ÖMRÜŇ MANYSY | Eserler | Ylýas Amangeldi

ÖMRÜŇ MANYSY

Esseler | 2 teswir | 1498 okalan


Täze ýylyň bir aýy gecip barýar. Muňa begenmelidigimem ýa-da tersine, gynanmalydygymam anyk bilemok. Ömrümden ýene bir aýyň duýman durkam diýen ýaly gecip gidenine gynansam gynanyp oturmaly. Edil şonuň ýaly ömrümiň heniz tamamlanman ýene bir aýy ýaşamagyň maňa-da nesip edenine begensemem begenip oturmaly. Günüme şükür, il bilen deň ýaşap ýörün. Töweregimde salam berýänleriň özüme bildirmän köpelip gidip oturşyna begenýärin. Salam berýänlerimiň azalyp gidip oturşyna-da, ýüregim gyýylýar.

Görsene, özümdenem dört ýaş uly garry öýmüzde maşgala „höwürtgejigimi“ guranyma eýýäm 47 ýyl bolupdyr. Poeziýa baýramçylygynyň geçirilýän gününde dünýä inen ilkije oglumyň adyna Toýlymyrat dakanymyzam ýaňy ýaly. Şol oglumdan eýýäm agtyk gördüm. Onsoň täze ýyldan bir aýyň geçmegi, onuňam nädip geçeninem aňman galmagym geňem däl. Ömri üç ýüz ýyldanam uzak bolan jandarlar üçin dagy, bir aýynyň biziň bir günümizdenem çalt geçýän bolmagam mümkin.

Heniz oglankam ýer depmek üçin pil saplanym ýadyma düşýär. Saplaýyşymdan boldumy ýa pil sapylyk agajym port ekenmi, ol uzak hezil bermän döwüldi. Şonda kakam “Oglum, o pil sapynyň-a ömri jyzlanyň ömri ýaly bolaýdy“ diýipdi. Jyzlan diýiliýäniň uzak ýaşamaýan bir möjejik ekendigini soň öwrendim. Gyzyklanyp görsem çybynlaram bary-ýogy 15 gün ýaşaýan eken. Ine, şol jandarlar üçin welin bir aý tutuş iki ömür. Göwnüme, olara 15 gün däl-de, 360 sagat ýaşaýarlar diýsem ömürleri uzak görünjek ýaly boldy. Ýöne kim bilýär, olaryň ýaşan bir minudy biziň bir günümize, bir günleri bir aýymyza deňdir? Miweli baglaryňam köpüsiniň gülüniň ömri 15-20 gün. Şol 15 günüň içinde olar özlerinden soňa miwe goýup ýetişýärler.  

Tutuş ýaz pasly ücin bir aý, ömrüniň üçden birine deň. Üç aý ömrüniň dowamynda ýaz gör näçe garlary eredip, näçe ýagyşlar ýagdyrýar! Näçe otlar gögerip, näçe jandar dünýä inýär! Gör, näçe güller açylyp, näçe miweler emele gelýär!

Ynsan ogluna ýaşa diýlip birgiden sagatlardyr günler, aýlardyr ýyllar berlen. Emma oňa bary-ýogy üç aý dowam edýän pasyllaryň islendigi ýaly önjeýli ýaşamak berlipmi? Ýok diýmäge howlukmalyň.

Günortanlardy. Gyşyň günem bolsa howa açyk. Ýazyň bir günümikä diýdirýär. Dükana barýardym. Okuwdan gelýän 4-5sany başlary akgaýma tahýalyja oglanlar öňümden çykdy. Biri-birlerinden öňürdip salam berdiler. Gujagyma bir desse alan ýaly boldum. Hersi bir gül mysaly, hersiniň öz sesi, öz garaja gözleri, öz ýylgyryşjygy bardy. Her güli aýratayn bagryma basyp ysgasym geldi. Nebsime haý diýdim. Begene-begene salamlaryny alyp ýolumy dowam etdirdim. Bu gülleriň öňümde açylany 15 gün däl, 15 minuda-da çeken däldir. Şeýle pursatlary özüm ýaşatmanmydym? Ýaşadypdym.

Kakamyň doganoglan inilerinden biri goňşymyzdy. Biz, Hydyr ikimiz ýaňkyja oglanlardanam birki ýaş kiçidik. Öýden oýnamaga çyksak, garyndaş goňşymyz köçäň gyrasynda dur. Ony görüp terse gaçmakçy bolduk. Emma ol „Ekizjeler“ diýenden sakga durduk. Gaçsak biedeplik etdigimiz boljak. Yzymyza dolanyp baryp, garyndaşymyza edil uly adam ýaly iki elimizi uzadyp salam berdik. Ol ikimiziňem elimizi bir eliniň aýasyna sygdyryp, soňam herimizi bir goltugyna gysdy. Ýaňaklarymyzdan ogşap, gulaklarymyzdan taýly gezek dişlän boldy. Biziň gyjygymyz gelip hem jykyrdap gülýärdik, hem onuň elinden sypmaga çalyşýardyk. Birdenem sypyp yzymyzy garaman gaçardyk. Şol pursatlaram 15 minutdan uzaga çekmezdi. Emma men ony gör näçe gezek mähir bilen ýatlandyryn. O bende gör näçe gezek ýatlandyr! Belki adam ömri aýlary ýyllary bilen däl-de, şeýle pursatlary bilen ajaýypdyr?!

Ata-babalarymyz ýaşan ýaşlaryny müçede hasaplar ekenler. On iki ýaş – bir müçe. Şeýdip hasaplasaň ýetmiş iki ýaşanyň ömri alty müçe bolýar. Şol müçelere siňňin seretseň hersi bir basgançak mysaly. Oglanlyk müçesi... Ýigitlik müçesi... Orta ýaş müçesi...

Şahyr Gurbannazar Ezizowdan şu gürrüňi birnäçe gezek eşidipdim:

„Bir adam, bir ýurtda mazarstanlyga aýlanyp ýörkä, mazar daşlarynyň ýüzüne ýazylan ýazgylary okap, haýran galypdyr. Olarda bir merhumyň 15 gün, başga bir merhumyň bir aý, ýene biriniň 3 aý ýaşandygy ýazylypdyr. Ol “Bu mazarstanlyk çagalaryňkymy?” diýip sorapdyr. Oňa “Ýok. Biziň däbimizde adamyň ömri ýaşan bagtyýar, manyly, peýdaly günlerine görä kesgitlenilýär” diýipdirler“.

Bu rowaýaty gaty kän gaýtalan şahyryň öz ömri üç müçä-de ýetmedi. Ýöne göwnüme, ol öz ömrüniň şol köp gaýtalan rowaýatyndaky ýaly hasaplanmagyny isleýän ýaly bolup dur. Şeýdip hasaplasak, Gurbannazar dünýäde baky ýaşajak adamlaryň hataryna girýär.      

Gülleriňem ömri solýança. Emma solýançalar olar gül bolup ýaşaýarlar. Şeýdip ýaşamagyň diňe güllere berilmändigine ynsanlaryňam gül ömri sürüp bilýändiklerine şükür edýärin. Başga bir rowaýatda gül ömri ýaşaýan kämil ynsanyň hatyrasyna belalar onuň ýaşaýan obasyndan kyrk menzil sowlup geçermiş diýilýär.

Ýene-de pil depip ýören ýaşlyk döwrümiň ýatlamalaryna dolanmak isleýärin. Şol döwürler aga-iniler jemlenşip esli ýeri pil bilen agdaryp çykardyk. Şonda aramyzdaky agamyz ýadamazlyga çalşardy. Beýlekilerimizem ondan galmajak bolardyk. Şeýdibem ýerlerimizi nädip agdaryp çykanymyzam bilmän galardyk. Şol günler agamyň bize ýylgyryp seredip, alyn derini sylyşy häzirem göz öňümde. Häzir ýaşy ýetmişe ýeteňkirlän agam: “O günlere taý geljek zat ýokdur” diýýär. Bu biziň üçinem şeýle. Şol gňnler bizi taplapdy, gaýratly edipdi, sözüň hakyky manysynda ýaşadypdy.  Şäherden gelen bir myhmanyň pil bilen agdarlan ýeriizi görüp: „Traktora sürdürdiňizmaý“ diýeni ýadymdan cykanok. Eger agamyz işeňňirlik görkezmese, işiň öňüni çekmese, bize şonça ýeri agdaryp çykmak mümkin başartmazdy, başardaýanda-da gaty kynlyk bilen başardardy. Belki şonuň üçin müň işçiden, bir başçy diýilýändir?

Örän uzak ýoly geçmek üçin durnalar hatara düzülýärler. Hatardakylaryň ählisiniň ganat kakyşy iň öňdäki ýeke durnaň ganat kakyşyna goşulýar. Öňünden urýan şemala kükregini gerip, beýlekileri ygyna düşürip barýan durnanyň agramy kän görýäni belli. Emma şonda-da onuň ümzügi öňe, sähelçe-de badyny gowşatmaýar. Il derdini paýlaşmakdan geçen öz derdindenem saplanmaga gaýrat etmegiň ýerine gününi zeýrenje öwürýänler özlerine gynanylmakdan lezzet alýarlar. Gurbannazar şahyr olar barada “Gynanylýan adam hakyky däldir“ diýýär. Başga bir goşgusynda bolsa ol:  

Sen sanama gara saçyň agyny

Sen sag-aman öreniňe monça bol“ – diýip ýazýar.

Diňe ägirt şahsyýetler – ömürleri ýyllar bilen ölçenmeýänler bu düşünjä uýup ýaşaýarlar. Şeýdibem olar at-abraýlary bilen diňe öz ömürlerini däl, tutuş il-ýurdunyň ömrüne ömür goşýarlar.

Beýik Pyragynyň ömür hakda ýazanlaryny yzarlap şeýle setirleriň üstünden bardym.  

 

Gapyl olma, adam ogly, bir gün ömrüň bar seniň,

Ötse ýigitlik pasly, günde ýüz müň armandyr.

 

Günde ýüz wagt arz edip, gaýdyp almaz sen ony,

Ötürmegil gapyl başdan, ösen şemal döwrandyr.

 

Her bir işge baş goşup, alma ilniň käýişin,

Tä ömür ahyr gidermiş, her gadamda zyýandyr.

 

Pynhan syryn aýan eýläp, Pyragy diýdi derdini,

Illerim alkyş okaýar, bildim, derde dermandyr.

 

Magtymguludan soň hakykatdanam söz gutarýar.

         

30-njy ýanwar, 2018-njy ýyl.

Teswirler (2 sany)

Katip:
05 Ýanwar, 2019

Salam Ylýas aga. Gaýratyňyza berekella. Galamyňyz elmydama ötgür bolsun. Agam eger rugsat berseňiz şu ýazgyňyzy alyp başga sahypada paýlaşsak bolarmy?

Dunya:
08 Sentýabr, 2020

Ylýas aga galamyňyz ýiti bolsun, siz duýgulary gowy beýan etýäňiz.
Gurbannazar agaňyzyň özi aramyzda bolmasa-da, bize galdyran uly mirasy, ýatdan çykmajak eserleri bilen aňymyzda, kalplarmyzda ýaşaýa.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.