäge Atajanyň höweslimi däldigini biljek bolýan ýaly oňa ýiti seretdi. Atajanyň ýüzünde ýylgyryşyndan nam-nyşan galmandy.

-         Bilýäňmi oglum, seň at dakylanyň gaty üýtgeşik adamdy. Bu boljak bir zadam dälle welin, ýürejigimdäkini aýdaýýan – kör bendedir, şonda-da men ony bir topar gözlüleriň onusyna çalyşman. Ýöne adam adamyň ýerini tutup bilmeýär. Sen gözli bolaý, her kimiň öz orny, öz gymmaty bardyr.  

Abyl aga gürrüňini has aňyrlardan aýlajak bolýan ýaly bir salym sessiz oturdy. Atajanam ýürejigindäkini aýtdy:

-         Bendä dünýäni görmän şonça ýaşamak nädip başartdyka diýýän kämahal içimden.

-         Aňsat bolan däldir bendä. Hasam açlyk ýyllary. Bizem o ýyllary görmedik. Ýöne ataň pahyr o ýyllardan gürrüň berende özüm içinde ýaly bolardym. Sen häzir ony eşidenden eşidip otyrsyň, men welin o döwri başyndan geçireniň özünden eşitdim. Her näçe jan etsemem meňkem oňkyça bolmaz. Aýtsam, aýtdygymça owadanlaýan ýaly bolar. Jikme-jik, eşdişim ýaly aýtmasamam bärden gaýdaryn. Onsoň kän gürrüňem beremok. Olaram köp zady aýdan däldirler. Şol günleriň geçdigi bolsun, gaýdyp görmeli bolmasyn diýip oňaýardylar.

Abyl aga ýene sessiz otyrdy. Atajan gürrüňi başga ýana sowmak isledi. Emma ýetişmedi.

-         Ataň pahyryň seň kakaňdan ulam bir ogly bolupdyr. Eşidensiňem, adyna Geldimyrat diýýän ekenler. Ataň şol ogly bolanda aýalyndan ilki: „Synalary abatmy, gözjagazy ýerindemi?” diýip sorapdyr. Aýaly „Şükür, gowja, gözjagazlaram ýerinde. Uladygyça has gowlaşar-da” diýipdir. Ataň ynjalman: „Gowlaşarda diýýäň, näme kemi barmy?” diýýämiş. Eneň: „Ýaňy bolan çaga entek gözjagazlaryny gaty açanok, şondan diýýän” diýipdir. Ataň begenip: „Onda adyna Geldimyrat dakaýaly. Bar dilegim synasy abat çagady. Myradymyzyň geldigi bolsun” diýipdir. Perzendini gujagyna-da alar eken. „Şonda aýalyma-da ynanman gözlerini sermelärdim” diýip gülüşdirerdi.   

Ahyrky aýdyljak zat aýdylan ýaly gürrüň mundan aňry uzamady. Atajan welin, indi atasy hakynda Abyl agaň gürrüňini dowam etdirenini isledi.

-         Haý, bende. Geň adamdy. Menem oglanjykkam golaýynda oturdyp başymy sypar, soňam ýuwaşlyk bilen gözlerimi elleşdirmäge başlardy. Gujaklap maňlaýymdan ogşardy. Ol adamda üýtgeşik ynsansöýerlik bardy. Onuň düşünjesi adamy diňe iki sany nurly gözüniň hatyrasyna-da söýmelidi. Bende: „Men gaty bagtly adam. Köçeden geçirýar welin her kim maňa ýagşylyk edip galýar. Iki gözi ýerindäki adama ýagşylyk etmegem kyndyr. Başgalardan häli-şindi ýagşylyk görüp duran adamyň özüniňem ýagşylyk edesi gelýär. Birine ýagşylyk edip bilse, adamyňky şodur-da. Maňa-ha şeýle” diýerdi. Soňam köp aýdýan zady: „Oglum, sen bir zady bil. Ýüregiň açyk bolsun. Irden turaňda şu gün birine nepim degmezmikä diýip turgun” diýýäni gulagymdan gidenok. Indi-indi düşünýän, munuň aňyrsynda nämeleriň ýatanyna. Adam ýagşylyk görmese, özem başga birine ýagşylyk edip ýömese ýeke galaýýar. Ýalňyzlaşmak diýen bir bela uçraýar.

Abyl aga bir mysal getirmese aýdýanlarynyň delilsiz galjakdygynyň pikirini edip töweregine garanjaklady, aýdara söz gözledi. Soňam:

-         Dükandan gaýdaňda men seni ýoldaş edindim. Soň oturyp tabakdaş bolduk. Ýogsa sen „Pyýada ýöresem saglygyma gowy diýip, ulaga münmänem bilerdiň. Şeýderdik-de, men öz ýolum bilen, senem öz ýoluň bilen giderdiň...

Getren mysalyndan göwni suw içmedik ýaly Abyl aga agyr dem alyp dymdy.

-         Takal barynam okadym. Ýadatmadym gerek? Öňä beýle häsiýetim ýokdy. Şu gezegä bir hili dilimden çekilýän ýaly bolaýdy. Men turaýyn ogum, adam garradygyça ýaňragyjam bolaýýar.

Soň ulagyna garşy barýarkalar Abul aga goňşy obada oturýanlaryna, öýlerini nädip tapmalydygyna çenli aýtdy.

-         Gatnaşygymyz ýitmesin. Biziňem indi aňrymyz görnüp dur, ýaşajak, gatnaşjak siz ýaşlar. Öýi salgam beren bolýan welin, sen ýaýdanarsyň. Eger indiki hepdäň içinde görünmeseň, özüň ýaly oglum bar onam alyp gelerin...

Atajan myhmanyny ugradyp durşuna içinden: „Ýaşulyň bir bähbitjigi bar bolaýmasa, gaty içgin durýa-la” diýip, pikir edenini özem bilmän galdy. Atamy-kakamy tanaýan, ençe ýyl goňşy oturan bolsa şu wagta çenli näme gapymyzdan gelmedikä?” diýip pikir etdi. Myhmanyny ugradyp öýüne giren badyna oňa Gurbangeldiden jaň geldi:

-         Atajan, obadamyň?

-         Hawa, öýde.

-         Gitjek ýeriň ýok bolsa, agşamlyk çaýa gel diýäýjekdim.

-         Bolar dost, bolar...

Atajan Gurbangeldiniň çakylygyna-da nähili düşünjegini bilmedi. „Hany göreli. Barsak bellisi bolar...”    

     

Teswirler (1 sany)

Shyhy Abdyllayew:
13 Fewral, 2018

Ajayyp eser.gyzygyp okadym.sag bol,awtor

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.