NOWRUZYŇ SESI | Eserler | Ylýas Amangeldi

NOWRUZYŇ SESI

Hekaýalar | 0 teswir | 1265 okalan

Penjiräni ýene gowy ýapmandyrlar. Daşardan üýtgeşik bir ses gelýär. Ýagyşyň sesi. Biri ýüregindäki pynhan sözlerini aýdyp pyşyrdap duran ýaly. Bulutlarmy? Asmanmy, Ýermi? Ýa damjalarmy? Ýa ählisi biri-biri bilenmi? Ýa nowruz gelenini buşlaýarmyka? Häzir daşyry çyksam, bolmanda kimleriň ýa-da nämeleriň iç döküşýänini-hä bilerdim. Bu täsin pyşyrda öýler, ýollar, bir mahalky gatnan çagalar bagym, okan mekdebimem... tutuş dünýä diňşirgenip oturandyr. Ony diňlejek bolup baýyrdaky kömeleklerem ýerden güberlip çykandyr. Durky duw-ak, tämiz, gelin kömelekler. Hatda, gaçgynlary ýagyş, ýapraklaryň arkasyna siňip janlaryny gutarjak bolýan mör-möjeklerem oňa diňşirgenýändir. Ýolda galan pyýada ýolagçylaram ezilendir. Ýöne olar ezilenlerine kän gynanýan däldirler. Ýaz ýagyşy gyş ýagyşy ýaly batnyksyz däl. Wah, menem çyksadym, ezilsedim. Çagaň şaňňyja gülküsini eşidip, bu sesiň gelýän ýerine garaman durup bolarmy? Ýagyşyň sesini eşidip durubam, ezilmäge çykyp bilmän görüpmidiňiz? Görenleriňiz bilýänsiňiz munuň nähili ejirdigini.

Bu häsiýet diňe mende bar bolmagam mümkin. Bir gezek penjireden aýyň ýagtysyny gördüm. Göwnüme Aý bu gezek heniz görmedik Aýym, özem gaty ýakyndan şöhle saçýan ýaly boldy. Balkona çykyp seretsem, jaýyň üçegine gabat bolan Aýyň diňe şöhlesi görünýär. Beýleki otagyň balkonyna ylgadym. O taýdanam görünenok. Aşhahanaň penjiresinden bakdym. Kümüşden guýlan ýaly, ýalpyldap dogan Aý hakykatdanam şeýle bir üýtgeşik, „Günem özüne menden owadandyryn öýdýän bolsa, dogaýsyn” diýip, lowurdap dur. Ony görüp ýüregim atygsap gitdi.

Indem bu ýagyş... Şybyr-şybyr-şybyr... Damjalar öýümiň üçegine, penjiräme urulýar. Elimi penjireden daşyna uzatdym. Damjalar derrew elimi tapdylar. Elimden sowa geçýänlerine-de, degip galasym geldi. Elimi iki ýana buladym. Soň damjalara owujymy tutdum. Damjalar elime urulyp daşyna syçyrap durdy. Şonda-da ýygnap bilenje damjamy ýygnap, birinem gaçyrmajak bolup, usulluk bilen içeri aldym. Olary dodagymy ýetirdim. Süýjüdiklerini! Ýagyş suwunyň tagamy ýogam diýýäler! Ýa ol öz tagamymmyka? Ýok-la, mende nirden bolsun beýle tagam?! Elimi ýene daşyna uzatdym. Bu gezek elime ýygnap bilenje damjamy selçeňläp giden saçlaryma çaldym. Şeýdip ezilesim gelýärdi. Arman, men ne damjalardan ganyp bildim, ne-de olara ezilip.

Jaýyň içini ýagtylyp, ýyldyrym çakdy. Onuň ýagtysy gelişi ýalam çalt çykyp gitdi. Zordan görüp ýetişdim. Şu wagt agaç bolanam bolsam, daşarda ýagyşa ýuwular durardym. Gögüň gürleýşem, ýyldyrymyň çakyşam maňa başgaça bolardy. Şeýle owadan ýagyşda menden başga öýünden çykyp bilmän oturan başga-da barmyka?

Bardyr, hatda daşardan öýüne kürsäp urýanam bardyr. Eh...

Beýle ýagyşlar görmedik zadym däl-le. Wah, oňa ezilesimiň gelýänem şonuň üçin bolup biler. Bir mahallar, ýüzüme ýaňy jahyllyk dürtügi çykyp ugranda şeýdip çagbada galypdym. Deň-duşlarym, her kim bir zadyň aşagyna ylgady. Öz ýanymdan „Obada iň owadan gyz” diýip ýörenimem olaryň arasyndady. Üstümize ýagyş ýagdyrmajak bolup biz dar ýerde bir-birimize gysmyljyrap diýen ýaly durduk. Birdenem ýüregim damagyma dykyldy. Häzir ýagyşyň aşagyna çykmasam takga janym çykarlydy. Asmana ýüzümi tutup ýagyşyň aşagyna ylgadym. Suwa goýberlen balyk ýaly towlandym. Yzymdan deň-duşlarym, owadan gyzam gülýändir. Öýe barsamam käýinç iýjegim görnüp dur. Emma, şol wagt men yzyma-da garamokdym, öňüme-de. Diňe, ezilesim gelýärdi. Ezildim. Saçlarym maňlaýyma elmeşip gitdi. O wagtlar kelläm häzirki ýaly depesi görnüp duran däldi. Gür, tolkun-tolkun, gara saçlarym bardy. Darakladym. Olar şeýle bir özümiňkidiler, her taryny köküne çenli syzýardym. Şemalyň ösen tarapyna dargap duranokdylar. Köýnegimem şeýle bir endamyma ýelmeşipdir, ol hakykatdanam özümiňkidi. Özüm özümiňkidim hem şol owadan gyzyň şeýle ýakyndan bakan nazary. Häzir ýagyşyň aşagyndan çykdygym men olardan öz elim bilen aýrylyşjakdym. Özümdenem, şol gyzdanam. Ýoluň gyrasyndaky agaçlaryň şahalarynda her biri meniň duýgularym ýaly ýaryljak bolup duran pyntyklar düzüm düzümdi. Arasynda ýaňy ýarylanlaram bar. Bal arysynyň gülden-güle gonup, bal toplaýyşy ýaly, pyntykdan pyntyga gonup, olara ýygnan ýagyş damjasyny sorup-sorup içsedim.

Meni bir öküziň bögürýän sesi özüme getirdi. Gazygynyň daşyndan aýlanyp duran, ýagyşa gerşi ýuwulan öküzçe gögüň gümmürdisini, şaglap gelen çagbany ýüregine sygdyryp bilmän gazygynyň daşyndan aýlanýardy. Asmanda çakan ýyldyrym, onuň ýalpyldap duran arkasynda çakýan ýaly bolup gidýärdi. Arkasy her gezek şeýdip ýalpyldap gidende öküzçe keýp edip bökjekleýärdi. Eýesi öküzini köşeşdirmäge çykdy. Wah, eline saýwan almaly däl eken! Onuň elindäki gara zady görüp öküzçe yzyna tesdi-de, dört aýagyna direnip, boýnuny bir silkdi welin, zynjyr sepinden ýolundy. Zordan çekilip ýetişdim, öküzçe şapyrdap deňimden geçip gitdi. Indi ýyldyrymyň öküzçäň gerşindäki ýalpyldysy ýoluň ugrunda her ýerde bir görnüp barýardy. Öküziň eýesi başyny ýaýkap, yzyndan garap galdy. Birdenem aklyna aýlanyp, elindäki saýwanynam taşlap, öküzçesiniň giden ugruna ylgady. Olam deňimden şapyrdap geçip gitdi. Gökdäki bulutlar bu görnüşe keýp etdimi, ýa gynandylarmy, parhynda-da däl bolmaklaram mümkin, ýöne ýagyşyň ýagmasy has güýjän ýaly boldy. Deň-duşlarymyň, şol owadan gyzyň deňinden menem şapyrdap geçip gitdim. Olardan hiç birisi maňa goşulmady. Maňa olaryň goşulany geregem däl-le. Öýdäkiler: „Näme beýle ezildiň?” diýenlerinde „Pylany agaň öküzini tutuşdym” diýer ýaly, bu-la gowy bolaýdy...

Öküz bilen bir salym obaň içinde şapyrdaşyp hezil etdik. Soň ol birden ýuwaşady-da durberdi. Baryp zynjyryndan tutdum. Aňyrdan haşylap gelen öküz eýesiniň begenjinden erni bir ýere gelenokdy, demi-demine-de syganok. Zynjyry eline berjek bolsam „Ýok, oglum, meni süýrär. Yzyndan kowuşaýyn, özüň iýtsene. Munça bolansoň, gaýrat et” diýip, götünjekläp dur. Onuň bolşuna gülküm tutdy. Ýylgyrdym. Ýola ýygnanan böreň-böreň suwlaryň kiçiräklerinden sowuljagam bolamokdym. Şol wagt gorky-ürki ýadyma-da düşmändir. Häzir muňa özüm ynanyp bilemok. Şu ýaşymda-da, şolar ýaly öküzüň golaýyna baryp biljek däl. Emma, şonda ullakan, baga bakylyp duran, bir silkende zynjyryny ýolan öküzi iýdip barýan mendim. Häzirki men däl, nädip düşündirsemkäm? Şol öküzi iýdip barýan meniň özümdim. Özümiň özüdi.

Öküzi daňamyzdan soň obadaş:

- Üst-başyňam-a görer ýaly bolmady – diýdi.

Menem:
- Aý, hiç-laý – diýip, öýmüze gaýtdym. Arman şol owadan gyzam, deň-duşlarymam öýlü-öýüne dargapdyrlar.

Öýde: „Okuwdan çykyşyňa gönje öýe gaýtsaň bolmaýarmy? Biriniň öküzi boşandy diýip ýagyşa ezilip ýörmelimi sen?” diýdiler. Sesimi çykarmadym, ýöne bu meniň

„Hawa” diýdigimdi...

Eh, ondan bäri näçe nowruzlar geldi, näçe ýagyşlar ýagdy, häzirem ýagyp dur… Şol owadan gyz... Ol şonda meniň samsyk ýaly ezilenimi gördi, näme üçin ezilenimi welin görmedi. Soň şeýle ýagyşyň aşagynda galmasamam men ezildim, ezilip galdym...

Nowruzda ýagyşa ezilmek bir başga, ömre ezilmek bir başga. Elimi ýene penjireden daşyna uzatdym. Bir wagtky, geçip giden, yzy-sory galmadyk ýagyşy ýatladany üçin bu ýagyşyň, damjalaryň başyny sypasym geldi. Olar welin, gaýta meniň elimden sypadylar. Men kim, elimden sypalar ýaly?! Gökden indim, ýere uruldym, şeýdibem ömrüm tamam boldy diýer ýalam däl.

Kyrk ýyl bäri ýaşap ýörün, hasap edip görsem gör näçe ýagyşlar meniň üçin ýagandyr?! Men ol ýagyşlara däl, Günüň şöhlesine ezilip, derläp gezdim. Ýekeje gezek ýagyşyň gadyryny bildim. Ýekeje gezek damjalary başymdan aýaga kabul etdim. Galan gezeklerde, dört diwarymdan çykyp bilmedim. Çyksamam, elimde öküz ürküzen saýwan, egnimde öküz derisinden edilen penjegim, iň ýamanam gaşym çytykdy. Asmandan myhman gelipdir, aç ahyry ýüzüňi! Ol gelip başyny aýagyma goýýar, men bolsa ýüzümi turşardyp duryn. Ömrümi beýik jaýyň orta bilinde hereketsiz galan liftiň içinde ýaly geçirýän. Hawa, meni ýokaryk äkitmeli „ömür liftim” orta ýolda durupdy. Şondan bärem liftem dört diwar, öýümem, işimem, dünýämem. Bolmanda oglum, çagalygyndaky ýaly gelip böwrüme symsyklasady. Eljagazynyň her urgusy şu ýagyşyň damjasy bolup degerdi. Höwürtgämde jüýjeleri bireýýäm uçup çykyp giden ýumurtgalaryň gabygy bilen ýeke galdym.

Ýagyşyň ýagaýşyny! Çykaýsammykam, bolmasa? Şeýdip penjireden elimi daşyna uzadyp durşumdan-a gülkünç bolasy ýok. Saýawanam taşlasam, gaýyş penjegem. Başymam hökman açyk bolmaly! Hawa-la, ertir ýoňlap ýatmagyma-ha peýdasy deger. Gowusy, penjiräni ýap, tutynam goýber. Bilýäňä, indiki penjireler nähili gowy, sesem geçirenok.

Gapyň zaňy çalýan ýaly-la. Hä, ýumurtgasyndan çykanlaň biri gelendir. Diýşim ýaly-da, körpäm gelipdir. Eh, şuň ýaly howada-da öýe gelnermi?! Baý-bu, bular ýaly ezileňsoň, geläýseňem bor!

- Näme, pyýada gaýtdyňmy, myžžyk bolupsyňa?

- Hawa-laý. Awtobus gelmedi.

- Be, gatnamasyny goýandyrow awtobuslar. Birine saýwan bolanam bolsaň beýle ezilmezdiň?
Oglum ýüzüni sallady. Tolkun-tolkun saçlary maňlaýyna ýelmeşip gidipdir. Eşigi-seşigi bilen özüni möwjäp duran deňize urmaly bolana meňzeýän oglum, aşak baksa-da, ýüzi kömegine mätäji gark bolmakdan halas edene meňzeýärdi. Ýakynymdan geçip gidende onuň dulugyndaky jahyllyk dürtügine gözüm düşdi. Myžžyk saçlaryny daraklap şapyrdap barşyna ol:

- Kaka, daşarda şeýle bir ýagyş ýagýar, dünýäni suw-sil etdi – diýdi.
Ýene otagda ýeke galdym. Ýagyşyň sesi gelenokdy. Ýa geçäýdimikä? Penjiräň agzyna bardym. Tutyny ýene yzyna syrdym. Penjiräni çalaja açdym. „Şybyr-şybyr-şybyr...” Dogrudanam bu nämäň ýa kimiň pyşyrdysyka? Bulutlarmy, ýa Gün dogsa güni, Aý dogsa Aýy göterip duran Asmanmyka? Ýa ondanam ýokarda biri barmy? Ýa nowruzyň sesimi?

 

 

 

 


Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.