Eserler | Ylýas Amangeldi

EJE... EJE...

Hekaýalar | 0 teswir | 84 okalan

 (hekaýa)

 

Şamyrady günleriniň boş geçip durmasy ünjä goýýardy. Bir aý bäri nota depderini açýardy, ýapýardy. Çalaran saçlaryny daraklap, pioninonyň başynda uzak wagtlap sessiz-üýnsüz oturýardy. Ýazmakçy bolýan sazynyň ýeke notasynam kagyza geçirip bilmän kösenýärdi. Ýeke notadan ne peýda? Ýeke notadan saz bolýarmy näme?! Çöwnüne bolsa ýüregi joşup, bir böwedini ýaryp bilse, saz akyp gidiberjek ýalydy.

Mundan ozal şeýle bolanda Şamyrat köne suratlary öňüne dökerdi. Her suraty ... dowamy

SEÝISIŇ “KÖRPESI”

Hekaýalar | 0 teswir | 173 okalan

 Elli ýaşlaryndaky Ýazow seýis atbakar Meýlise: “Bar hol bedredäki suwy dök” diýdi. On alty-on ýedi ýaşlaryndaky ýetginjek Meýlisem ýerinden towşan turan ýaly turup barsa bedre boş.

-         Seýis aga bedre boş-a.

Ýazow seýis Meýlisiň geň galyp seredýän ýüzüne gülüp seretdi-de:

-         Aý onda içindäki suw bugarandyrda –diýdi.

Bir günem ol Meýlisi ýanyna çagyryp:

-         Alsakaryň ýalyny inçejik-inçejik edip örsek näder? – ... dowamy

DILEG

Hekaýalar | 1 teswir | 184 okalan

 Ala bahardy. Mämmet kärendesine alan üzümlerini keçip, günortan öýüne nahara gelipdi. Gektarlarynyň öýlerine golaýlygam dünýe malyna degýär. Ýanyňa nahar-beýleki göterip ýörmek aladaň ýok. Mämmet naharyny ýaňy öňüne alanda, daşardan biriniň ardynjyraýany eşidildi. Çykyp seretse, özi bilen deň-duş bir pyýada salam berip dur. Mämmet salamyny alyp ony öýe mürähet etdi. Nätanyş gaty parahat, ýaýdanman diýen ýaly içeri girdi. Ýöne nahar bilen kän ugry bolmady.

-         Geçip barýadym-da sowulaýdym. Meni tanaýanam ... dowamy

EDEBIÝATA DÜŞÜNMEK  

Hekaýalar | 0 teswir | 463 okalan

Şüdügär meýdanyň gyrasynda otyryn. Toprakdan başga hiç zatda gaýtalanmaýan, hoştap ys gelýär. Ondan bir gysymyny alyp çalaja ýokaryk okladym. Ol ýere siňen ýaly bolup gitdi. Gurbannazar şahyr ýadyma düşdi.

 

“Meni tohum kimin ýygnar bu toprak...”

 

“Ölüm näme? Tebigata garylmak...”

 

Keýpsiz yza çekildim. Usullyk bilen ýerimden turdum. Dyzlarymyň agyrysy ýene bildirýär. Yzyma bir ädim ätdim. Ýüzümi oba tarap öwürdim. Obam elimden ... dowamy

WAGT BILEN IKI-ÇÄK

Esseler | 0 teswir | 343 okalan

Ýetmiş bir ýyl mundan öň ýanyma gelipsiň. Şondan bärem ikimiz bile. Gaty köp adam, köp zat maňa sendenem ýakyn durupdy. Emma hemmesi gitdi, diňe sen galdyň.

Men saňa “Wagtym ýogam” diýipdim. Hawa, ýoksuň öýdem-de sen bar ekeniň. “Wagtym ýetenok”, “Wagtym geçdi”, “Wagtdan yza galýan”, “Wagtym bolsady”... diýibem çykdym. Ýöne Gurbannazyryň “Gazaply kazysy”, sen “mydam başymda” ekeniň. Gurbannazar halypaň ýaşka düşünenlerine gojalyp akyl ýetirjek bolýaryn.

Geldi-geçersiň öýdýärdim. ... dowamy

BEGENDIRMEGIŇ BEGENJI

Esseler | 1 teswir | 495 okalan

 

Bu üýtgeşik begenji men çagakam başymdan geçiripdim. Ejem pahyr ýüňden jorap, ýene şoňa meňzeş zatlary örmegi gowy görerdi. Ýüňi özi saýardy, özi darardy. Pişge ýasardy. Soň olary egirip, boýardy. Boýan ýüplerinden ýumak sarardy. Menem egrilgi ýüpi elimden geçirip ýumak saramaga ejeme kömekleşipdim. Bir ýumagy sarap boldy-da ejem:

-         Körpejäm, hany gel seni bir gujak-gujak edeýin – diýipdi.

Ejem bizi näçe gowy görse-de, gujaklap-ogşap ýörmezdi. ... dowamy

BAPBA DOSTUMA

Goşgular | 0 teswir | 429 okalan

 

Kim ýumdurdy seniň göwher gözleriň?!

Nurana ýüzüňi gel, gel, kim örtdi?!

O nähili beýle, şeýle mert ýigit

 Sähelçe salymda dünýeden ötdi?!

 

Dostlaryň aglady, aglady ýaryň,

Eziz aýtmyşlaýyn dymdylar soňra.

Onda bu ýagyşlar nireden ýagýar,

Hak dostun ýitiren diňýän bolanda?!

 

Baş bermezek, baş egmezek, ... dowamy

GOJA GÖWÜN

Hekaýalar | 3 teswir | 587 okalan

 (hekaýa)

Bu gün Berdimyrat aganyň çowlugy Ilmyrat gullukdan gelipdi. „Gözüň aýdyň” diýmäge sadaka ýygnanlaryň arasynda gojanyň ýaşyny öz ýanlaryndan hasaplajak bolýanlaram bardy. „Çowlugy gullugyny sowup gelen bolsa, agtygy 40 ýaşlarynda bolaýýar. Onda ogullaram 60-dan geçen bolmaly...” Ahyram belli bir sanyň üstünde durup bilmän, olardan ýüzi açygyragynyň biri:

-         Berdimyrat aga, ýaş ýüze ýetdimi? – diýip sorady.

Hiç zada goşulman oturan Berdimyrat aga kempije dodaklaryny ... dowamy

WEZIPÄŇI BERJAÝ ETMEK

Esseler | 0 teswir | 544 okalan

 

Ýakynda bir rowaýat okadym. Ol “Ideal (kämil) ner” diýlip atlandyrylýar.

Rowaýatda dört sany syýahatçy hersi bir nere münüp ýola düşýär. Uzaga çeken hem başdan geçirmelere baý bu syýahat soňlananda syýahatçylar gören, başdan geçiren wakalaryndanam beter nerlerine haýran galypdyrlar. Nerler syýahatyň juda agyr geçen ýerlerinde-de, sähelçe-de ejizlemän uzagy nazarlap, syýatçylara gaýta syýahaty dowam etdirmäge ruhy itergi beripdirler. Şeýle wepadar, çydamly hem güýçli nerleri saýlap alanlaryna olar begenipdirler. Başga ... dowamy

AÝLAWYŇ JADYSY

Esseler | 0 teswir | 533 okalan

 Bir säwlik bilen atlaram, aýlawam kän bir göwnünden turmaýan ýoldaşym bilen aýlawa geldik. Ony aýlawa gyzykdyrmagy asla aňyma-da getiremokdym. Atlary synlamaga, keýp edip çapyşyk görmäge päsgel bermese razydym. Ol näme üçin meniň bilen aýlawa gaýtdy şoňa-da düşünmedim. Elimize çapyşyklaryň tertibini alyp ýerimize geçenimizden:

-         Ýene bedew, ýene at. Bäh, adamlar ýadanoklaram-aý – diýdi.

Sesimi çykarmadym. Oňa jogap gaýtarmak ody öz üstüňe çekmek ýaly bir zatdy. Ol ... dowamy

BIR OWUÇLYK ÝAGŞYLYK (Kyssa)

Esseler | 7 teswir | 863 okalan

Ýadymdan çykanok, o wagtlar talypdym. Häzirki döwürdäki ýaly oba gatnaýan awtobusam kän däldi. Köplenç şäherden gaýdýan uly ýoluň ugrunda düşüp oba pyýadalap gaýtmaly bolýardy. Bu gezegem şeýle boldy. Obamyz ho-ol görnüpdur, talyplyk ýaşndakaň bu iki arany ýöräniňe ýöredimem diýmeli däl.  Öýmüze tarap pyýadalap ugradym. Sähel ýöremänkäm yzymdan bir ýük ulagy ýetip saklandy. Men begenip ulaga mündim. Sürüjini tanadym. Ol obamyzda toý naharyny bişirip berýän, alçak adam, Mesgendi. Olam meni tanady.

dowamy

ÝAGYŞLY GIJE

Esseler | 4 teswir | 655 okalan


Gijäniň ýary. Daşarda ýagyş ýagýar. Indiki penjireler damjalaryň şybyrdysyny öýe eşitdirmeýär. Bogunlaryňdaky agyrylar duýduraýmasa, ýagyşyň ýagýanam bildirenok. Gyş bolsun, ýaz bolsun, biziň ýagyşlarymyz ygallyk ýurtlardaky ýaly bir başlansoň hepdeläp, hatda aýlap diňmäni bilmeýän ýagyşdan bolmansoň, bir salym ýagar, diňer. Bu-da Gün dogmanka diňse gerek. Gadyrly myhman ýaly, geler-gider. Gelende begendirer, gidende-de bir hili özüni küýsedýän inçe duýgulary goýup gider. Damjalary teşnelik bilen özüne siňdirýän topragyň haly, gör, niçikdir? Ýagyşyň ... dowamy

100 ÝYL 1 GÜN (hekaýa)

Hekaýalar | 0 teswir | 885 okalan

 

Hümmet aga bu dünýeden şemal göteren ýelegiň gaýyp gidişi ýaly gitmegiň dilegini edip, parahat günleriň akymynda akyp barýan bir gojady. Öýi abadan, agyryp-ynjaýan ýeri ýok, garrylyk bilenem öwrenşip gidipdir. Diňe togsandan geçenden soň birki gezek “ynha menem giderin” diýip diline aldy. Muňa-da deň-duşy Ärnazar aga sebäp bolupdy. Bir gün ol Hümmet agalara geldi-de: “Otyrmyň?” diýdi hem bu ýeke söze şeýlebir agram berdi welin, Hümmet aga oturan ýerinden nädip gobsunanyny bilmän ... dowamy

ÝENE ÝARYM SAGATDAN...

Esseler | 0 teswir | 688 okalan

Ýene ýarym sagatdan gije sagat12- i bolýar. Emma şol ýarym sagat geçýänçä gije-gündiziňdolanok. Göräýmäge ýarym sagat hiç zat. Ine, öňümdäki galanja ýyllaram (kim bilýär aýlardyr, günlerdir?) geçmese, ömrüm dolmaz, doly gutarmaz. Küşdi ömür bilen deňeşdirsek, häzir men endişpilde (oýnuň jemleýji bölegi, soňy). Debýudy (oýnuň girişini) nähili geçirenimem bilemok. Çöplerimi çem gelen ýerlere göçüpdirin. Soň, mittelşpilde (oýnuň ortasy) şonuň üçin kösenmeli bolupdym. Indem, endişpil... Kimler oýnuň soňuny “utuşly” geçirjek bolup “halk ýazyjysy”, ... dowamy

EJEM HAKYNDA

Hekaýalar | 1 teswir | 2607 okalan

Mekdebi tamamlanymyza ýigrimi ýyl boldy, duşuşalyň, könäni ýatlaşalyň diýişdik. Ýaşymyz kyrka ýetip barýar. Bu ýaşda geçenleri göz öňüne getirip, şol günleri seniň bilen bile ýaşanlary görmek, gowy görýän kinoňy gaýtadan görenden has gyzyklydyr. Ýogsa “gahrymanlaram” tanyş, hatda her wakaň näme bilen gutarjagyna çenli hemmesi belli. Şol “film” hakynda oňa gatnaşanlaryň pikirini bilesiň gelýärmi, geçen günler küýselýärmi? Film diýýän welin, ol sendäki ... dowamy

KAKAMYŇ DOSTY

Hekaýalar | 0 teswir | 1117 okalan

Kemal aga bilen kakam haçan tanyşyp, haçan dostlaşypdyrbilmedim. Ejemiň aýdyşynaşypahanalaryň birinde ýaly. Keselbendiräkbolansoň, kakamBaýramalynyň, Arçmanyň şypahanalarynda her ýyl saglygyna seretdirerdi.

Kemal agalar başga bir welaýatdan, otluda bir gije-gündizläp gitmeli. Şonda-da kakam dostunyňka kän giderdi, her gezeginde menem ýanyndan goýmazdy. Bärden bararsyň, Kemal aga öňüňden çykar, öýüne äkider. Iki gün bolubam yzymyza gaýdardyk. Ilki-ilkiler otla münmäge höwes edip, kakama “Kaka, Kemal agalara gidemizokmy?” diýip ýatladardymam. Soň ýigit çykyp ugramsoň bu gezelençden höwesim ... dowamy

Hekaýalar | 0 teswir | 730 okalan

KÜMÜŞLI  GAÝALARYŇ   SYRY

(hekaýa)

Geldimyradyň Kümüşli diýilýän gaýalyklary ilki görüşidi. Dik-dik ýylçyr gaýalar nämedir bir zada hormat edilip, ýadygärlik diýlip dikilen mysalydylar. Ady Kümüşli bolsa-da, gaýalaryň gara daşlarynda kümüş magdanynyň alamaty bar bolaýmasyn diýer ýaly däldi. Geçmişde kimdir biri gaýalaryň gowlaklaryndan kümüşli hum küýze tapan, ýa olarda ony gizlän bolaýmasyn diýip çak ursaňam, beýle waka dilden-dile geçip ... dowamy

GURJAKLYJA GYZJAGAZ

Hekaýalar | 1 teswir | 1424 okalan

 

Gyzjagaz gurjak oýnaýar. Gurjagyň bilen gürleşmän nädip oýnajak? Öz gürüňlerini diňe özleri eşidýär.

-        -Gurjajygym, sen oglanjyk, men gyz. Nähili gowy! Gowy gerek? Men dünýä inemde kakam dagy ilki begenmändirler. Soň begenipdirler. Olam bilýärmiň näme üçin? Oglan jigsine seredişer diýip begenipdirler. Oglan jigim bolýança men saňa seretmeli. Oglan gurjagy maňa kakam ... dowamy

ÖMRÜŇ MANYSY

Esseler | 2 teswir | 1641 okalan


Täze ýylyň bir aýy gecip barýar. Muňa begenmelidigimem ýa-da tersine, gynanmalydygymam anyk bilemok. Ömrümden ýene bir aýyň duýman durkam diýen ýaly gecip gidenine gynansam gynanyp oturmaly. Edil şonuň ýaly ömrümiň heniz tamamlanman ýene bir aýy ýaşamagyň maňa-da nesip edenine begensemem begenip oturmaly. Günüme şükür, il bilen deň ýaşap ýörün. Töweregimde salam berýänleriň özüme bildirmän köpelip gidip oturşyna begenýärin. Salam berýänlerimiň azalyp gidip oturşyna-da, ýüregim gyýylýar.

Görsene, özümdenem ... dowamy

MENIKLI TAZYŇ WEPASY

Hekaýalar | 0 teswir | 1128 okalan


 

Çar tarap daglyk bolansoň bu ýerlerde Gün doganda ilkinji şöhlesi dag başyny ýagtyldyp, ýaşanda-da soňky ýalkymlary dag gerişlerinde eräp gidýär. Dünýe döräli bu şeýle. Bu düzgüni ony döreden üýtgedäýmese üýtgedip biljegem ýok.

Ýazyň ýyly Güneşine seredip, wagt bar ýaly görünse-de, onuň duýdurman dagyň aňyrsyna aýlanjagyny aňyndan geçiren Diňli uludan dem aldy. Mydamam öňüne has umytly garaýan, şahandaz inisi Deňli onuň egnine kakdy.

dowamy

ÝYL TÄZE

Esseler | 0 teswir | 1211 okalan

Täze ýyl baýramy täzelenmegiň baýramy. Bu baýrama taýýarlanyp agaçlar bireýýäm könelen ýapraklaryny dökdüler. Ýagyşa suwa düşünip, gara süpürindiler. Olaryň şahalaryna gonýan guşjagazlara çenli ýeleklerini çalyşdylar. Aşakda toprak ýüzündäki buzuň eräp, üstüne ekin ekilmegine, gursagyna täze tohumlaryň atylmagyna garaşyp ýatyr. Öňki owlak-guzularynyň sesini unudan goýun-geçiler, böwürlerini deňleşip ýörler. Olar sähralary, giň çöl alaňlaryny täze mäleşmeler bilen doldurjakdyklarynyň buýsanjy, aladasy bilen ýaşaýar. Daglarda daşlaryň sessiz ýatyşy garlaryň ... dowamy

ATAMYŇ GYLYJY

Hekaýalar | 2 teswir | 1130 okalan

Heniz ýigriminji asyra-da girilmändi. Tomsuň güni bolansoň daşary edil häzirki ýaly yssydy. Serhet berkitmeleriniň birinde gulluk etmek möhletleri dolanlar yzlaryndan täze baranlara orunlaryny berip Aşagabada ugrapdylar. Kyrk töweregi atly gulluklary tamamlanam bolsa, düzgün-nyzamy saklap, topar tutup gelýärdi. Olaryň sag-aman Aşgabada aşmaklaryna jogapkär ýolbaşçy komandir öňde, yzynda bolsa beýleki atlylar. Bir tarapy uly jeňňele sapyp gidýän dag gerşiniň deňine ýetenlerinde jigitleriň atlary birden tebil tapdy. Atlar jylawa ... dowamy

„ATAM...”

Hekaýalar | 2 teswir | 1095 okalan

Atasyny ýatlamaýan barmyka? Ataňy görmedik bolsaň başga gürrüň. Men atamy görüpdim. Onda-da mekdebi tamamlaýançam... Bu günem eýýäm özüm ata. Iki agtyjagym mekdebe gatnap ýör. Emma şonda-da içimden, soňky günler-ä hasam köp: „Atam...” diýenimi özüm bilmän galýan. Haýsydyr bir çaganyň ýola gaçyran aşyjagyny ýerden galdyryp elime alsamam bu maňa atamy ýatlamaga bahana bolýar. O wagtlar häzirki ýaly däldi. Çagalaryň uly güýmenjesi aşykdy. Aşyklar oýnalyp-oýnalyp, elden-ele geçip sürpegi ... dowamy

GALKAN DAŞ BASAN

Hekaýalar | 4 teswir | 1054 okalan

Üç asyr mundan öň, 1770-nji ýylyň gyşydy. Gününiň ýylysy ýokdy. Ol asyl bulutlardanam kän çykyp bilenokdy, ygallykdy. Bir garry ene oglunyň getiren çyg odunlaryny tutaşdyryp bilmän gargynjyraýardy. Ýaşy ýigrimiden aşan ogly ejseniň gargyşlaryna üns bermezlige çalyşýardy. Emma enesiniň gara öýüň ortasynda „agzyndan ot çyksa-da” ody tutaşdyryp bilmän kösenşine dözer ýaly däldi. - Eje, bolmasa özüm tutaşdyraýyn. Ene hyrsyz seretdi-de, uludan dem alyp demi ýetdiginden odunlaryň aşagyna üfledi Birdenem ot ... dowamy

„MEN SÖÝERMEN GÖWNÜM ÜÇIN...” (Hekaýa)

Hekaýalar | 4 teswir | 7569 okalan

Ol zol-zol gaşanýardy. Gije baldyrynyň ýumry ýerinden bir çybyn dişlän bolmaga çemeli. Üns bermejek boldugyça beter gijeýär. Irden turanda-da beýle jan derdi däldi. Häzir welin gijisi ýüregine dökülip barýar, gaşandygyça beter gijeýär. Ýedi ýoluň üstünde gaşanyp durmagam gelşiksiz. Şonda-da gijeýän ýerinden elini aýyrasy gelenok. „Bu nämämiň azary? Beýle-de bir çybyn bolarmy? Ýok-la, çybyn däl – ýaşaýşym. Ýaşadygymça ýaşasym gelýär, gaşadygymça gaşasym. Hemmesem ýüregime dökülip barýan dert, azar. ... dowamy

KÖR DÜÝE KÖPRÜDEN GEÇÝÄNÇÄ... (2)

Hekaýalar | 0 teswir | 2050 okalan

(Soňy)


 

Selim ýene gülüp hezil etdi. Gülkiň arasynda dostunyň çetine-de degdi. Sähet utanyp gyzarýardy. „Indi bu tüketmez” diýip gaýtalaýardy. Gülüp ýadan Selim bir çöpjagazy aldy-da, ýerde dikligine bir göni çyzyk çyzdy. Soň keseligine-de bir çyzyk çekip atanak ýasady. Sähediň olardan bir many çykarjak bolýan ýaly gözüni aýyrman oturşyny görüp, çyzyklaryny pozuşdyrdy. Dostunyň çynlakaý, agras ýüzüne bakyp içinden: „Aljak gyzyňy şuňa ... dowamy

KÖR DÜÝE KÖPRÜDEN GEÇÝÄNÇÄ... (1)

Hekaýalar | 0 teswir | 1703 okalan

Ejesi Selimi „Akyllyja bolgun, okuwyňdan başga zada baş galdyrmagyn...”  diýip, Aşgabada okuwa ugradany ýaňy ýaly. Eýýäm dört ýyldanam köp wagt geçipdir. „Utanjaň”, „kitap uran”, „öýdeçi”... ýaly häsiýetlendirmeleriň birnäçesini alanam bolsa, Selim şol dört ýylyň içinde ejesiniň tabşyryklaryndan çykmazlyga çalyşdy. Ol şol „baş galdyrylmaly däl” meseleden mydam gaçy gezdi. Emma hernäçe gaça dursa-da, ýaşlyk ýaşlyk ... dowamy

NOWRUZYŇ SESI

Hekaýalar | 0 teswir | 1384 okalan

Penjiräni ýene gowy ýapmandyrlar. Daşardan üýtgeşik bir ses gelýär. Ýagyşyň sesi. Biri ýüregindäki pynhan sözlerini aýdyp pyşyrdap duran ýaly. Bulutlarmy? Asmanmy, Ýermi? Ýa damjalarmy? Ýa ählisi biri-biri bilenmi? Ýa nowruz gelenini buşlaýarmyka? Häzir daşyry çyksam, bolmanda kimleriň ýa-da nämeleriň iç döküşýänini-hä bilerdim. Bu täsin pyşyrda öýler, ýollar, bir mahalky gatnan çagalar bagym, okan mekdebimem... ... dowamy

BU GÜN 1-NJI MART!

Goşgular | 1 teswir | 1429 okalan

BU GÜN 1-NJI MART!

 

                   G. Ezizowyň 75 ýyllygyna.

 

Baglaryň daranşy başga,

Asmana garanşy başga,

Bu gün.

 

Damjalaň paýraýşy başga,

Guşlaryň saýraýşy ... dowamy

TABAKDAŞ

Hekaýalar | 1 teswir | 1253 okalan


 

Atajan Gurbangeldilere bir iş bilen barmaly boldy. Gurbangeldiler onuň barman ýören öýi däl, iş diýýänem gündelik aladalardan biri. Mesele başga zatda. Onuň Gurbangeldilere baran wagty günorta naharyna gabat boldy. Atajan muny göwnüne-de getirmedi.

-         Gurbangeldi öýdemiň?

Söwda etmegiňem öz keýpi bar eken. Ilki alýaň, soňam alan zatlaryňy satýaň ýene-de zat almak üçin. Goňşymyz Bossan daýza maňa: „Oglum söwdagärlik diýip muňa hondan bärsi bakmagyn. Gadymdan bäri bar kärdir. Iliň zeruryny bitirersiň, ilem saňa hem alkyş aýdar, hem hakjagazyňy berer. Birki gezek ýük almaga gidip gelseň, öýüňde oturasyň gelmez. Öýüňdäkilerem ilki garaňky görerler soň welin, haçan ugraýaň diýip duran ... dowamy

EKIZ PÄLWANLAR

Hekaýalar | 0 teswir | 1382 okalan


Annadurdy pälwan üç gyzdan soň bolan ogullarynyň ekizdigini eşidende çalaja başyny ýaýkady. „Has köpräk dileg edäýdimmikäm? Gel-gel ekiz bolaýmalymy diýsene”.

Annadurdy bäbekkä indikijämiz ogul bolsun diýip gelnejesi gyz bäbegini doýrup-doýurman ony gujagyna alar eken. Şeýdibem ol hem ejesini, hem gelnejesini emip ulalanmyş. Üstesine-de Annadurdy ejesiniň körpesi – iki ýaşaýança süýtden aýrylmandyr. Onuň ... dowamy

SEÝIS DOGANLAR

Hekaýalar | 0 teswir | 1336 okalan


Olar gözlerini açyp görenleri at diýilýänlerdendi. Kakalary seýis bolansoň bularyň haçan at münmäni öwrenip, haçan aýlaw ýodasyna çykanlaram bilinmän galdy. Hakykatda kakalary gözden-dilden ogrynça  ogullaryny entek bäbekkäler yrym edip, at üstünde gujagyna alypdy. Şodur-da şodur bu iki dogmasyny seýise at ýatagyndan ýygnamak iş bolupdy. Ondan bärem nijeme ýazlar geçip, güýzler aýlandy. Olaryň özleri seýis çykdylar. Ulusy ... dowamy

WAGTA DÜŞÜNMEK

Hekaýalar | 0 teswir | 1369 okalan

 

 

„Wagt – gelerine howlugsaň köp garaşdyryp, gelende-de bilmänkäň gelip, geçende-de çalt geçdi diýdirýär.“ Bu sözlemi gündeligime ýazsamam, yzyndan wagtyň nämedigine düşünerden ýaş bolaýmaýyn diýip pikir etdim. On ýedi ýaşamsoňam, wagta düşünerden ýaşmykam? Beýle däldir. Ýa şeýlemikä?

Şeýlemi ýa ... dowamy

ÝALŇYŞMA SÖÝGIM!

Goşgular | 2 teswir | 1954 okalan

Ýekeje dilegim, ýalňyşma, söýgim,

Seniň ýoluň tämizlikde synalar.

Bu dünýede goýup giden yzlarym,

Seň mertebäň, manyň bilen yzlanar.

 

Başga bir söýginiň jogaby bolma,

Öz söýgiň üçinem sorama jogap.

Söýýänleri üçin zor bilen söýme,

Söýmediler diýip ýagmagyn borap.

 

Algy-bergi kimin söýüp, söýülip,

Dünýeden niçeler bigam ötdüler.

Olar diňe mazaryň öň ýüzünde,

Haýp geçen ömürden ýaka tutdular.

 

Eger sen ýalňyşsaň kömege geler,

Güýç, kuwwat, erjellik... duýgulaň bary.

Ýöne seň ýanyňda ejizdir olar,

Olar aň perzendi, sen ýürek tary. 


Söýgä erk edýän ýok, söýgüden başga,

Oda ... dowamy

AK KÖÝNEK

Hekaýalar | 0 teswir | 1641 okalan

Baharyň kä günleri üýtgeşik gün bolup gelýär. Arman, günleriňem edil adamlar ýaly biri-birlerine meňzemeýändigini, hatda arasynda aýratyn tapawutlysynyň bolýandygyny ol deňiňden geçenden soň bilip galýaň. Häzirem üstünden kyrk ýyl geçenden soň şeýle günlerden birini ýatlap otyryn...

Dogrusy, günler bize gaty meňzeş görünýär. Elbetde, bir gün beýleki güni bolşy ýaly gaýtalaýan däldir, emma ... dowamy

TÄZEDEN DOGULMAK

Hekaýalar | 1 teswir | 1263 okalan

Ukusyny alyp, göwnihoş oýanan Halnazar doglan gün hakyndaky meşhur aýdyma hiňlendi. Doglan gün nireden ýadyna düşüp ýör, ol geljek tomus ýigrimi bir ýaşamaly, häzir bolsa daşarda gyş.

“Dogrudanam, bir gezejik dogulmak az. Bir kitapda: “Adam üç gezek dogulýar: hakyky dünýä inen güni, öýlenen güni ... dowamy

WELOSIPEDÇILER MAŞGALASY

Esseler | 1 teswir | 1752 okalan

 

(oçerk)

Türkmenistanda welosipedçileriň arasynda ilkinji çempionlaryň biri kakam Amangeldi Hangeldiýew agaç tekerli tigirlerem sürüpdir. Soň, 1930-njy ýyllarda süren welosipedleri içgili-daşgyly demir tekerleriň ýaňy çykan döwri eken. Şol ýyllary göz öňüne getiriň. Häzirki ýaly asfalt köçeler ýok, gumak ýollar. Käýerde bir oba. Atly arabalar esasy ulag. Şol arabalaryň geçen ýoly at toýnagyndan ýaňa küpürsär ýatar eken. Şeýle ýollarda-da welosiped ýaryşlary guralar eken. Şeýle ýaryşlaryň birinde Arçmandan Aşgabada ugramankalar kakam ... dowamy

ENELER

Hekaýalar | 2 teswir | 2241 okalan



„Eneler jomartdyr, giňdir eneler...”

Gurbannazar Ezizow.

 

Bu waka 1950-nji ýyllaryň wakasy. Ony maňa Daňatar agaň özi gürrüň berdi...

 

Tuwak ejäň gelni Amansoltanyň ýene aýagy agyrdy. Ilki ilkijesi, soň ikinjisem durmansoň üçünji bäbejigiň dünýä injek güni ýakynlaşdygyça içerde howsala artýardy. Her gezeginde ölüp direlýän Amansoltana Tuwak ejäň has haýpy gelerdi. Ol ikinji bäbekden soň „Guzym, beýdip janyňy orta goýma. ... dowamy

Ýolbars

Hekaýalar | 1 teswir | 1230 okalan

Tomsuň yssysy heniz beýle bir ýakyp baranokdy. Gaýta öz ýylysy bilen jana ýakymly ýalydy. Atamyrat aga tutudyň kölegesine keçe atyndy. Öýden agtyjaklaryndan biri çyksa, ýassygam aldyrjakdy. Emma olardan hiçisi görnenoky. Özi alyp çyksa-da boljakdy welin, bir oturansoň turasy gelmedi. „Hany çykarlar-la” diýdi-de oturberdi.  Bir ýerlerden salkyn şemal ösdi. Ol soňky döwür iň ýakyn hemrasyna öwrülen, altmyş ýaşynda ... dowamy

EJEME

Goşgular | 2 teswir | 1302 okalan


 

Men saňa „jan” diýip bilmedim.

Sendenmi, ýa özümden?

Ýa bu sözi gördümmi suwjuk?

Ýa tersine,

Saňa diýjek bolamda süýjäp,

onuň

Dilimi keserne dözmedim,

Bilmedim.

dowamy

"Men bir perde-de däl..."

Goşgular | 0 teswir | 1346 okalan


***

Men bir perde-de däl,

Ýa düzülen goşa tar.

Nämüçin maňa basýarsyň?

Kakýarsyň maňa?

Elli bäş ýaşadym,

Şeýle-de dert kän.

 

Ýa sen,

Eger, gyş ... dowamy

GÜÝZ GUNÇALARY

Hekaýalar | 1 teswir | 1353 okalan


 

Sazçylyk mekdebiniň soňky synpynda okaýan Ýagmyr bu gün ejesiniň gözüne has mährem görünenini, ejesiniň içinden „Gözden-dilden gorasyn“ diýenini nireden bilsin?!

Heniz hökümini doly ýöredip başlamadyk güýzüň ýyly günleriniň biridi. Ýagmyr irden turup bägülleriniň bu ýyl iň soňky, açylsam-açylsam diýip duran gunçalaryna başgaça seretdi. Ruhunda üýtgeşik duýgy oýanyp, ýaňy ýigrimi ýaşan ýaş kalby terpenen ýaly boldy. Öýe girende nädip pioninosynyň gapagyny açanyny bilmän galdy. Barmaklarynyň ... dowamy

ÝÜREK URMAK BILEN ÇÄKLENMEÝÄR

Esseler | 1 teswir | 1526 okalan


 

Beýik Pyragy:

„Dostlar, ne müşgül işdir, gowuşyp aýrylyşmak,

Wysala magrur olma, hijrana nazar eýle“

 

– diýip gidipdir.Onuň bu sargydyny tutan, beýik halypanyň soňky döwür şägirdi Gurbannazar Ezizow:

 

Haýwanat dünýäsiniň çäginde adama iň ýakyny atdyr.

Çünki atyň edil adamdaky ýaly ruhy ýaşaýyşy bar we ol düýş görýär.

 

dowamy

DAÝHAN

Hekaýalar | 1 teswir | 1380 okalan

 

Gün ýaňy dogupdy. Ýolda adam-gara ýok diýen ýalydy. Altmyşyny arka atan Myratdurdy nädip munça ýaşanyna haýran hem „bärden aňryň” has ýakyn gelendiginiň ünjüsi aňynda çala oýanyp, öýünden çykypdy. Ol her günküsi ýaly bu günem daýhançylygyny dowam etdirmäge barýardy. Ine-de, bir öwrmde mekdepde bile okan deň-duşlaryndan biri gapdalyndan çykdy.

 

Ol tanymal, üýtgeşik bir ýazyjy däldi. 3-4 sany ýeňil okalýan romanlary bardy. Olary okap, gowy gören öz okyjylary ony aram-aram duşuşuga çagyryp durardy.  Sorap-idäp üstüne-de gelerdiler, kitaplaryna ýadygärlik gol goýdurardylar. Hasam internetde ol gowy okalýardy. Bir gün şol okyjylaryndan biri internet arkaly onuň bien habarlaşmaga durdy. Ýazyjydan ony nädip tapyp bolýandygyny soraýardy. Kitaplaryny okandygyny, ... dowamy

ASUDA GÜN

Hekaýalar | 0 teswir | 1350 okalan


 Bu günki howaň ýüzi göwnaçyk, mylaýym adamyň  ýüzüne meňzeýärdi. Ol günüň gününe beýle bolup durmaýardy. Yssy tomusdan soň güýz bilen gelen salkynlyk, mylaýym ösýän şemal özüne bendi edip barýar. Gyzgylt sary öwüsýän ýapraklar ýumşak şemala şahalardan peýwagtyna, parahat, hersi öz nobatynda gaçyp durdy. Iki-ýeke ýaş-ýeleňler bolaýmasa her kim salyhatly geýnipdir. Tomusdaky ýaly ne ýuka, ne-de gyşdaky ýaly ... dowamy

BEDEW ATA SIMFONIÝA

Terjimeler | 1 teswir | 2025 okalan


Nejip Fazyl KYSAKÜREK

 

BEDEW ATA SIMFONIÝA

 

Giriş

 

Bedew ata simfoniýa ýa-da ata bagyşlanan roman... ... dowamy

BIZI BAGYŞLA

Goşgular | 2 teswir | 1231 okalan

Milletiň içinde, milletden üzňe,

Gelerden uzakda, giderden golaý,

Ýaşadyň perdeler çekmän ýüzüňe,

Sen hakda diýerdiler:

„Sen ony goýaý.”

Sen bolsa, tutduryp barýaň,

Üm-düzüne.

Algyňam ýokdy hiç kimden,

dowamy

ATSYZ GOŞGY

Goşgular | 3 teswir | 1380 okalan


* * *

Begener ynsan, begener,
Begenji daglara deger
Çöllerde her ýana ösüp
Selinleriň başyn eger.
Gökdäki ak bulutlaram,
Ynsan begenjidir meger?!

Bir günem...

Gynanar ynsan,
Gynanar çyndan.
Gynanjy çykmaz içinden.
Bermez daglara ... dowamy

GÖZÜME ÝAŞ AÝLANÝAR

Goşgular | 1 teswir | 1168 okalan

Gözüme ýaş aýlanýar.

Başym aýlanýar.

Oturgyç, galam, kagyz...

Degre-daşym aýlanýar.

Gündizler, gijeler, agşam aýlanýar.

Bu nähili beýle?

Belki, bardyr aýlanmaýan?

Aýlanmaýan ýok.

Ýadaýanam ... dowamy

ESGER OGLUMA HATLAR

Esseler | 0 teswir | 1868 okalan


Körpe, köpden bäri saňa hatam ýazamok. Içiň gysman durýarmy? Gullugyň agramly bölegi ýörişdir. Ir bilen turup, düşegiňi düzedişdirip, ýuwunyp-ardynyp, soňam hatara durýansyňyz. Kakadygym sebäplem bolmagy mümkin, maňa siziň şol hataryňyzdan owadan, janlandyryjy, ruhuňa güýç goşýan gözellik ýok ýaly görünýär. Egin-eşikleriňizde, ýüzüňizde-gözüňizde ýekeje-de artykmaç ýygyrt, salam-sajaklyk, bidüzgünlik – adamy ruhy taýdan çökgün görkezýän ... dowamy

HAÝYR SÖÝERLIK

Esseler | 2 teswir | 1225 okalan


 

 

Ýaşaýyşdaky hereketlilik, nämedir bir zatdan gijä galyp barýan ýaly adamlaryň alňasap ýörişleri, bir tarapdan ýaşaýşy gyzykly edýänem ýaly. Adamlarda erjellik, göreşip gazanmak we gazananlaryň gadyryny bilmek artýana meňzeýär.

Elbetde, kim gaýkyny söýýär, kim küýküni. Kimiň dogumly, kimiňem parahat ... dowamy

ATDAŞLAR

Hekaýalar | 2 teswir | 1248 okalan

Myratly oglanka aýlawa kän gelerdi. Şeýle bir aty, aýlawy gowy görerdi, esli wagt çapyksuwar bolmagyň arzuwynda-da gezdi. Athana-da baryp gördi. Emma çapyksuwar bolardan boýy uzyn geldi. Soň mekdebi tamamlap, daşary ýurda okuwa gitdi. Şol ýerlerde-de, bir gezek, baran ýurdunyň aýlawyna gidip gördi. Emma, näme üçindir garaşan keýpini alyp bilmedi. Ol ýerdäkileriň at çapyşyklaryna tomaşa edişlerem başgady. Içgysgynçdy. Göwnüne töweregindäkiler ... dowamy

Direg, "Miwe köp bolsa eger..."

Esseler | 1 teswir | 1334 okalan

            Dünýäni saklaýan zat ölümdir öýderdim. Dogrusy ilki başda, ýaňy dünýä diýlen şäheriň gyrasyndan girip ugramda "Munuň diregi söýgi" diýipdim. Soň söýgüden, şo ýyllardaky düşünýän söýgümden daşlaşyp, ol direg ynamdyr diýen karara geldim. Emma dil bilen näçe düşündirilse-de, edil "Ussasyny" düşündirip bolmaýşy ýaly, düşündirip bolmaýan "şäheriň" öwrümli köçelerinde entedigimçe ynamyň direg derejesinden ejizdigi, ynamam saklaýan bir diregiň bardygy barada oýlanyp ugradym. Ýogsa ynam uly güýç, gaýrat, kuwwat çeşmesi. Bu çeşme saňa tarap bir ... dowamy

ÝAGYŞLY GÜNÜŇ SETIRLERI

Goşgular | 0 teswir | 1005 okalan

Sowapdyryn ähli zatdan,

Güýz gününiň ýagyşy deý.

Güýz gününiň ýagyşy deý,

Hiç bir zada ýylym ýok.

Çüýşe ýaňagyna penjiräň

Çeksem-de nagyş

Ojaklaryň ýylysyny islämok..

 

 

 

Bir kyn güne galan deý,

Günä galan deý,

Gyzaryp,

Gutardy gündiz.

Ýaşdy güneş.

Misli netije ... dowamy

ÖMRÜŇ SOŇKY MERDIWANY

Goşgular | 1 teswir | 1107 okalan

 

Basdym aýagymy bir merdiwana,

Men bir diwana.

Ýokary galýanmy, inýänmi aşak,

Aýaklaýyn düşýänmi, ýa gidýänmi başaşak?

Gurruk guýa inýänmi, ýa gaýýanmy howada?

(Şükür, hernä, dilim-aňym dileg bilen dogada).

SÖÝGÄ ERK EDÝÄN ÝOK SÖÝGÜDEN BAŞGA

            «Iki aýakly iki günde» diýleni. Düýn eljagazlaryndan tutulyp mekdebe getirlen çagalar belmän durkaň sesleri ýognap murtlary garalyp başlaýar. Bu tebigy ýagdaý. Beden ösüşi bilen birlikde çagada ruhy özgerişlikler hem bolup geçýär. Ýetginjegiň ýüregini açasy gelýän söhbetdeşligi aýyp görülse, bu meselä gadaganlyk ... dowamy

GÜNÜŇ DOGMAGY AŇSATMY? (Dowamy)

Powestler | 0 teswir | 1864 okalan

—    Elbetde bar. Olar bilen häli-şindi görüşýän. Şonda men „Allajanlarym men Türkiýedemikäm ýa Türkmenistandamykam diýýän. Çünki türkmen çagalary şeýle bir türkçäni gowy gürleýärler, sähelçe-de tapawudy duýup bolanok. Edepleri, salamlary… Bärde „altyn“ sözüniň yzyna „nesil“ sözi tirkeldi. Netijede, Türkmenistanda iň gymmatly düşünjeleriň ýene-de biri emele geldi. Altyn nesil! Türkmenlerde biriniň gowy ogly ... dowamy

GÜNÜŇ DOGMAGY AŇSATMY? (Dowamy)

Powestler | 0 teswir | 1845 okalan

„Türk doganlarymyz işden ýadadyk diýmezler. Hatda ilki gelenlerinde ýaga gowrulan kortoşkadan, badamjandan, sogandan başga zat iýmedigem bolsalar, iýmitdenem kösendik diýmezler. Olary esasy kösän zat biziň şol döwürdäki, bar zady umumylaşdyrmagy söýen soýuzyň birnäçe deşikli umumy hajathanalary boldy. Olar hajathana ýeke-ýekeden girerdiler. Iki sanysam „O ýerde adam bar“ diýip daşyny garawullardy. Bularyň utanç meselesini birinji derejede goýýandyklaryna men şonda göz ... dowamy

GÜNÜŇ DOGMAGY AŇSATMY? (Dowamy)

Powestler | 1 teswir | 2494 okalan


Biziň göwnümize bu meseläni oglanyň özi çözmeli ýalydy hem okuwa barmanlygy üçinem öz ýanymyzdan ony günäkärleýärdik. Oglan «Näme üçin mekdebe baraňok?» diýen sowalymyza ýere bakyp, jogap berip bilmän durdy. Kakasy ara goşuldy: „Ony men okuwa goýbermedim». Biz: „O nämüçin?“ diýip, geň galdyk. Oglanyň kakasy ýüzüni kese sowdy-da: „Häzir oglumy Könä ugradyp okatmaga ýagdýym ýok“ diýip jogap berdi. Biz oglanyň ... dowamy

GÜNÜŇ DOGMAGY AŇSATMY? (Dowamy)

Powestler | 2 teswir | 2736 okalan


IŞINE OTLUDA GATNAN MUGALLYM

 

«Men saňa mekdebimize bütin bir okuw ýylynyň dowamynda otluda işe gatnan mugallym hakynda gürrüň bereýin. Oýun däl. Şäherde ýaşaýan mugallymyň sapagyna gijä galany bolup biler, emma ol mugallym bir gezegem şeýle ýagdaýa düşmändi. Ýa-da adamyň işimden ýadadym diýen ýeri bolar. Men ol ... dowamy

GÜNÜŇ DOGMAGY AŇSATMY?

Powestler | 1 teswir | 1708 okalan

MEKDEP DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

 

            Pyntyklaryň ýarylmagy, gülleriň açylmagy, miweleriň bişmegi, tohumlaryň gögermegi aňsatmy? Günüň dogmagy aňsatmy? Adamyň adam bolmagy aňsatmy?

            Bu sowallara gaty ýeňillik bilen „Hawa. Bular dünýede dowamly, öz-özünden bolup duran zatlar ahyryn“ diýibem jogap berip bolar. Hakykatdanam durmuşyň manysy pyntyklaryň ýarylmagyna, gülleriň açylmagyna, miweleriň ... dowamy

HYŞY-WYŞY

Goşgular | 0 teswir | 1030 okalan


 

Hyşy-wyşy, hyşy-wyşy...

Lenç etdi gyşy.

Gyş, hamala, tomsy söýenmiş.

Emma, ara düşenmiş ýaz.

Şondan bärem gyşy,

Buz örtüp doňmuş.

Hem ondan gelýärmiş aýazly owaz.

„Bu baharjyk kimmiş, ... dowamy

ÝAT ÜLKEDEN BIR GÖRNÜŞ

Goşgular | 0 teswir | 1205 okalan


Saman şlýapaly garry bikäniň,

Yzyndan selkilläp güjügi barýar.

Ýok, güjük däl, bir biçäre ýekäniň,

Döşünden itilen geljegi barýar.

 

Bikesi garrapdyr, külbesi sowuk,

Baransoň öňüne nan bir oklansa.

 

Beýik Pyragyň «Sag gözi çep göze mätäç eýleme» diýen meşhur setirini bilmeýän türkmen az-az bolsa gerek. Menem goşga düşünelim bäri bu setiriň, tutuş şol goşgunyň aşygy. Mundan soňraky aýtçaklarym Beýik akyldar şahyryň bu sözleri bilen sazlaşykly gitmeýän ýaly görünmegem mümkin. Gurbannazar Ezizow «Men nire, sen nire eziz Pyragy!» diýip ýazypdy. ... dowamy

BIŞEN ALMA

Goşgular | 0 teswir | 936 okalan

 

Goşa düwen miwedi ýolmaga eliňiz ýetmän,

Urduňyz gaçyrdyňyz, şonda-da

Naýynjar bakdy, razymysyňyz,

Çüýrügi ýokdur-da hernä? Bişip bir ýetişipdirmi?

Süýjiligi dodagyňyzy ýarmasyn,

Beýniňize uraýmasyn turşusy?

Iýip bilmejekmisiňiz, ýarman?

dowamy

ESGER OGLUMA HATLAR

Esseler | 0 teswir | 1282 okalan


 

DÖRDÜNJI HAT

 

Körpäm, gowumydyr ýagdaýlaryň?

Bu haty ýazmak pikirimde-de ýokdy. Senem oňa garaşan dälsiň. Kakamdan ýene bir hat geldi diýip begenensiň. Men welin, ... dowamy

ESGER OGLUMA HATLAR

Esseler | 4 teswir | 1659 okalan

 

          Birinji hat.

 

Körpe saglykmydyr!

 

«Kakam näme üçin maňa hat ýazanok, hat ýazsyn-la» diýeniňi okap, saňa hatyň birini däl, ikisini, ... dowamy

BAÝDAGYMYŇ SESI (sonetler çemeni)

Sonetler cemeni | 0 teswir | 1465 okalan

1.

 

Ýazyksyz agajy gyşda gar örten,

Bu gün ýaz şemaly yralap geçdi.

Guş sesi, maýyllyk süňňüne ýeten,

Şahalaryň garyn bogunlar içdi.

 

Watanym göterdi ilkinji Tugun,

dowamy

ILKI ÝÜREK ÖLÝÄR

Powestler | 0 teswir | 1731 okalan

                                              

Öten agşam ir ýatan Ol adam irem oýandy. Özüni duýuşy gaty geňdi. Birbada nämäň nämedigine düşünmedi. Onda uly haýranlyk duýgusy bardy. Goşa nil maňlaýyna direlip atylyp, ýene ölmän galanyň haýranlygyndanam beter haýranlygy başdan geçirýärdi. Ilki sereden ýeri penjiresi boldy. Dünýe bir ýerindemi? Penjireden ... dowamy

ŞARDAN GORKÝAN ÇAGAJYK

Esseler | 0 teswir | 1182 okalan


Bir gyzjagazyň şardan gorkýanyny eşidip bir bada geň galdym. Heýem şardan gorkularmy? Çagaň gowy görüp oýnaýan zady şar dälmi näme? Emma, ojagaz hakykatdan şardan gorkýan eken. Şary gördügi, götünjekläp, aglamaga başlaýar. Ejesi, çagaň bir şary oýnap ýörkä gujagynda ýarylanyny, şondan bärem şardan gorkýanyny aýdyp öýdäki şarlaryň ýellerini goýberişdirdi. Men gyzjagazy gujagyma aldym. ... dowamy

GYLDANAM INÇE...

Esseler | 1 teswir | 1408 okalan

 

 

Ömrüň tanapyna-da gyl ýaly inçe diýýärler. Syrat köprüsem gyldan inçe, gylyçdan ýitimiş. Gyl sözi, halk rowaýatlarynda, aýtgylarymyzda-nakyllrymyzda kän geçýär. Ýogsa ol siňe seretmeseň känbir göze-de ilenok. Durmuşda-da inçe senediň ussadynyň çyzyklary mysaly, ujypsyzça mähir ýürege üýtgeşik gözellik bolup ornaýar.

 

Öňümde ak kagyz. Onuň ýüzüne üýtgeşik-üýtgeşik sözler, pikirler ýazasym gelýär. Goşgy setirlerimi, hekaýamy… parhy ýok, görülip-eşidilmedik zat ýazmaly. Şahyram aýdýar ahyryn „Oňarmasaň zaýalama syýany” diýip. Meniň syýa zaýasy, kagyz ganymy bolasym gelenok. Meniň üýtgeşik zatlary ýazasym gelýär. Şeýle bir üýtgeşik zatlary, okanlar haýran bolmaly, ýoldaşyna okatmaga ylgamaly…

dowamy

UZAGA ÇEKEN OGLANLYK

Esseler | 3 teswir | 1239 okalan

 

«Entek oglan bolýaň» diýseňem hakyň bar. Çünki, aklym kesýär, altmyş ýaşla-da oglan bolýaň diýse agasynyňky dogrudyr. Oglan diýmek beýle-de dursun, käýýemäge-de, urmaga-da, agamsyň hakyň bar. Saňa «siz» diýip ýüzlenip, garşyňa gitmejek boldum. Pikirimi aýdaryn, haçanda aýt diýseň, ýa-da seniň ýeriňe aga bolamda diýdim içimden. «Giç bolmazmy?» diýip, şeýtan ... dowamy

***

Goşgular | 0 teswir | 1015 okalan

 

 

Taýdym, büdredim, aýgym kürüme gitdi,

Gorkýaryn, bir ädim ätmäge.

Hetdim ýok, öňe däl, yza gitmäge.

Ýeňsämden itdimeseler razy,

Depämden basmasalar razy.

Men kime näme etdim, bilemok.

Ýa ... dowamy

Ýüzümi Özüňe öwür

Goşgular | 0 teswir | 1071 okalan


Başga hiç zat gerekmez,

Maňa Sen gerek, Sen gerek.

 

Ýunus Emre

 

 

 

dowamy

KALBYŇ SEDASY...

Makalalar | 0 teswir | 1199 okalan

 

 

Bu dünýede azaşýan köp. Menem köpüň biri... Azaşdym, hatalarym gara tupan bolup dünýämi tutdy. Depämden gum dökülýärmi, aýagymyň astyndan çäge sowrulýar bile bilmedim. Töhmetmidi, ýazykmydy, ýa bahylyň nazary – aňşyra bilmedim. Ho beýlede, çala görünýän atam elindäki hasasyny galgadyp, dünýämi ýagtyltmaga ... dowamy

Kitaphaberden Şeniz Aýaz bilen söhbetdeşlik

Interwýular | 0 teswir | 1822 okalan


 

Söz konusu Türkmen Edebiyatı olunca akla ilk gelen düşünce, edebiyatın sınır tanımaz bir yapısı olduğudur. Türkiye'de belli bir okur kitlesine sahip olan değerli yazarımıza bu bağlamda yönelteceğimiz ilk soru: İlyas Amangeldi Türkiye ile nasıl tanıştı?

 

 Türkiýe bilen mekdebi tamamlap, Oba hojalyk institunyň talyby bolan döwürlerimde ... dowamy

DILEG

Esseler | 0 teswir | 1147 okalan

 

Dünýä meşhur kino eserleriniň biri («Stalker» A. Tarkowskiý) şeýleräk esasda alnypdyr. Barylmasy gadagan edilen bir ýerde bir jaý bar. Şol jaýa baryp kim näme dileg etse, şol bada hasyl bolýar.

Ertekä çalymdaş bu esas filimde örän hakyky, şeýle bir çynlakaý görkezilýär welin, ... dowamy

ŞEMAL BILEN SÖHBET

Esseler | 0 teswir | 1176 okalan

 

Aňyrsy görnüp duran, ýuka tutyny çalaja galgadyp, açyk penjireden şemal öýüme girdi. Geldi-de elini egnime goýdy. Men onuň elini gysmakçy boldum. Ol bolsa, boýnuma saraldy. Soňam boýnuma münüp, aýaklaryny egnime atdy öýdýän. Gulaklarymyň uçlaryna çenli degen ondan başga kim bolsun! Haýran galaýmaly, boýnuňa münse-de ondan hiç zady gaty görlenok?!