„ATAM...” | Eserler | Ylýas Amangeldi

„ATAM...”

Hekaýalar | 2 teswir | 970 okalan

Atasyny ýatlamaýan barmyka? Ataňy görmedik bolsaň başga gürrüň. Men atamy görüpdim. Onda-da mekdebi tamamlaýançam... Bu günem eýýäm özüm ata. Iki agtyjagym mekdebe gatnap ýör. Emma şonda-da içimden, soňky günler-ä hasam köp: „Atam...” diýenimi özüm bilmän galýan. Haýsydyr bir çaganyň ýola gaçyran aşyjagyny ýerden galdyryp elime alsamam bu maňa atamy ýatlamaga bahana bolýar. O wagtlar häzirki ýaly däldi. Çagalaryň uly güýmenjesi aşykdy. Aşyklar oýnalyp-oýnalyp, elden-ele geçip sürpegi çykar giderdi. Her kim özüniň utup alan aşyklarynyň sany bilen magtanardy. Menem o wagtlar mekdep ýaşyna ýaňy ýeten Berdijikdim. Ata-da atam pahyr Nurnazar agady. Ol maňa hiç mahal Berdijik diýmezdi. Ýa adymy doly tutardy, ýogsa-da „oglum” diýerdi. Atamyň bar ýerinde men özümi hemmeden rüstem duýardym. Hatda kakamam atamyň bar ýerinde maňa arkaýyn käýýäp bilmezdi. Üzümiň iň gowusy, gawunyň iň süýji ýeri, süýdüň gaýmagy... meniňkidi. Edil şular ýaly gyşyň güneşli günleriniň biridi. Deň-duş oglanlar bolup aşyk oýnaýardyk. Obaň gaýraky köçesinden Meretli tas barja aşygymy utupdy. Hernä Sapargeldiň aramyzda bolany gowy boldy. Onuň meňkiçe-de eli gelmän zol aşygyny giderdi oturdy. Meretliňki welin çüwýärdi. Kenegi her gezek alçy gopup oňa dikilgi aşyklardan atmak gezegini alyp berýärdi. Özem iň golaýjakdan. Şeýtdi-şeýtdi-de ol az salymyň içinde Sapargeldiň barja aşygyny utdy. Menem utjagy görnüp durdy. Birdenem men ters dawany tutdum: - Meretli, eliňdäki kenek meňki bolmaly. - O nähili seňki bolmalymyş? Özümjik ýasandym-la. Meretli kenekli elini menden uzaklaşdyryp, keneginem berk gysymlady. Menem onuň üstüne dyzamamy goýmadym. - Ýasanaýşyňy. Bu meniň ýitiren kenegim. Ony maňa atam ýasap beripdi. Meretli kenegini alman goýmajagymy aňyp naýynjarsyrady: - Eý, özüňden tapmasana. Öten agşamky iýen etimizden çykdy-la, uzakly günem daşa sürtüp ýylmadym. Ýaňy aşygyny utduran Sapargeldiden goldawa garaşyp: - Sapargeldi, şu kenek meňki gerek? – diýdim. Emma Sapargeldiden eden tamam çykmady. Ol „bilemok” diýen äheňde egnini gysdy. Dogrusy ol hiç wagtam meniň beýle kenegimiň bolanyny görmändi. Şonda-da bar aşygyny utduranyna içiniň ýangyjyna „hawa” diýäýmelidi. Şony eden bolanda waka şol ýerde gürrüňsiz meniň peýdama çözüljekdi. Indi welin, mende ýeke-täk çykalga olam atamyň arkamy almasy galdy. - Häzir atamdan soraýarys. Atam daşarda eken. Barşyma: - Ata şu kenegi o gün maňa özüň ýasap berdiň gerek?! – diýdim. Atama ýüzüme gülüp bakyp bolmanda „Al, hany kenegiňi göreli” diýer öýdüpdim. Emma ol: - O nämäň kenegi? Saňa kenek ýasap berenim ýadyma düşünek meniň-ä. Ýene Meretliň eli geldi. Ol jedirdäp başlady: - Nurnazar aga, kenek meňki. Özüm ýasandym... Şundan soň onuň näme diýýänini, atamyň näme jogap berjegini diňläp oturmagyň hajaty ýokdy. Kenegi elimiň tersi bilen Meretliň öňüne zyňyp goýberdim-de, atamdan gaty görüp öýe girip gitdim. Mydam „oglum-oglum” diýen bolup ýör. Gerek ýerinde-de arkamy almady diýip atamdan birki-üç gün öýkeli gezdim. Olam maňa ýeke gezek „Ýalan sözlemezler” diýdi-de geziberdi. Öýkelänlerden bolsamam, içimi it ýyrtyp barýardy. Atamyň ýanyna çagyraryna, bolmanda „Biderek dawa etmezler” diýip käýýärine garaşýardym. Öňem atamy küýsärdim welin, şol günden soň ol edil elimden alnyp barylýan deý, çaltyrak öňkim ýaly bolasym gelýär. Üç günden soň: - Heý, ogul, hany bärik gel. Aşyklaryňy ekelimi? Şu wagt wagty. Täze ýyl gögerip kän aşyk, gowy kenek düwer – diýdi. Men aşyklarymyň täze ýyl hasam köp boljagyndan beter atamyň maňa „gel bärik” diýmesine begendim. Biz ataly ogul bolup aşyklarymyzy ekdik. Şonuň bilenem aşyk oýnamam galdy. Muňa aşyklarymyň „ekilmegem” sebäp bolsa bolandyr welin, esasy sebäp nirede aşyk oýnalsa Meretliň barlygydy. Müýnümi bilip duramsoň ondan gaçarak duranymy kem göremokdym. Ýogsa, gaýraky obaň oglanlaryny utup, ýene aşygyny köpelden Sapargeldi „Aşygymdan karz bereýin, gel oýnalam” diýdi. Etmedim. Hatda häzir ak sakgal ýaşuly bolamsoňam, Meretliň bar ýerinde mazam bolanok. Ol henizlerem şol bir wagtky etmişimi görene gürrüň berip ýören ýaly. Ýogsa beýle däldirem-le... Atam.., atam pahyr... Men ondan ýalan sözläp arkamy alaryna garaşdym. Dogry, oglandym. Emma şonda arkamy alan bolsa, ulalamsoňam şoňa meňzeş hereketlerden gaça durmazlygym gaty ahmaldy. Bu waka maňa sapak boldy. Häzir özüm ata hökmünde agtyklaryma sapak bolarlyk eden hereketimi ýatlajak bolýan. Bir waka-da akylyma gelenok. „Atamyň edeniniň ondan birini bir edip bilermikäm?” diýip uludan dem alýanymam şonuň üçin. Şu wagt elimdäki aşygyň üstünde öz agtygym bilen goňşymyň agtygy dawalaşaýsa özümiňkiň arkasyny alman saklanyp bilermikäm? Ýogsa bu aşygyň agtygymyňky däldigine gözümem ýetip dur. Sebäbi onuň aşyga güýmeneni göremog-a. Şonda-da oýnajak diýse... Göwnüme gelenini ýalana çykarjak bolup aşygy gapdala oklap goýberdim. Aşyk bolsa hiç-le, ol nämäň alnyndan, zyňsa bolar... Igledýän pikirleriň beýnimde oýanyp başlamagynyň öňüni aljak bolup ýene atamy ýatladym. Bende bir gezek sygyrlary meýdandan getiripdi. Gyşyň güni. Gar beýleki ýagyp durmasa-da, ýakymsyz şemal ösýärdi. Meňem okuwdan ýaňy gelşimdi. Öýe ýylynaýyn diýip kürsäp urdum. Jaýymyzyň pessejik penjiresinden daşary görnüp durdy. Daşarda-da atam sygyrlary örüden getiripdir. Olaryň arasynda bir tüwe jyrtlap gazygyna gelesi gelenok. Eşeginden düşen atam hasasyny galgadyp ony köşeşdirjek bolýardy. Ony iki bolsaň aňsatjak daňaýmalydy. Muňa düşünip dursamam men öýden çykmadym. Hernä bir ýerden kakam gelip atama kömekleşäýdi. Olar tez tüwäni derrew köşeşdirdiler. Kakam görmese-de, meniň okuwdan gelip, öýe girenimi atam gören bolmaly. Sebäbi onuň mallary alyp gelýänini men görüpdim. „Öf-f, şemalyň ýakymsyzdygyny, gar awusy bar” diýip içerik giren kakam meni gördü-de geň galyp ýüzüme seretdi. - Sen öýdemidiň? Näme üçin soralýanyna düşünemsoň jogap bermedim. Ýüzümi aşak saldym. Şarpyk çalardan ulurakdygym kakamy saklan bolsa gerek. Onuň gahardan ýaňa ýüzüniň şeýle üýtgänini ozal görmändim. Ejem dadyma ýetişäýdi: - Olam ýaňy geldi. Seň mallary daňyşýanyňy görüp çykjagam bolan däldir-dä... Atam jan, şol sowuk meni öldüresi ýokdy ahyryn... Soň oýkanjyrap atamyň ýanyna bardym. Ol hiç zat bolmadyk ýaly otyrdy. Gaýta: - Okuwdan üşäp geldiň öýdýän – diýip gülümsiredi. Utanjymdan ýere girip bilmedim. - Ata sygyrlary ertir meýdana men äkidäýeýin – diýdim. - Okuwyň näme? - Dynç alyşa çykdyk. - Ýeke özüňe saklatmaz, gitseň bile gidäýeris... Atam bilen sygyr bakmaga giden şol günlerim ýadymdan çykanok. Onuň „Gökdepe urşuny” gürrüň berşi häzirem gulagyma gelip dur. Atam... Indi gapyda şol sygyrlarymyzam ýok. Ilerimizdäki sygyr daňýan boş ýerlerem mellek ýer edip paýladylar. Özüm öz ýanymdan şol şemallyk gün çykmanymy bagyşlansyň diýenem bolsam, bagyşlamadyk bolmagyňam ahmal ahyryn. Içiňden: „Hä, bu ogula, beýleje eken” diýip, bahamy iki şaýa deň edip kesensiň. Çünki sen kelpeňiräk birine-de, elinden zat gelmeýäne-de, sözünde durup bilmeýäne-de... „iki şaýylyk” diýerdiň. Menem şonda senden „iki şaýylyk ogul ekeniň” diýen bahany alan bolsam?.. Atam jan... Ýöne sen muny diliňe-hä almandyň. Ýogsa näme ýüzüme-de diýsinmi? Häzir atam pahyr ýok. Şonda içinden maňa nähili baha berendiginiňem häzir ähmiýetem ýok ýaly. Emma şol günden soň atamyň „berekellasyny” aljak bolup elimde baryny edip gezdim. Ol birnäçe gezek arkama-da kakdy. Şol gezekler guş bolup uçaýjak bolardym hem „Ata şonda maňa iki şaýylyk ogul diýmediň gerek?” diýip sorasym gelerdi. Sorasyň geleni bilen sorap bolýarmy? Üstesine näme jogap aljagyňam belli däl. Atam pahyr soňky düşeginde uzak ýatmandy. Bolaýsa üç gündür. Şol üç günüň içinde atam ähli agtyklarynyň ýeke-ýeke başyndan sypap „berekellalarym”, „ýigit çykypdyrlar” diýip hoşlaşdy. Atamyzyň biz bilen hoşlaşýandygyna, ekabyrrak bolamsoň, meniň akylym doly ýetýärdi. Şol ýyl men mekdebi tamamlamalydym. Jigilerimem, kakamyň doganlaryň ogullaram muňa düşünmän duranokdylar. Ýöne olar „atamyz gutular” diýip ynanýardylar. Hatda kakamam „Ataňyz sowuklajak bolupdyr, gutular” diýip bize göwünlik berýärdi. Emma atamlara enemiň jigisi, daýym Garry aga-da gelipdir. Ol ozal gelse-de, ýatman gaýdardy. Bu gezek welin iki gijedir atamlarda. Atamy soramaga gelýänlerem gün-günden köpelýär. Özümi sokara deşik tapman aýlanjyrap ýörkäm ejem dagyny, gelinlerini daşyna üýşürip oturan enemiň „Menden öňürtjege meňzeýär” diýenini eşitdim. Ol meni görüp „Oguljygym, gel eneň ýanynda-da otyr-da bir salym” diýdi. Edil elimden çekilen ýaly enemiň ýanynda lampa aşak oturdym. Gelnejelerim, ýene tanamaýan aýallarym, hiç zat ýok ýaly, her dürli gürrüň tapýardylar. - Ene, Garry aga oglanka-da Garry diýermidler? - Hawa. Ol garry atamyzyň at dakylany-da. „Garry atam” diýeniňden „garry” diýmek aňsat. Ýogsa ilki-ilkiler „Garryja atamyzam” diýen borduk. Garry atamyzyň öz ady „Sopy” bolmaly. Atamyzyň gönüläp adyny tutmagam gelşiksiz görendiris-dä. Aýallaryň arasynda-da uzak oturyp bilmedim. Dogrymy aýtsam atamyň ýatan jaýyna barasym gelýärdi. Ýene-de özümi oglan hasaplap, ulularyň ýanyna barmaga ýaýdanýardym. Atam ýogalan gijesi düşnüksiz-düşnüksiz bir zatlary diýýärkä meniňem adymy tutupdyr. Ilki muňa kakam dagy kän ähmiýet bermändirler. Soň ol meniň adymy açyk aýdyp, eli bilenem „gelsin” diýip yşarat edipdir. Maňa atamyň çagyrýandygyny aýtdylar. Muny eşidenimden galpyldap başladym. Ýok gorkamokdym. Süňňümde aýylganç bir zadyň boljagyny syzmagyň howsalasy bardy. Ylgap bardym. Atam gapydan girenimi görüp, maňa tarap elini uzatdy. Derrew eline ýapyşdym. Ol adymy tutdy-da, ogşajak bolýan ýaly elime dodaklaryny ýetirdi. Şondan soň dilden galdy. Atamyň başyny dyzynyň üstünde goýup oturan kakam „ýerime geç” diýip yşarat etdi. Men edil kakamyň oturşy ýaly çök düşdümde atamyň başyny dyzlarymyň üstünde ýatyrdym. Diňe şondan soň galpyldym galdy. Hälden bäri agdarynasy gelýän ýaly çala towlanjyraýan atamam rahatlanan ýaly edip, gujagymda uka gitdi. Men oňa hakykatdanam uklandyr öýdüpdim... Atam... Näme üçin bu günler seni köp ýatlaýarkam. Ýa ýaşymyň seniň ýaşyňa golaýlap barýandanmyka? Ömür diýilýäne uzak hem düşnüksiz bir zatmyka diýerdim. Asyl bu ýol aňyrsy görnüp duran ýol bolsa näme? Ömrüň orta ýolda ýolunmasa ilki ogul, soň kaka, soňam ata bolunýan eken. Nähili ogul, nähili kaka, nähili ata boljagyňam özüňe bagly... Gije sowuk boljak. Mellegiň aýak ujundaky mal ýataga baryp, goýunlaryň öňüne ýene iki çarşak bede ataýaýyn diýdim. Yzyma öýe gelşime taýyp tas ýykylypdym. „Oglanlaň birinie „Bar mallara bede at” diýseňem boljag-a. Bu ýaşdan soň kösenip ýörsüň” diýip, özüme käýindim. Gapa geldim welin, aýagymdaky köwşüň bagjygyny çözmäge rowgatym ýok. Hernä içerden uluja agtygym çykaýdy. - Ata, üşediňmi? Ol jogabyma-da garaşman öňümde çommaldy-da köwşümiň bagjygyny çözmäge durdy. Soň emaý bilen köwüşimi aýagymdan çykardy. - Myrat jan, akylyňa döneýin, nireden aňdyň? – diýip, men oňa daýanyp diýen ýaly içeri girdim.

Teswirler (2 sany)

Kumush:
08 Dekabr, 2017

Sapak alarlyk,manylyly,gaty gowy hekeya.Ellerinize saglyk awtor!

Shyhy Abdyllayew:
13 Fewral, 2018

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.