| Eserler | Ylýas Amangeldi

Hekaýalar | 0 teswir | 632 okalan

KÜMÜŞLI  GAÝALARYŇ   SYRY

(hekaýa)

Geldimyradyň Kümüşli diýilýän gaýalyklary ilki görüşidi. Dik-dik ýylçyr gaýalar nämedir bir zada hormat edilip, ýadygärlik diýlip dikilen mysalydylar. Ady Kümüşli bolsa-da, gaýalaryň gara daşlarynda kümüş magdanynyň alamaty bar bolaýmasyn diýer ýaly däldi. Geçmişde kimdir biri gaýalaryň gowlaklaryndan kümüşli hum küýze tapan, ýa olarda ony gizlän bolaýmasyn diýip çak ursaňam, beýle waka dilden-dile geçip eşidilerdi. Awçylar bolaýmasa, bu ýerler adam aýagy düşene-de meňzemeýär. Üstüňe abanyp duran gara gaýalyk, kä ýerinde bir äpet daş togalanyp ýatan jarlar, şu daglaram bar, olaram bardyr diýdirýän ýogyn arçalar, ümsümlik... Geldimyrat bu daglaryň höwes edilip gelinjek ýerlerden däldigini syzdy. Üstesine gaýalaryň düýbüne ýetiberende bir gara ýylanyň daşlary şagyrdadyp öňüni kesip geçmesi inini tikenekletdi. Ol golaý ýatan iki daşy biri-birine baglap duran möý kerebine üşerlip seretdi. Göwnüne gözüne kaklyşan her görnüş oňa howp salýan ýaly boldy. Ýogsa ol onça-munça ýylan, dag-daşlaryny görmedik däldi.

Gije gören ýakymsyz düýşem adama uzakly gün azar bolup bilýär. Şer işi göwnüňe getirmegem ony çagyran ýalymyş. Ýöne adam ýaly erjel zat barmy näme?! Geldimyrat aýagyndaky aşagy galyň aýakgabyny duran ýerinde tarpyldadyp, elindäki ujy çiş söýgedini galgydan boldy. Ugursyz duýgularyny, göwnüne gelenleri aňyndan kowup ädimlerimi çaltlandyrdy. Şol wagt edil ýerden çykan ýaly biri gapdaldan:

-      Basjak ýeriňe esewan edewergin, ýylanlyk gaýalardyr – diýdi. 

Adam-gara duşaryn öýtmän gelýän Geldimyrat, bu duýdansyz sese ýylan görendäkidenem beter tisginip gitdi. Dag bilen reňkdeş egin-başly, egninde ýeke nili, özi bilen deň-duş, ýüzi gülüp duran nätanyşa Geldimyrat salam berjegini-bermejeginem bilmedi. Oňa çenli ol adamyň özi salam berdi. Ýiti gözleriniň oýnaklap durşy onuň hakyňy iýmese hakyny iýdirjek adamlardan däldigini aýdyp durdy. Ol öňden garaşyp duran tanşyna duşan ýaly Geldimyrat bilen gadyrly görüşdi. Tokaý goragynyň işgäridigini, adynyň Suwhandygyny aýdyp tanyşlyk berdi. Duýdansyz çykanyndanmy ýa alçaksyramasyndanmy Geldimyradyň Suwhany känbir sulhy almady. Gysgaça syýahatçylyk ugrundan işleýändigini, adyny aýtdy. 

-      Baý-ba, jahankeşde diýsene! Ýurt baryny görensiň onda. Kümüşlä öň gelipmidiň?

-       Ýok. 

-      Onda Alla ikimizi ýörite duşurdy. Kümüşlä bäş barmagym ýaly belet. Islän gaýaňa niresinden baryp, nähili çykylýanyny aýdyp biljek. 

Hakykatdanam Suwhan Geldimyrady Kümüşliniň çeşmelerine, jarlaryna aýlady, gaýalarynyň pesirägine bile çykybam gördüler. Geldimyrat her baran nokadyny elindäki kartajygyna belleýärdi. Dag daşlaryna ünüsli seredýärdi, käbirini bolsa nusgalyk diýip torbasyna atýardy. 

Suwhan onuň bu bolşuna ilki oýun ýaly garasa-da, soňa-baka göze ýakymly, reňkdar daş görse, egilip alyp Geldimyrada uzatmaga başlady. Geldimyrady nähili daşlaryň, haýsy jähtden gyzyklandyrýandygyna düşünmänsoň, Suwhanyň uzadan daşlarynyň köpüsini ol yzyna oklamaly bolýardy. Geldimyrat näme üçin daşlaryň o birini alyp, beýlekisini almaýandygyny gysgajyk düşündirmek bilen çäklendi. Dogrusy, daşlar hakynda jikme-jiklikleriň Suwhana geregem ýokdy. Oňa täze tanyşynyň haýsy ýurtlary gezendigi, görüp-eşdenleri gyzyklydy. 

-      Kän gezen ýerim ýok. Ýöne Müsüriň piramidalaryny görmek nesibämde bar eken.

-      Täsin zatlardyr-hä? Meniňä bar gören “piramidam” şu gaýalar.    

Syýahatçy adam gürlegen bolaýjak ýaly welin, dymmalyk Geldimyradyň häsiýetinde bardy. Gürrüň eşitjek bolup özünden gözüni aýyrmaýan, her zatdan söz gozgap gelýän Suwhana ol näme aýtjagyny bilmeýärdi. Ýöne ol özüň zat gürrüň bermän diňe ýoldaşyňy diňläp barmak içi pikirli ýaly görkezibem biler diýip göwnüne getirdi hem gep arasynda gürrüňçil däldigi üçin ötünç sorady. Suwhan göwni bir ýaly:

-      Ötünç sorap oturmasana, syýahatçy dost. Her kimiň bolşy bardyr-da. Ikimizem gürlegen bolsak, derrew bir-birimiziň ýüregine düşeris. Men seni gürläp ýadatmasam bolýar– diýdi.

Geldimyrat:

-      Sen arkaýyn aýdyber, diňlemek menden – diýip, ünsüni çeken bir daşy egilip aldy. 

Suwhan oňa ýylgyryp seredip barşyna:

-      Ýa menden eşidenleriňem torbaňa atyp gelýärmiň? – diýdi. 

Eline alan daşynda  hiç hili gyzyklandyrjak zat görmän, bir gyra oklap goýberen Geldimyrat:

-      Dagy näme – diýdi.

-      Bäh, soň sen olary edil daşlary edişiň ýaly çekiçläpjik owradyp, mikroskoplap öwrenjeklere tabşyrmasaňam biri?

Suwhanyň sözlerine Geldimyrat hezil edip güldi. Bu gülkä ýoldaşynyň ýüzüniň üýtgäp, ýakymsyz seredenini gören Geldimyrat soňky aýdan sözüniňem, gülküsiniňem ýerliksiz bolanyny aňdy. Emma etjek alajy ýok. Şondan soň olaryň arasyna esli salym dymyşyklyk düşdi. Ahyry Geldimyrat dillendi:

-      Gürrüňçil ýoldaş duşdy diýip gatyrak begenäýdim öýdýän. Bu-la bir hili boldy.

Suwhan jogap gaýtarmady. Geldimyrat gönülemeli boldy:

-      Näme, maňa gep çöpläp ýören biridir öýtdüňmi?

-      Çöpläňde-çöplemäňde biz ýalyň gepi gara şaýa degýärmi? Gezende adamlardan bir zatlary eşitjek, öwrenjek bolmaga derek ýaňrap gelipdirin. Şondan dymdym, syýahatçy dost.

Dymyşyklygyň sebäbini eýýäm özüçe ýorup goýan Geldimyrat bu düşündirişi ýasama gördi. Olar ýene eslije ýörediler. Dogrusy, Geldimyrat biriniň göwnüni gözlemek üçin öýden çykmandy, asla oňa ýoldaşam gerek däldi. Ýöne biri-biriňden öýkeli ýaly dymyşyp baryşlary Geldimyradyň degnasyna degýärdi. Suwhana dem alaly diýdi. Arkasyndaky goş haltasyndan içine üç-dört käseden kän suw sygmaýan naşyja termosyny çykardy. Iki käse kofe taýýarlady.

-      Jahankeşdäň göterýän zatlaram başgaja bolaýýar.

-       Hä, termosmy? Daşary ýurtdan ýadygärlik alypdym. 

-      Syýahatçy dost...

Tanyşanlary bäri adyny tutman, “syýahatçy dost” diýip gelensoň, Geldimyrat bu gezek Suwhanyň sözüni böldi:

-      Adymy tutaýsana.

Suwhan biraz salymkürtdürip durdy. Soňam:

-      Aý, pylany diýip dursam gelşmejek ýaly – diýdi. 

-       Gelşer, gelşer. Näme üçin gelşmesin?

-      Syýahatçy dost, pikir edip göräý, kaka, ata, eje, ene... dost, halypa, ini, aga... ýene-de kändir, diýmek nämä gerek? Kakaňam bolsa ady bar-a. Emma hiç kim kakasyna adyny tutup ýüzlenmeýär. Sylaşyk bolmaly-da. 

Geldimyrat Suwhanyň ýene-de “dil açyp” ugranyna begendi hem:

-      Biz ataly-ogul däl-ä? – diýdi. 

Meselä ýüzleý düşünýäň diýen ýaly edip Suwhan ýylgyrdy, pikirini dowam etdirdi.

-      At dakylan çagaňam öýünde çyn ady aňsat-aňsat tutulmaýar. Kakageldi diýer, Atageldi diýer. Bilýäňmi  nähili pikire geldim, milletimiziň aňyrsynda gaty uly şahsyýetler geçipdir. Oguzhandan başlap, Alp Arslan diýdi, Jelaletdin diýdi... Keýmirkör... kän-kän ärler bar. Emma halkyň arasynda olaryň adyny çagalaryna dakmak ýörgünli bolmandyr. Näme üçin? Men-ä sylaşykdan görýän. Bir hili ogluň ady Jelaletdin bolsa senem oňa “Jelaletdin bar plan işi et” diýip ýumuş buýrup dursaň gelişjekmi?

Geldimyrat ýasamarak görse-de, Suwhanyň bu aýdanlaryna garşy çykyp durmady. 

-      Geň pikirlenýäň – diýip, käsesindäki kofesiniň soňky ýuwdumyny owurtlady. Soňam sözi başlangyjyna getirdi:

-       Men Jelaletdin däl-ä. Ýa sen maňa ýumuş buýrjak bolup duraňok. Arkaýyn Geldimyrat, Geldi diýseňem bolup dur.

-       Aý, ýok... Men saňa nädip Geldi diýeýin?

-       Onda menem saňa Suwhan diýmäýinmi?

-      Ol öz işiň – diýip, Suwhanam kofeli käsesini boşatdy. 

Kofe üçin sag bol aýdyp ýene öňki gürrüňlerine dolandy: 

-      Özüm bir hiliräk. Hemme kişi şeýtsinem diýemok. Şu häsiýetim bilen tas bir obadaşymyň göwnüne degipdim. Ylmyna-bilimine göwnüm ýetip, üstesine-de mugallym adam bolansoň, özümden ýedi-sekiz ýaş kiçem bolsa, ýaňka “agam” diýýärdim. Bir gün öýde otyrkam obadaş ýörite üstüme geläýdi. Menem “Oraz aga, geliň, geçiň” diýsem, “Sen meni oýnajak bolup aga diýýäň” diýip, gyzyp gidip barýar. Men hemme kişä-de şeýle, gönüläp adyňy tutanymdan gelşikli ahyryn diýip ýagdaýymy düşündirjek bolýan welin “Il bilen işim ýok, kime näme diýseň şony diý, maňa aga diýme” diýip dur. “Bolýa, gaýdyp men saňa aga diýmäýin” diýip, ugradyp goýberdim. Oňkam dogry, özüňden uly saňa aga diýip dursa, ýaňsylanýan ýalam görnüp biler. Ýöne meň çynym-a. Garaz, meňkem aňsat däl, syýahatçy dost... Ýa syýahatçy dost diýmäýinmi?

-      Aý-ý, syýahatçydygymyz çyn, dostlugymyzam çynyrgar gider-dä.             

Geldimyrat  “Men saňa näme dost diýsemkäm?” diýjegem boldu-da, ýene ýerine düşmän durbermesin diýip saklandy. 

Ilerden jüýjesini seçen käkilikleriň jakyrdysy geldi. Suwhan awçy diňini saldy. Soňam:

-      Aýböwüriň çeşmesinden gelýär – diýdi. 

Ol ýeke nilini egninden düşürdi-de, Aýböwür diýip görkezen uguna tarap sowuldy. 

Gerişden aşan ýeriňde görnen, böwür berip duran gaýa Aýböwür diýmezçe däl eken. Etegini syryp gidýän düýbi suwly ýaşyl jar aýlaw berip, ony has owadan görkezýärdi.  Suwhan birden sakga durdy-da Geldimyrada:

-      Sen bärde galsaň, syýahatçy dost. Ýakar ýaly çöpleme çöpleseň. Men hä diýmän şar-şur eder ýaly üç-dört sanysyny alyp geleýin – diýdi. 

 “Bor, bor” diýip goş haltasyny egninden düşüren Geldimyrat iki gysym çöpleme çöpleýänçä-de, tarkyldy eşidildi. Ot tutaşyberende-de Suwhan ýyljyraklap geldi. 

-      Aw möwsümi ýaňy açylansoň, käkilik kän eken – diýip, ol oglan ýaly ýeňil gopup, derrew şar-şuruny taýýarlamaga girişdi.

Geldimyradyň ýolbelet ýoldaşyna barha syny düşýärdi. Birbada onuň özüni pes tutuşyny, alçaklygyny ýasama görenine ökündi. 

“Aňyň törüni “Adam alasy içinde” diýen düşünje-de saklap otyr-da”. Içini gepleden Geldimyrat Asmana seretdi. Bölek-bölek ak bulutlar Asmanyň durulygyny güjeňleýän mysalydy. Geldimyrat: “Asman şeýle dury bolmasady bireýýäm çökerdi” diýip içini gepletmesini dowam etdirdi. Bu gözelligem az ýaly Asmanda iki sany bürgügem göründi. Suwhan guşlardan söz açdy.

-      Bürgütlerem edil gumrular ýaly ömrüni diňe öz jübti bilen geçirýän eken.

Geldimyrat muny ozal eşitmänsoň geň galdy. Suwhanyň soňky gürrüňleri hasam täsin bolup çykdy. 

-      Rowaýatam bar bürgütleriň jübütlerini saýlaýyşlary, nesillerini ýetişdirişleri hakynda, eşdipmidiň?

-       Ýok. Ýeke gezegenligimdenmi, kän bilýän zadym ýok-da.

-       Göwnüňedir, syýahatçy dost. Seň bilmedigiňi kim biljek? Ýöne dünýe bilip-öwrenip aňyrsyna çykardan täsin ýaradylypdyr diýseň razylaşaýyn. Daglara sered-ä, ýaz gelseň bir görki bar, güýzde başga. 

-       Güýzde hemme zat asyl durkunda görünýär. 

-       Aý hawa-da kär, niýet, nähili maksat bilen seredýäniňem görşüňe täsir edýändir. Maňa-ha dagda ýazyň gününe, hasam ala-bahara taý geljek zat ýok. Haýran galarsyň, garam doly eremänkä ýerden akja güller çykýar. Gar dilenler. Tä gözüň öwrenişýänçä gördügiň sakga duranyňy bilmän galýaň. Gar – garyň arasynda-da akja güller! Soňam ýaşyl gyrtyçlar örer. Gök jümje gülleri bilen garyşyp gyzyl çigildemler çykar. Lybasyna serenjam berip, durmuşa çykjak gyzmyka diýdirer dünýe. Her hili guşjagazlar, bilbiljikler şeýlebir saýraýar – kinolary saz bilen bezärler-ä, edil şo-da! Torgaýlar dagy dünýä sygman, dik Asmana göterilýär. Göterilýär-göterilýär, birdenem şatlykdan demleri tutulan ýaly  aşak inýär. Ýazyna Kümüşlide joşa gelmedik ýeke jandaram galýan däldir. Aşa owadanlaýandyr öýtme, syýahatçy dost, senem gezen ýerleriňde bu zatlary kän synlansyň. Dag keýikleri dagy ekiz owlajyklaryny yzyna tirkäp, her otdan  bir çirtip, dänjiräp ýörendir. Käkilikleriň jakyrdysy bir zada gülüşýän barmyka  diýdirýär. Çeşmeden çeşmä uçuşyp, torbaňa atýan daşjagazlaryň ýaly daşlary güsürdileri bilen ýerlerinden gobsunmaga mejbur edýäler. 

Şeýle günleriň birinde töweregi dürbi tutup synlamakdan doýman aýlanyp ýördüm. Birdenem bir gaýada gaplaň yz-yza arlap goýberdi.  Menem, ähli janly-jandar duran-duran ýerinde doňdy. Dünýäň diňe hezillik däldigini ýatlamaga mejbur bolduk... 

Soňa-baka Suwhan gürrüňiniň arasynda “syýahatçy dost” diýmesinem goýdy. Geldimyradyň “hä” bererine-de garaşanokdy, asla oňa tarap seredenokdam.  Ol gürrüň berýän ala-baharyna garyşyp giden mysalydy.  

-      ... Ýaňky sesden gorkusyna keýik owlajyklary enelerine gysylýar, mäkiýan käkilik jüýjelerini yzyna tirkäp äpet daşyň aşagyna – ýagyş suwunyň köw eden ýerine sümüldi. Sary bilbiljiklerem pyntyklary ýaňy ýarylyp ugran böwürslenleriň şahasynyň has gür ýerine towsup, şol ýerde bir gysym bolup, esli salym eginjiklerini gysyp, sessiz oturdylar. Arryldyň dowamy gelmänsoň ähli zat ýene öňki kaddyna dolanyp ugrady. Eýmendiriji sesden soň, çeşmäniň şirrildisi dünýäni ýene rahatlandyrdy. Şeýledir Kümüşliň ýazy. Men onuň ondan, ýüzden birinem aýdan däldirin. Öz gözüň bilen göräýsediň ony. Bürgütlerem şeýle günlerde tapýar jübtüni...

Syýahata baran ýerlerinde, ýurt bilen tanyşdyrýanlaryň ençemesini diňlänem bolsa, Geldimyrat beýle gepeçeperine duşmandy. Megerem Suwhan bu aýdýanlaryny öňem bir topar adama gürrüň berensoň ýat tutup gidendir. Kellesine gelen bu pikirini Geldimyrat görübilmezçilik ýaly gördi. Soňam içinden: “Ilki gürlänok diýip, indem owadan gürleýär diýip yrsaramaýyn-la, diňläýin otyraýyn-da. Bar ol çeper okaýyş bolaýsyn” diýdi. 

Gezek bürgütlere gelende Suwhan dymdy.  Gürrüňiň dowamyna eslije garaşan Geldimyrat ahyry:

-      Hä, yzyny gürrüň ber-dä – diýdi. 

-       Yzynymy? Ýaňky sakyrdanyma-da bir hili bolup durun, dagyň howasy joşdurdymy, nätdimi? Geň gören bolmagyňam mümkin.

-      Nämesi geň, gaýta gyzykly. 

Suwhan rowaýatyny dowam etdirmäge başlady. Birbada ozalkysy ýaly akgynly bolmasa-da, soň gyzygyp gitdi.

-      Ýaş bürgüt al-asmanda gaýyp ýör! Kemerli gaýalaram gözüne pes görünýär. Belentden belendi küýseýär. Belki ol Kümüşliniň baharyndan serhoş bolup, indem köşeşmegiň ugruny tapman gaýyp ýörendir? Ýerdäki ene käkiligiň bu görnüşi hem synlasy gelýärdi, hem gorkusyna jüýjejiklerini ganatynyň astyna jemleýärdi. Emma bürgüdiň hyýaly käkilik jüýjelerinde däldi. Goý, olary gyrgy-pyrgy awlajak bolsun. Ol aw diýip inse, towlanjyrap barýan kepjebaşyň depesinden injekdi. Onuň zährli başyny gujurly penjeleri bilen ezip, etinem gaýalaryň bilinde tike-tike edip iýjekdi. Bu onuň ýüregini sowadardy. Ýöne beýle aw elmydam nesip edip durmaýar. Ýylanlaram akylly, hüşgär jandarlar, gözlerem depesinde. Çala howp abandygam, islendik hine sümülmekden heder etmezler. Bürgüt aşakdan görünýän gara kölegesini yzarlap, gaýyp ýörmekden ýadan mysaly dag kemerine gondy. Aşakdaky, sag tarapdan geçýän jaryň ugruna, lälezar gerişlere, depesindäki gök Asmana ýiti gözlerini çalt-çalt aýlady. Asmanda üç sany dazzarkeliň maslyk-beýleki gözläp aýlanşyp ýörenlerini gördi. Bir gezek ol şolar ýaly dazzarkeliň ýylan tutjak bolup, o daşdan bu daşa uçup-gonup ýörşüni görüpdi . “Ganatly guşmuň depesinden in-de, al-da awyňy” diýip oňa gahar edipdi. Ahyrynda-da gaçyp gutulmasy golaýlan ýylany özi penjeläp alyp gidipdi. Şeýdip özlerini oňarman ýörüşlerine dazzarkeller aç öläýjek ýalydyr welin, Kümüşlide olaryňam yrsgy tapylyp dur.

Uzak uçup bilmän dazzarkeller aşaklap bir gerşe gondular. Olar bürgüdi sähelçe-de gyzyklandyranokdy. Birdenem Asmanda onuň özi kysmy bir guş peýda boldy. Bürgüt muňa geň galdy. Ol tarsa göge göterildi. Ganatyny iki kakanda o guşuň deňine ýetdi. Emma gözüne gözi düşenden süňňi syzlap gitdi. Ganatlarynyň gerilmesi gowşady. Şemal ony ters ugra gaýdyryp ugrady. Bürgüt hyruç bilen yzyna dolandy. 

Bu ne jady? Bu ne gudrat? Bürgüdiň hiç zatdan heder etmeýän, sarsmaz ýüregi ýerinden gozganypdy. Bu gorky däldi, başga bir üýtgeşik duýgudy, syýahatçy dost. Ýaş bürgüdiň ýüregi bilen bile gaýalaram ýerinden süýşen ýaly boldy. Asman bir demde gapyşyp dünýe darajyk gowaga öwrüldi. Birdenem ol şeýle bir giňedi, ne gözýetim galdy, ne-de çäk. Nätanyş, eneguş bürgüt bolsa hiç zat ýanyna alkymlamadyk ýaly täsin öwrümler ýasap, gaýyp ýördi. Bir demde yzyna dolanan bürgüdiň ganaty onuň ganatyna galtaşyp gitdi. Bürgüt dünýede munuň ýaly çuň, giň, jana rahatlyk beriji lezzeti hiç zatdan almandy. Hem süýekleri syzlaýar, hem bedenine güýç inýärdi. Ganatlar ýene bir kaklyşmazmyka? Emma eneguş bürgüt indi eserdeň uçýardy. Bürgüdem mundan öte geçsem haýa-şerim bar diýip onuň daşyndan bir mertebe öwrüm etdi. Eneguş aşak inmäge derek dik Asmana göterlip ugrady. Bürgüdem onuň yzyndan galmady. Olar iki nokada öwrülip, gitdikçe ýokary galdylar. Eneguş bürgüt ahyry bir belent gaýanyň çür başyna gondy. Onuň yzyndan galman gelýän hemrasyna bu gaýalar ýatdy. Ol mundanam belent ýerlerden uçupdy, ýöne heniz beýle beýik gaýanyň depesine gonup görmändi. Dogrusy, munuň nämä geregi bar? – tutuş gözýetimi lemmer-lemmer bulutlar örtüp dur, aşakdaky awuňam görjek gümanyň ýok. Häzir welin gaýanyň çür başy pynhanlygy bilen iň ajaýyp mekana öwrülipdi.

Bürgüt ganatlaryny giň ýaýyp, gujak açyp, eneguşuň golaýyna gondy. Onuň goňur  gözleri içiňden geçip barýardy. Eneguşuň başga bir gonalga gözleýän mysaly arasynda ýalt-ýult edip töwerege seredýänem bir gowy zat, ýogsa gözler dikan gönükse jan alarly. Ahyry eneguş köşeşen ýaly etdi. Kükregini çüňki bilen darap bir ýelegini gopardy. Soňam ony şemala uçuryp goýberdi-de, “Göreňokmy, ýelegimi gidirdim?” diýýän ýaly howsala düşüp, ýanyndaky bürgüde naýynjar seretdi. Bürgüt birbada özünden nämäniň islenýändigine düşünmedi. Eneguş ýelegi gaýdyryp alyp giden şemalyň yzyndan seredip oňa tarap ümleýärdi. Birdenem bürgüt ýelegi yzyna getirmelidigine düşündi. Oturan ýerinde ganatyny çala kakyp ýiti gözleri bilen şemal äkiden ýelegiň yzyndan seretdi. Emma ýelek gözden ýitipdi. Eneguş henizem ýeleginiň gözlegine çykmaýanyna nägile bolup bürgütden terse bakdy...

Suwhan ýelegiň gözlegine özi uçup gitjek ýaly çuslandy. Geldimyradam oňa haýran galyp barşyna dünýäni undupdy. Ne daşlara seredýärdi, ne gaýalara. Suwhanyň gürrüňini dowam etdirerine garaşýardy. 

-      Henize çenli gözlän zadyny tapman galmadyk bürgüt perizadynyň perine gezek gelende şeýdip oturbermeli bolaýarmy? Ol birden hol alysda gaýyp barýan ýelejigi gören ýaly boldy. Hernä başga bir zat däldir-dä, allajanlarym? Ganatlaryna bat berip bürgüt Asmana göterildi. Ýelek eken – synag üçin oklanan ýelejik bu oýna keýp edýän ýaly iki-baka çaýkanyp gaýyp barýar. Adaty aw awlaýarka edişi ýaly bürgüt depesinden inip, ýelege penjäni urdy. Emma goşa ganatyň ýelginine ýelejik düşnüksiz towlanyp ýokary göterildi. Muňa garaşmadyk bürgüdiň penjesi boş galdy. Ol has-da gazap bilen ýelegiň üstüne eňdi. Bu gezek ýelege penjesinden öň ganatlary degdi. Bürgüt ýelegiň çepindenem bardy, sagyndanam. Şemala garşam, ygyndanam urup gördi. Emma ýelek penjesine ilmeýärdi. Ol her gezek tutdum-tutdumda terse tarap towlanyp, sypyp gidýärdi.

Agramsyz, boş ýelegi tutmak, sähelçe ýöwselleseň dişini teniňden geçirip awusyny pürkjek ýylany tutandanam kyn eken. Kynlygy hiç, eneguşyň ýanyna ýeleksiz, penjesi boş, masgara bolup barm

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.