KAKAMYŇ DOSTY | Eserler | Ylýas Amangeldi

KAKAMYŇ DOSTY

Hekaýalar | 0 teswir | 898 okalan

Kemal aga bilen kakam haçan tanyşyp, haçan dostlaşypdyrbilmedim. Ejemiň aýdyşynaşypahanalaryň birinde ýaly. Keselbendiräkbolansoň, kakamBaýramalynyň, Arçmanyň şypahanalarynda her ýyl saglygyna seretdirerdi.

Kemal agalar başga bir welaýatdan, otluda bir gije-gündizläp gitmeli. Şonda-da kakam dostunyňka kän giderdi, her gezeginde menem ýanyndan goýmazdy. Bärden bararsyň, Kemal aga öňüňden çykar, öýüne äkider. Iki gün bolubam yzymyza gaýdardyk. Ilki-ilkiler otla münmäge höwes edip, kakama “Kaka, Kemal agalara gidemizokmy?” diýip ýatladardymam. Soň ýigit çykyp ugramsoň bu gezelençden höwesim gaçdy. Münesim gelýän otlym ýürekgysgynç görnüp başlady. Şonça ýol aşyp baraňdan soň üýtgeşik, gyzykly zat bolsa – kakam dosty bilen iýer-içer, ondan-mundan gürrüň edişer oturar. Çöle, derýaň boýuna-da gidilerdi. O ýerlerem ilki baraýaňda üýtgeşik ýaly, soň öwrenşip gidýäň. Dogrusy, kakam dagy çöl diýip, derýa diýip kän çykybam ýörmezdiler. Olara bir-biri bolsa ýeterlikdi. Garaz soňa-baka dostunyňka gidende kakama ýoldaş bolmagy kyn görüp ugradym. Jigimi öňüme tutup “Guwanjy äkidäý” diýsemem, kakam meni ýoldaş edineni kem görmezdi.

Bir günem ýaşy altmyşdan agyp kakam pahyr ýogaldy. Agyr hassaka-da başujuny saklan Kemal aga, kakamyň tä ýedisi geçýänçä bizde boldy. Soň aýyna, kyrkyna gelibem ýatyp gitdi. Ejem maňa gep arasynda ýaly edip: “Kakaň yzyny ýöretjek uly ogly sen, dostlary bilenemözüň gatnaşmaly borsuň” diýdi. Ejemiň Kemal agany göz öňünde tutýandygyna bada-bat düşündim. Seredip otursam kakamyň ondan ýakyn dostamýok eken. Kakam beýleki dostlary bilenem gowy görüşerdi. Ýöne olar kakam ýogalandan soň diňe belli günlerine geldiler. Kemal aga ýaly maňa “alada” bolmadylar diýjek bolýan.

Kemal agalar bilen welin ýoluny hernäçe uzak görsemem gatnaşygy saklamaga çalyşmaly bolýardym. Sebäbem Kemal agaň özi bize ara aý salman gelip durdy. “Aşgabatlyk işim çykdy-da gaýdyberdim... Dostumyň içersinden habar tutman gitmäýin diýdim...” diýip her gezeginde ýöriteläp gelenini bildirmejek bolardy. Maňa onuň kän bir tapawudam ýokdy.  Kemal agaň gelenini eşitdirdikleri ähli işimi taşlap öýe gelmelidim, gelerdimem.

Kakamyň dosty sylagam ortada bardy, ýöne biziň barha üýnümizem alşyp gidiberdi. Iş-alada sebäpli Kemal agalara diýip kakam ýaly ýygy ýola düşüp bilmesemem, görüşdigimiz edil kakamyňky ýaly uzakdan-uzak gürrüň edişip oturardyk. Nirden gep tapylýar, özüm haýran. Köplenjem Kemal aga gürlärdi,çekinmänberýän soraglarymam jogapsyz goýmazdy. Her gezek myhmanym gaýdan soň onuň beren gürrüňlerini ýatlardym. Ýatladygymça-da, Kemal aga bilen ruhy ýakynlygymy has ýiti syzardym. Biziňýakynlygymyz ataly-ogluň ýakynlygyny ýatladyp ugrady. Indi özümem bolmanda iki aýdan bir Kemal agalara gidýärdim. Kakamyň at dakylanam ýanymda. Her baramyzda Kemal aga bizi nirede oturtjagyny bilmezdi.

Bir günem men ondan “aýy dostlugy” hakynda soradym.

-         Sen entek “aýy” bilen dostlaşyp görmänsiň öýdýän, Begenç jan. Şo diýilýän “dost aýy” göz öňüňe gelýärmi? Barjamly, edermen, gaýratly, iş bitiregen, garaz dostlaşmazça däldir. Bir günem sözi azaşar welin, ýaňky günäni özünden gözlemez. Gaýta eden ters hereketinem “Sen meni şeýtmäge iteklediň” diýip başyňdan guýlar. Dostuň aýy çykmasyn.

Şol gün bar gürrüňimiz dostluk hakynda gitdi. Men Kemal agadan kakam bilen nädip dostlaşanlaryny soradym. Ol ýylgyrdy-da:

-         Nädipmi? Ýalňyşmasam sen o wagtlar bäbekdiň. Baýramalyň şypahanasynda iki adamlyk otagda bile boldyk. Birinden eşitdim,jynymyz jyňkyrşandyr diýeniňden, perişdelerimiz deň geldidiýseň has dogrusymyş. Kakaň ikimiziňem perişdelerimiz deň geldi öýdýän. O bende bir gezek daşarda özümiz ýalylar bile üýşüşip otyrkak, gaýratly bolmakdan gürrüň etdi. Azajyk janygdam. Kakaňda bardy-da şeýle häsiýet. Oturanlardan biriniňem aýdylýanlar gulagyna ýakmadymy, nämemi “Dil diýeniň öl ýere biten zat-da, gürleniberilýär. Gaýratyňy görkezmeli ýeri geler welin bir adam tapylmaz” diýdi.Kakaňam: “Tapylmajagyny nirden bilýäň?” diýdi. Başlady jedel. Dynç alyp ýören adamlara-da şol gerek. Biri meçew berdi, biri ýylgyrdy. Ýaňky adam goşaryndaky sagadynyň bagyny çözdü-de: “Elli gezek oturyp-turup bilseň sagat seňki, göreli gaýratyňy” diýdi. Kakaňdan öňürdip şapbady men urdum. “Nury bilen işiň bolmasyn. Oň ýerine men oturyp-turaryn. Özümem ondan on ýaş uly” diýdim. Ol bolýa diýdi. Toplugymyz bilen gitdik sport meýdança. Kyrka ýetdim welin, bir hili aýaklar diýen etmejek bolýan ýaly boluberdi. Kakaňam kyrkdan soň dokuz, sekiz diýip yzlygyna sanap başlady. Bir ýerden güýç gelen ýaly bolaýdy. Elliden soňam bäşini artyk oturyp-turdum. Şeýtdik-de, hem gaýratly bolduk, hem sagatly.

Kemal aga bu wakalar edil şu wagt bolup duran ýaly hezil edip güldi. Talypkam özümi synanlardan bolup ýüzemi, ýüz ellämi oturyp turşum ýadyma düşüp gitdi. Şonda soňundan erbet aýagym agyrypdy.

-         Soň aýak agyrman durdumy?

-         Heý agyrmazmy? Şo wagt bildirmedi. Sagady sen dakynda sen dakyn bolşup, gülşüp, soňam yzyna berdik. Otaga geldik. Ýerime geçip süýndüm. Şol ýatyşyma uklapdyryn. Ertesi irden ýerimden turjak bolýan welin teý bolanok-da. Kakaňam daşymda kebelek. Gidip beden owkalaýan ýigidi alyp geldi. Olam aýagyma ýag çalyşdyrdy, owkalaşdyrdy. Iki bolup, goltugyma girip ýerimden turuzdylar. Içimden “Gaýratyňy görkezmeli ýeri indi geläýdi öýdýän” diýýän. Birki ädim ätdim. Soň ýuwaş-ýuwaş agyrylar aýrylşyp gitdi...    

Kemal aga-da kakamdan başga şeýle ýakyn gatnaşan dostuny aýdyp bilmedi. Bir aýal maşgalany ýatlady. Ikisi bir synpda okapdyr, bir partada oturypdyr.

-         O bende häzir ýok. Ol uly gyz, men ýigit çykýançam tirkeşer ýörerdik. Gülşüp bize geljekki Leýli-Mejnunlaram diýip çykypdyrlar. Mejnunlyk ýok-la. Ol başga birine durmuşa çykdy, men başga birine öýlendim. Ýöne ikimiz dostduk, oňa dostluk diýip bolýan bolsa. Dagam näme diýjek? Göwnümizde dostlukdan başga zat ýokdy. Şeýle gowy görşerdik. Kakaň ony görüpdi”.

Men:

-         Oňa öýlenäýseň bolmadymy? – diýdim.

-         Edil seň diýşiň ýaly muny maňa kakaňam diýipdi. Ýok, Begenç jan. Gyzyň özi entek toýuň-beýlekiň gürrüňini ederden ýaşkak “Maňa öýlenerin diýip hyýalam edäýmegin. Dostam dosta öýlenermi?” diýdi. Şu günki ýaly ýadymda, şonda erbet utanypdym. Ýogsa, öýlenmek ýaly pikirler kellämde-de ýok. Ýöne onuň gyz, özümiňem oglandygymy şonda bildim. Bolaýsak 12-13 ýaşlarymyzdadyk... Şondan soň beýle ýakyn tirkeşibem ýörmedik. Aramyzda haýa bardy. Oňam özeni edepde. Edepli çaga ulalansoň haýaly bolar, şuny berk bilgin, Begenç jan. Senem ogul ulaltmalysyň, gyz ýetişdirmelisiň... ”          

Şular ýaly, adamy biri-brine ýakyn edýän gürrüňler bilen aýlar, ýyllar geçdi. Şol gürrüňleriň käsi gulagymda galdy, käsi ýüregimde. Bir günem öýde nahardan soň, çaý başynda otyrkak keýpihonluk bilen Kemal agama “sen indi bize gelme” diýdim. Aýdaýýar, onuň Aşgabatlyk bizden başga işi ýok. Soňky ýyllar ony otludan düşende garşylap, gaýdanda-da özüm ugradýardym. Bize gelýärdi, bizdenem gaýdýardy.

Bu sözüme birden “Biziň dostlugymyzyňam soňy aýy dostlugyna baraýd-ow, bolsa-da, bir ýyldan-a uzagyraga çekdi” diýäýse, ýer ýarylmaz men girmen. Dilime aldym welin, sözümiňhas morta çykanyny bildim. Ony nirä çekseň çekip oturmalydygyna düşünip gyssandym. Asyl maksadymy düşündirmäge jan etdim. Kemal aga meni gaty parahat diňläp otyrdy. Sözümi terse çekmek aňyna-da gelmeýän bolarly.

-         Kemal aga, haçan gel diýip til etseň, şol gün baraýyn. Bir özümi az görseň tutuş maşgalam bolup ýola düşerin. Sen arkaýyn bol, Kakageldin-ä asyl ýanymdan goýman.

Kemal aga düzedenlerden bolup başyndaky tahýasyna elini ýetirdi-de:

-         Janygmasana. Saňa-da geçipdir-ow bu häsiýet. Dost sözüni senden eşitdim, çynymy aýtsam maňa indi aňsadam däl – diýdi.

Şol günden soň bir hepde töweregi geçdi. Kemal aga beýle çalt til eder öýdemokdym, ýa ol meni synajak boldy? Garaz, oglum Kakageldini ýanyma alyp otla mündüm. Edil öz oglanlygymdaky ýaly Kakageldiň bir ýerde durasy gelenokdy.

-         Näme, hezilmi?

-         Kaka, kaka, men eýläk ýöresemem otly beýläk äkidip barýa, otyrkagam gidip barýas, şo hezil-laý.

-         Biz otluda barýas-da.

-         Bilýän, bilýän kaka,ulagda barýakagam otyrys, özem gidip barýas. Ýone häzir ondanamhezil...

Oglumyň sözüne ýylgyrdym. Özümiň şeýdip otla münmäge keýp edişim düýn ýaly. Otly bolsa gidip otyr.

Barmaly ýerimize ýetemizde Kemal aga bizi ýylgyryp garşy aldy. Bu gezek ýeňil ulagy onuň körpe ogly Gylyçdurdy sürüp gelipdir. Gylyçdurdyň gapdalynda, öňde oturan Kemal aga yzyna gaňryldy-da:

-         Derýaň boýuna çykalyň – diýdi.

-         Häzirmi?

-         Dagy näme, öýe agşam bararys. Hemme gerek-ýarak zatlary aldym. Ýa öýe gideliňmi?

-         Aý, ýok, maňa tapawudy ýok...

-         Saňa tapawudy ýok bolsa, Nury jan näme diýýä?

-         Ondan sorasaň derýä diýer.

-         Boldu-da, dost diýdi gutardy.

-         Üşemeseň, Kemal aga, alabahardyr.

-         Içmekleri aldym, üşemeris.

Kakageldä ejesi ýolda üşemesin diýip ýyly eşiklerini geýdirenem bolsa derýaň ýakasy şemallyrakdyr. Men ony üşederis öýdüp gorkupdym. Emma ulagdan düşen badymyza Kemal aga oglumy ýanyna çagyrdy. Oňa özüne laýyk bagana içmek geýdirdi. Uly adamlaryňky ýaly biçiwde tikilen içmek Kakageldini sowuk golaýyna gelmez ýaly etdi.

-         Al, dost, gutly bolsun.

Kakageldi utanjyrap näme diýjeginem bilmän durdy. Men durup bilmän:

-         Şoň eşiginden öý doly.

-         Bu-da biri bolar. Baryň Gylyçdurdy bilen balyk tutmaga gidiň.

Gylyçdurdy iki sany çeňňegem alan eken. Kakageldi ikisi tirkeşip az salymda gözden ýitdiler...

Çaý başynda Kemal aganyň ogullaryndan söz açdym.

-         Kemal aga, üç ogluňyzdanbolmanda biri bilen näme üçin sizebolşum ýaly ýakyn bolup bilmedimkäm?

Kemal aga gozgan gürrüňimi halamadyk ýaly göründi. Ol göwünl-göwünsiz:

-         Meniň barlygymdandyr. Olar-a maňa sen gatnaşýaň-a diýýäler. Ejelerine çekipdirlermi, boluşlaram  tutugyrak – diýdi.

Men gürrüňi Kemal agany nähili sylaýandygymy, kakamyň yzyny tutup bilendigimi görkezjek bolup gozgan ýaly boldum. Gürrüň kelek galmasyn diýip oglanlykdan olaryň edil biri ýaly bolup gidibermänime gynanýanymy tekrarladym.

Kemal aga sessiz oturdy-oturdy-da soňam:

-         Durmuşda bi, göwün diýeniň bolaýýarmy. Gülsoltanym kiçiliginden “Men aşgabatly boljak” diýýärdi, hany bolaýdymy... Öz ýanyňdan o bolsady, bu bolsady diýýäňem welin, haýsysynyň gowudygyny ýene Biribaryň özi gowy bilýär...

Öz ýanymdan kakam pahyryň “Seni Kemal agalardan öýeräýeýinem” diýşini, ejemiňem ilki “Içerileri gowy, gyzlaram asylly maşgalalar” diýse-de, soň menlik bolup: “Daşam-da, golaý-goltumdakyň bilen gatnaşjak bolsaňam dert. Gelen gelne-de atasy öýüne gitmek iş bolar...” diýşini ýatladym. Soň gürrüň başga ýana ýazyp gitse-de, ony gaýdyşyn ýol boýy ýatlap geldim.

Öýe gelenimden soň üç-dört gün geçendir Kemal agadan ýene jaň geldi. Ol içerimizdäkileri ýeke-ýeke atlandyryp, hal-ahwal soraşdy. Içimden “Görüşenimiz ýaňy bu näme beýle içgin hal-ahwal soraşýarka?” diýdim. Asyl ol hoşlaşýan bolsa nätjek. Ertesi Gylyçdurdy jaň etdi. Kemal agany soňky ýoluna ugratmaga gitmeli boldum. Her adama berlen ömür bardyr welin, içimden “gelme dýmeli däldim” diýýän. Kemal aga garrandygyny boýun aldyrdym. Şol oturyp-turanlarynda kakamyň tersine sanap başlaýyşy ýaly bendä goltgy berjek başga ýol tapmaly ekenim diýýän. Kakageldini, öňi-soňy  okuwdan boş, rugsatdady, üç-dört gün ýanynda goýup gaýtmaly ekenim diýýän. Bir tarapdanam: “Ýaşy segesenden geçip, çagalarynyň arasynda amanadyny tabşyrdy. Adama başga näme gerek?” diýýän...

 

 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.