100 ÝYL 1 GÜN (hekaýa) | Eserler | Ylýas Amangeldi

100 ÝYL 1 GÜN (hekaýa)

Hekaýalar | 0 teswir | 751 okalan

 

Hümmet aga bu dünýeden şemal göteren ýelegiň gaýyp gidişi ýaly gitmegiň dilegini edip, parahat günleriň akymynda akyp barýan bir gojady. Öýi abadan, agyryp-ynjaýan ýeri ýok, garrylyk bilenem öwrenşip gidipdir. Diňe togsandan geçenden soň birki gezek “ynha menem giderin” diýip diline aldy. Muňa-da deň-duşy Ärnazar aga sebäp bolupdy. Bir gün ol Hümmet agalara geldi-de: “Otyrmyň?” diýdi hem bu ýeke söze şeýlebir agram berdi welin, Hümmet aga oturan ýerinden nädip gobsunanyny bilmän galdy.

-         Gel, sakaldaş. Otyryn, dagy näme işläýin?

-         Men şeýdip oturyp bilemok-da. Girýän-çykýan, bir ýerlere gidesim gelýär. Giden ýerimde-de, durasym gelenok, ýene gidesim gelýär. Hiç ýerde karar tapamok. Oturmaga, ondan-mundan soraşyp, gürrüň edişmäge kanagatym ýetenok.

-         Haý, senem, näme bolupmyş diýipdirin.

Tutuş süňňüne gowşaklyk aralaşan Hümmet aga bir salym başyny ýaýkap sessiz oturdy. Soňam baryny degişmä-oýna öwürmäge çalyşdy.

-         Ýürekler serçäň ýüregine dönd-ä, sakaldaş. Aňyrdan gelýäňde “Otyrmyň, ýatyrmyň” diýip gyssaberýäň.

Ol tapan gepine şyg-şyg edip güldi. Ärnazar aganyň welin, henizem ýüzi düzelenokdy. Ol gaşlaryny çytyp:

-         Togsandan geçdik Hümmet, togsandan – diýdi.

Rahatlaşan Hümmet aga gepi ýene degişmä salyp:

-         Geçsek geçipdiris-dä, iliň mellegine geçemizoga?! Berlenje ömrümizi ýaşap ýörüs. Gaýta, şükür et – diýip, jogabyny berýänçä, Ärnazar aga eýýäm turup ugrady. Ol dostunyň soňky sözüni eşitdimi-eşitmedimi o-da belli däl.

Hümmet aga öňündäki çäýnegi özüne has ýakyn süýşürdi. Çäýneginiň jürnüginden akýan gök çaýdan gözüni aýyrman ony käsesine guýundy. Dostunyň tüweleý ýaly gelip-gitmesiniň öňýany, çaýyny üç gezek agdaranam ýadyna düşmän, muny ýene bir gaýtalady. Soňam dosty ýanynda bar ýaly daşyndan: “Ärnazar, Ärnazar. Bu dünýede geçegçidigiňi togsana ýeteňsoň bilip ýörmüň? Etjek alajyň ýokdur, dogruja bol-da, baryber pellehanaňa” diýdi. 

Bu gün bolsa Hümmet aga ýüz ýaşy arka atjak bolup ýör. Tosandan geç, ýüzden geç, ýaşap bildigiňçe ýaşadyň, howsala düşere näme bar, dogýanam, ýaşýanam şol bir gün. Hiç ýeri üýtgeşigem däl. Ýüz ýylyň içindäki müňlerçe günlerden biri. Diňe olary başgaçarak geçirmelidim diýäýmeseň. Başgaça-da nähili bolsun? Birinde ýaşdyk, birinde garry. Birinde toýda bolduk, birinde ýasda...

Bir hepdelikde gazetden geldiler. “Gojamyz ýüz ýaşady” diýip, gazete çykarjakmyşlar. Hümmet aga biraz gaharlanjagam boldy. “Nämäme gazete ýazjak? Berlen ömri ýaşady diýipmi? Ömrüme çopançylyk etdim. Goýun bakmadan başga bitiren goşum barmy?”. Oňa: “Ýok, agam, beýdiýmäň. Ýüz ýaşamak dilde aňsat. Sagdyn gezipsiňiz, sagdyn iýmitlenipsiňiz. Adamlara biz şony ündejek bolýas” diýdiler.

Garaz, “eý” diýdiler, “beý” diýdiler, täze eşiklerini geýdirdiler, agtyk-çowluklarynyň arasynda oturdyp surata düşürdiler. Soňundanam arasynda biri: “Gazete çykarýançak... ýene bir hepde bar eken ýüz ýaşamagyňyza-da” diýen ýaly gürrüň etdi. Hümmet aga: “Haý, oglum, şunça ýyl ömri beren bir hepdänem gysganyp durasy ýok-la” diýip güldi. Gülse-de, güldi welin, bir hili iňkise gitdi. Içinden “Indi bir günüm bir gün bolaýjakmyka?” diýdi. Ýene bir hepdeden Medet goňşular ak goýun sadakasyny edýär, şoňa-da görünmelidir.

Hümmet aga üçin günleriň geçmesi aňsatdy. Ol wagtyny nädip geçirjegini bilmän oturýanlardan däldi. Asyl, wagt diýilýäne ol ünsem bermezdi. Sagat üçmi-bäşmi, gijemi-gündizmi oňa tapawudy ýok. Naharynam gelinleri haçan öňünde goýsa iýäýerdi. Ýassydan soň düşegi ýazylar. Olam geçip irkiler. Soňam haçan oýansa termosdan gaýnag suw alyp çaýyny demlener. Iller süýji ukuda ýatyrka, ol öňüne saçak alar. Iýip iýýän zadam ýokdur. Çala çam-çum etse, aňyrsy ynjalar. Boldugydyr. Soňam gözüne äýnegini dakynyp bellije okaýan kitabyny açar. Ol kitaby daşyndan görüp, tanamak mümkin däldi. Ýagjymak sahaby ýülmegi ýeten aşyk ýaly ýylpyldap dur. Çopanka-da, Hümmet aga bu kitaby gyşyna goltuk jübsünde, tomus guşagyna gysdyryp gezipdi.

Şol kitapdan başga-da, onuň ýene bir güýmenjesi bardy. Kähalat gözleri ýumukdyr, kämahal açyk, öten-geçenleri ýatlardy. Jikme-jik göz öňüne getirendenmi, ejesi bilen kakasy diri ýaly bolar giderdi. Iň köp ýatlaýanlaram şolardy. Olar ybadathanalardaky suratlar ýaly depesinden, uzakdan seredýärdiler, hakyky ýaşap ýören adamlardan owadandylar, görmegeýdiler. Aýaly bende dagy, diri ýaly “Çaý äbereýinmi?” diýip durandyr. Hiç haçan aýalyna sesini gataldyp ýumuş buýrmadyk Hümmet aga “Äberseň äberäý” diýer... Şol wagtam şu günki güni – agtyk-çowluklaryndan biri gapyny açyp içeri girerdi, ony ýatlamalaryndan çykarardy. Hümmet aga syr bermese-de, şu ýaşda eje-kakany, aýalyny ýatlap oturşyna özi utanar giderdi.

Ine-de, ýüz ýaşyň soňky hepdesem geçdi. Hümmet  aga muňa ýüz ýyly geçireninden az begenmedi. Gazetçiler gelip gitmedik bolanlarynda, ol bu hepdäniňem gelenini-geçenini bilmese-de bilmezdi. Hernä ýüň sakal bolmady, ýüz ýaşady, hatda ondan geçdem. Düýn kowmy-hyşy ýene ýygnandy. Gazetem getiripdirler. Gyzlardan biri oňa: “Ata jan, ýene ýüz ýaşa” diýdi. Hümmet aga dileg kabul bolup barýan ýaly elini daldaladyp: “Indi bir maňa ömür dilemäň, barjak ýerimiň sylaryny diläň” diýdi. Gülüşdiler. Bir salym daşyny gurşap oturdylar. Soňam üçden-bäşden toplanşyp, gep-gürrüňe gyzany haýsy, çaga-çuga aladalary bilen bolany haýsy, Hümmet aganyň töweregi çolaryp galdy.     

Ertesi, Hümmet aga, il-günden gijä galmaýyn diýse-de, esasan ýüz ýaşy arka atanynyň begenji, ýeňilligi bilen hasasyny tyrkyldadyp, sadaka ugrady. Barmaly ýeri gündogarlarynda, iki çatyrygy geçäýen ýeriňdedi. Öýlerinden ýaňy saýlanypdy. Hasasyny sol eline geçirip, ýüzüniň derini sylmak üçin gyraly ýaglygyny sermeşdirdi. Eli jübsündäki süýji-kökelere degdi. Süýji-kökeler onuň göwnüni açdy. Goja çala ýylgyrdy hem içinden “Häzir paýlaryn” diýdi. Çagalaram onuň bu endigine belet, “Süýjüli baba gelýär” bolşup daşyny gurşarlar. Aýaly ýogalaly bäri Hümmet aga üýşmeleňe barsa, şeýdip çagalary daşyna üýşürerdi. “Bolmanda, süýji paýlardy diýip ýatlarlar” diýerdi. Emma ýüregindäki pynhan niýeti aýalynyň ruhuny şat etmekdi.

Ýaglygy beýleki jübsünde bolmaly ahyryn. Olam-a boş ýaly. Ütüklenip, eplenip goýlansoň, Hümmet aga oňa ýokdur öýdüpdi. Bu başagaýlykda yzyndan biriniň “Salowmaleýkim, baba” diýeni, agralan gulaklaryna hümürdi bolup eşidildi. Ol hasasyna daýanyp yzyna gaňryldy hem özüne salam berilendigine düşündi.

Elleşip görüşjeginem, görüşmejeginem bilmän ýaýdanyp durşy nurana, päkize, Ýusup görkli ýetginjegi hasam päk görkezýärdi. Indiki iki ädiminde deňine ýeten ýetginjege Hümmet aganyň özi elini uzatdy.

-         Sadaka barýamyň, köşek?

Ýetginjek çalaja baş atyp, eýýäm biraz öňe-de düşüp ýetişdi. Onuň dar biçüwli köýneginiň aňyrsyndan bildirip duran pilçeleri, inçeden uzyn boýny gojanyň gözünde galdy.

-         Howlukmasaň bileje gidäýeli.

Ýetginjek ýylgyryp başyny atdy. Hümmet aganyň göwnüne onuň bu ýylgyryp durşy çylkasyz göründi. Edil ine, gör men nähili, sen nähili diýýän ýaly.  

-         Ýa howlugýaňmy? Bileje gideli diýip meni başyňa ýapjakmy diýýäň gerek, içiňden? Hany dogrujaňy aýt.

Ýetginjek ogurlykda tutulan ýaly çaga ýygralsa-da, ýene ýylgyrdy. Ol aňyrdan gaty ýöräp gelse-de, howluganokdy. Dogrusy, deň-duşlary ýaly onuňam ýaşuly görse, howy basylardy. Ýöne bu gezek ol ökje ogurlap ýaşuly bilen deňleşmejek bolmandy. Salamlaşaryn, gaty-gaty ýöräbem deňinden geçer giderinem diýmändi. Ol Hümmet aganyň öz çowlugy Halmyratdy.

Çowlugyny tanamadyk Hümmet aga ýetginjegiň dury gözlerine seredip, azymly “Dogrujaňy aýt” diýeninem az görüp, onuň çetine degäýjek, ýene birki sany teýeneli sözüni suňşurdy. Halmyrat kapasa düşen guşjagaza döndi. Onuň burnunyň gyralarynda düwmelenen der damjalaryny görüp, içinden “oglany gatyrak gyssaýdym öýdýän” diýen Hümmet aga öteräk geçenini bildi. Ýöne “Durmuş saňa heniz hiç zat görkezmändir, men bolsam gaty köp çarşenbeleri başymdan geçirdim, gögele” diýýän ýaly özünden hoşal: “Hä-ä” diýdi.

Hümmet aganyň ýylgyrmasy galan ýetginjege “ýeňiji” hökmünde daýanasy geldi.  

-         Hany eliňi ber ýapyşaýyn. Ýogsa taşlar gidersiňmi, nädersiňmi, büdüräýmämem bar meň – diýdi.

Ýetginjek hernäçe keýpsizem bolsa, derrew elini uzadyp, goja tekge bolmaga çalyşdy. “Ýeňijilik” ruhy başyndan uçan Hümmet aganyň ýetginjekden ýapyşyşy çala-çula büdüremeden gorkup ýapyşana meňzänokdy. Adam garradygyça çaga dönermiş diýýärler – ýöremäni ýaňy öwrenýän çaga-da, ejesiniň elinden şeýdip berk tutar, soňam ony goýberesi gelmez.

Sadaka ýerine-de ýetiberdiler. “Süýjüli babanyň” daşynyň çagasy artyp ugrady.

-         Hany, duruň entek.

Hümmet aga Halmyradyň elini goýberip, jübsündäki süýjülerden iň ulusyny – dörtburç, şapbat ýaly şokolady çykardy. Ony Halmyrada uzadyp Hümmet aga:

-          Şujagazy saňa beräýeýin. Gaýdamyzda-da bile gaýdaly, Şujagaz ýerde maňa garaşgyn. Men köp oturman – diýdi. Şokolady alan Halmyrat başyny atdy.

Sähel salymda jübi boşady. Hümmet aga Halmyrada tarap ýene bir gözüni aýlady. Onuň elinden gaýtadan tutasy geldi. Emma durmuşyň öz kadasy bar. Uly adamlar gelip, Hümmet aga bilen görşüp, salamlaşmaga başladylar. Özüne uzan bir topar elleriň arasynda Hümmet aganyň ýetginjegiň elinden gaýtadan tutmak höwesi ýitip gitdi. Görşenem hal-ahwal soraşýardy.

-         Çagyrlan ýerimden galmajag-a bolýan.

Görşenleriň arasynda iň ýaşulysy, ýaşy segsene ýeten Merdan aga eşider ýaly edip oňa: “Tüweleme, sen gaýratly-la” diýdi.

-         Ýok-la, gaýrat näme işlesin.

Oturany bilen äberlen nahardan Hümmet aga çala datdy-da, boldum etdi. Gulagy agyr adam bilen gepleşmek hernäçe kynam bolsa, (eşidenok diýip, ýüzüne seredip, dymyp oturmak ondanam kyn) Merdan aga oňa henek atdy:

-         Iý-dä, Hümmet aga... Ýa, idi-suwat edenem bolmaz diýip, öýden naharlap goýberdilermi?

-         Bir zat aýdaýyn, diňleseňiz.

Oturanlar “Hä-de hä” boluşdylar. Aňyrrakda oturanlardan biri: “Garry çopan-a ýene başlajag-ow, köne heňine” diýdi.

Hümmet agany diňlemedikler üçin, ýüz ýaşan gojanyň näme aýtjagy geňdi. Ýöne oturanlaryň arasynda, goňşy obalardan gelen myhman-mediwan bolaýmasa, şeýle birisi barmyka beri? Baran ýerinde Hümmet agadan sorar ýaly zat bolsa soralyp, bilner ýaly zat bolsa bilnen. Onuň agtyk-çowlugy näçe, haçan ýatyp, haçan turýandygyna çenli oturanlar belet. Üstesine-de, Hümmet aga baran ýerinde şol bir gürrüňini gaýtalagandy.

Mekdepde taryh mugallymy bolup işlän, adynyň yzyna “filosof” lakamyny goşsalar monça bolagan Kowus aga, ýaşulunyň bu edähedine gaýta, özüçe aýlap-dolap gowy häsiýet diýdi: “Dünýede gaýtalamak gaty gymmatly hem kanuny ýagdaý. Günlerem, aýlaram, pasyllaram gaýtalanýar. Emma şonda-da biz dünýäň näme diýip duranyna düşünmän, ýaşan bolup ýörüs. Garran adamlaryňkam şoň ýaly-da. Bir aýdanlaryny gaýtalap-gaýtalap aýdyp ýörendirler, bizem olara düşünmän, düşünjegem bolman, gülşüp oňaýýas”.

Hümmet aga “şol bir heňine” eýýäm başlapdy:

-         Diňleseňiz, biz ýalylar agzyma ýaraýa diýip öňüne goýlany iýibermeli däldiris, soň iş berer. Gözüme ýaraýa diýip owadan eşiklerem geýibermeli däldiris, kelpeň görkezer. Dilime geldi diýip aýdybermelem däldirs, ýaşulysyň, sözüň terezä salynýandyr.

Obadaşlaryň arasynda geplemsegirägi Meýlis:

-         Hümmet aga, ýaşuly bolduk diýip indi, arkaýyn gürlemelem dälmi? – diýdi.

Onuň aýdanlaryny eşitdirenlerinde Hümmet aga ýylgyryp:

-         Darykma Meýlis, gepiň gelşigi diýip aýdaýýan. Ýaňkylary tutmak başardýan bolanda bizem sana giräýmejekmi?! – diýdi.

Merdan aga has janlanyp, Hümmet aga golaý süýşdi. Ýöne sözüni oňa eşitdirjegem bolup durman:

-         Hasam ýaňy “aga” bolup ugraňda kyn. Ýaňkylaň üçüsiniňem tersine gidilýä-dä. Garramaýanlardan boljak bolup işdälisireýäň, tyrrygyrak geýinesiň gelýä. Dil-ä ö:l ýere biten zat – diýdi.

Oturanlardan biri gürrüňi başga ýana sowdy:

-         Hümmet aga, uruş turanda näçe ýaşlaryňyzdadyňyz?

-         Ýigrimiň töwerekleri bolaýmasa? Urşa gidip bilmedim-dä, ýöne. Täçmyrat aga diýip permämiz bardy. Şoňa meni urşa ibereňok. Erkek kişileň bary urşa gidýämişem diýdim. Olam ýeňsäme bir şapbady doňdurdy-da: “Ine saňa uruş, bolduň meň başyma erkek kişi” diýdi. Daýaw adamdy-da, menem çöpe jan bitdi – diýip, Hümmet aga ýeňsesine çalynşy gözünde janlanan ýaly heziller edip güldi.

-         Oňa-da mallary bakara çopan gerekdir.

-         Hawa-da... Maňa soňky uruş agyr degdi. Ilkije agtygym Handurdy demir gapyrjakda geldi-dä. Uzak ýaşamaň ýaman ýeri şü – dört oglum, bir agtyk menden öň gitdi, aýal-ebtatlary hasap etmämde.

Bu gürrüňden soň Hümmet aganyň kän ugry bolmady. Ol çaýdanam bir käse owurtlady-da turarman boldy. Daşary çykandan, gözi töweregindedi. Öý eýesi gelenine taňryýalkasyn aýdyp, ony köpçülikden saýlanýança ugratmakçy boldy. Emma olam birden gereklendi. Hümmet aga: “Sen aladaň bilen boluber, özüm gaýdaryn, goňşy” diýip, ýetginjegi görjek bolup ýene töweregine garanjaklady. “Haý senem, bir ülhüt gelmeli diýip şol oglamy saňa garaşyp oturjak, oýna gyzandyr, gidendir”  diýip, içini gepletdi.

“Hä, çopan, gury, saňgaty hasa söýeneniňden, ýyly ele ýapyşanyň kem ýaramadymy? Ýene bar-bar şu hasaňdan bardyr. Çopankaňam şondan döwlet tapdyň, indem oňa gury diýme. Mydam ýanyňda. Gije-de aýak ujuňda diwaryňa söýenip durandyr. Zeýtunyň şahasy bolsa sogapmyş diýip ony ýörite getirtmediňmi näme? Muň ýerini tutjak zat bolmaz...

Ojagaza duşamda gatyrak begenäýdim öýdýän. Öňem şoň ýaly bolýadym-a, çopankamam. Öňümdäki sürime, arassa janawerleriň hyzmatynda, yzlaryna düşüp ýörenime begenerdim. Begenmegem däl, ýaşaýşyň tagamy artan ýaly bolardy. Ajysyndan, süýjüsi köpelerdi. Çopançylygy eýgermän oba dolanamsoň durmuşdan şol üýtgeşik “tagamy” almam kynalaýdy. Ýasa toýdan köp gidegen boldummy nämämi?! Handurdy janam ýatlaýdyk. Ymanly bolsun, balam... Ýaňkyja ýetginjek gaty görüp... Weý, Ärnazarlaryň howlusy bärde näme işleýär?.. Ärnazarlar däl bolaýmasyn?”

Ymgyr çölüstanda azaşmadyk Hümmet aga ömründe birnji gezek ugruny ýitirenini aňdy. Emma birbada muny boýun alasy gelmedi.

“Beý, ho çatyrykdan geçen ýerim öz öýmüz bolmaly ahyryn. Ynha ileri, ynha gaýra...” Hümmet aga çatyrygam geçdi. Emma öýleriniň ýerinde başga bir ýat jaý otyr. “Bu nähili beýle bolýar? Ýüzümiň günbataradygyndan gaty arkaýyn... Be, akylyň çaşmasy diýilýänmikä bi? Indi Ärnazarlary bir tapsam”.

Hümmet aga, ýüzüni Asmana dikip Günüň nierdedigine seretdi. Emma, gündogary, günbatary saýgaryp bilmeseň, Günem nirä gitjegini bilmän duran ýaly. Ters görse-de, özüne buýrup yzyna, Ärnazarlara tarap ugrady. Dostunyň ýoluň o ýakasyndaky howlusyna gözi düşüp ynjaldy. Onýança Ärnazarlardan biri köçä çykdy. Hümmet aga oňa yşarat edip, hasasyny gyssanmaç galdyranyny özi bilmän galdy. Härnä onuň bu hereketi howludan çykanyň gözüne ildi.

-         Oglum, Ärnazarlaň howlusy dälmi şu howly?

-         Hawa, Hümmet aga, näme tanamajak bolduňyzmy?

-         Tanadym-la. Başym aýlanjak bolaýdy. Medetleň sadakasyndan öýe diýip çykyşyma, siziň deňiňize geläýipdirin.

-         Hä... Bolmasa, öýňüze düşürip geläýeýin.

-         Başym düzelse bararynam-la.

-         Kakamda-da şeýle bolardy, kösenersiňiz, Hümmet aga. Häzir ulagy alyp çykaýyn.

Ärnazaryň agtygy Hümmet agany aýagyny ýere degirmän öýüne getirdi. Hümmet aganyň ýol boýy oňa: “Terse barýas” diýesi geldi durdy. Öýleriniň deňinde ulagdan düşende-de, ol töweregine garanjaklap eglendi. Özüni öýe getirene “Düş, çaý içip git” diýmänem unudanyna bir hili boldy. Şu wagta çenli gapysy gaýrak häzir bolsa ilerik bakyp duran howlularyna Hümmet aga ýaýdana-ýaýdana girdi. Oba howlulary birmeňzeşirägem. Tapjan durandyr, ilerräkde ony-muny goýar ýaly jaýjagaz. Gapyň agzynda-da, çykarlan-çykarlan ýerinde, başly-barat ýatan köwüşler...

Hümmet aganyň tapçanyň gyrasynda ýatan şokolada gözi düşdi. Onýança öýden ýetginjek çykdy. Ýetginjegiň: “Wiý, bu garry öýmüze geläýdi” diýýän ýaly ýylgyryp seretmesine ol name diýjegini bilmedi. Onýança öýden bir aýal maşgala-da çykdy. Hümmet aga hasam aljyrady. Ol daşyrak ýere durmuşa çykaly, atasy öýünde setanda-seýranda görünýän agtygy Çemendi.

-         Ýalňyşyp geläýdim öýdýän? – diýen, Hümmet aganyň dünýesi daşyna aýlanyp, gözi garaňkyrap gitdi.

-         Ata jan... Näme ýaramajak bolýaňmy?

Hümmet aga bir ädimi zordan ätläp, tapçana golaýlady. Garry göwresi uzanjak bolýan ýaly bir ýanyna ýaplanyp gidip barýardy. Hümmet aga hasasyna direnmäge çalyşdy. Beýle ýagdaýda hasadan kömek bolmajak eken. Rejäniň geň däldigini aňan Çemen bir ýanyndan, ogly bir ýanynda ony tutup ýetişdiler. Öýdäkilerem çykdylar. Biri ýassyk getirýär, biri “Daşarda şemal çalaýmasyn, ýerine geçiräýeliň” diýýär. Körpe agytygy, atasy bilen bir howluda ýaşaýan Söýün, özüni bilmän ýatan Hümmet agany çaga göteren ýaly edip gujagyna aldy-da, öýdäki düşegine geçirdi.

Hümmet aga gije dörtlerde özüne geldi. Gözüni açanda mundan öň ýeke ýatýan jaýynda ýene iki adamyň bardygyny aňşyrdy. Gulaklary şaňlap, kellesi çala güwleýärdi. Bir käse çaý içse kellesi düzeläýjek ýaly boldy. Dikelip termosyny alsam diýdi. Emma göwresi götertmedi. Edil şol wagt birinden habar alan ýaly Çemen ýassykdan kellesini galdyrdy. Turup çyrany ýakdy. Atasynyň gözüni açanyna begenip ol “Ata jan” diýip atasynyň ysgynsyz elinden tutdy. Halmyradam oýanjak ýaly etdi-de, beýlesine agdarlyp ýene özüni süýji uka aldyrdy.

-         Seň ogluňmy?

-         Hawa, ata jan, Halmyrat-da. Tanamadyňmy? Öňem getirýädim-ä.

-         Tanamandyryn.

Hümmet aganyň hakydasynda Halmyradyň derleýişi janlanyp gitdi. Ol Çemene termosyny ümläp “Çaý beräýseň” diýdi. Iki owurt çaý oňa hakykatdanam kem ýaramady. Agtygy bilen degişen boldy.

-         Alla meni ýadyndan çykarandyr diýip ýördüm welin, hasabynda saklaýan eken.

-         Öýdäki şagalaň, sadaka gitmäň ýadadandyr seni. Dynjyňy alsaň tut ýaljak bolarsyň.

Çemeniň “tut ýaljak” diýmesine, Hümmet aga çala ýylgyrdy. Agtygyna jogap beresi geldi. Emma gürlemäni kyn gördi. Ol esli salym sesini çykarman oturdy. Biriniň gelerine garaşýan ýaly gözüni penjirä dikdi. Daňyň atmasyna entek salym bar ýaly. Hümmet aganyň ýüregi daşaryny küýsedi. Gobsundy. Muny aňan Çemen: “Ata, daş çykjakmy?” diýdi. Halmyrady çala yralap oýardy:

-         Halmyrat, tur, babaňa ýoldaş bol.

Halmyrat gaty çalt dikeldi. Hümmet aga çowlugynyň galjaňlygyna hoşal bolup oňa elini uzatdy. Oňa daýanyp dikeldi. Ýuwaşja ädimläp gapa, soň daşardaky tapjana ýetdi.

-         Oturaly.

Halmyrat babasyny nädip oturtjagyny bilmedi. Hümmet aga üçin onuň ýaýdanany ýeterlikdi. Özi oturdy. Ilkinjimi ýa soňky gezek görýän ýaly çowlugyny birlaý synlady. Soňam:

-         Näme garaşmadyň? – diýdi.